20:35
Taryhy ýomaklar -4
TARYHY ÝOMAKLAR

Burýat kolhozlarynyñ birine komissiýa gelipdir.
- Näme üçin süýt saglyşynyñ netijesi pes? Ýylda bir sygyrdan bary-ýogy 2000 litr süýt saglypdyr.
Sagymçy zenan Batmany çagyrypdyrlar.
- 3000 litr süýt sagyp bilermiñ?
Zenan oýlanypdyr-da:
- Sagarys - diýip, jogap beripdir.
- 4000 litr sagyp bilermiñ?
- Sagarys.
- 5000 litr alyp bormy?
- Ýok, bolmaz. Juda sowuk bor. Ýöne suw bolar durar...

* * *

Parižde çeperçilik sergisi açylypdyr. Pikasso çagyryş biletini unudan ekeni. Garaz, ony sergä goýbermändirler.
- Özüñiziñ Pikassodygyñyzy subut ediñ!
Ol galamyny bir aýlanda parahatlyk guşunyñ - kepderiniñ suratyny çekipdir welin, ony sergä goýberipdirler.
Şundan soñ sergä Fursewa gelipdir. Olam çagyryş biletini ýadyndan çykarypdyr. Onam goýbermändirler.
- Men SSSR-iñ medeniýet ministri!
- Siz muny nädip subut edip biljek? Ynha, Pikasso hem çagyryş biletini ýadyndan çykarypdyr. Ol surat çekip görkezip, özüniñ Pikassodygyny subut etdi.
- Pikasso diýýäniñiz kim bolýa?
- Barysy ýerbe-ýer, hanym medeniýet ministri, geçip bilersiñiz...

* * *

Bir ýazyjy zenanyñ eserini medeniýet ministri okap görüp, baha kesmeli edipdirler.
- Niçik, medeniýet ministrinden gorkañzokmy? - diýip, kärdeşleri ýazyjy zenandan sorapdyrlar.
- Men medeniýet ministrinden gorkamok, ministriñ medeniýetinden gorkýan! - diýip, ýazyjy zenan gönüsinden gelipdir.

* * *

Iki kempir skameýkada otyr.
- Ustinýa, seret-de duruber, meñkä dogry diýersiñ. Gorbaçýowdan soñ hökman Ýelsin hojaýyn bor.
- Sen muny nädip bilýäñ?
- Näme bilmän? Ynha, Lenin şyr-takyrdy gerek?
- Hawa, şyr-takyrdy.
- Stalin - saçlakdy. Hruşýow şyr-takyrdy. Andropow şyr-takyra ýakyndy. Çernenko saçlakdy. Gorbaçýow şyr-takyr. Ynha, indi şoñ yzyndanam Ýelsin hojaýyn bor!

* * *

Alty-ýedi sany türkmen Moskwa barypdyr. Olar bir topar ýerini aýlanyp, gerek-ýaraklaryny satyn alypdyrlar. Indi diñe mawzoleýde Lenini göräýmek galypdy. Moskwalyk galan iş bitipdi.
Ýöne Leniniñ mawzoleýi remontda eken. Türkmenlerem ertir irden yzyna uçmaly. Nätmeli? Moskwa gelip, Lenin görüp gitmeseñ niçik bor? Munuñ alajy tapylmazmyka?
Ahyry ýigitleriñ içinden dogumlyragy tapylypdyr. Ol dükandan üç-dört çüýşe arak, iýer ýaly añry-bäri satyn alyp, gurluşykçylaryñ ýanyna barýar. Gepiñ küle ýeri, türkmenler gurluşykçylar bilen meýlis gurýar. Kelleler dumanlap, diller süýjeýär.
Gurluşykçylaryñ brigadiri bolsa, myhmanlaryñ näme armanlarynyñ galandygyny soraýar.
- Ýekeje armanymyz galdy... - diýip, arak içişligi guramagy oýlap tapan ýigit çekine-çekine dillenipdir. - Indi biziñ haçan Moskwa geljegimiz gümana... Lenin jany görüp bilmedik-dä?
- Päheý-de weli, şoñam gürrüñini edýäñizmi? - diýip, gurluşykçylar brigadasynyñ brigadiri aýdypdyr. - Lenini ýanyñyza getireýinmi ýa-da özüñiz baryp görjekmi?

