18:42
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy
TÄZE ÝYL AGŞAMY ÝAZYLAN GOŞGY

Soñky ýaprak ýyl daragtyn terk etdi,
Dünýä indi garaşylan Täze ýyl.
Arzuw etdi bir-birege ynsanlar:
- Bagtyýar bol, oñat bolsun täleýiñ!

Bu pursat ýol bolsun bar öýke-kine,
Ýagtyldalyñ ýürekleriñ gijesin.
Arzuwlar toşaba öwrülsin bu gün,
Şerbet şiresinden agzyñ süýjesin.

Gazanan bar ýeñşim, ýalñyş ädimim, -
Bu gün yzda galan geçmişim bolar.
Ýöne, köne ýylym, unutsam seni,
Geljegiñ öñünde etmişim bolar.

Seniñ maña beren şatlyk, aladañ
Belli däl täzede artyp-kemjegi.
Bagtly boldum señ göwsüñde köp gezek,
Maña belli haýryñ şeri ýeñjegi.

Ýürek ýagşylygyñ hyzmatyn etdi?
Il bilen den gopdum, döretdim, gurdum
Synagña döz geldim, ýykyldym käte -
Hiç başym egmedim, aýakda durdum.

Köne ýylym, hoşlaşaly, gideýin,
Adam ömri doly ýüz-müñ işlikden.
Käte ýatlamalañ kilmin galdyryp,
Gararyn men geçmiş bolup işikden.

Orazguly ANNAÝEW.

"Garagum" žurnaly, 1/2017 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Haweran | Теги: Orazguly Annaýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Gurjakbaşy / Goşgular - 23.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Новогодний тост / Goşgular - 15.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]