05:44
Telwas guşy
TELWAS GUŞY

Men dünýäde ýeller deýin awara,
Men dünýäde güller deýin nowjuwan.
Yşkyñ derdi goýsa goýsun azara,
Ýar yşkynda müñ ykbalyñ möwji bar.

Göwräme tapylmyş munda sümelge,
Ýöne yşkyñ öý-öwzaryn tapmadym.
Yşkyñ köýükleri misli zümerret -
Ony gizläp gursagymda sakladym.

Gökde dogan Aýa elim uzatdym,
Ýöne oñ şuglasy barçaga düşdi.
Düşnüksiz sudurlar gördüm uzakdan,
Ençäni entetdi bir gülüñ müşgi.

Güller solup barýar gözüm alnynda
Her habar gatanyñ raýyny ýykman.
Nädeýin, bu ömür salgym-salgymdyr,
Yşky jepalardan setpara ykbal...

Aýlandy.
Aýlandy.
Başym aýlandy.
Yşky hijranlara tapylmaz çäre.
Asmanda bir ýalñyz guşum aýlandy,
Bir düşnüksiz saýrap geçdi gijara...

Döwletgeldi ANNAMYRADOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Haweran | Теги: Döwlet Garkyn | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Taк / Goşgular - 04.04.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]