11:54
Täsin ykbal / hekaýa
TÄSIN YKBAL

Agaly turuwbaşdan galjaňdy, ile-güne ýagşylyk edip bilse, dünýede armany ýokdy. Arada ak saçly, ýüzi nurana bir enäni ulagyna mündürip, agyr ýüküni göterip öýüne eltip berende, ol aýaldan eşiden alkyşlaryny, hiç haçan ýadyndan çykarmaýardy. "Biz garryny sylany Alla-da ýalkar! Iň ýakyn zamanda taýyňa sataşarsyň. Nesip bolsa, kaka-da bolarsyň!“. Agaly onuň alkyşlaryny şol günüň özünde ejesine-de ýetirdi. Ejesem bu gürrüňi gowulyga ýazdy. “Garry ene müň bir kerem mamla, taňryýalkasyn. Ýamanlyk ýüzüni görmesin. Hakyt, perişde bolup sataşypdyr-a! Ýüregim bolupdyr! Ýogsam, meniň oglum nire, öýlenmek, maşgala bolmak nire?“.
Agaly soň-soňlaram şol garry enäniň sözlerini ýatlap kän gezdi. Haýp, gaýdyp oňa ýolda-yzda gabat gelmedi. Bir günem "Gel, şol garryny idäp, ýanyna baraýyn. Kimmişin ol meniň tanşym? Men ol gyza haçan duşaryn? Garry ene muny hökman biläýmeli, bolmasa, ol maňa bu alkyşlary etmezdi. Aý, onsoňam, meniň ony idäp barşym, köneden tanşyň bilen salamlaşyp, halyndan habar alyp gaýdan ýaly bir zat bolar-da. Ol meni hökman tanar. Tanamasa-da, men oňa duşan günümi hemem maňa eden alkyşyny ýatladaryn. Onsoňam garry adamdyr-da, belki onuň odur-budur mätäç zady bolmagam ahmal“ diýip, garryny ulagyndan düşüren ýerinde saklandy. Ulagyndan düşensoňam onuň ýüküni göterip äkiden öýüniň gapysyny kakdy. Haýp, içerden ses-seda çykmady. “Kim bar öýde? Adam barmy?“ diýip gygyrdy. Onuň sesine garşydaky öýden gartaşan bir aýal çykdy. Agaly oňa salam berdi hem-de özüniň kimi soraglap gelendigini aýtdy. Goňşy aýal geňirgendi.
--Oglum, siz haýsy enäniň gürrüňini edýärsiňiz? Bu öýde indi telim ýyllar bäri hiç kim ýaşanok. Dogrusy, ilki-ilkiler-ä bu ýerde bir garry ene ýaşapdy. Pahyryň çaga-çugasam ýokdy, bir özüdi. Bende, gowy, salyhatly, perişde ýaly aýaldy.
- Daýza, bu nähili beýle bolýar-a? Men ony geçen ýekşenbede ulagyma mündürdim, hut şu gapa çenlem onuň agyr ýüküni göterişdim. Maňa-da köp-köp alkyşlar etdi. Bu barada ejeme-de aýtdym.
- Oglum, sen ýalňyşýaň. Bu mümkin däl. Sen baran gapyň başga ýerdedir. Görýäň-ä, bäride yns-jyns ýok. Jaýyň gulpunyň açaram honha, eýwanyň pürsündäki çüýde asylgy durandyr. Içinde düzüwli öý-goşam ýok.
- Ýok, daýza, meniň heniz aklym ýeinde. Men ýalan sözlämok. Ol ýetmiş ýaş töweregindäki aýal, egninde-de halydan tikilen bukjasy bardy, hawa, hawa, ýene-de bir zat ýadymda galypdyr, çat maňlaýynda şänik ýaly, ujy tüýlüje haly-da bardy.
- Wah, oglum aýdanlaryň hemmesem gabat gelýär. Haly bukjasyny egninden aýyrmazdy görgüli. Maňlaýynda halyň barlygam hak. Ýöne ynan, onuň dünýeden ötenine kö-öp ýyllar boldy. Soňky ýoluna ugratmaga-da goňşy-golamlar bolup gatnaşypdyk.
