15:49
Töwella / hekaýa

TÖWELLA

Haj parzyny berjaý kylyp gaýdansoň, onuň il içinde ýörgünli ady – Hajy aga.
Şoň üçin erte namazy okalaryna mähetdel gädiginden garan ýüzi salyk kişem, salam-helikden soň burnuna salyp, myňňyldap, oňa şeýle ýüzlendi:
-Hajy aga, miziň dogma-ha bir hokgasyny goparannyr. Özüň ýarnam merämeseň, miz-ä mirhili kelebiň ujuny ýitirjek bop ýatannyrys...
Hajy agaňam näme, gözüni açyp göreni şu oba. Onda ýaşaýan uly-kiçi hemmäň üç arkasyna belet. Birini tanajak bolsa, köpçülik aýtmyşlaýyn: “wöýeňňikomatdan yspyrapka” dileme gaýgysy ýok. Şondan ötrem, öňünde sortdurylyp duran bu pyýadaň nä sebäpden “uç ýitirýändigini” bada-bat aňdy.
-Heh,-diýdi-de, altmyşy arka oklap, ýetmişiň ýeňsesinden ýetiberenem bolsa, juda çus gopýan, uzyndan agajet, irimçik ýaşuly, hemişeki edähetine eýerip, özüne mahsus göwnühoşluk bilen sakgalyny silkdi:-Nä, dos, o köçelerde mottorynyň syrtyny bulap-bujap, iki ýaňa okkessirme wazlap ýören bezzadyň, gyz alyp gaçypdymmy?!
Edil çişmekökäň hurşy kişmiş bolsa, has süýji bolşy deý, adamy-da eýlekilerden tapawutlandyrýan bir zatjagaz bolsa, onuň bilen iş salyşmak gyzykly bolýar.
Hajy agaňam “kişmişi” – ol gowy gören adamsyn-a “dos” diýip ýüzlenýär. Halamadygyna “swolyç” diýip hüňürdeýär. Öte göwni geçse-de, ýüz görüp gapyrga syryp durmaýar-da, äleme aýan gönümelligi bilen: “Häýt, bismyllasyz başlanan bihepbe!” diýäkge, käýinýär goýberäýýär.
Onuň bu häsiýetini bilýän pyýada, Hajy agaň “dos” diýmesini ýagşylyga ýordy. “Enşalla, nesip bolsa, işim bitip hemmeje zadyň düýbi düz tamamlanjakdan öýdýän!” diýip pikir öwürdi. Şu oýlanmasy bilenem dartylyp duran beýnisi gowşadymy nämemi, ýüzüne soragly äňedip duran Hajy aga içini döküp başlanynam duýman galdy:
-Howwa-laý, Hajy aga. Şol-a şeýdäýipdir-aý...
Düýn, ýarygije nobatçylykdan gelsem, enesi: “ine, şumatjyk yzyna tirkäp getirdi” diýip, ýüzünden gar ýagdyryp öňümden çykýa. Är-heleý bolup ikimiz, uzak gijäni çirim etmän, daňy zordan atyrdyk.
O kellesine taýak degen sähnäň bolsa piňine-de däl.
Gygyrýan, sökýän, güýjümde baryny edip ýeňsesine birki şapbyk çalýan...
Diýdiň-diýmediň, gara şaýy.
Gaýta: “Içiň ýansyn, öl ölýän bolsaň” diýen ýaly edip: “Kaka, gygyryp-sögüp bolan bolsaň bir zat soraýyn-la?!” diýýär-ä.
Özümden önen bolansoň, menem oň diňebir hüý-häsiýetine dä, eýsem ajy içegesindäki pohundan başlap, agzynnan indiki ýyl şumatlar çykjak söze-de belet. Agzyny açsa Hywa tarapyndan düşýän yşygy görýän. Emma şonna-da, ýene-de “Gargaň gaz balasy” diýleni.
“Äý, kim bilýä, “Çykmadyk janda umyt ba” diýlipdir. Belki, ahyry bir gün, setanda-seýranda bolsa-da, şundanam bir döwletli gep çykaýmagy ähtimal ahyr-a-how!” diýip, öz-özümi höre-köşeläp, o ýeksuruna: “Aýt hany, näme gepiň bolsa!” diýsem, onna olam aýdýa: “Kaka” diýýä, “şü” diýýä, “Nika gyýmanam oň bilen bir jaýda bolsaň bolýamy-aý? Ýa, intek, toý-poý edip, sag-aman “guşak çözdini” dynýançaň, birki gün garaşmalymy? Ýa-da bommasa, toýuň sähedine çenli üç-dört günnen köpräk garaşmaly bolýandan boljak bolsa, zäks bilen oňuberseňem bolmyýamy-aý?” diýýä...
Häý, seniňem bir...
Enesi ýalaman, atasy dalaman ulalan, göýende gopdygaýmagyň biri diýsäni!...
Hajy agam, görýäňmi oň başagaý bolýan zadyny?!
