04:22
Täze gelin gelýär!
TÄZE GELIN GELÝÄR!

(Sami Ýusufyñ ýerine ýetirmeginde “Sary gelin” aýdymyndan täsirlenip)

Şyňňyrdaýan şelpeler,
Ýürekleriň gürsüldisi.
Ýüzärlikleriň tüssesi.
Düýtdülleýän gelnaljylar,
Türkmen ojagynyň täji,
Buşluk!
Täze gelin gelýär!
Arzuwlar-umytlar bilen
Göge galar ak kepderi.
Ýüregi gowsunan nowjuwan gyzlar,
Gozgalaň tapan ýigitler.

Pul paýlaýar gaýynata,
Gaýynene seçýär nogul.
Gaýşarylyp barýar gelniň ýanynda,
Gözleri dört bolan ogul.
Çagalar başagaý bolup,
Süýji çöpleýär aldygna.
Gelniň bukjasy bagty deý,
Sygmandyr onlap sandyga.
Täze gelni ýüze sylýar,
Dogan-garyndaş, märeke.
Tans oýnaýar bütin syrgyn.
Hudaýa şükür, sag-gurgun
Şyňňyrdysy bilen, aýdymy bilen,
Assajadan ädýän ädimi bilen,
Tüweleme!
Täze gelin gelýär!
Goý, telpekler göge uçsun!
Türkmen aga, ojagyňa
Gelniň aýagy düşsün!!!!

♢ ÄKIT!

Sen meni alyp git
Kejebe bilen!
Pikir etme alyp giderin öýdüp
Diňe ýyllarboýy ýygnan bukjamy.

Sen bukjasyz hyýallarymyň,
arzuwlarymyň, höweslerimiň
kejebä ýükle-de baryny äkit!

Äkit diňe birýanlaýyn ýol bilen.

Äkit
Seň kaka, meň eje,
Seň ata, meň ene
Seň Adam ata, meň How ene
boljak günlerimize çen.

Äkit
Jennetdäki öýümize çen!..





Категория: Goşgular | Просмотров: 257 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 2.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kakama / Goşgular - 26.01.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Giderin... Gideýin... Gitdim... Gitmesene... Gitmerin... Git... / Goşgular - 22.05.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021



Всего комментариев: 30
1
17 Psistratos   [Материал]
Poeziýaň taryhyna belet bolsaňyz bilmeli, aslynda werlibr futurizmiň täsirinde, marksist-materýalist ideologiýada, pragmatiki terzde, halk köpçüliginiň problemalaryny beýan etmek we umumy köpçülige garşy manipulatiw öwüt-nesihat işlerini geçirmek üçin döredilen akym gadyrdanlar. Ýagny, işçi-garamaýak gatlaklarda başlap, özgeren akym. Ýagny "şäherleşmedik ýerlerde" dörän.... Özi transandantalist bolup Amerikan edebiýatynda werlibriň başçeken şahyry Walter Whitman "men Garward kružogynyň entelektualizmine garşy werlibr akymyny döretdim" diýip geçen ölýänçä.
Lui Aragon, Raymond Russo, Ezra Pound, Elliot, Özdemir Asaf, Jan Yüjel, Karakoç ýaly ýazsalar okamanam durjak däl werlibri. Goşguda pikir-bezeg-muzyka üçburçlugy kämil bolmasa liçno meň üçin halk ýazyjyň galamyndan çyksa-da parhy ýok...
Poeziýaň gündogarda aýratyn orny bar. Goşgy diýseň ilki bilen bogun sany we kapyýa göz öňünde tutulýar bu jelagaýda. Şoň üçin aslynda werlibr haýsy gündogar edebiýatyny tutaý göni ýer edinip bilmedi. 1-nji Müstezatly werlibr, 2-nji bogun sany erkin ýöne kapyýaly werlibr geldi. Blank poem - белые стихи diýilýän ne kapyýasy ne bogun sany gabat gelýän žanra indi indi geljek bolýa.
Men ýokarda-da hakykatyň tarapdary hökmünde pikirimi ýazdym. Halk köpçüligine ýüzlenip ýazmankaňyz ilki bilen okap, çintgäp, doly öwrenip ýazyň. Onsoňam wyždanyňyza gulak asyp ediň bellik etseňiz. Ýerjek bolanyňyzda-da öwjek bolanyňyzda-da. Ýogsa "körler bilen kerler bir-birini öwerler" diýeniňki ýaly gülkünç ýagdaýa düşersiňiz.... Wessalam!

