22:09
Tötänlik
TÖTÄNLIK

"Bir kiçijik, bir gowuja,
Tüýs meniñ diýýänim şo.
Bugdaý reñkli bar goýuja,
Dost, meñ juda söýýänim şo.

Ýylgyrşy bar melek ýaly,
Bu gyzlardan başga-la ol.
Oýlanmazdan, sypdyrmanjyk
Edinmeli maşgala ol.

Oña naçar diýmersiñ sen,
Mydam ejize howandar.
Özi menden bir ýaş uly,
Wah, maña ýaşam owarram.

Tüýs özüne gelşip duran,
Bir oñatja a:dam barda.
Ýöne onuñ maña birje
Ýaramaýan zadam bar-da.

Diñe söýgi hakda ýazýar,
Geçirdimikä başyndan?!
Goşgusynda söýýäni kän,
Asylly ýal:a daşyndan.

Herne ýaman söz diýlenok,
Bir "kejir" diýdi özgeler.
Aý, hiç-le, gör-de duruber,
Ol meni söýüp özgerer.

Özi meni hassa eden,
Görsem dertden gutulýan men.
Ýöne hiç zat diýip bilmän,
Birden dilim tutulýar meñ.

Tapar ýaly ýol kalbyna,
Biz duzajyk guruş, dostum!
Özi geljekki gelnejeñi?
Gaýrat etde, yryş, dostum!

Şatlygy bolar kalbymyñ,
"Dünýäm sensiz solýa" diýse.
Ol gyz juda bagtly gyz,
Eger maña "bolýa" diýse.

Ähli zat bolsa ugruna,
Oñ bilen durmuş guraryn..."
...Sen men hakda sözleýärmiñ,
Görmän, meñ eşdip duranym?!

Gülnabat BEGENJOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Haweran | Теги: Gülnabat Begenjowa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Bahar görnüşi / Goşgular - 17.03.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]