20:24
Telbelik
TELBELIK

Içime ot düşdi, eje,
Özbaşyma samraberdim.
Ilk-ä öýmüz dar geldi, soň
Kerbelaýa sygmaberdim.
Ýagşy diýmän, ýaman diýmän
Her ne gelse sarnaberdim.
Yaňraberdim.
Yaňraberdim.
Bu däli bolşumy synlap,
Sersag bendeler gaçarlar.
Eje, düňle gyzyň hijem
Bu telbelikden açylmaz.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 183 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
"Aýa dünýäñ..." / Goşgular - 09.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Çigit satýan oglanjyk / Goşgular - 22.02.2022
Березка в Освенциме / Goşgular - 22.02.2022
Темный вечер / Goşgular - 16.02.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Ine-de zehinli gyz Suray Babanyÿazowanyñ "Telbelik" diÿen şygry. Dünÿä masştabynda giñ duÿgy syzgyrlygyna eÿe bolan liriki gahryman älem ÿaÿrawynda añlaÿan zatlary barada söz açÿar we jismany hem ruhy taÿdan iñ bir yakyn ynsany bolan käbesiniñ alnynda çöküne düşüp, duÿgy-düşunjesi zerarly emele gelen derdini-gutulgysyz azaryny oña otarÿar. Gahrymanyñ telbelik derdi namani añladÿar? Ol, meniñçe, kalby päk-süÿt kimin päkize, özem ÿuka ÿurek, nazik, adalat-hakykat söÿer zenan kalbyna, onuñ ynsap-wyždanyna dynuwsyz zarba urup durÿan uly ÿaşaÿyş giñişligindaki bidüzgünçilikler bolmaly. Ynsanyÿet ÿaşayşyndaky gutulgusyz bu nädurslikleriñ ,, dermany" añyÿete global terzde urgy berÿän gutulgysyzlyk çäreleri bolaÿsa gerek. Munuñ özi,, bidowa dert"diyilÿane çalym edÿär. Şygryñ mazmunynyñ örküni yşky-muhabbet diyip çaklasa-da bolardy. Emma, zehinli gyzyñ ynsan yaşaÿşy babatda köp goşgylarynda iri planda pikir ÿöredişini nazarda tutsañ ÿañky çaklama ÿöntem bolup galyar. Çunki, Suraÿ Babanyÿazowanyñ liriki gahrymany öz şahsy bähbidiniñ aladysyny eÿlejek adam däl. Onuñ telbelik derdine dunÿä jemendeleriniñ gutulgysyz husysylyk islegleri ,, energiÿa" berip gelÿär. Ajaÿyp şygyr, ajaÿyp kulminassiya nokady. Berekella.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]