11:52
Tunisiñ fondlanmagy
TUNISIÑ FONDLANMAGY

Ilki... Müsürde "15-nji iýul agdarlyşygy" bolup geçdi - "Ihwan" ezildi.
Şindi... Tunisde "15-nji iýul agdarlyşygy" bolup geçdi - Nahda ezilýär.
Türkiýe hem muny başdan geçirdi:
FETÖ 2016-njy ýylyñ 15-nji iýulynda döwlet agdarlyşygyny geçirmäge synanyşdy - hernä, AKP-ni ýykyp bilmedi.
Çepçi (sosialist) hereketlere garşy "Ihwan" we şuña meñzeş yslamy hereketleri birnäçe ýyllap ulanan Günbatar imperializmi çepçi-döwlet hereketleriñ gowşamagyndan-çökmeginden soñ syýasy yslamy nyşanasyna aldy.
Bu tema boýunça birnäçe rubrikanyñ astynda makalalary ýazsa bolar. Häzir Türkiýäniñ ünsünde bar bolan meseläni Amerikanyñ Tunise paýlan pullary-fondlary arkaly seljermäge synanyşmakçy.
Meselem...
Raşida Ennaýfer "agdarlyşykçy" Prezident Kaýs Saidiñ iş ofisindäki aragatnaşyga jogapkär žurnalist. Tunisde fransuz dilinde çapdan çykýan "La Presse" gazetiniñ başlygy bolup işledi. Gazet "Ihwana" garşy alyp barýan kontrterrorçylykly propagandasy sebäpli ABŞ-dan fondlandy. (Gazet tunisli-fransiýaly jöhit lukman Anri Smaja tarapyndan 1934-nji ýylda döredildi. Oña ugurdaş arap dilinde "Assahafah" gazeti çykýar.)
Tunis halkynyñ aýaga galmagy bilen bolup geçen rewolýusiýanyñ (18.01.2010-14.01.2011) yzysüre häkimiýeti elinde saklaýan Zeýnel bin Alynyñ ýurdy taşlap gaçyp gitmeginden soñ ABŞ bu ýurda pully gapjygyndan pul seçmäge başlady. 2011-nji ýylda berlen maliýe kömegi 7.20 million dollar bolsa, 2016-njy ýylda bu görkeziji 134.4 milliona barabar boldy...

• PREZIDENTE FOND

ABŞ-nyñ Tunisiñ döwlet edaralarydyr jemgyýetçilik guramalaryna eden maliýe kömegi birin-birin sanalanda 517 sahypadan geçýär. Bu baradaky maglumatlar gizlin däl: kime gyzykly bolsa www.foreignassistance.gov web saýtyndan öwrenip biler.
Amerikan maliýe kömegi şeýle tutaryklandyrylýar:

" - 2014-2015-nji ýylda ABŞ-Tunis strategik gepleşiklerinden soñ başlanan möhüm ähmiýetli maksatnamalara esaslanýar. Amerikan kömegi şu aşakdakylary maksat edinýär:
- Demokratik prosesleri, ösen döwlet dolandyryşyny, aýdyñlygy we saýlawlara doly gatnaşygy guramaçylykly ýola goýmak...
- Tunis polisiýasynyñ, žandarmasynyñ, goşun bölümleriniñ tunis halkynyñ asudalygyny goramak we regional howpsuzluga hyzmat etmek ukybyny kämilleşdirmek...
- Barha artýan bäsdeşlik güýji, gurşap alyjy mümkinçilikler we gowulandyrylan ykdysady ugruñ binýadynda dowam etdirip boljak ykdysady ösüş…”

Fondlaryñ agramly böleginiñ howpsuzlyk-terrorçylyga garşy göreşe bölünip berilendigini görmek bolýar. Başga ugurlara-da berilipdir. Mysal üçin:
ABŞ-nyñ birinji maliýe kömegi 48 müñ 129 dollary hukuk normalaryny öñe tutýan edaralara paýlap berdi.159 müñ 130 dollarlyk şeýle fondlaryñ başga-da ençemesini agzamak mümkin. Özem olaryñ hemmesiniñ her sahypasynda diýen ýaly "hukuk kömegi" sözüniñ geçmegi diýseñ täsin.
Çünki:
Nahda garşy döwlet agdarlyşygyny gurnan Prezident Kaýs Said hünäri boýunça ýurist. Ol 1995-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli Tunisiñ Konstitusiýa hukugy jemgyýetiniñ başlygy bolup işledi. (Bu jemgyýet 2012-nji ýylda Türkiýäniñ Konstitusiýa hukugy boýunça barlaglar jemgyýeti (Anayasa-Der) bilen bile simpizium hem geçiripdi.) Onuñ başlyklygyndaky jemgyýet Tunisiñ Konstitusiýasyny ýazan toparyñ düzüminde hem çykyş etdi.
Tunis Konstitusiýa hukugy jemgyýetiniñ jemi näçe müñ dollar alandygyny doly hasaplajak bolsañ birnäçe gün gerek bolar.
Eýsem bu fondlanma maglumaty Kaýs Saidiñ "agdarlyşykçydygy" babatda bize ýeterlik maglumat berip bilermikä?