Basym bu jaýynam ýykyp aýyrjaklar ýaly. Arada goltugy papkaly bir adam gelip, bu köne jaýyň birmahallar hasapdan öçürilip, ýykylmaga degişli edilendiginem aýdyp gitdi.
Agaly pyrlandyrylyp goýberilen adam ýaly boldy. Asyl gulaklarynyň eşidenine ynanmady. Gelibem gören-eşidenini ejesine habar berdi. Ejesem „Oglum, şo gekki ýolda duşdy diýýän aýalyň ýagşyzada bolaýmasyn?!“ diýdi.
Şondan soňky wakalar bolsady ekilen ýaly boldy. Ejesi Agalynyň salgysyny beren öýi bilen guda-gorum boldy. Agalynyň welin otursa-tursa birmahallarky ýolda duşan garrynyň „Biz garryny sylany Alla-da ýalkar! Iň ýakyn zamanda taýyňa sataşarsyň. Nesip bolsa, kaka-da bolarsyň!“ diýen sözleri hakydasyna geldi. Ejesiniň perişdä meňzeden nurana ýüzli şol aýalyň keşbi göz atuwynda janlanýardy.
Indem basym toý tutulmalydy. Toýuň aladasy ýetikdi. “Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy” diýleni. Goňşy-golamlar gaýda-gaýmalaşykdy.
Agaly özüniň ýeňil ulagy bilen goňşy obada ýaşaýan aýal doganynyňka toý habaryny alyp barýardy. Hemme zat gülala-güllük bolsa, ol günortan naharyna çenli yzyna dolanmalydy. Bu gün ejesi goňşy-golamalary alyp gudalara barmalydy. Olaryň gudalyk möhüm işleri bardy.
Goňşy oba o diýen bir ýakyn ýerem däldi, esli aralyk bardy. Näme üçindir häzir ulagyň radiosy hem işlemeýärdi. Atalarymyz ýöne ýere “Söhbetdeşlik ýoly gysgaldar” diýmänmidir. Ýeke özüň içiňi gepledip gitmekden ýaman zat ýok, ýekelik giň dünýäňi daraldýar.
Agaçlardan tänip düşen ýapraklar ulagyň aýnasyna seçelenip-seçelenip düşýärdi. Agaly maşynyny uly ýoluň gyrasynda iki epilip, entirekläp duran ýaş gelne gözi düşdi. Ol derhal ulagyny saklady-da, kellesini äpişgeden çykaryp:
- Dogan, size näme bolýar, kömek gerekmi, ýagdaýyňyz gowumy? –diýdi.
Gelin hamyla eken, ol köýnegini gysybyrap otursa-da, me-saňa-mälim bildirip durdy.
- Ýagdaýym gowy. 1-nji Saglyk öýüne barýardym welin birden başym aýlandy-da, häzir gowulaşar. Sag boluň!—diýdi. Şeýle diýse diýdi-de, ýykyljak-ýykyljak boldy, demi sütünden ýapyşyp ýetişdi.
- Münüň, men sizi Saglyk öýüne elteýin.
- Size kyn bolmazmy?
- O nämäniň kynlygy, dogan, münüň, münüň, barybir, meniň ýolum-da şol tarapa.
- Taňryýalkasyn, ýamanlyk ýüzüni görmäň.
Gelin hyk-çok bilen ulagyň yzky oturgyjyna geçip ornaşdy. Ulag ýerinden gozganyp, haýallyk bilen ýola düşdi. Asyl ol şondan soňam tizligini gataltmady. Hamala diýersiň, müşderi ondan maşyny ýuwaş sürmegi haýyş eden ýaly. Ýogsam, olaryň arasynda hiç bir gürrüň hem bolmandy. Aram-aram ulagyň aýnasyndan gözüniň gytagy bilen gelni synlaýardy. Ol megerem, on dokuz-ýigrimi ýaşdan uly däldi, at ýüzli, uzyn boýly, gyrmyzy köýnekli, başynda gyzyl öýmesi bardy, syratly, görmegeý, göze ýakymly maşgalady. Ýöne onda hiç bir rahatlyk ýokdy, ýüzüni görüp halyny sorabermelidi. Birhili galagoplydy, akmeňiz ýüzüni alada-ünji gaplapdy. Agaly birbada onuň näme derdiniň barlygyny bilmek isledi, ýöne zordan saklandy. "Kesekiň maşgalasy bilen ne işiň bar? Her kimiň öz aladasy, öz derdi“. Şonuň üçinem Agaly gelniň rahatlygynyň bozulmagyny islemedi, ýolugry elini galgap duran adamlaryň hem hiç biriniň deňinde saklanmady. Şo mahalam gelniň el telefonyna jaň geldi. Ýöne näler jyňňyrdasa-da oňa jogap berjek bolmady. Telefon ara salym salyp, ýene jyrlady. Bu gezek Agaly dillendi:
- Dogan, telefonyňyzy açyň ahyryn. Belki bir gyssagly habar bardyr.