-1
18 Tumarly   [Материал]
Psihatros dogan garaz berekella diýäýmäñ. Müñ gepiñ başyny agyrdypsyñyz.

3
19 Raýdaş   [Материал]
Şonça ylmy maglumat bilen hakykatçy ýazylan teswirden soň siziň bu teswiriňiz daňdana çenli dessan diňläp ahyrynda hem "Zöhre oglanmydy Tahyr" diýip soran .......yñka meňzäpdir.... (:

0
Şy pikiriñe goşulyan

-1
21 Tumarly   [Материал]
Ajaýyp Ýelena siziñ ýazýan hekaýalaryñyzda üytgeşik zat yokdugyny belläp geçmek bilen birlikde yazýan teswirleriñize seredip ýeñilkelle we şöhratparaz ýaş gyzdygyñyzy bilip bolýar.

-1
Hawa, seniñ bilyändigiñ bildiryar. Asla da, men sen ýalylary köp göryän. Sen yazyp bileñok, sen üytgeşik däl, seni okap bilemok we ş m şey diyip gaytalayanlar meniñ yazyan zatlarymy ilden öñ okayarlar, özem içinden pyşyrdap pyşyrdap okayarlar

-1
26 Tumarly   [Материал]
Men Suraý Babanyýazowanyñ, Laçyn Pürjäýewanyñ, Şähribossan Geldimämmedowanyñ, Mahym Rozyýewanyñ, Gunça Amansähedowanyñ, Meñli Aşyrowanyñ, Aýgül Garaýewanyñ goşgularyny pyşyrdap pyşyrdap okaýan!

-1
27 Tumarly   [Материал]
Goşgyñ goşgy bolsa özüni özi gorar. Saña goramak gerek däl. Ýañra haýran. Gepläp äñiñ bir ýere gelenok.

-1
28 Tumarly   [Материал]
Şu sananlarymyñ içinde ýene-de Suraýyñ goşgulary has gowy. Suraýyñ goşgulary saýlanyp dur. Ýadadanok. Berekella diyyäs maşgala bolup.

0
29 Raýdaş   [Материал]
Kadri zar ra zargar mefahmad khanom Elena! Lotfan, sathe kheish ra ba in jure mardom wa ba in raqam sohbate be danesh pain nayared!!!

0
Bale:)) che hub goftid, kadri zar ra zargar mefahhmad

-1
22 Tumarly   [Материал]
Ilkibada gyzyklanyp okajak boldum. Goşgularyñda hem derek yok.

-1
23 Tumarly   [Материал]
Haweranyñ näme üçin bal tapan ýaly edip seniñ zatlaryñy reklama edişine haýran.

-1
24 Tumarly   [Материал]
Raydaş dogan bu goşgy - sungat -çeper sungat. Ylmy makala däl. Birinjiden-ä goşgyda aydylýan zatlarda siziñ getiren "ylmy" maglumatlaryñyza ters gelýän zat yok. Ikinjidenem ters geläyen yagdaýynda-da çeper eserde şahyryñ çeper fantaziýasy, giperbola (abartıcılık) diyip bir zat bar.

0
16 Aksary   [Материал]
Pul paýlaýar gaýynata,
Gaýynene seçýär nogul

Näme üçin gaýynata pul paýlaýar, adatça siziñ ýanlarñyzda-da seçýärdiler :)

Nesip bolsa toýlarda ýañlandyrmasak bolmaz bu goşgyny, şäherleşmedik ýerler werlibri nähili kabul ederkä, men-ä haladym, ömrüñ bolsun.

0
14 Gumlygelin   [Материал]
Suraýyñ ikinji goşgusyny irden okap agşama çenli täsirinden çykyp bilmän gezdim...
Suraýjan işdeşiñem bagty bolsun!
Bizem üýşüp dileg edeliñ!
Goý, Suraýjanyñ iñ gymmatly sandygyna, duýguly sandygyna iñ mynasyp kişi eýe bolsun!

