22:29
Toba kylmasdan burun
TOBA KYLMASDAN BURUN

Akyl erseñ eý byradar ýygla, gülmesden burun,
Sal özüñni dogry ýolga, toba kylmasdan burun.

Geç bu kesbi-käriden, çyk bu jahan bazarydan,
Derdiñiñ dermanyn al, dellal bilmezden burun.

Wehmi-usýan birle bol, pikr et, puşeýman birle bol,
Tañla binafyg nedamet wagty gelmesden burun.

Bir mynasyp ýer seni, bagryga basyp iýr seni,
Iý gamyñny, ýer bile ýegsan bolmasdan burun.

Ur nedem daşyga baş, aksyn gözünden doly ýaş,
Derdi-hasrat birle ýer topraga dolmasdan burun.

Geldi çün wagty-hazan, pikriñ nedir, eý bagyban,
Ne ýatyr sen, ýyg bu gülzaryñny solmasdan burun.

Bilmenem Şeýdaýy sen, ýa biakyl sähraýy sen,
Akyl erseñ, sen özüñni öldür ölmesden burun.





Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Haweran | Теги: Şeýdaýy | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Bag­ty — bagt­ly­lar­dan so­raň gi­diň-de!" / Goşgular - 23.01.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Березка в Освенциме / Goşgular - 22.02.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Gitdim / Goşgular - 16.02.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Туркменистан—Родина процветания / Goşgular - 25.02.2022
Salam, gussam! / Goşgular - 20.02.2022
Первый снег / Goşgular - 16.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]