Gelin şondan soň telefonyny açdy. Aňyrdan erkek adamyň boguk sesi eşidildi. Gelin sesini gataldyp gepledi:
- Hawa, nirä aýlaýaň? Näme üçin? Saňa menden näme gerek? Men saňa jaň etme diýmedimmi? Ýok, gutardy. Sen bilen gürrüňim gutar-dy. Aýrylyşyk hatyna gol çekdim diýýäň?! Sagja bol. Sen meni şeýle bir begendirdiň welin... Indi oňa menem çekdi hasap edäý. Sen ony birjigem gaýgy etme, öz keýpiňe bak. Bäbek bilen işiň bolmasyn, ony men özüm eklärinem, saklarynam. Ertir toýumyz diýýäň?! Kim öýlenýär? Senmi? Wah, günüňe ýanaýyn. Sen tetelli biwepadan dynanyma az begenemok diýsem, haýp, indi meni gaýga goýan başga zat. Bolar-bolgusyz, boş-boş wadalaryňa ynanyp, sen tetellä öz ykbalyny oda atjak ýene bir naçaryň sataşanyna gynanýan. Hawa, hawa, men şol gyzyň betbagtlygyna gynanýan. Maňa bolsa, jaň edişiň, şu gezek, soňky gezek bolsun. Owarra bol, atamyň aňry ujuna git! Saňa sataşan günüme nälet bolsun!
Gelin telefonyny eltorbasyna saldy. Ara dymyşlyk düşdi. Agaly gelniň gürrüňleriniň baryny bolmasa-da, ýaryny-ha diňledi. Ýöne oňa goşulmaga milt etmedi. Ýogsam, gelin häzir bozulypdy, kemiş-kemiş aglaýardy, gözýaşyny öýmesiniň ujy bilen süpürýärdi, göwündarlyga mätäçdi. „Ýigit uýaldy--öldi“ diýleni. Agalyň hemişeki utanjaňlygydy, gelne göwün göteriji ýekeje bir sözem aýdyp bilmedi. Aslynda aýtmak isläpdi, çekindi.
Bu ýagdaýy görüp, dogrusy, Agalyň ýüregi gozgalaň tapdy. Gelne suw uzatdy.
- Uýam, alyň, bir owurt suw içiň! Giň boluň-a. Bu durmuşdyr, muň ajysam bardyr süýjüsem. Geçer, adamdan geçmejek zat ýokdur, sen köşeş...
Gelin barybir suw içmedi, köşeşmedem. Ýöne hykylamasy welin güýjemese kemelmedi. Agaly ulagy saklan ýaly etdi. Ine, birdenem gelin aglamjyrap gepledi:
- Ulagy saklamaň, meni bäbekhan eltip bilmermisiňiz! Men...men...
- Häzir, häzir... - Agaly ulagyň ruluny yza öwürdi. Gelniň şondan soň oturyp karary bolmady, ýüzi bir agaryp, bir garaldy. Iki-ýana urundy.
- Häzir, häzir, dogan, azajyk gaýrat ediň. Ynha, bäş minutdan biz şol ýerde borus. Sen hiç zady gaýgy etme. O ýerde saňa gowy bakarlar. Hemme zat gowulyk bilen gutarar.
Agaly ulagyny şäher bäbekhanalar öýüniň işiginde saklady-da, baryp lukmanlara habar etdi. Gelniň goltugyna girip, içerik saldylar. Agaly hem olaryň yzyna düşdi.
- Aý oglan, hassaň hossary senmi?—diýip, aýal lukmanlaň biri sorady.