Sen-ä o roddomda medsestruha bajylar tarapynnan kellelikgän betona gaçyrylandygy äşgär-aýdyň haýwanyň goparan hokgasyny düzetmegiň derdinne, ony ýalňyşyp dogran bilen bilelikde ýok güzaba galyp otyň! Ol, meýnisi mazgisiz ýaşap ýören bolsa, mennen, Hajy agam düşýäňmi, mennen-how, mennen, hut oň özüniň şu dünýä gelmegine iki sanaky esasy günäkäriň biri bolan kakasynnan: “O nemedenimi nemetmesiz nemedibermelimi, ýa intäk nemeräk nemetmek nememi?” diýip soramaga het edýär-ä-how!
Küren obada haja gidip-gelýänem, mollaçylyk edýänem, eger-de nirededir bir ýerde äwup-säwup sakgal ýaryşy geçiriläýdigi, şonda iň bolmanda ýeňiji orunlaň birin-ä eýeläp galjagam köp.
Ýöne, bu obaň Hajy agasy ýeke.
Şoň üçribem öňünde derdini egismäge alňasap janygýan bu pyýadanyň gür berýän hadysasy, Hajy aga üçin şeýle wakalaryň birinjisem däl, hatda onunjysy ýa-da ellinjisem.
Obada märeke bolsa çagyrylýan Hajy aga.
Ýowardyr, ýas-toý jemagatyna beýemçilik etmelem şol.
Iki adam urşup-sögüşse, düşünişmese ýa-da başga bir şoňa meňzeş ýagdaýlarda hökümedi ara salman türkmençilik edilmekçi bolsa, “töwella gidişsene” diýlip maňlaý direlýänem ýene-de Hajy aga.
Şol sebäplem, munuň ýaly zatlara werziş ýaşuly, alnyndaky pyýada tä janygyp-käýinip, mazaly gursagyny gowzadýança, diňe onuň aýdanyny makullap “hä-hawasyny” ýetirdi durdy.
Ol zeýrene-zeýrene döşündäki demi gutaryp, sözüne paýaw berende-de, Hajy aga dillendi:
-Äý dos, ilde ýok zat dä, beýle gatam nemedip nemetmejek bol! Bu swolyçlara öte arrygyňy gynasaň, diňe öz köseneniň galar. Olar üçin bolsa dädesiniň balagyny ters geýjek bolup ýörenniň gyzan bazarda bahasy mis köpük. Sen hany, dos, aýt bakaly, o seň garagoluň getireni adam çykýan ýerdenmi bir özi? Seň öýdäkiň, o turşusy makuşkasyna urup, ata-enesinden bidin beýdäkge, seň bezzadyň yzyna priseplenip gaýdybermeden başga alaç tapmadyk bisyrat bilen egri oturyp, dogry kepleşip görennir-le? Özi bir boljak zatmy? Neme dä gerek? O diýmäýin diýsemiň “bismyllasyz başlanan bihepbesi” dämi diýjek bolýan-laý, dos, hä?!
Hajy agaň gürrüňdeşi ýüzüni boz-ýaz edip egnini gysdy:
-Äý Hajy agam, öýdäk-ä: “edil öz diýýänim-ä dä welin, onna-da ýaman ýerem-ä dä” diýýä...Pelanylar-da...
-Aý dos, ýaman ýer bolmasa, ýaşaşjak öýdäkiň, şoň göwnüne-de garaz ýaran bolsa, bolýa-da. Başga näme geräm?! Dagam, başyňa düşennen soň “yrza bolmasaň mürze bolaýarsyň-da” ýa-da “oňmasaň doňaýarsyň” diýilmeýämi?!-diýip Hajy aga, utanjyndanmy ýa-da gaýgy-aladadanmy az-kem müzzerjek bolýan söhbetdeşine göwünlik beriji terzde egnine kakdy:-Innem: “töwella” gideýli diýip gelensiň-dä, şeýlemi?!
-Howwa Hajy agam. Özüň nemedäýmeseň, miz-ä maşga kime nemetjegimizem milmän ottyrys...-diýip ol pyýada, ýene-de myňňyldap ugrady.
-Aý bolýa,-diýip Hajy aga, ýene-de garşysyndakyň egnine kakdy:-Aýalyň düwünçek-beýlekisini taýyn etdimi?
-Taýýar, Hajy agam! Maşynda otyr. Ýöne, ilki bir adam üýşürmän, senem alyp, o taýyk özümizjik baryp göräýeli diýişdik. Her niçigem bolsa, “ody özüňe bas, ötmese kesekä” diýilýä. Bumat o bendelerem öýlerinne ýeke özleri ýaraly gaplaň pisint bir zada öwrülip oturannyrlar. Onnoň bizem: “moh-moh, juk-juk” diýip, assyrynlyk bilen bukdaklap barmaň öwezine, bärden ylla bir iş bitiren ýaly hümerlenişip barsak, gyzyň kakasynyň birdenkä şarowoýy okunnan sypyp oturybermesin, hä?! Eger-de, töwellany alsalar, onnoň illäp-günläp, elti-ýeňňeläp jemlenişiberseler dogry bolmazmy, ýa?!
