20:56
Teodorakisiñ beren dersi
TEODORAKISIÑ BEREN DERSI

"Köşkler,
Soltanlyklar çöker,
Gan diñer bir gün
Zulum soñlanar.
Üstümizde benewşeler gül açar
Legleklerem güler.
Şu günlerden soña,
Bir ertä gidenler galar,
Birem ertirler üçin göreşenler..."


Ertirler üçin bolan ýörişiñ ýanbermez nökeri Mikis Teodorakis 96 ýaşynda bakyýete göç etdi.
Ol "Hemişe iki ses bilen ýaşadym" diýerdi: "biri syýasy, beýlekisi saz."
On iki simfoniýa, bäş opera, on sekiz otag sazy, sekiz balet, otuz sahna-teatr üçin saz, ýigrimi iki kinofilm üçin saz we köp sanly aýdymyñ sazlary (19 CD) ýazdy. On ýedi kitabyñ awtory...
Sirtaki (от греч. συρτάκι — касание) grek tansyny bütin dünýä tanatdy: ol millilikden dünýä derejesine açylan ussat kompozitordy. 1925-nji ýylyñ iýulynda Sakgyç adasynda, kritli döwlet gullukçysy Georgios Teodorakisiñ we çeşmeli Aspasiýa Poulakisiñ maşgalasynda dünýä indi.
Mihail "Mikis" Teodorakis Rum Rembetiko sazyny diñläp ulaldy. Wizantiýanyñ buthana sazyndan täsirlendi. On ýedi ýaşynda birinji konsertini berdi.
General I.Metaksasyñ Nasioalist Ýaşlar guramasynyñ hatarynda syýasata aralaşdy. Basybalyjy italýan ofiserine ýumruk urandygy üçin tussag astyna alyndy. Türmede marksizm bilen tanyşdy.
1943-nji ýylda Afinä gidip, grek kommunistleriniñ ýolbaşçylyk edýän Döwlet Azat-ediş frontyna (ELAS) goşuldy. (Guramada - bolgar, alban, ýugoslaw kommunistler we Mihri Belli türkler bardy. Belliniñ şertli ady Mustapa Kemal sebäpli "Kemaldy". Sebäbi grek kommunistleriniñ rewolýusioner Atatürke bolan hormat-sylaglary çäksizdi.)
Afiny konserwatoriýasynda okap ýörkä tussag edildi. Gynamalara sezewar edildi, iki gezek diriligine mazara gömdüler. Ýoldaşlaryny satmady. Grek adasy Makronisosdaky türmä dykyldy. Ikariýa-Sisam adasyna we Kipre sürgün edildi.
Uruşda ýeñlen faşistlerden soñ iñlislere garşy söweşdi, ýaralandy.
Ol hemişe söweşiñ öñki hatarynda durýardy, alan zarbalary zerarly sag gözi görmeden galdy.
1953-nji ýylda guramadan ýoldaşy Dr. Myrto Altynogly bilen nikalaşdy. Bir ýyldan soñ Pariže gitdiler...

