16:53
Terjimehal goşgy
TERJIMEHAL GOŞGY

Obada ýaşardyk çaga mahalym,
Daş-töweregimiz açyk meýdandy.
Ol günler gyzygy, şatlygy bilen
Süýjüje düýş bolup, uzakda galdy.

Ol mahallar
dünýä gamyma däldi,
Bir ýetmezim —
bir owadan gurjakdy.
Ah, meň pukaraja çagalyk dünýäm,
Sen ony henizem ýatlap ýörjekmi?!

Soň ýetginjek döwrüm
urdy bir heser,
Ne özüme sygdym,
Ne-de äleme.
... Ýöne meni söýmedi ol,
şonda-da
Hakydamda otyr häli-häzirem.

Soň kem-kemden dogduk obam daralyp,
Şäheriň telwasy köňle ornady.
Bu giň Watanymyň dagy-düzleri,
Sähralary öz erkime goýmady.

Serhetlerden aşyp gezdim dünýäni,
Gördüm Pyragynyň arzuwlan ýurdun.
Nirelerde gezsemem, öz Watanym,
Mährem atam deýin kalbymda durduň.

Ýaşlyk döwrüm
bahar bolup gülledim,
Geýinipler gezdim gyzyl keteni.
Ýöne käte bahyl gözler bakdylar,
Çümdi ýüregime dilleň tikeni.

Men özümi mydam belentde saýdym
Pesliklerden,
bahyllykdan,
baýlykdan.
Arşyň paýhasyndan gözledim ýolum,
Döwlet tapdym kanagatdan,
barlykdan.

Käte bagtyň çür başynda pelpelläp,
Ýöräp däl-de,
uçup geçdim ýaşlygy.
Käte bolsa çökder geldi çekerden
Bu durmuşyň maňa atan daşlary.

Ýöne şükürim kän ýaşan ömrümden,
Bolmagyn islämok şundan başgaça.
Bu mährem mekanyň mahmal goýnunda
Bar zadym ýerbe-ýer bagtly maşgala.

* * *

Sen undup bilmersiň,
Eger gözlermiň
Odundan kalbyňda köz galan bolsa.
Sen undup bilmersiň
Suwjuk sözlerden
Bez bolup, gursagyň gussadan dolsa.

Sen undup bilmersiň,
Gözüňe ilse
Uçup barýan durnalaryň hatary.
Altyn kuýaş bolup bassaň bagryňa
Başyn aşak egen günebakary.

Şirin aýdymlaryň süýji gussasy,
Meň keşbimi alyp gelse ýanyňa.
Çagyrmasaňam bor bagtly günüňde,
Men kyn günüň ýetişerin zaryňa.

Ömrüňe nur çaýan ajap dünýäňi,
Sen undup bilmersiň —
tutsa-da bulut.
Ol on sekiz ýaşyň ýakan otlary,
Galan bolsa süýji ýatlama bolup.

Dar otagyň dolduranda çal duman,
Al tüsse men bolup aýlasa başyň,
Gyzlaň bagtly gözlerine bakaňda,
Gözleriňe dolsa meniň gözýaşym —

Sen undup bilmersiň,
Dik bolsa başyň —
Meniň barlygyma bolarsyň şärik.
Heý, ýaşap bolarmy özüňi aldap,
Heý, ýaşap bolarmy özüňden dänip?!

Ýalan duýgularyň aldandyr seni,
Diýmek, söýen dälsiň unutsaň meni.

Bibi ORAZDURDYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bibi Orazdurdyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]