-Bolar, dos! Şeýdeniň rast. O “pelanylar” diýýäniňi bolsa gowy tanaýan. Häzir baraýly, belki Allam işimizi ugruna etse, oljamyz oňup gaýdýanmyşdyk-da!
Şeýle diýip öýüne garşy ýönelen Hajy aga, hernäçe şähdaçyk bolsa-da, yzyndan umytly garap duran pyýada eşitdirmän, öz-özüne teselli berýän äheňde pessaý hümürdedi:
-Öz-ä, nesip bolup, enşallasy ýetse, garry möjekdiris. Baran ýerimizden awumyzy alybilmän gaýdan ýa-da bütüki, töwellamyz terse dönüp, kowlup gaýtarylan ýerimiz-ä ýokdur!
Şol hümürdäp barşyna öýüne girip giden Hajy aga çalt çykdy. Egninde toýa geýýän dony, başynda toý telpegi, aýagynda märekä çykanda sokýan galoşy.
Mündüler.
Gitdiler.
Bardylar.
Düşdüler.
Gara reňke boýalan demir derweze. Ýapyk. Hern-ä gapdal gapysyny itdiler welin, açyldy.
Girdiler.
Haýbatly, belent bassyrma. Aşagynda agaçdan, haşamly seki. Üstünde är-aýal otyr.
Aýal-a muňalyp.
Erkegem dommarlyp.
Elýeterinde-de, ep-esliň ýarysy ýaly pyçak ýatyr, tygyny yşdan düşýän şöhlä ýyldyradyp.
Barjamly howluda başga yns-jyns bara meňzemeýär. Hatda, siňeklerem, partlamaga desbi-dähil halda güp ýaly çişip oturan erkegiň bolşundan gorkusyna, bu günlükçe goňşulara “wyzzyldamaga” giden ýaly.
-Saglykmysyňyz, manlykmysyňyz, jigilem?-diýip, keşbiniň şol bir parahatlygyny saklaýan Hajy aga, ýaşy uly bolsa-da ilki salam berdi-de, olara tarap ýöneldi:-Otyrmysyňyz, öý-içeri, çaga-çuga abatmydyr?!
Yzy bilen çekine-sakyna derwezeden jyklan är-aýalam, jinnekçe-de tyýkyrymaýan ýaşulyň arkasyna duwlanyp, onuň yzyna eýerdiler.
Olar bosagadan ätlänlerinden eýýäm olaryň näme üçin gelendiklerini syzyp, ýüzi gara-ört bolmaga ýetişen öý eýesi, her niçigem bolsa – çagalykdan ganyna guýlan endigi – edep saklady. Dyňzap duran gazabyna zordan erk edýändigini mese-mälim bildirip, agraslyk bilen ýerinden turdy. Taňry salamyny aldy:
-Salawmaleýkim, Hajy aga! Şükür, daş-içlerem ýagşy...
Öý eýesiniň jümlesini köpmanyly süýndürmesiniň manysyny özüçe tiren Hajy aga, gep çagaladyp durmady. “Iň gowy gorag hüjüm dämi-aý, nä?” diýip, ilk-ä içinden öz-özüne gop berdi. Soňam gursagyndaky galagoplugy daşyndan dynnym ýalyjagam bildirmese-de, içinden uludan dem alakga: “Ýa Eziz Rebbim! Şu saparam bir şuny alyp çykmaga, Sennen medet!” diýip, gysgajyk mynajat etdi-de, söze başlady:
-Dos, biz-ä gapyňy döwletli maslahat bilen açannyrys...
Hajy agaň bu sözi öý eýesine edil därä uçgun syçran ýaly täsir etdi. Kimiň üstüne ýaryljagyny bilmän hälden bahana arap oturan bolara çemeli, ol çylgym-çylgym gan öýen gözlerini, Hajy agaň arkasynda duran ýerinde nazaryny gizleýän pyýada dikdi:
-Hä-ä-ä!!! Asyl seň gopdygaýmagyň şuny şeýtdi diýsene-e-e...-diýip, ol agzyndan ýalyn çabradyp diýen ýaly haşşyldady:-Bilip goý-eý! Namys astynda galyp, ýaşanymdan ikisinem paçak edip dograga-da, türmede çüýränimi ýagşy görerin...
Birdenem öz sözüne özi beleň aldymy nämemi, öý eýesi sekide ýatan pyçagy garbap aldy-da, öňe ümzük atdy:
-Ýöne, ilki, meni namys astynda goýan seň dogmaň ganyny gotura derman etmezimden öň seni şakgalap keýpden çykaryn...