Agaly heniz oňa jogap berip-bermänkä beýleki şepagat uýalary hem onuň üstüne çöwjedi.
- Bu seniň gelniňmi?
- Bu ýagdaýda neneň ony köçä çykaryp bildiňiz? Alla gorasyn, ýolda bir zat bolan bolsa, gorkmadyňyzmy?!
- Beýle-de bir geleňsizlik bor oguşýa!?
- Toba, toba.
- Ýaşlyk edýärler, bular.
Agaly aljyrady, şol aljyraňňylygy bilenem olara jogap bermek isledi:
- Neme, doganlar, aslynda men...
Semiz, gözleri ullakan äýnekli başga bir gelniň sesi hasam batly çykdy.
- Sen bolsaň, han ogul, gaty gowy-da! Size ene-ataňyzdan aýry ýerde ýaşaýan adamlar diýerler. Ýogsam, olardan birinden-biri, bu bagtly günüňizde, ýanyňyz bilen goşulyp gelerdi ahyryn. Bildim gerek? Öz ulagyňyzda getirmän, "Tiz kömege“ jaň edäýmeli ekeniňiz-dä! Hälem sen ony wagtynda getiripsiň. Indem şu töwerekden aýrylman otur, biz özümiz habar ederis.
- Neme... men oňa ýolda...
Agaly lukmanlar gidensoň hassahanaň howlusyndan çykdy. Endamy derden ýaňa öl-myžžyk bolupdy. Ol gelip ulagyna mündi, asyl ugradam. Ýöne galagoply, başly-baratly, bulam-bujar pikirler ony öz erkine goýmady. Ol ýene-de ulagyny yzyna öwürdi: "Onuň hiç kimi ýok. Ony bu ýere men getirdim. Men hem onuň halyndan habar almaly!“. Ol gelip hassahanaň uzyn dälizindäki oturgyja geçip oturdy.
Şo mahalam, daşary çykan şepagat uýalaryndan biri göni oňa bakan gaýtdy. Gele-gelmäne:
- Adyň näme?—diýdi.
- Agaly.
- Agaly, ine, hassa şu dermanlar gerek boljak!—diýip, bir haty eline tutdurdy.—Indi nämä dursuň, şu çatrykdan geçäýýän ýeriňde dermanhana bardyr, baryň-baryň, indi bir eglenmäň-ä!
Agaly eline tutdurylan haty alyp daşary çykdy. Ine, şo mahalam el telefony jyňyrdady. Ol ejesidi.
--Oglum, oglum, sen nirede? Daýylaryň dört-bäş sany janly iberipdir. Olary ýerleşdirmeli. Bolmasa, goňşulardan haýyş et. Günortan naharyňa-da gelmediň. Men seni alada etdim.
- Eje, eje, men işli, dermanhana barýan.
- Dermanhanamy? O nämäniň dermanhanasy? Kim ýaranok? Doganyň ýaranok ekenmi?
- Neme, men bäbekhanada...
- Bäbekhanada? Kimiň bäbegi bolupdyr?
- Eje, men gyssanýan. Soň gürleşeris.
- Oglum...
Agaly telefonynyň nurbatyny basyp, jübüne saldy. Soň ol getiren dermanlaryny lukmana gowşurdy. Aradan iki-üç sagat çemesi wagt geçipdi. Ýene-de Agalyň ýanyna elem-tas bolup gelen hälki lukman gelin boldy.
- Gözüň aýdyň, Agaly, kaka bolduňyz!
Agaly:
- Siz näme diýýäňiz!? Men onuň..
- Näme begenmediňmi? Olaryň halyny soraňo-ga?
- Ýagdaýlary gowumy? Ýogsa-da, ojagaz çaga oglanjykmy-gyzjagaz?
Ine, şo mahalam ýene-de ejesi jaň etdi.
- Oglum, ol ýerde nämeler bolýar?
Lukman gelin howlukmaç gepledi.
- Sen oglan, buşluk bermän ähli zady biljek bolýaňmy?
- Buşlukmy? Buşlugyň işi haýyrla welin... - Agaly goltuk jübüsinden çykaran puluny oňa uzatdy.
Şo mahalam telefondan ejesiniň sesi ýaňlanyp gitdi. Ony lukman gedlinem eşitdi.