-1
15 Haweran   [Материал]
Gumlyýeññe, göwnüme bolmasa sözaýdyjylyk edýäñ öýdýän, kimkä o bagtygelen? :)

-1
13 Mähriban   [Материал]
"Sary gelin" aýdymynyň Sami Ýusufyň aýdymy däldiginden habarym bar. Ýöne şol aýdymy ilkinji gezek Sami Ýusuf aýdanynda diňlänim üçin soňky gün günä galmazym ýaly hormatly aýdymçynyň adyny getirdim, bagyşlaweriň! Şol aýdymy aýtmak üçin şeýle bir jan edipdir ussat, goşgy aýdym gutaryp-gutarmanka ýazyldy, Hudaýa şükür! Ömri uzak bolsun Sami Ýusufyň! Ussada Ussat diýmeli. 1-nji werlibri goýmak bilen maksadym: düýn işdeşimiň (kitapçynyň okyjysy) durmuş toýy, şonuň üçin işdeşimiň (hemme gurulýan maşgalalaryň hem) guran maşgalasynyň berk, rahat, bagtyýar... maşgala bolmagyny arzuw etdim, hemmeleriňem arzuwyma goşulmagyny ýüregim bilen isledim (Köpüň dilegi köl bolar). Goý, ähli täze gelinleriň baran ojagyna aýagy düşsün!
Rowaýaty paýlaşanyňyz üçin köp minnetdar.
Ýazanlarymyza bolan garaýyşlaryny paýlaşýandyklary üçin agzalara köp sagbolsun aýdýan!

1
Suraýdan halayan goşgularymam bar, tasir duymayanymam. Umuman bir tipde bir hörpde govy diyip bolanok. Şu goşgynam 1njisi dalde, 2njini govy gördüm.

2
11 Hyýalkeş   [Материал]
Men at dakdymmy?! Baha kesdimmi?!

1
9 Hyýalkeş   [Материал]
Ne gözel goşgy?!...
Kime göre, neye göre?...

-1
10 Haweran   [Материал]
Mahym, düşunmeyän bolsañ düşünmeyan zadyña baha kesjek, at dakjak bolmak nämä gerek.

3
8 Psistratos   [Материал]
Goşgy barada aýtsam: men aslynda werlibriň gaty bir janköýeri däl, şoň üçin teswirlemedim. Dogrymdan gelsem, meň lezzet alyp okajak goşgymam däl. Akgynly däl, goşguda heň-muzyka duýlanok, tehniki taýdanam bökdençsiz däl. Ýöne hakykaty aýtmak wyždan wezipämiz, şoňa görä-de bir jähtden goşgy diňe edebiýatyň çäklerine däl, eýsem etnografiýaň, kulturologiýaň hem kenarlaryna tolkun atypdyr. İki aýratyn sýužeti içki hem daşky nazar bilen täsirli häsiýetlendiripdir. Tükmen agaň folkloryndan bir baby taryhyň gatlaryna bellik edipdir. Z neslindem soň däp dessurlaň näme boljagy belli däl. Ýöne şu we şuňa meňzeş goşgularyň geljekde bu babatda arhiw hökmünde hyzmat etjegine şübhäm ýok.

0
7 mango   [Материал]
geçiň sami ýusufy, sary gelini.....
bu ýerde ne gözel goşgy bar.
belki goşgyň gürrüňini etmelisiňiz.
----
sergide suratçyň kartinasy däl-de, kartinaň daşynyň owadan ramkasy barada gürrüň eden ýaly bolýa....
sami ýusuf we sary gelin bahana....
esasy suraý hanymyň eseri...

1
6 Hyýalkeş   [Материал]
Diñlemeli etdiñiz Sami Yusufuñ aýdan görnüşini. Bir ýardamsöýer el.poçtama oklasa diñlärdim.

0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Psistratos, köp sag boluñ aýdymyñ başdan geçirmesini aýdanyñyza. Gowy görýän aýdymym. Bu aýdymy Survivoryñ toparlaryñ birleşme oturyşygynda Adem Kılıççynyñ aýtmagynda diñläp söýüpdim. Soñam janköýeri bolup galdym. Ýüregiñ gyýylman diñlemek mümkin däl.

