05:28
Täze ýyl ertirinde
TÄZE ÝYL ERTIRINDE

Hemmeler şadyýan, goý, bolsun şatlyk,
Ýalñyşsagam öz pikirmiz bar bolsun!
Yssy bolsun bir-birege ýüzümiz,
Täze ýylda iñ sowuk zat gar bolsun!

Ýerler doñsun, ýöne ýürek doñmasyn,
Aglansa-da, gülmek üçin aglansyn!
Gözýaş diñsin, ýagyş diñsin-diñmesin,
Tüpeñ däl-de, toý maşyny ýaglansyn!

Iñ güñleç ses sesi bolsun uçaryñ,
Giden gelmek üçin gitsin sapara.
Çytylsa-da, asman ýüzi çytylsyn,
Tilki düşsün towşan düşjek gapana.

Arzuwna ýetmedik ýetsin arzuwna,
Ýöne ýetenlerem arzuwna ýetsin!
Täze ýylyñ ähli berjek zatlaryn,
Görmek hemmämize miýesser etsin!

Suraý BABANYÝAZOWA.

"NESIL" gazeti, 2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Боль Вьетнама / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Gaaak! / Goşgular - 21.01.2022
Инквизитор / Goşgular - 24.01.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
Gyz arzuwy / Goşgular - 16.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Сфинкс / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
Gowy goşgy. Berekella!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]