06:11
Täze Aý
TÄZE AÝ

Geñ galýan,
Sen düýnem çörek ýalydyñ,
Gör, kimler göwnüñe degip gaýdypdyr.
Çarhy döwlen pelek altynsyñ öýdüp,
Ýarty bölegini kesip gaýdypdyr.

Her gününi teññe deýin sananda,
Bolarsyñ öñkiñ deý döwletli, baý, sen!
Gör-ä, Ýerde däl-de, Hakyñ ýanynda,
Arş astynda doglan täze bir Aý sen!

Mahym ROZYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Haweran | Теги: Mahym Rozyýewa | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eger şu gudraty duýmaýan bolsañ... / Goşgular - 14.04.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Kakama / Goşgular - 28.02.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
"Humarala" / Goşgular - 08.02.2021
Gije / Goşgular - 08.04.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Mahym hanym. many bulaşyklygy barmy?
ilki näbellilik bilen "Gör, kimler göwnüñe degip gaýdypdyr" diýýäň yzyndanam anyklyk bilen "Çarhy döwlen pelek ...Ýarty bölegini kesip gaýdypdyr" diýýäň, ýagny ilki bilmediksereýäň, soňam bilýäniňi aýdýaň.

Her gününi teññe deýin sananda,
Bolarsyñ öñkiñ deý döwletli, baý, sen!

edebiýatdyr, deňeşdirmedik, göçme manydyr..... onda-da, Aýa döwlet, baýlyk nämä gerek, baýlygy näme etsin diýesim gelip dur. bu ýerde "aý sen"-e kapyýa bolmak üçin "baý sen" bolan ýaly...

Gör-ä, Ýerde däl-de, Hakyñ ýanynda,
Arş astynda doglan täze bir Aý sen!

"Hakyň ýanynda" diýip adres berilmegem jüpüne düşmändir.
isle ýerde, isle asmanda, her ýerde ýer zat Hakyň ýayndadyr(myka diýýän).
sebäbi Özi diýýär: "men size ýakyndyryn, emma siz menden uzak*" .
(* sözme-söz däl)
umuman, üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]