15:55
Täze ýyl gutlagy
TÄZE ÝYL ARZUWY

Arzuwlaryň ýyldyz edip seç göge,
Umyt ýüregiňde ýarsyn şinesin.
Asmanda dogan Gün, gel-de, geç töre,
Saýrak guşlaň, goý, ýüregi giňesin.

Günler şatlygmyza bolsun sebäpkär,
Her ojaga ýylgyrjaklap bagt dolsun.
Göwnüň göge galmagyna sebäp kän,
Bir-birege mähir, söýgi nagt bolsun.

Boýumyzy deňläp bagtyň boýuna,
Ak ýollara alyp gitsin ädimler.
…Gursagyna ýyldyz bary goýulan
Arçalar — bagtyna meňzeş adamlaň.

Ruhumyza juda golaý bu ýyllar,
Ömürlere şatlyk nury sepilen.
Gel, arzuw edeli, köňül ýylynar,
Dosta sary açyk dursun gapylar.

Her bir öýde şatlyk, gülki bol bolsun,
Aýdalyň biz bagtyýarlyk nagmasyn.
Täze ýyl şeýle bir şowly ýyl bolsun,
Goý, arzuwlar hasyl bolman galmasyn!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 130 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Iki ýylyñ sepgidinde / Goşgular - 04.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
"Salam, meň gülli dünýäm..." / Goşgular - 08.01.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 12
0
12 Ejeşa   [Материал]
Gutlayan, saglyk bolsun!

0
9 Gumlygelin   [Материал]
Goý, ýagşy dilegler Hakyñ dergähinde hasyl bolsun!

0
8 Hyýalkeş   [Материал]
Öñki direktorymyzyñ aýdyşy ýaly, "Öýlenmedikler öýlensin, çykmadyklar çyksyn" :)

0
10 Moýsepit   [Материал]
Öñem biriniñ aýdyşy ýaly "Her kimiñ öz gaýgysy, kel gyzyñ är gaýgysy" :)

0
11 Edebiyatcy   [Материал]
Garaz, toýlarymyz kän bolsun, ol toýlarda-da biz bar bolaly diýsene:-):-)

0
5 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Täze ýyl üçin döreden ÿakymly, akymly goşgyñyza Tañryýalkasyn Goçmyrat! Gowy goşgy! Menem ýetip gelýän Täze ýyly Size, içeri maşgalañyza, hem-de kitapçy saýtynyñ başga agzalarna tüýs ÿürekden gutlaýaryn! Siziñ arzuwlaryñyz barymyzyñ arzuwlarymyz bolup biler, Arzuwlar hasyl bolsun!

0
6 Edebiyatcy   [Материал]
Ýagşy arzuwlaryňa bizem goşulýas agam! Köp sag boluň!!!

0
4 mango   [Материал]
…Gursagyna ýyldyz bary goýulan
Arçalar — bagtyna meňzeş adamlaň.

Gursagy ýyldyz bary bilen bezemegi men-ä bagt hasaplamok.
Ýalpyllap duranja ýyldyzam-a kem däldir welin, edil bagt o däl bolsa gerek. :-)

Gel, arzuw edeli, köňül ýylynar,
Dosta sary açyk dursun gapylar.

Ine bu horoş!
Arzuwam däl-de dileg etsene, ýagşy dilegler.
Bir-birege edilen dilegler, özüňe edilen dilegden üstün hasaplanýar, kabul bolmasam çaltlaşýa - diýip eşidipdim.
Dileg et. Haýyrly dileg. Isle umumyň içinde dile, isle adymy tutup dile.
Dilegiňe mätäç.

0
7 Edebiyatcy   [Материал]
Şol arzuwlar, aslynda, dileg etdigim agam!

Gursagyna ýyldyz bary goýulan, bezelen arçanyň göze ýakymlylygy - bagtly adamyň keşbine meňzeş diýdigim agam! Bagtly adam derrew göze ilýändir.

Bir-birege ýagşy dilegleri gysganmarys, agam!

0
2 Garayolly1936   [Материал]
Siziñem yetip gelyan taze ÿylyñyz gutly-mubarek bolsun. Maşgalañyz, öÿ-ojsklaryñyz abadan bolsun. Sacagyñyzyñ degresinde agzybir maşgala bolup döwre gura:p oturmak hemişe miyesser eylecin. Hemmañiziñ bosaga gelen taze ÿylyñyzy tuÿs ÿurekden gutlayaryn gadyrly dostlar we doganlar.

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Ýetip gelýän TÄZE ÝYL bilen saýtdaky ähli agzalary, tanyş-u-nätanyşlary, galamdaşlary... hemmeleri gyzgyn ýürekden gutlaýan. Goý, 2022-njy ýyl jaýsyz kösenýänlere jaý, taýsyzlara taý, atsyzlara at-abraý, söýgüsizlere egsilmez söýgi, mähir bersin. Iň esasy, her birimize SAGLYK bersin! Öý-ojagymyzyň bereketi, rysgal-döwleti egsilmesin! Ýurdumyz abadan, köňlümiz rahat bolsun! Ylhamly, joşgunly, maskasyz ýyl bolsun!
Ýene-de bir gezek TÄZE ÝYLYŇYZ BILEN, jigerdeşler, ýürekdeşler, könüldeşler!

0
3 mango   [Материал]
Ylhamly, joşgunly, maskasyz ýyl bolsun!
Oooooooo! Goç sokup galdy. :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]