-Waý, neme jan, nemetmäweri!!!-diýip çirkiniň bäri ýanragynda bir ýerlerde gygyran öý bikesi dergazap bolan äriniň eline ýapyşdy.
-Eý, sen-how, nä dälimiň-aýt? Meýdip meýtjek molup ýatma-da-how! Näme moldy-aý şumat, şu derejede şeýdip nemeder ýaly?!-diýip, hokga goparan ýigdiň kakasy, aýalyny ýeňsesinde gizledi-de, özem Hajy agany penalap, yza-yza tesdi.
Hajy agaň girre gahary geldi.
-Goý-aýt, şunyňy, swolyç diýsänim!-diýdi-de ol, öý eýesiniň pyçagy gysymlaýan ýumrugynyň üstünden dolap tutdy. Soňam edil çagaň elinden oýnawajyny alan dek, ony gaňryp aldy-da, sekiniň aňry burçuna oklap goýberdi:-Tygdanam bir oýun bolammy diýsene, diýmäýin diýsemiň swolyçy diýsänim!
-Aýryl-how, asylma!-diýip, elinden ýapyşýan aýalyna azgyrylan öý eýesi, Hajy aga bakdy:-Sen nirä sokulýaň-ow, ýaşuly? Sylagyňy bil, bolýamy?!
Onuň jüýje horaz ýaly eňegini dikgerdip, özüne hüžžeren bolmasy, onuň depesinden dişlejek bolýana çalym edip, üstüne abanyp duran Hajy agaň janyna batdy.
-Eý sen, swolyç, beýden bolup, maňa hekgerilen bolma, bolýamy?! Ojagaz “bolýamyňam” başga ýerde diý, bolýamy?! Edil ýöne bar-a, ine şuny görýäňmi?!-diýip Hajy aga, takmynan orus piliniň kepjesine barabarrak, gödeňsizden gelen ýasy aýasyny açdy-da, barmaklarynyň arasyny haçjardyp, şapbadyny öý eýesiniň alkymyna somlady.
Öý eýesem, ýaşulyny penalanýan ýigit kakasam, bütin ömrüni ilk-ä kalhozda, soňam kärende-de ýer düňderip geçiren ýaşulyň, ojakda gara-köýük bolan kerpije çalymdaş eline biygtyýar seredişdiler.
Olaryň howatyrly garanjaklaşmalaryny göz aýtymyna almaga ýetişen Hajy aga bolsa, “Tamdyra gyzanda ýap” diýlenine eýerip, arasyna maý salman hemle urmagyny dowam etdi:
-Bir wuramda bar-a, eddiljek ýöne, şu duran ýeriňden gaýraky köçedäki goňşulaň saman kümesiniň üssüne gütüläp düşersiň, bolýamy?! O nä men saňa: “dos” diýen bolup otyryn welin, sylagyňy bilmän, özüňe “swolyç” diýdirjek bolup dyzap ýatyrsyň-a, hä diýmäýin diýsem, swolyçyň biri diýsäni?! Onnoňam, ojagaz towuk soýmaga-da ibaly ýaramajak jontuk gezligiň bilen meni gorkuzaryn öýtmegiň, bolýamy?! Owaly bilen-ä men ýetmişe ýetip barýanam bolsam, seň ýalyň ýene-de üç-dört sanysynam bir halta dykalap getireňde-de, osurybam alaryn baryňyzy. Bolýamy? Galyberse-de, menem altmyş ýyl mundan ozal “Garadişlek” lakamyny güne ýatyp alan däldirin! Gurbatym ýetmän, seň ýaly birinnen asgynlaýan ýagdaýymda-da, edil ýöne, çagakam basylsam uruşýanymyň burnuny gemrişim ýaly, oňam ýüzüni kalbasa edinäýerin, bolýamy?!
Hajy agaň gazaby öý eýesiniň gaharyndanam, hyrujyndanam zor geldi. Hajy agaň, özüne-de, diňleýänlere-de nepesini durlamaga puryja bermän yzba-yz suňşurýan, gunt deýin agyr jümleleri, assa-ýuwaşdan töweregindäkileriň agzyny mumlanana dönderdi. Olaryň, esasanam öý eýesiniň, ymykly özüne gulak gabardýandygyny duýandan soň Hajy aga, köp çarşenbäni başyndan geçiren garrynyň ezber mekirligi bilen ýuwaşjadan sesini peseldip, äheňini ýumşatmaga başlady:
-Beh, bü nä, ýöne, hamana bir, estagpurulla, kyýamat-ahyr bolan dek, ele gezlik alakga-da, birdenkä, sende ýok, mende, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinnen, öýüňe Allaň ady bilen salam berip gelen myhmanlara dübläberdiň-aýt, dossum?!
