21:48
Oýun we çyn / henek
OÝUN WE ÇYN

Bir hortap bende hyryn-dykyn awtobusda barýarmyş welin, arkasyna dykylyp duran biri, awtobus her silkinende dyzy bilen onuň otyrýerine hürsekläp goýberýärmiş. Zanny ýuwaş görgüli, bir gezek sesini çykarman çydapdyr, iki gezek sesini çykarmandyr. Ahbetin üçülenji gezek hürseklenende gazap donuny geýip yzyna öwrülse, yzyndaky ine bir mähnet, “depesinden dişläýin” diýip duran tüýsi bozuk zaňňarmyş.
Görgüli bada-bat pyssarypdyr-da, diliniň ujuna münen gaharly sözlerini ýuwdup, jyňkyny çykarman yzyna dönmekçi bolupdyr. Emma tüýsi bozuk zaňňaram ýaman netikaza ekeni. Ýaňky görgüliniň gözüniň içine jiňkeripdir-de:
-Näme seretdiň? Bir zat diýjek bolýaňmy?!-diýip gyňrarylypdyr.
Ol bende çüňke gabalandan soň töweregindäkileriň gözüniň öňünde masgara bolmajak bolup, özüne zor salyp:
-Näme-aý, oýun edýäňmiň-aý?!-diýip zordan jyňňyldan bolupdyr.
Onda ol tüýsi bozuk, iň bärkisi il ýüzüne-de utanaýynam diýmän:
-Ýo, gara çynym!-diýip jogap gaýtarypdyr welin, ýaňky bende guran dodaklaryny ýalapdyr-da:
-Hä, onda bolýa-la! Ýogsa oýun edýänsiň öýdüpdirin!-diýip beýlesine bakaýypdyr...





Категория: Degişmeler | Просмотров: 126 | Добавил: Bagabat | Теги: Durmuşdan henek | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]