• DÜNÝEWILIK RÖWÜŞI

Müsüriñ raýat-jemgyýetçilik edaralaryny-habar beriş serişdelerini fondlaşdyran (maliýeleşdiren) amerikan pulynyñ düýp maksadyny bilmek lazym...
Tunisiñ raýat-jemgyýetçilik edaralaryny-habar beriş serişdelerini fondlaşdyran amerikan pulunyñ düýp maksadyny bilmek lazym...
ABŞ-nyñ Içerki Howpsuzlyk ministrligi, Içeri işler ministrligi, Transport ministrligi, Goranmak ministrligi, Afrika ösüş fondy, Federal Söwda komissiýasy, Parahatçylyk guramasy, Halkara Ösüş agentligi, "Millenium göreşi" şereketi, Eksport-import banky, Söwda we ösüş agentligi ýa-da ABŞ-nyñ JDC global jöhit guramasy Tunisde diñe "kömek etmek" üçin peýda boldylarmyka?
A Türkiýe näme? "15-nji iýul" teraktyny diñe FETÖ bilen baglanyşdyryp çäklenäýmelimi?
Goýuñ how indi, "demokratiýa, azatlyk" diýen aýdylyp-aýdylyp şyrrygy çykan heñlere zowlatmagyñyzy. Düýn imperializm "siwilizasiýa getirýäris" ýalany bilen eksplutatorlyk etdi, häzir ol bu ýalanlary arkaly öz aýdan-diýeninden çykmaýan häkimiýetleri gurasy gelýär.
Erdogan düýn olar üçin öñden biçilip goýlan köýnekdi - amatlydy, emma häzirki gün üçin munuñ şeýle däldigini bilýäris.
Günbataryñ gözünde Erdogan indi müsürli lider Muhammet Mursiden enaýy däl...
Günbataryñ gözünde Erdogan indi tunisli lider Raşit Gannuşiden enaýy däl...
Günbataryñ gözünde AKP indi Müsürde ýok edilen "Ihwan"/Azatlyk we Adalat partiýasy bilen bir...
Günbataryñ gözünde AKP indi tunisli Nahda/Täzeden döreýiş partiýasy bilen bir...
“Biziñ mähellämiz” her bolup geçen dünýewi röwüşli döwlet agdarlyşygyny alkyşlajak bolup garabaşyna gaý. Meselem:
Erdogany goldaýan "Aydınlık" gazetiniñ "Tunis respublikasyny goldaýar" rubrikasynyñ näderejede hakykaty ýañzydýandygyna men-ä şübhe bilen garaýaryn.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 28.07.2021.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 75 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
0
1 Haweran   [Mowzuga geç]
Biziñ Ata Köpekmergenimiz diýseñ öñdengörüji, weli adam bolmaly. ;)
Soner Ýalçyndan birnäçe ýyl öñ muny has çeper, has düşnükli görnüşde beýan edip gidipdir. Gör, oñ bu barada aýdyberşini:

AMERIKAN KÖMEGI

"Aýynyñ dostlugy", "Tilkiniñ ýaly",
Türkmenleriñ nakyly kän şuñ ýaly.

Atalaryñ akyp ýatan paýhasy,
Çäksiz hazynadyr, ýokdur bahasy.

Herki zady nakyl etmek bada-bat,
Müñ synagdan geçirmese adamzat.

Täzeden eşdilýän, täzeden dörän,
Özem il içinde ýörgünli örän -

"Amerikan kömegi" diýlen nakyl bar,
Ony tapan döwür atly akyldar.

Käbiri dostunyñ jübsüne garap,
"Kömek" biýr, özüniñ nebsine garap.

Akylly adamlar ony tiz duýar,
"Amerikan kömegiñ gerek däl" diýer.

Nakyl ýöne ýere ýaýranok ile,
Onuñ düýp manysy takmynan şeýle:

Bir çak kynçylyga düşüpdi Liwan,
Kömek berjek bolsañ, bermelidi nan.

Olar üçin köýnek gerek, don gerek,
Şo zatlary näçe berseñ, kän gerek.

Donam beren bardy, çöregem beren,
Bardy dostluk bilen ýüregin beren.

Amerika-da kömek berdi, "dözmedi",
Içi doly awtomatmy, bäşatar.

Geldi parohodlar hatarma-hatar,
Topmy, tankmy, has ulurak zadam bar.

Enäni mähriban oglundan aýryp,
Aç garnyny gyzgyn gülleden doýrup.

Boz topraga garyp çagañ atasyn,
Äkitdi deregne nebtin, pagtasyn.

Liwan halky edip elde baryndan,
"Kömek" beren şeýle rehimdaryndan.

Dynmak üçin niçik görgüler gördi,
Biten däldir şindem ýüregniñ derdi.

Ýandy külbeleri, garaldy asman,
Liwan topragyny suwardy al gan.

"Amerikan kömegi" diýlen nakyla,
Soraýyñ, her kimçe beletdir Liwan.

Amerika bütin dünýä göz edip,
Koreýa-da öz "kömegin" uzadyp.

Nä güne salypdy asuda halkyn,
Bu ýöne kesel däl, bir eýmenç kakyn.

Kesildi, talandy müñlerçe ömür,
Obalañ ýerinde galypdy kömür.

Bütin ýurt durşuna akan-da-dökän,
Şaherler bolupdy baýguşa mekan.

"Amerikan kömegi" diýlen nakyly,
Sorañ Koreýadan, heý undarmykan!

Bir-iki däl, beýle mysalyñ sany,
Dünýäñ her künjünden müñläp ynsany

Şolaryñ "kömegi" gyrdy, talady,
Gör, näçe ýurt endiredi, aglady.

Wýetnamdan eşdilýän enäñ nalasy,
Lowlap ýanyp duran wýetnam ýaýlasy,

Ol ýeriniñ gurum baglan asmany,
Wýetnamly körpäniñ akan al gany.

"Amerikan kömegi" diýlen nakylyñ, -
Ine, şol nakylyñ asyl beýany.

Adamlar, köp wagt çydady ýürek,
Güýjümiz birgerip biz oña derek,

"Amerikan kömegi" diýlen nakyly,
Bes indi, sözlükden çykarmak gerek.

http://kitapcy.com/news/2020-06-08-397

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]