Bi, siz ýaly aňyrsy arassa, edepli-terbiýeli, halal, abraýly maşgalalara muň ýaly biderek hereket woobçe gelişýän zat dä ahyry-how!
Biz-ä hemişe siziň kowmuňyzy gören ýerimizze görelle edip, siz ýaly sowukganly, pähim-parasatly adamlar bilen obadaş bolşup ýörenimize öz ýanlammyzdan guwanyp ýörüs!
A sen bolsa, beýdip, ataň-babaň ýüzlerçe ýyllap il arasynna toplan awraýyny, sähelçe zat üçin, myhmanyň üssüne gola gezzik alyp topulmak bilen atanaklap taşlajak bop ýatyň!
Elbetde, saňa-da düşünýän. Ýöne, bu bolup geçen zatlaram ilde ýok zat dä ahyry-how! Onnoňam-how, bi neme atamyzam neme diýip aýdyp ötüpdir-ä...
Hajy aga Magtymgulyň şu ýere jaýdar bolaýjak setirlerini agtaryp, kellesine agram saldy.
Tapmady.
Ýadyna düşmedi.
Ýa-da Pyragyň galan hemme ýagdaýa şap bolýan setirleri baram bolsa, ol hut şu pursada laýyk bolaýjak jümläni ýazmagy huşundan çykarypdyr.
Emma, toýnagy gyzan Bozdumanyň öňüne at geçmeýşi ýaly, Hajy agaňam bu mahal diline heň, süňňüne joş, kalbyna-da ylham gelipdi. Şonuň üçinem ol: “Eý Gözel Allam, galyberse-de senem Beýik Pyragy, men pahyryň ýazygyny öteweriň!” diýip içinden mynajat etdi-de, ýüzüniň ugruna gepiniň hörpüne bap gelýän iki setiri özünden oýlap tapaga-da, olary Magtymgulyň adyna ýelimläp, geçdi öteýtdi:
-Aýdyp ötüpdir-ä şuň ýaly ýagdaý hakynda Magtymguly atamyzam:
Är diýeniň sowukgan paýhasly dana gerekdir,
Täleýi keç gelip, herne iş düşse anyň başyna.
Şoň üçribem, ine senem biraz sowukganrak boljak bolaýarlar-how, inim!-diýdi-de, Hajy aga, öý eýesiniň suslanandygyndan peýdalanyp, emaý bilen onuň goltugyna girdi. Ony usullylyk bilen dartyp, sekide oturtdy. Özem gapdalyna geçdi. Edil, lälik, aglak çagany huwwalap, höreleýän dek, äheňini öňküsindenem ýumşadyp, mylaýym gürlemegini dowam etdi:
-Ine, sen dossum, şü ýeriň ýüzünne hemme zadyň Allaň erki bilen bolýanlygyna garşy çykmarsyň geräm?!
Hajy agaň mylakatly gepine maýyl bolupmy ýa-da öň-ä uzak gije ýatman alada edip, soňam gahar-gazaba berlip, süňňünden kuwwaty gidenindenmi, sus oturan öý eýesi: “juk” edip başyny ýaýkady.
“Ýes kontakt! Ot winta!”.
Haýsydyr bir kinodan eşiden bu jümlesini, özem duýman içinden gaýtalan Hajy aga, sygry ekiz guzlan ýaly begendi. Ýöne, daşyndan syr bermedi.
-Allaň edýän islendik işiniň bähbitdiginem bilýänsiň-ä?!-diýip ol, ýeke sekuntlygam säginmän, öý eýesiniň aňyna “hüjümini” güýçlendirdi.
Öý eýesi jyňkyny çykarman, makullaýjy terzde kellesini silkdi.
-Onna sen, bu taýda beýdip, çakdan aşa öte gaharlanyp, nä, Allaň eden işine ters diýjek bolýaňmy? Ýa-da Ýokarkyň özüne garşy çykyp, ejiz ynsan halyňa Eýäň bilen nämäni nädip gaýyrmalydygyny çözmek üçin dawa etmäge het edýäňmi?!
Ýa näme, ol ikisi – seň çagaň bilen bulaň çagasy – Hudatagalaň maňlaýyna ýazan ezeli ýazgydyna eýermeli dämiş-de, siziň ýa-da bulaň ikisiniň aýdany bilen bolmalymyşdykmy, hä?!
Öý eýesi tisgindi-de, “juk” edip, başyny ýaýkamaga gyssandy. Sekiniň bir çetine çöküp, ýaşynyp oturan öý bikesi bolsa, töwerekdäkilere eşitdiribräk: “Toba, toba, daş edewersin!” diýip pyşyrdanyny duýman galdy.
Atan oky nyşanaň onlugyndan uran Hajy aga, henizem sekä ýakyn söm-saýak bolup duran är-aýala assyrynlyk bilen göz gypdy-da, olara, nesip bolsa, geljekki gudalarynyň ýanyndaky boş orna ümledi...


