20:57
"Toý tutulýar..."
"TOÝ TUTULÝAR..."

Toý tutulýar,
Söz aýdylýar yz-yza,
(El çarpmalar bolupdyr toý kadasy).
Aşyk ýigdiñ,
Magşuk gyzyñ şanyna
Göterilýär al şeraplañ badasy.

Bozýar ümsümligin agşam çagynyñ
Küştdepýänleñ hem-de bagşylañ sesi.
Oñ welin kalbynda ýañlanyp gidýär
Gülläñ şuwwuldysy,
Top gümmürdisi.

Jellatlar gygyrýar: "Boýun bolmasa,
Dözmezçilik etmäñ, gollaryn kesiñ!.."
Birdenem tisginip-tisginip gidýär,
Eşidip çarpylýan elleriñ sesin.

Toý şuglasy çaýlan juwan ýüzlere,
Garap, oñam gelýär elin çarpasy.
Düşünse-de diñe el çarpmalarda
Däldigine gelin toýnuñ sarpasy,
Gelýär, oñam gelýär elin çarpasy.

Arman ýatlamalar oñ göz öñüne
Getirýär gollarnyñ kesilen wagtyn.
...Toý tutulýar,
Gorapdy oñ elleri
Şu günki toý tutýan ýaşlaryñ bagtyn.

Nurgözel GOZLYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Haweran | Теги: Nurgözel Gozlyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022
Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa... / Goşgular - 02.02.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022
Ümlük / Goşgular - 22.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
“Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa...” / Goşgular - 31.01.2022
Третий лишний / Goşgular - 21.02.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]