21:10
Täze ýyl ýene-de geler / satiriki hekaýa
TÄZE ÝYL ÝENE-DE GELER

Işleýän ýeriñ redaksiýa bolsa, gelim-gidimiñ ýetik, her tüýsli adama-da duş gelýän ekeniñ. Onda-da poeziýa bölüminde bolsañ. Hawwa! Bilemok, nämäniñ alamatydygyny, şahyr azam bolsa, soñky döwürde goşgy ýazýan-a köpelipdir. Olaryñ käbirinden nädip sypjagyñam bilip bolanok. Size ýalan, maña çyn, ynha, bir gezek şeýle boldy.
Täze ýylyñ öñ ýanlarydy. Kabinetde iki bolup işläp otyrdyk. Göräýmäge çepiksije, gözleri oýnaklap duran, saçlary edil şora çalym edip telpekläp duran bir ýigit kürsäp kabinete girdi. Ol biziñ bilen ata-baba duldegşir goñşy oturan ýaly, diýseñ gadyrly salamlaşdy. Özem edil içiñe-bagryña girip barýar; ýeserje ýigit eken. "Bu ýigidiñ ýazýan zatlaram özj ýaly bolaýsa ne ýagşy" diýip, men içimi gepletdim. Aý, basym bellisi bolar-la.
Ol çep goltugyna gysdyrylan papkasyny eline aldy-da, stoluñ üstünde goýdy. Haýsymyz bilen gürleşjegini bilmän, gözüni elek-çelek edip, iki ýana seretdi. Men-ä, dogrusy, işim gyssagly bolansoñ, o ýigide kän bir ýüz beribem durmadym.
- Täze ýyl hakynda gaty gowy goşgy getirdim - diýip, ol papkasyny açyp, içini dörjeleşdirdi-de, ýoldaşyma bir kagyz ugratdy.
Ýoldaşym maña tarap ümledi. Ýañky ýigit ýalñyşyna ökünýän ýaly, hyrçyny dişläp maña seretdi, ýylgyran boldy. Oniñ sesi diýseñ sypaýy çykdy.
- Wiý, ýaşuly, bagyşlañ, ýenr bir gezek salawmaleýkim! Ýetip gelýän Täze ýylyñyzam gutluja bolsun, hawa, düşewüntli bolsun! Ynha, bir gowuja goşgy getirdim, okap göräýseñiz!
- Geçiñ, oturyberiñ - diýip, men oña ýer görkezdim.
Gözüm kagyzda bolsa-da, pikirim başga zatdady. Be, bu ýigidiñ goşgusyny häzir öz ýanyna okasam, o-da bolmaýan bolsa, başymdan musallat bolup inäýmez-dä hernä. Gel, gowusy, sypjak bolaýyn.
- Täze ýyl hakynda bolsa, siz inim, belki, beýleki redaksiýalara eltersiñiz. Bizde öñem goşgy köpräk.
- Häzir beýleki redaksiýalara-da barjak, olar üçinem getirdim - diýip, ol papkasyndaky kagyzlary görkezdi.
Baý, dünýäde erjel adamlar bar-ow, bir ýapyşansoñ ýakañy goparaýmasa, goýberjek däl. Alajyny tapyp sypmaly.
- Siz bir zat ediñ... - diýip, men sözüme dyngy berdim, naýynjarlyk bilen onuñ ýüzüne seretdim.
Ýaş şahyr meniñ aýtjak bolýan zadyma özüçe düşündi.
- Çekinmäñ-de aýdyberiñ, men geýim-gejim skladynda işleýän, çaga eşijeklerem bar, jigijiklemme gerek bolsa. Hany, ýogsa-da, pirriwe çykañzokmy, belki... - diýip, ol bokurdagyna pitikledi.
Garşydaşynyñ ýöne-möne adam däldigini añdym. Onuñ bolşy goparman gitjege meñzemeýärdi. Ýa "assa gaçan namart" diýip, bir bahana tapyp, özüm gidibersemmikäm?! Ýok, redaktoryñ ýumşuny gyssagly ýerine ýetirmeli. Her zat etmeli welin, sypmaly, juda bolmasa ýalbarmaly.