Awtoryň başga makalalary

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 155 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Когда-то человек / рассказ - 25.06.2021
Howum basylýan ýer…/ hekaýa - 03.01.2021
Реснички / рассказ - 25.06.2021
Камера / рассказ - 25.06.2021
Жизнь – Шапито / рассказ - 24.06.2021
Бобок / рассказ - 15.06.2021
Bibi / hekaýa - 12.01.2021
Вор / рассказ - 21.03.2021
Милая мила / рассказ - 25.06.2021
Роксана / рассказ - 11.03.2021
Всего комментариев: 15
0
15 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Men talyp wagtym(2020 iñ iýunynda gutarypdym) her hepdäñ täk günleri mugallymlar gazeti alýadyk.Ýalñyşmasam şonda baş redaktor Serdar Ataýew diýip ýazylgydy.

0
12 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Siz mugallymlar gazetiniñ baş redaktory dälmi?

0
13 Bagabat   [Mowzuga geç]
@Hyýalkeş, jigim, "Mugallymlar" gazetiniň 01.09.2021 ýyldaky sanynyň iň soňky sahypasynda-ha onuň baş redaktorynyň Söhbet Nurberdiýewdigi ýazylgy ekeni.

1
14 Bagabat   [Mowzuga geç]
Eger-de sorag maňa bolsa, onda men gazetde işlemeýärin.

1
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
Maglumat hökmünde:

Resul alaýhyssalam aýtdy:
Nepil orazanyň sogabyny size aýdaýyn. Ol işleri siz ediň!
Sahabalar aýtdylar:
— Eý Resulalla näme ol?
Resul alaýhyssalam aýtdy:
— Kim iki ýagyny ýaraşdyrmak üçin sözler etse, her keleme sözi üçin bir gul azat edeniň sogabyny berer.

Çeşmesi: Ajaýyplyklaryň düri. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. – 328-nji sahypa.
*****
Mahmyt ibn Omar az-Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary, II jilt, Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004.

Ulanyp bilen adama mekirlik uly güýç-kuwwatdyr – 133-nji sahypa.

Sufýan ibn Uýaýna ýüz müň adamy çagyryp, mejlis eder eken. Ol adamlara: «Meniň arkama münüp, üstümden basyp geçip, haýyr iş etmeli hem bolsa, haýyr iş ediň» diýýär – 137-nji sahypa.