1
3 mango   [Материал]
suraý hanym.
birinji goşguňyzy suraýyňky hökmünde halamadym, ýogsam gowja ýerlerem bar "Gelniň bukjasy bagty deý, / Sygmandyr onlap sandyga" -diýen ýaly.
ýöne, çişirilen, aýagyňy ýerden üzen ýerleriňe-de bir-iki mysal: "Dogan-garyndaş, märeke. / Tans oýnaýar bütin syrgyn." ýeri, bolýa dogan-garyndaş, märeke tans oýnasyn.... ýöne bütin syrgyny tans etdirmegiňi bir hili gördüm.
telpekli ýerem bar, halamadyklarymyň arasynda...

Goý, telpekler göge uçsun!
Türkmen aga, ojagyňa
Gelniň aýagy düşsün!!!!

näme üçin türkmen aga?
garaşsyzlyk ýaly umumymillet wakalarynda diýilipdi "türkmen aga telpegiňi göge zyň" diýip...
"türkmen aga" diýilende - türkmen milleti göz öňüne gelýär.
maşgala degişli waka üçin bu söz geçerlimikä?
emma. we ýene bir gezek emma.... ikinji goşgyňyz welin..... "alyp gaçdy" diýlişi ýaly arany gaty açyp alyp gaçypdyr...
gepiňi-gürrüňiňi "birýanlaýyn ýol" bilen yzyna sarap jennetden çykaryşyňa welin begenip haýran boldum.
("aňkaryp haýran boldum" diýäýesimem geldi welin "aňkow" diýäýmesinler diýip çekindim :-) )
tüwelemeli berekella!

1
2 Psistratos   [Материал]
"Sary gelin" Sami Ýusufyň aýdymy däl, halk aýdym. Türkiye türkmençesinde halk aýdyma "türkü" diýýärler. Regioanlara, welaýatlara, uruglara mahsus bolan her "türkiňem" bir hekaýasy bolýar, hekaýasyz "türkü" ýok diýen ýaly.
Sary gelin Erzurum (arzi-Rum) welaýaty we töwereginde meşhur bolan halk aýdym. Hekaýasy bolsa Gypjak beginiň saryýagyz gyzyny söýen bir kuman ýigidiň tragediýasy hakynda. Gürrüň berilmegine görä ejesi ermeni bolan bu kuman ýigidi söýgüsine gowşup bilmändir, beg gyzyny başga bir begiň ogluna durmuşa çykarypdyr. Kumanly ýigit magşugynyň toýunda şu aýdymy aýdyp, soňam özüni heläkläpdir.

Erzurum welaýatynyň geografiýasyny göz öňe getiriň. Öň Kars, Ardahan, Artwin, Erzinjan welaýatlaram Erzuruma degişli bolan. Kartany göz öňüne getirensiňiz, hut şonuň üçinem bu halk aýdymy häzirki Türkiyeden daşary Häzirbegjan, Eýran, Gürjistan, Ermenistan ýurtlarynyň halklarynyň arasynda hem giňden meşhur bolan.

-3
4 Haweran   [Материал]
Aýdymyñ kimiñkidi barada gürrüñ gidenok. Aýdymy köp sanly solistler ýaly Sami Ýusuf hem ýerine ýetirýär.

-1
1 Haweran   [Материал]
Bu goşgulary okap, gowy diýmäge diliñ baranok, ruhuñy sarsdyrýar. Kän zatlar aýdasyñ gelýär, emma goşgyñ täsiri hiç zat aýmaga ýer goymaýar.
Dünýä medeniýeti... häzirkizaman aýdym-saz sungatynyñ bütin dünýäde tanalýan görnükli wekiliniñ anadoly türkmenleriniñ halk aýdymlaryndan ussatlyk b.n ýerine ýetirýän aýdymy... klassyka... Suraýyñ edebi ussatlygy we täzeçilligi... türkmen toýlarynyñ özboluşlyja şagalañy...
Baýbo! Diýseñ kän zatlar biri-birine sepleşip, ajaýyp kompozisiýany orta çykarýar.
Ikinji goşguda hem şeýle, türkmen zenanyna mahsus iñ ajap arzuwlaryñ ýarym mif obrazlara utgaşyp, jennete çen barýan ýoly.
Şahyryñ synçylygyna, çuñlugyna gözüñ gidýär.
Berekella, Suraý!..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]