16:14
Täze ýyl hakykaty
TÄZE ÝYL HAKYKATY

(kosmonawtlardan)

Ýer
Günüñ
daşyndan tamamlap ýolun
Başky ugran nokadyna ýetende,
Üç ýüz altmyş sapar, soñam bäş gezek
Okunyñ daşynda "aşyr atanda",
Geçip ýetişmänkä sähelçe salym
(Göz açyp-ýumasy adaja pursat!)
Kuýaşa garanyp bakdy-da telim,
Demin dürsemäge dilän dek rugsat,
Sorady:
"Öten ýyl ugramda mundan
Känmidi, az ýagyrnymyñ ýarasy?
Näçesi bitişdi, gutuldy onuñ,
Aýt maña, eý Älemiñ Çyrasy?!"

...Barha lowlap şonda Günüñ göwresi,
Gökdäki bulutlar pytraşyp gitdi,
Zemine howlugyp tylla şuglasy,
Gaýalar lagyl deý öwüşgin atdy.

Çogunyñ ýakymy-mähri köpelip,
Barha gözelleşip Günüñ jemaly,
Her şöhlesi ota-çöpe sapylyp,
Ýeri bagyrtlanda enesi ýaly, -
Köpeldi Zeminiñ
Indiki ýazda
Göwsünden dürterip çykjak gämigi,

Bolady çölünde, derýa-deñzinde
Dogjak keýgi,
Işbillejek balygy.
Artyp gitdi baglanyşjak nikasy
Hem jägildäp dünýä injek nesili,
Juwan görke gelip eneleñ alny,
Ýazylaýyn diýdi gamly gasyny.

Kemeldi-de,
köpelmedi guburlar,
Niçeme ýigidiñ uzady ýaşy,
Ýüzleri ýagtylyp million gelinleñ,
Hakykata döndi bal ýaly düýşi...

Derýalar çuñaldy,
Beýgeldi daglar,
Giñedi şäherler,
obalar,
öýler,
Ýyl çalşyk pursaty
Zemini baglap.
Äleme ýañ saldy bagtyýar toýlar!.."
Ýer ýeñil dem aldy,
Ýene bir ýüki
Taşlan dek boldy-da mawy gerşinden,
Beýik hyruç bilen dowam eýledi
Täze menzilini Günüñ daşyndan.
Buzlar eräp,
diýdi: "Bihal ötmedi
Müñ Dokuz Ýüz Segsen Ýedinji ýylyñ!"
Ýazlar döräp,
diýdi: "Ýerim, ýitmedi
Jahan dynçlygyna arçalan ýoluñ! -
Ýaýlalañ ýylady,
Maýlady üstüñ,
Kepmedi bulagy Pähim, Ynsabyñ,
Alnyñda
Bir ýylda
ençeme esse
Artdy garamaty indi ynsanyñ!.."

....Hawa, ynsan
gujagynda Zeminiñ
Maýmyndan saýlanyp,
Döräli bäri
BIR ýarag hemişe dönüpdi IKÄ,
Azalman,
Artypdy gülledir däri, -
Ine-de, taryhda ilkinji sapar
Ýaragy kemeltmäñ tapyldy ýoly,
Diriligiñ gönezligin partlatman,
Eý, ene Zeminim, eý, eziz Mekan,
Ýaşyñy uzaltmañ açyldy ýoly!..

Aýlan, Ýerim!
Parla, Kuýaş!
Dowam et
Arzuwlaryñ Wysallara saparyn.
Kyýamatdan rüstem geler Dowamat,
Gyrmak bormy, heý, Dirilik Sapagyn?!

Şonuñ üçin
ynam bilen barýarys
Bu gün ýyldyzlara tutup ugry biz.
Hem gerşi
arşda
batyryp dere,
Bir-birne golaýlan zemindeşlere
Iberýäs şu şygry biz!

Annaberdi AGABAÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1988 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Haweran | Теги: Annaberdi Agabaýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
"Salam, meň gülli dünýäm..." / Goşgular - 08.01.2022
Şükür / Goşgular - 15.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]