03:50
Täze ýyl güni gabat gelýän adamlar
TÄZE ÝYL GÜNI GABAT GELÝÄN ADAMLAR

1). Naharhanalara ýazdyryp iýip-içip, stipendiýa bilen zordan gününi dolaýan talyp

Ol ýylyñ hatasyny iñ soñky gije goýberdi. Onuñ bolşuny iñ soñky minutda öz derwezesine gol salan futbolça meñzetmek mümkin. Pulunyñ azdygyna seretmezden garşysyndaky jynsyñ (aýal-gyzyñ) maýyl ediji çakylygynyñ öñünde durup bilmedik ýaş ýigit elindäki-ujundaky 100-200 manadyny töläp aýak basan kafesinde jübüsinde it uwlaýar. Öñünde-de barjasyny berip alan bir bokal piwosy ýa-da has köp bolanda bir bulgur daşary ýurt içgisi bar. Ýagdaý şeýle bolansoñ, ýigidimiz öñündäki içgisini mollanyñ täret suwuna dönse-de gutarmajak bolmaly, göterilen her badada içýän ýaly bolup görünmeli, ýöne stoluñ başynda oturan aýal-gyzlara syr bildirmeli däl.
Ol heniz stolyñ başyna çöken badyna gijäniñ o diýen şowuna bolmajagyna añýaram. Köpçülik, gulagyñ gapyp gelýän aýdym-sazyñ sesi, selfiýe akymy ýaly zatlar sebäpli özara gürrüñ edip oturan ýok diýen ýaly.
Kafeniñ eýesi gapyñ agzyna çenli stoldan doldurandygy sebäpli tans meýdançasy darajykdyr. Bu zatlaryñ barsyny owarrama çalan dostumyz tutuş gije kellesini ýalañaçlap oturar, öküz kimin göze ilmejek bolup el çarpar, patrak we suwa batyrylan käşir bilen garnyny doýurar. Birem ýigrimi metr aralykdan tansçy gyzyñ tansyny synlar.

2). Roždestwo (Isus Hristosyñ doglan güni) bilen Täze ýyl gününiñ tapawudyny bilmeýän we baýramçylyk belleýänleri ýazgarýan adamlar

Aglabasy dindar bolan bu topara iki baýramçylygyñ hersiniñ aýry-aýry baýramçylykdygyny düşündirmek diýsen kyn. Barmagyñyzy gözüne sokaýjak bolup, kalendary görkezip: "Ynha, biri 25-nji dekabrda, beýlekisi 31-nji dekabrda, gardaşym!" diýip gygyrsañyzam, "Ynan, ýyl çalşygyny belleýäris" diýip düşündirseñizem hiç hili peýda bermez. Sebäbi olar söwda merkezlerinde gyzyl şapkaly gezýän Noel babadan, goñşusynyñ öýündäki ýolka agajyndan we gara paketlerden başga zady gözleri görmänsoñ, başga zady pikirem edenoklar. Medeni taýdan alanda, olaryñ pikiri gaty bir nädogram däl.
Olar Täze ýyl gününi belleýänleriñ sussuny basmagy özlerine dereje bilýärler. Olaryñ köpüsi dini pikirleri wagyz edýän gazetleri okaýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle gazetler her Täze ýyl gününiñ ertesi bu baýramçylygy näletläp makalalar çap edýär. "Täze ýyl bolgusyzlygy", "Mynapyklar iş başynda" "Elhamdulilla musulman men diýen zenan nädip gyzyl plawka geýip bilýär?" diýen ýaly sözbaşyly makalalar gazetiñ birinji sahypasyny tutýar. Birinji topardaky ýetde-gütde güzeranly talyba görä bular has toparlaýyn we has sözi geçginlidirler.
Bu topara garşy göreşmegiñ ýollary: Ilki Roždestwo bilen Täze ýyl gününiñ tapawudyny düşündiriñ. Yzyndan Täze ýyly ýolkasyz, Noel babasyz, arak-şerapsyz, gyzyl plawkasyz, humarsyz, ýagny yslamyñ talaplaryna doly laýyk gelýän görnüşde belläñ.
Şeýtmek bilen olaryñ göwnüni bölüp bilersiñiz. Ynanaýyñ, diñe şonda olar eroziýa uçrar we saga-sola gaçyşyp ugrar.
Hawa, ýöne, bular ýaly görnüşde (arak-şerapsyz) Täze ýyl bellemek size keýp berip bilermi? Ony welin bilemzok.

3). Noel babanyñ musulmandygyna ynanýan adam

Bu dostlarymyzyñ fantastiki pikirleri we özüçe dünýägaraýşy bar. “Ähli diller türki dilden döräpdir”, “Amerikany musulmanlar açypdyr”, “Indeýleriñ asly türkilerden”, “Men uçup bilýärin, şaýatlarym bar” we ş.m jümleler olaryñ iñ köp gaýtalaýan sözlemleridir. Eger sorasañyz Noel babanyñ musulmandygyna degişli ynamdar delillleri orta atarlar, ýöne näme üçindir subut edip bilmezler. Pikir edilşiniñ tersine, olar çagalykda eline düşen kitabyny okapdyrlar. Kämillik ýaşyna girensoñ kitap okamagy bütinleý taşlandyklaryna garamazdan, döredijilikli zehinler hemişelik galypdyr. Olaryñ syýasata aralaşanlary aýratyn howply bolup biler.

4). Täze ýyly öýünde hossarlarydyr ýakyn dostlary bilen garşylaýan adam

Agzalan toparlaryñ arasynda iñ giñ düşünjelisidir, olaryñ analitik pähim-paýhaslary bar. Täze ýyl gününden birnäçe gün öñ goñşy-golamlara ýekän-ýekän aýlanyp hal-ahwal soraşar. Aýlanyp ýörkä biraz şowhunly bolmak üçin edep bilen öý eýesinden rugsat sorar. Ýakyn dostlaryny ýa-da maşgala agzalaryny üýşürer, içip keýpden çykar, tans eder, şatlanar. Wagty-sagady gelende myhmanlaryny ugradar, soñundanam hezil edip ýatar.

Ysmaýyl PIŞER.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 279 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Ysmaýyl Pişer | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]