• TÜRMELER, SÜRGÜNLER

Teodorakis ellinji ýyllarda abraýly baýraklaryñ birnäçesine mynasyp boldy. Kinofilmler üçin saz ýazmaga başlady.
1960-njy ýylda ýurduna dolandy. Şahyr Ýorgos Seferisiñ goşgusyna saz ýazdy:
Ülkesine 1960'da döndü. Şair Seferis'in şiirini besteledi: "Epitaphios" ("Плащаница").
Yzyndan dosty Ýannis Risos we Garsiýa Lorka ýaly şahyrlaryñ goşgularyna saz ýazdy.
Grek azat-edijilik hereketine gatnaşan Birleşen Demokrat-sosialistleriñ (EDA) deputaty Dr. Grigoris Lambrakis (ýaşlygynda giñden tanalan rekordsmen atletikaçy) faşistler tarapyndan öldürilensoñ, 1963-njy ýylda “Lambrakis Demokrat Ýaşlar” toparyny döredip, başlyklyk etdi. Bir ýyldan soñ EDA-dan deputatlyga saýlandy...
Şol agyr ýyllarda "Grek zorba" kinofilminiñ sazyny ýazdy.
1967-nji ýylyñ 21-nji aprelinde faşist polkownikler döwlet agdarlyşygyny gurnap, häkimiýete gelende, bu gezek "Watansöýüji front" (PAM) toparyny gurdy.
Diktatlar onuñ sazyny gadagan edip, özünem tussag etdi. 1968-nji ýylda azatlyga goýberilmeginiñ yzyndan aýaly Myrto, iki çagasy Margaritadyr Ýorgos bilen bile Mora adasyndaky Zatouna obasyna sürgün edildi. Yzyndan Afinynyñ demirgazygyndaky Oropos konslagerine salyndy. Inçekesel bilen keselläpdi,, agzyndan gan gelýärdi...
Leonard Bernşteýn, Artur Miller ýaly progressiwleriñ protest bildirýän çykyşlary Teidorakosiñ 1970-nji ýylyñ 13-nji aprelinde Pariže sürgüne gelmegini gazandy. Teodorakis sürgündekä polkownikleriñ diktaturasyny agdarmak üçin bütindünýä turnirine çykdy, konsertler berdi.
Kosta Gawrasyñ grek huntasyny gürrüñ berýän "Z" kinofilmine saz ýazdy. Özi ýaly sürgünde gezip ýören Nerudanyñ legendar “Canto General” oratoriýasyna saz ýazdy.

• NASIONAL KOMMUNIST

Teodorakis… Fidel Kastro, Salwador Alýende, Nasyr, Tito, Ýaser Arafat, Palme ýaly liderler bilen dostlukly gatnaşdy.
Türk goşunynyñ 1974-nji ýylda Kipre girmegi bilen grek huntasy ýykyldy. Teodorakis ýurduna dolandy. Birleşen Sosialistler guramasynyñ düýbüni tutdy. Halk deputaty bolup, ministr wezipesinde oturdy.
Syýasy pozisiýasyny global mediýanyñ ugruna görä üýtgetmedi. Mysal üçin, Ysraýylyñ Gazzäni we Günbatar Şeriany okkupirlände özüniñ antisionistdigini gizlejegem bolmady. Ýogsa, Teodorakis Holokost-genoside garşy ýazylan iñ gowy saz hasaplanýan “Mauthausen trilogiýasynyñ” awtorydy.
Yrak okkupasiýasyna, Ýugoslawiýanyñ bombalanmagyna garşy çykdy we ş.m.
1970-nji ýylda Nasyr aradan çykanda gynanç bildirip ýas sazyny, 1977-nji Fransiýanyñ Sosialistik partiýasy, 1982-nji ýylda Palestinanyñ Azat-edijilik guramasy üçin gimn ýazdy.
2010-njy ýylda sosialistleriñ "Spitha" ("Otluçöp") frontyny gurdy. Häkimiýete gelen radikal çepçi koalizasiýa "Spitha"-nyñ Ýewropa bileleşiginiñ gysyşlaryna boýun egmegi bilen onuñ hataryndan çykdy. Mazaly garrandygyna garamazdan "Altyn şapak" faşistik partiýasyna garşy göreşip biljek topar döretmegiñ tagallasyny edýärdi. Çünki ol toparlanmasyz göreş alyp barmak mümkin däldi - beren desi şudy.
We... 2021-nji ýylyñ 2-nji sentýabrynda bakyýete göç etdi...

"Eý, bar zat gutardy diýýänler,
Gorkynyñ suprasyndan irginlik iýýänler.
Ne takyrlarda ösen gunçalar
Ne kentlerde çişen gahar-hyrçalar
Heniz hoş gal diýmediler.

Soñlanmady...
Entek gidip dur gowga
Hem oguşýa entek-entek gitjege
Ýeriñ ýüzi yşkyñ ýüzi bolynça..."
(Adnan Ýüjel)


Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 10.09.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 52 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]