04:38
Tragiparodiýa
TRAGIPARODIÝA

Gije älem giňeýär,
Gämiler gygyrýar asmana garap,
Nikotin bulutlar gaýýar ýokarda.
...Maňa täze kitap ugrat,
Öňkilerňi gutardym.

Içim gysýar, meni täzeden ýarat!
Çydar ýaly däl bi halys
her agşamara.
Bir otagly jaý ber ilki,
Penjireli, amatlyrak.
30 ýyllyk kredit töläp ýaşara.

Soňam bir şäherde işe ýerleşdir,
(Tanyş tapsaň!)
Gorap gezerin janymy.
Keseller öldürýär käbirlerimizi,
Ýalňyzlyk azaldýar galanjamyzy.

Içim gysýa, intelligent dertlem bar.
Nädip aýtsam?!
kän bir... däl-dä gyzykly.
Çemin tapsam çykyp gitjek gijeden,
Sözün tapsam aýdyp dynjak ymykly.

Begençgeldi ORAZOW.





Просмотров: 129 | Добавил: agza101 | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 4.0/7
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 9
0
6 mango   [Материал]
?

0
7 agza101   [Материал]
Minnetdarlyk bildirdim. Yzyndanam seni öwdüm. Köpçülikde öwmek içime siňmänsoň, pozup, nokat goýdum. Has aga, sagbolsun, doly pozup beripdir.

0
8 mango   [Материал]
ok. düşnükli.
onda teswir 6-7-8-i hem adminler pozup göýbersinler (senem garşy bolmasaň).

0
9 agza101   [Материал]
bolar.

0
5 mango   [Материал]
begençgeldini "galamdaşdan" okap-tanapdym.
halaýanlaryma öwrülipdi.

–Maňa täze kitap ugrat,
Öňkilerňi gutardym.
–Ýok indi bäşinji kitap,
Aýtjaklarmy gutardym.

–Içim gysýar, meni täzeden ýarat!
– Özüň özüňi döret, bar sende şeýle gaýrat.

5 ýyzzyl.

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Begençgeldi awtor, hoş geldiñiz!
"Bir geldi, pir geldi" diýýärmi türkler :)
Goşgy gaty gowy. Dertleriñiz garym-gatymrak eken. Ýüzlenýän kişiñiz sizi hem ruhy taýdan hem maddy taýdan üpjün etmeli bolsa oñkam añsat däl:) Hem kitap ugrat, hem tanyş görüp iş tap ber, ol bitensoñ jaý alyp ber :)
Maddy dertleriñizi ýeke-ýeke sanapsyñyz welin "intelligent dertleriñizi" agzap oñaýypsyñyz-la :)
(öýkünme keselim başlady öýdýän. Özümi Mango daýy bilen "ekiztaýy" Myhmana öýkünýän ýaly duýýan)
Ýañam aýdyşym ýaly goşgy super. Jemleme azajyk güýçli bolsa erbet bolmazdy. Üstünlik!

0
3 Pegas   [Материал]
Begençgeldi, täzeden hoş geldiň.

0
2 Nurdan   [Материал]
Nikotin bulutlar, intelligent dertler... gyzykly..
Kredit jaý 30 ýyl bolsa-da öñünden milýard tölegi bar diýýär, soñam göterimini tölemeli, soñam galanyny üzmeli diýýär, kyn öz-ä.
Goşgy gyzykly bolupdyr, ýetirip duruñ.

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Höwri köp bolsun Begençgeldi. Bizi täze goşgularyň bilen şeýdip begendirip dur!
Makalaň däl-de, goşgyň çap edilen ýyly öýdýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]