17:56
Telefon çekdirişim / ýumoreska
TELEFON ÇEKDIRIŞIM

Aýalymyñ gündeki iñirdilerine çydamadym. Ýüregimi bire baglap, kolhozyñ telefon stansiýasyna ugradym.
Onuñ naçalnigi:
- Şu wagt bizde nomer ýok. Siziñ töweregiñizden telefon liniýasy geçýän bolsa, parallel alyp bereris - diýdi.
- Liniýa geçýär, parallelde bolsa, gaýrat ediñ.
- Arzañy ýaz, puluñy töle. Şu gün baryp çekerler.
Telefon çekildi. Soñramy?! Aý, indi... Çagalara nahar-çöregem özüm işden gelip taýýarlaýaryn, soñabaka çagalary ýatyryp-turuzýanam özüm boldum, eginbaşlarynam özüm ýuwdum. Aýalymyñ eli degmedi, onuñ bar işi telefon boldy.
Bir gün işden gelenimde, aýalym:
- Me, Çeten, şu egin-başlarymam ýuwup goý, meniñ elim degenok. Entek durubersin bakaly, görerin bu gyrnagy - diýip, elini bykynyna urup, ýene telefonly otaga girip gitdi. Baryp telefonyñ trubkasyny göterdi-de, gygyryp başlady:
- Hä, gyrnak, ýene şol gepleşip durşuñmy? Men saña görkezerin saçy kesilen. Men sañ kimdigimi tanadaryn. Aýryl telefonyñ ýanyndan, saçy kesilen. Oglan, senem eşit, senem tanaýaryn, saña-da kimdigimi tanadaryn, bilip goý...
Ýene bir gün işden ýadap gelsem, aýalym gapyda maña garaşyp duran eken. Menem muña begendim, öýüme telefon çekdirelim bäri aýalymyñ boş duranyny görmändim.
- Ýer-ow, gözüñ aýdyñ, eliñ boşapdyr!
- Men şol gyrnaga görkezerin. Sen derrew telefonyñ ýüpüni uzalt. Men indi onuñ bilen ýatyp gepleşjek.
- Goýaweri keýwany, telefonly otag uzakda däl-ä, girip gepleşiber, ýüpem özüne ýetik.
Aýalymyñ gahary gelip, ýüzüme şeýle bir gazaply seretdi welin...
Dessine telefonyñ siminiñ ujuna ýene on gulaç ýaly simi çatdym-da:
- Ynha, indi telefony gujagyña alyp ýatsañam bolar - diýdim.
Şondan soñ aýalym gyşaryp, telefony gujagyna aldy-da, trubkasynam gulagyna dañyp goýdy. Şol hümürdäp ýatyşy. Halys ýüregime düşdi. Aýalym asyl aryp-ýadar ýaly däl.
Ahyrynda bir gün stansiýa bardym-da, öýümizdäki telefony aýryp bermeklerini haýyş etdim.
Ol:
- Siziñ telefonyñyz bir günem boş durmady. Bolýar, aýrarys - diýdi.
Öýe gelsem, aýalym telefonyñ trubkasyny agzyna tutup, şol galmagallap otyr.
Ol maña gaharly ýüzlenip:
- Bu ütülmişem-ä işlemäni goýdy - diýdi.
- Bir zat bolandyr-da.
- Bary şu gyrnakdandyr, bilýärin.
- Gyrnaksyz telefonlaram häli-şindi kesilýär. Ony günäläp oturmasana. Ertir anygyna ýeteris.
Aýalym näme diýjegini bilmän, goñşymyza edýän gaharyny menden çykarjak bolýan ýaly, aýylganç bir seretdi. Ol telefony haýyş edip kesdirip gaýdanymy biläýse-hä, asman payment üstüme çökerer.
Görübiris-dä, bilýänçä biraz rahatlyk bolsa-da bolýar.

Döwran DURDYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 96 | Добавил: Haweran | Теги: Döwran Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]