03:44
Tebigy bagşylar
TEBIGY BAGŞYLAR

SOL açar däl,
LÝA açar sowgat berjek guşlara.
Goý, olar altynjy duýgusy bilen
Näzik tebigatyň säher albomna
Nagmalaryň, owazlaryň suratyny çekSInler.
Üzüm suw içSInler, arpa çoksunlar
Serhoşydyr olar yşkyň heňiniň...

Tebigy bagşysy - guşlar - äleMIň,
Olara dirižýor,
nota geREk däl,
konsert geýMI,
grim...
takt,
SOLfežio...
saz guralam,
sazam
ýa-da
sazanda...
hiç zat
geREk däl...

Diňleýän guşlaryň janly konsertin
TäSIn amfiteatrynda Beýik Ussadyň.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 105 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.7/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Dagdan / Goşgular - 03.02.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 7
0
7 Gumlygelin   [Материал]
Gaýta-gaýta okadym.Her gezegem guşlañ owazy janyma rahatlyk berdi.Şeýle goşgulañ höwri köp bolsun Suraý!

0
6 Mähriban   [Материал]
Köp sag boluň! Taňryýalkasyn!

0
4 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Hezil etdim, serhoş boldum menem şujagaz şygyrdan. Şujagaz diýmegim kiçeltdigim däl, goşga bolan söýgülije sözüm. Berekella Suraý gyzym, gaýrat et, Döredijiligiñ yzy üzülmesin!

0
5 Haweran   [Материал]
Iller şeýdäýýä :)

0
3 Allanazar   [Материал]
Söz ýok. BEREKELLA.

0
2 mango   [Материал]
"Olara... nota gerek däl"-digini bilseňizem "LÝA açar sowgat berjek guşlara" diýipsiňiz... :-)

Üzüm suw içsInler, arpa çoksunlar
Serhoşydyr olar yşkyň heňiniň...

dagy nätsin serhoş bolman, içjekleri çakyr bilen, piwo bolsa...
ýöne, haladym, ol "üzüm suwuny" we "arpa"-ny..
berekella. jemlemäňe iki gezek berekella.

Diňleýän guşlaryň janly konsertin
TäsIn amfiteatrynda Beýik Ussadyň.

0
1 Aksary   [Материал]
Ikinji topbak hasam gowy, ömrüñ bolsun Suraý hanym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]