- Oglum, o nämäniň buşlugy? Kim kimi buşlaýar?
- Wiý, oglany? Entek ejeňem bihabarmydy? Seniň ogul bolaýşyň-a?! Ejeňem buşla. Goý, olam gelsin. Ikisiniňem ýagdaýlary gowy diý. Bäbejigem oglanjyk, özüniňem hakyt saňa meňzäp duran garaýagyz, pälwansypatdygyny oňa aýt! Olary haçan görmek islese gelsin, men ejeň ikiňizi hem olaryň ýanyna goýberjek bolaryn. Gülli gelmelidigini welin unutma!
- Sag boluň!—Agalyny şagga der basdy. Ol henizem telefonyň nurbatyny basmagy unudyp durşuna ýene-de häkli oturan oturgyjyna özüni atdy. Ejesi welin henizem telefondan gitmändi...
Näme üçindir, Agaly ýaňy dünýä inen bäbejigi görmäge howlukdy. Onuň haýyşy bilen ony gelniň ýanyna goýberdiler.
- Mylaýym, yzyňyzdan Agaly kaka geldi, elinde-de bir çemen ter gül bar. Ol senem, oguljygynam görmek isleýär!—diýip, şepagat uýasy ony içerik saldy-da, Agalynyň getiren güllerini güldana goýup çykyp gitdi.
Agaly gelniň adynyň Mylaýymdygyny şonda bilip galdy. Olar mähirli salamlaşdylar.
- Agaly kaka diýýäni senmi? Meni hassahana getiren...
- Hawwa, hawwa, men.
- Ullakan taňryýalkasyn. Sen bize hydyr bolup sataşdyň. Sen bolmadyk bolsaň... Ýogsa-da, sen bizi görmek üçin geldiňmi? Şunça wagtlap öýňüze-de gitmän garaşdyňmy?
- Hawa, hawa. Meniň seni bu ýagdaýda ýeke galdyryp gitmäge wyjdanym çatmady. Ynanyň, ertirden bäri öýe-de baramok. Gözüňiz aýdyň, gutly bolsun, taňrym oguljygyňyza uzak ýaş bersin.
- Sag boluň, sag boluň! Hany, birsellem otursaňyzlaň!—diýip, Mylaýym Agala gabat garşysyndaky boş oturgyjy görkezdi. Olar esli wagtlap oturdylar, gürleşdiler. Aram-aram bilelikde akja ýorgana dolanan bäbegiň ýüzüni açyp gördüler.
Şeýdibem Agaly bu ýerik üç günläp gatnady. Şu döwürde onuň yzyndan başga gelen-giden bolmady. Soňy bilen asyl olar köneden tanyş ýaly, birek-birek bilen ýarym sözde düşünişdiler, ysnyşdylar. Bir günem Agaly içini dökdi.
- Mylaýym, biziňkilerem bu günler toý aladasy bilen, basym meniň toýum boljak.
- Toýuň boljak?! Öýlenýäňizmi?
- Hawa, öýlenýärin.
- Tanaýan gyzyňyzmy?
- Hawa, öz synpdaş gyzym.
- Bagtyňyz açyk bolsun...
Nurjahan eje bu zatlardan bihabardy. Ýöne soňky üç gün bäri oglunyň durmuşynda nämedir bir zatlaryň bolup geçýändigini onuň ene ýüregi syzypdy. Bäbekli gürrüňi dilinden düşürmezdi. Ol şol günem oglunyň öýe geldigi ylgaşlap ýanyna bardy.
- Oglum, bäbekli gürrüň nireden çykdy? Näme üçin sen bu barada ozal aýtmadyň? Ol kimiň çagasy? Sen olary nireden tanaýaň? Aýt ahyryn, ejeň saňa ýamanlygy ýokdur. Ýa-da...
- Ýok, eje, olar ýaly zady kelläňe-de getirme. Ýöne men ýolda barýarkam bir naçara kömek etmeli boldum. Bary şu.
- Maňa açyklama gerek däl oglum. Meniň oglum menden bidin ýaramaz işe baş goýmaz diýdim.
- Dogry, diýipsiň. Ýöne kömege mäteçlere kömegiňi gaýgyrma diýýänem seniň özüňdiň ahyryn.