- Gadyrdan, goşgyñy goýup git, añrujy peýdalanar ýaly bolsa ulanarys. Siz gatyrganmañ, meniñ häzir gaty gyssag işim bar, wagtam gidip barýa - diýip, sagadyna seretdi.
Aý garaz, gepiñ kelte ýeri, höre-köşe edip, ýañkyny ölümiñ öýünde zordan çykaryp goýberdim.
- "Gelen döwlet bolsun, giden mähnet" diýip hak aýdypdyrlar-ow, ýañky ýaly awtorlardan ýene-de birkisi geläýse, seni täze ýyla ýetirmän ýykaýmaklaram mümkin, hernä gitdigi bolawersin - diýip, ýoldaşym hykyr-hykyr edip güldi.
Men üstüme duýdansyz abanan howpdan aman sypan ýaly, uludan den aldym-da, ýerimden turdum. Elimi arkama tutup, iki ýana gezmeledim.
- Sapar, hany, ýañky ýigidiñ goşgusyny seslu oka-la, diñläli. Üýtgeşik bir zat ýazan bolaýmasyn ýöne - diýip, men stoluñ üstünde ýatan sigarete elimi ýetirdim.
Goşgynyñ gysgalygam bir gowy zat eken, ýogsam kese ýykaýjak. Her kim öz başarýan işini etse gowy boljak welin, elbetde, bolýan däldir-dä. Ýok, ýamandan boýuñy satyn almalydyr. "Goşgyñ gowşak, bolanok" diýseñ-ä üstüñe düwläp geläýmegem mümkin, onsoñ oña gep düşündirmek juda kyn bolar. Sypaýyçylyk, diñe sypaýyçylyk bilen sypmaly.
... Hawa, aý-günem geçip dur. Ýañky ýigit bu ýyl ynha ýene geläýdi.
Salamlaşdy-da:
- Bu ýyl gijä galan däldirin-le, täze ýyla çenli entek birki aý bar, şojagaz goşgyny getirdim - diýip ýyrş-ýyrş etdi.
Men hyrçymy çalarak dişläp, ýoldaşymyñ ýüzüne seretdim. "Şahyryñ" elinden goşgyny silkip diýen ýaly aldym-da, okamaga durdum. Görýän welin, iru-giç dogrusyny aýtmaly boljak öýdýän.
- Goşgyñ gowşak, täzeden işlemeli - diýip, men onuñ sebäplerini düşündirdim, goşgudan edilýän talaplar barada aýtdym.
Ol kostýumynyñ goltuk jübüsinden bir kagyzy çykardy-da:
- Bagyşlañ, size nähili düşünmeli? Ynha, öz goluñyz bilen ýazan jogabyñyz: "Goşgyñyzy okadyk, ýöne giç bolany üçin ony peýdalanyp bilmedik" diýipsiñiz. Indem goşgyñyz gowşak diýýäñiz. Bularyñ haýsy birine ynanmaly? - diýip, ol sesine bat berdi.
Men elimi owkalaşdyryp, awtoryñ öñünde bir hili ýaýapladym. Ol meniñ jogap bererime-de garaşman:
- Täze ýyla çenli täzeden işläp ýene-de getirerin. Şonda-da bolanok diýseñiz üstüñizden arz ederin. Tanyş-bilişiñiziñkini çykaryp ýörsüñiz, bilinmeýändir öýtmäñ. Tapdyñyz bu ýerde keçe telpegi! - diýip, eliniñ tersi bilen gapyny şarkyldadyp çykyp gitdi.
Men doññaradaş bolup, ep-esli oturdym. Näme işleýänimem, näme pikir edenimem bilmän:
- Täze ýyl-a ýene-de geler - diýip, içimi gepletdim.

Täçmämmet JÜRDEKOW.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 219 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Täçmämmet JÜRDEKOW | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]