17:34
Tomus aýdymy
TOMUS AÝDYMY

Bezzat tomus bir oýun-a oýnapdyr,
Haýran galarym ýaly.
Gyzarýar,
bozarýar,
uýalýar bagda.
Süýjüligniñ syryn açan şetdaly.
Hem begençli, hem ýañsyly seredýär,
Hemem dilujundan diýýär: "Garagol"
Agaçlar maña.
Süýji pursatlary siñren otlaryñ,
Terlenşi mesaña.
Bakamok parhyna agşam-ertiriñ,
Ýüzümde ýylgyrýar ýaşyryn şatlyk,
Haýran galyp otyryn,

Bezzat tomus bir oýun-a oýnapdyr,
Aýyñ ýagtysyny ýüzüne alman.
Sem bolupdyr sesden ürken tomzaklar,
Paýrapdyr miwesi silkinen almañ.
Ýalkymly tümlüge agnan agaçlañ,
Çyraýlandy ýüzleri.
Diñşirgenýär Aý.
Dükürdeýär gijäñ sarsan ýüregi.

...Düşüşipdir tomsuñ howurly demi.
Gyzarýar, bozarýar ýüzi ertiriñ.
Ýüzümde ýylgyrýar ýaşyryn şatlyk,
Haýran galyp otyryn.

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Goşgy / Goşgular - 13.03.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]