13:37
Toý gününiñ ertesi ýazylan goşgy

TOÝ GÜNÜNIŇ ERTESI ÝAZYLAN GOŞGY

Agla,
örten,
ýer bagyrtlap çabalan,
Içiň ýangynyna meni näletle.
Gije bile sowlan bolsa şagalaň,
Ýaşynyp ýylgyr-da, ýeňles näz et-de,
Bildirme bu toýuň bize ýasdygyn.
Basym öwrenşersiň betbagt durmuşa.
Ýigrenip ýaşarsyň elwan ýaşlygyň,
"Nirde duşdum diýip, hazan urmuşa".

Hawa, sen şeýdersiň,
mejbur bolarsyň,
Ýüzüň ýokdur meň alnyma gelere.
Gyzararsyň, saralarsyň, solarsyň,
Ýalňyz çagyň aglap bialaç ýere.

A men ýigitlerçe dişim gysaryn,
Gaýgy-gamy galstuk ýaly dakynyp,
Üşüdýänmi hiç adama aýtmaryn,
Oturaryn içimde ot ýakynyp.

Namart däl ekenim,
Şükür Hudaýa!
Ýaşaryn, ýanaryn, ýazaryn merdem.
Sen bolsa gözýaşly seredip Aýa,
Mensiz örtenersiň ýalňyzkaň her dem.

Ýatlamalaň kempir deýin mürşerer,
A men garramaryn,
Şahyrlar şeýdýär.
Ölen duýgularyň girer düýşüňe,
Olar öz eýesin dowzaha eltýär.

Seýitmyrat GELDIÝEW.






Категория: Goşgular | Просмотров: 610 | Добавил: Нawеran | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Gözümde gözýaşyñ / Goşgular - 08.02.2021
Mozaika / Goşgular - 08.02.2021
Mynajat / Goşgular - 27.03.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
Toslamalar / Goşgular - 08.02.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 5
0
5 Aksary   [Материал]
Hyýalkeş!

...

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Ýöne toý näme üçin ýasa öwrüldikä?
Asyl sorag şu. (sada bolýañ, ýaş bolýañ ýaly sözleri hemem degişmeleri eşitmek islämok. "Normalnyja" düşündiriñ:))

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Aslynda "Söýgi urmuş" täzeçe, owadan, söz oýnatmasy bolupdyr. Seýitmyrada-da täze añlatmalar gelişýär.

-1
2 Hаwеrаn   [Материал]
Sebäbi biziñ gazetlerimizde "nälet, betbagt, hazan urmuş, al kakmyş, dowzah, gan, duşman, ýas..." ýaly užasly sözleri ulanmak bolanok. ))
Allanäme durmuşymyzyñ allanäme sözleri bar-a ulanjak bolsak, söz gytmy.. ((

0
1 Aksary   [Материал]
Basym öwrenşersiň TÄZE durmuşa.

Nirde duşdum diýip, SÖÝGI urmuşa".

SAGAT AYLANYP DUR,
Şükür Hudaýa!

Olar öz eýesin MAGŞARA eltýär.

nesil gazetinde şeýledi

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]