Mahmyt ibn Omar az-Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary, III jilt, Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004. – 78-nji sahypa.

Abu Derda Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol:
— Men size namazdan, orazadan, sadakadan sogaply iş hakynda aýtmadymmy? — diýip soraýar.
Onda onuň egindeşleri:
— Ýok, Resulalla! — diýýärler.
Resulalla:
— Adamlaryň arasyndan duşmançylygy aýyrmak iň sogaply işleriň biridir — diýýär.

*****
Hamyt ibn Abdyrahman Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys gürrüň berýär. Ol: «Iki sany sögüşen, tersleşen adamyň arasyny gowulaşdyrmak ýa-da ýaraşdyrmak üçin ýalan sözlemek günä däldir» diýýär.

2
6 mango   [Mowzuga geç]
Serdar kaka, gowy zatlaryň okalmagyna sebäp bolduňyz.
Sogabyňyza ýazylar, nesip bolsa.
—-
Bir ýaşulydan eştdim.
Bir tomus güni agşama ýakyn daşarda oturdyk welin, hol aňyrdan gumak ýoly tozadyp bir aýal bäri gelýär. Gele gelmäne “meni gizläň, yzymdan ärim gelýär, niýeti gowy däl..” diýip ýalbaryp pena isläpdir.
Ýaşylyň keýwanysy ony öýde gizýleýär.
Bir salymdan ikinji tozan peýda bolýar. Gele gelmäne-de “aýalym sizde bolmaly, gizlediňiz…” ýaly gepe başlaýar.
Garaz ýaňky ýaşuly, gaty dile çeper, ugurtapy. (haýyr berjek bolsa çyn söz begrim bamy diýýän ýaşulylardan).
Psihologyň etmedigini edip, ýaňky ýitigini gözläp gelen gaharly kişini ýumşadýar. Gaharyny ýatyşdyrýar. Naharlaýar. Aýalynam çykaryp bile öwüt-nesihat berýär.
Soň…. :-) original ýeri….
Olary täzeden nikalaýar…
We ugradýar öýlerine.
——
Olaram obalaryna baryp äbe-jübe ýaşamaga başlapmyşlar.
Hat-da, her ýerde goňşy obadaky güýçli “molladan” gürrüň edýämişler.
Bu waka real.

1
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
Sag bol, gaty gowy wakany gürrüň berdiň. Şeýle zatlary eşitsem, janyma noş bolýar. Özümiň dogry ýoldan barýandygyma ynamym artýar. Ýogsa, dünýäň goh-galmagaly, adamlaň boluşlary birhili, öz-özüňden, adama bolan ynamdan göwnüňi geçirjek bolup barýar.
Şu wakaňdaky ýaşulyň hakyky bolşy ýaly, "Hajy aga-da" hakyky. Ýöne, bende bäş-alty ýyllykda pahyr bolaýdy. Haja gidip gelenden soň adyny "Hajy aga" diýip tutup ugranymyzam, gowy görenlerine "dos" diýip ýüzlenýänem, gahary gelse urubermekden gaýtmaýan, daýaw, agajetligem, çalt-çaltdan gepläp, her ýerden bir ätmärläp, haýdap ýöreýşem çyn. Bende, bir gezek şunuň ýaly mesele bilen töwella üçin äkidenlerinde, gyzyň kakasy gaharlanyp, goýar ýerde goýmandan soň o bende-de dergazaba münüp: "Eý swolyç, alsaň-a ine saňa töwella! Almasaňam, şol kel gyrnagyňy getir-de duluňda garradaýgyn! Bolýamy?" diýip, käýinip ýerinden turandygyny gülüp gürrüň bererdiler.

1
8 mango   [Mowzuga geç]
:-) gaty gowy.
Aýratyn oturyp ýazmak endigim ýok.
Kommentleriň içinde gyzgynyma bir zatlar galdyrýan, soň ýitip gidýär…
Iş edip ýazamsoň bir ýerik kopiýalap toplaýsamam boljak ýaly….
Belki şeýderin. (gerek bolaýýar kä wagt).
—-
Serdar kaka, ýeke soragjyk bereýin.
Ýazmak esasy käriňizmi, ýagny diplomly edebiýatçy-dilçimi siz?