- Elbetde, elbetde, “Obadaşym-babadaşym” diýilýändir, iliň ýady ýokdur, eliňden gelse mätäçe ýardam etmegiň sogaby uludyr oglum.
Agaly şondan soň toý aladasy bilen ber-başagaý bolup ýördi. Toýuň şowhuny artypdy. Ulagalar birkemsiz bezelipdi. Pişmeler seçilýärdi. Ortada ýaşlar saza goşulyp tans edýärdi. Ýene-de sanlyja minutdan toýuň gelnaljysynyň hem ugradylmaly çagydy. Ine, şo mahalam oňa Mylaýym jaň etdi. Saglyk-amanlyk soraşdylar. Agaly bäbejigiň halyny sorady. Soňam:
- Agaly bizem bu gün bäbekhanadan çykýarys. Ejemlere gitjek.
- Wah, men yzyňyzdan barardym welin, häzir gelnalja ugraljak bolup dur.
- Sen azar edinme. Häzir yzymyzdan ulag gelmeli.
- Mylaýym, bäbegiň adyna näme dakanyňam aýtmadyň?
- Menem şony aýtjakdym. Bäbejige at gözläbem ýörmedim. Ol bu dünýä ady bilen bile gelen eken. Saňa meňzese armanym ýok. Men oňa Agaly diýip at goýdum. Neneň bolupmy?
- Agaly!
- Hawa, Agaly, ol seniň bilen atdaş boldy, ýogsa sen muňa garşymy?
- Menmi, ýok, ýok, men oňa garşy däl. Gaýta sylag-hormatyň üçin taňryşalkasyn. Onsoňam, ýagşy ýigidiň ady köp bolarmyşyn diýýärler. Adyna eýe bolsun!
- Aýdanyň bolsun, dogan jan. Seniňem toýuň gutly-mübärek bolsun, bagtly boluň! ”Toýa garrama ýok”. Bizem bir gün oguljygymyz bilen toýuňyzy gutlap gaýdarys...
Bu mahal hemmeler ýola şaýlanypdy. Toýuň beýemçisi olara ak ýol arzuw etdi. Şondan soň gelnalyja ugramaly diýlen yşarat edildi. “Sag gidip, aman geliň!” diýen Nurjahan eje-de, olaryň yzyndan suw sepdi.
Ulaglar hatar gurap ýola düşdi. Agaly gelnalyjy ulaga münensoňam beýnisinde at çapýan alasarmyk pikirlerden aýňalyp bilmedi. Şonuň üçinem ol ulagyň sürüjisine: “Ýolugry bäbekhana sowlup, olaryň halyndan habar alyp bilmezmikäk?” diýmekçi bolupdy. Birdenem öz deňlerinden birkemsiz bezelip geçip barýan başga bir ulaga nazary düşdi. Ol ulagyň tutuş endamy gurjajyklardyr jäjejiklerden doldurylypdy. Depesinde ullakan bir “gurjajygam” oturdylypdy. Çişirilip ulaga berkidilen şarlaryň-a hetdi-hasaby ýokdy. Ulagyň yzky oturgyjyny bir özi eýeläp bäbegini gujagyna gyzyp oturan gelniň ýeke özi bardy. Ol Mylaýymdy.
Haýp, Agaly olary açyk-aýdyň görse-de, olar bilen habarlaşyp bilmedi. Ýolaýrytda ulaglaryň hersi bir tarapa sowulmaly boldy. Durmuş dowam edýärdi.

Goçy ANNASÄHEDOW,
ýazyjy.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 173 | Добавил: Haweran | Теги: Goçy Annasähedow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Öňüm gelenden soňum gelsin / hekaýa - 22.01.2022
Kobay / hikaye - 07.01.2022
Sonar daýy / hekaýa - 22.01.2022
Bagşynyň ölümi / hekaýa - 30.04.2022
Jennete barýan Jennet gelneje / hekaýa - 10.04.2022
Год перелета / paccкaз - 23.02.2022
Ýer elenýä / hekaýa - 13.05.2022
Mukaddeslik hakynda bir kyssa / hekaýa - 24.01.2022
Kebelek / mini-hekaýa - 23.05.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]