10:49
Tötänlik
TÖTÄNLIK

Bü dünýä gelmegim tötänlik däldi,
Ýaşap ýörün duýdansyzlyk içinde.
Ýykylsam galmagy öwrendim häli,
Hem-de berk durmagy otly geçende.

Bär-de tötänlige ýer ýokdy asla,
Ol ykbalyň gözden uçan uçguny.
Munda diňe bolmalysy bolýardy,
Ilki bilen özüň hasap açmaly.

Belki biziň duşmagymyz atdanlyk,
Gözler kaklyşanda aňdyk bar zady.
Ýaşaýan bolsady eger tötänlik,
Ykdyryp herimiz bir ýan taşlardy.

Gartaşan, muňalan goja dünýäde,
Sebäpler tapylýar gitmäge birden.
Bir menziliň sepgidine ýetmäge,
Belki, wagt tapylar pikire bir dem.

Bü dünýä gelmeklik tötänlik däldir,
Ýaşaýasmy diýmek dury meňzimiz.
Aşmak üçin ilki dag ýasap beýik,
Ýüzmek üçin doldurmaly deňzi biz.

Seýran OTUZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Mahremlik | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bolar / Goşgular - 19.01.2022
"Мое сердце - словно чаша..." / Goşgular - 24.01.2022
Ürgenje syýahat / Goşgular - 03.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Город / Goşgular - 22.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
Белая девочка / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mahremlik   [Материал]
Revo, mango teswirleriniz ucin sag bolun bu gosguda her kimin oz pikiri barda

0
3 Revo   [Материал]
Birem goşgunyň dyngy belgileri we awtoryň teg-i goýulmandyr.

0
2 Revo   [Материал]
Ilki bilen-ä,

"Bü dünýä gelmegim tötänlik däldi"
"Bü dünýä gelmeklik tötänlik däldir"
"Bär-de tötänlige ýer ýokdy asla"

tötänligi düýpli inkär etýär, soňundanam

"Belki biziň duşmagymyz atdanlyk"

bolmagy hem ahmal diýip şübhelenýär,

"Ýaşap ýörün duýdansyzlyk içinde"

diýibem iň soňunda hem tötänligiň barlygyny ykrar etýär oturyberýär ýada tersine.

"Munda diňe bolmalysy bolýardy
Ilki bilen özüň hasap açmaly"

Gürrüňiň, hasabyň näme barada gitýänine düşünmedim.
Duýguçyl goşgy, özboluşly biri-birine çapraz dagynyk pikirler we haýsy ýana ýoýjagyňy düşünip bolmaýan jemleme.

"Aşmak üçin ilki dag ýasap beýik
Ýüzmek üçin doldurmaly deňzi biz"

Ýagny, ýoklukdan barlyk ýasap, olaryň üsti bilen arzuwymyzy amala aşyrmalymy ýada düz ýerden ýöremek, düzi aşmaklyk aňsat bolany üçin, özümize dag ýasap ýoly kynlaşdyrmalymy, garaz, özüňde birtopar soraglar döredip, soňam soraglaryň bilen ýeke galdyryp gitýän goşgy eken.

0
1 mango   [Материал]
seýran däde, jemlemän-ä jemläp bilipsiň.

Aşmak üçin ilki dag ýasap beýik
Ýüzmek üçin doldurmaly deňzi biz

dowru wölün, dag ýasamak, deňiz doldurmak biziň başarjak zadymyzmy?
gyzykly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]