1
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
Hünärim ýurist, @mango! Kärim şoňa ýakynrak. Ýazmagy bolsa...Bagyşla, nähili badyhowa ýa-da kitaby görünýänem bolsa, çynyň bilen soraýansyň diýip hasaplaýanym üçin, çynym bilenem jogap bereýin: Hiç haçanam ýazmagy kärem, hünärem, pişe-de, güýmenje-de diýip hasap edip bilmändigime soňky ýedi-sekiz ýyl bäri göz ýetirdim. Estagpurulla, deňämok welin, onda-da göwnüme bolmasa, olam çagalammyň biri ýaly bolup dur.

1
10 mango   [Mowzuga geç]
Minnetdar.
Ýazyşsaň ýazyşyp oturmaly.
Soragymam çynym bilen soradym, edebiýat ugruny okansyňyz öýtdüm.
Synçylygyňyz eserleriňizde (uly aýdan däldirind-ä hern-ä) bildirýär.
Ýurustligiňizem ýazyşyňyza syzýan ýerleri görünýär.
Janyň sag bolsun. Döredip duruň.
(“çagajyklaryňyz” kän bolsun… :-))

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Hukukçylygyň" ýazyş diliňe täsir edýän-ä çyn. "Hukukçylyk" diýemde resmi dili göz öňünde tutýan-la. Bir döwür, owal-a resmi dilde, soňam publisistikanyň hem-de ylmy derňewiň dilinde juda kän ýazmaly boldy. (Öwnemok, ýöne hakykatdanam kändi, sebäbi iş resminamalaryny hasaplamaňda, ýazylan makalalar, monografiýalar, okuw kitaplary, okuw-usuly gollanmalary, şolaryň ýazylan bäş-alty ýylyna bölseň, her günde iki-üç sahypadan ýetäýýän ekeni). Onsoň çeper ýazgylaram özüňe bildirmän guraksylaşyp gidip barýar ekeni. Ikisini biri-birine täsir etdirmän saklamak kyn. Sebäbi isleseňem-islemeseňem resmi hukuk dili, guraksy, matematika ýakyn bolýar.

2
3 mango   [Mowzuga geç]
Hajy aga ozal edebiýat mugallymy dagy boldumyka?
Delje gepleri bar.
Ol töwellaçyňam-a pes oturanok eken, şu sözine göwnüm ýetdi: “Agzyny açsa Hywa tarapyndan düşýän yşygy görýän”. Rentgen bol-a.
——
Hekaýada hajy agaň geýimini çalyşmaga ugrandaky göwnüýetijilikli özüne baha bermesini haladym.
Ýöne, töwellaçy diňe gaty aljyranda harplary çalşyp gepleýär öýdýän. Adaty ýerde normalnam gepleýän eken.
Olam bolýa welin, haja agaň “dost”, “swoloç” we “bissimillasyz başlanan” gürrüňlerini awtor hökmünde düşündireňsoň soň, bir dialogda hajy agaň özem şony gaýtalaýar: “O nä men saňa: “dos” diýen bolup otyryn welin, sylagyňy bilmän, özüňe “swolyç” diýdirjek bolup dyzap ýatyrsyň-a”. Şo häsiýetini aýry ýerlerde däl-de bir ýerde agzalsa näderdi… ýöne kellä geldi, gepimem düşündirip bilemok şu wagt…
Gowja ýerleri kän eken.
Magtymgulyny poddelka edişi. ;-)
Bir minussyz haja aga bolmaz diýlişi ýaly, işini bitirmek üçin gyssansa Allaham gepledäýmegi ahmal ýaly göründi. :-)
Umuman, halkyna görä mollasy.
Hekaýany haladym.
Ynandyryjy hereketler.
Üstünlikler.
(pikirlerim düşnüksiz giden ýaly, özüň ýerbe-ýer goýuşdyryp, kabul edeweri).

0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Awtor bilen gahrymanlary aýrylaşdyrmak kynrak. Hemmesiniň bir adamdygy bildirýär. Umuman, gowy eken.

0
4 mango   [Mowzuga geç]
Ylalaşýan. Sebäbi aşakdaky kommentde agzan frazamy hajy aga diýdimikä diýsem ol töwellaçyň gepi eken (Agzyny açsa Hywa tarapyndan düşýän yşygy görýän).
Okadym, şo ýerini ýazaýyn diýip gaýdyp glelsem, hajy agaň sözi däl eken….
Diýýäniňiziň jany bar.

0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Biziň illerd-ä sygryň ekiz guzlamasy halanylmaýar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]