* * *

Sekizinji mart mynasybetli Syýasy Býuro L.I.Brežnewe "Miss SSSR" diýen ady dakýar.
Leonid Iliç muña öýkeläpdir. Ol uzak wagtlap agzyny gäwüşedip, dodaklaryny müñküldedip, şeýle diýipdir:
- Näme, indi meni SSKP MK-nyñ baş sekretary hökmünde öpmek gyzyksyz bolaýdymy?

* * *

Adamhor kimdir birini süýräp gelýär.
- Kimi süýräp gelýäñ, sen? - diýip, adamhoryñ ýarany ondan sorapdyr.
- Studenti...
- Näme? Studenti? Taşla ony! Düýn men studenti gaýnatdym welin, köpeý ogly suw gaýnaýança, ähli kartoşkany iýip gutaraýypdyr.

* * *

- Ýoldaş deputatlar! Iki programmanyñ, ýagny, "Täze ýyl" hem "Köne ýyl" programmasynyñ esasynda "Onçakly köne bolmadyk ýyl" atly alternatiw programmany işläp taýýarlaýandygymyzy siziñ dykgatyñyza ýetirmäge rugsat ediñ...

* * *

- Teletomaşaçylar haýsy programmadan dilgir bolýarlar?
- Azyk programmasyndan.

* * *

- Şepe, şü sessiýalarda, gurultaýlarda, konferensiýalarda düşnükli-düşnüksiz sözler getirýärler. Biz-ä konfrontasiýa, konsolidasiýa, alternatiwa, pluralism, ekstremizm, radikallar, neformallar, modulýasiýa... ýaly sözlerden many alyp bilemzok!
- Halkyñ hiç zada düşünmezligi, şeýdibem islänlerini etmek üçin aýlawly bolaýmasalar!

* * *

Uçar asmanda pel-pelläp barýar. Şol pursat eli sapançaly biri kabina kürsäp girýär-de, komandire buýruk berýär:
- Uçary Stokgolma tarap gönükdir!
- Biz Çapliwke obasyna barýarys!
- Men saña Stokgolma sür diýýän! - diýip, garakçy örç alypdyr.
Komandiriñ bolsa şol bir heñi:
- Çapliwka barýas!
Halys gany gaçan garakçy sandyraklap:
- O näme üçin Çapliwka? - diýip sorapdyr.
- Ony eli pulomýotly oturan kempirden sora! - diýip, komandir jogap beripdir.

* * *

Iki skelet duşuşyp, biri beýlekisinden soraýar:
- Sen azyk programmasy kabul edilmänkä öldüñmi ýa-da şondan soñ öldüñ?
- Goýaweri, meñ entek demim gelip-gidip dur-a!

* * *

Iki dostuñ söhbetinden:
- Indiden beýläk ýokary wezipedäki adamlara bagana telpek bermek bes ediljekmiş.
- O näme üçin?
- Ykdysatçylaryñ hasaplamalaryna görä bir maldan alyp başga mala geýdirmegiñ hiç hili peýdasy ýokmuşyn.

Toplan: Nazar NURÝAGDY.





Категория: Degişmeler | Просмотров: 237 | Добавил: Haweran | Теги: Nazar Nurýagdy | Рейтинг: 3.2/4
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Arasynda has gyzyklylary, täsirlileri bar ekeni

0
2 Dark_Wolf   [Материал]
2-nji juda ýiti bolupdyr, iň soňky bolsa ýylgyrtdy)

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Gyzykly

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]