18:10
Täze ýyl geldi
TÄZE ÝYL GELDI

Ýañlanýar şadyýan aýdym-sazlarym
Dolup-daşyp geler bahar-ýazlarym,
Görke dolar, ap-ak bolar daglarym,
Göýä, ak guw ýaly Täze ýyl geldi.

Näçe sowuk bolsa gyşyñ nepesi,
Ak penjek geýiner daglañ depesi,
Gyş gyş bolsa, number oña ýetesi,
Dünýä şatlyk paýlap, Täze ýyl geldi.

Täsin ahwal dünýä nuruny saçar,
Amanda ýylgyryp, Gün şöhle saçar,
Agzybir halkymyz gujagyn açar,
Ilime toý bolup Täze ýyl geldi.

Elmydama şatlyk bolsun, toý bolsun,
Döwürler döwletli, döwranly bolsun,
Güneşli ýurduma nur bolup dolsun,
Halkymyñ buýsanjy Täze ýyl geldi.

Ogulsapar HYDYROWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Haweran | Теги: Ogulsapar Hydyrowa | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gökdepe galasy / Goşgular - 16.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Günleriñ yşky / Goşgular - 03.01.2022
"Gitseňiz..." / Goşgular - 13.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Halas et! / Goşgular - 12.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Täze ýylyň gelýändigi gowy zat welin, aýlyklary öňünden berip, onam Täze ýyla çenli sowup gutaryp, tutuş ýanwaram aýlyksyz geçirmeli boljakdygy gynandyryjy

0
1 mango   [Материал]
Ak penjek geýiner daglañ depesi,
Penjegi depä geýdirseň birhili özä…
Penjek - depäň däl-de egniň geýimi.

Halkymyñ buýsanjy Täze ýyl geldi.
Bu-da birhili. Hasap boýunça ýylyň çalyşmagynyň nämesine buýsanmaly?

0
2 Haweran   [Материал]
Äý, şumat Täze ýyla buýsanaýmasak başga buýsanara zadam galmady öýdýän.
Syn edýäñ welin, adamlaryñ aglabasy güzeran beter kynlaşansoñ, soñky birki ýyllykda gurbanlygam edenok, ýöne Täze ýylda welin, öñki-soñkusyny saçagyna dökýär... Adam pahyr garyndaş-dogan, dost-ýar bilen şonda didarlaşaýmasa, başga wagt arly ýyllap her kim bir küýde, her kim bir aladada...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]