17:31
Taryhy ýazgylarda aýal-gyzlara garşy edilen ilkinji jenaýat
TARYHY ÝAZGYLARDA AÝAL-GYZLARA GARŞY EDILEN ILKINJI JENAÝAT

Gynansak-da, her on habardan bäşisini aýal-gyzlara garşy edilýän jenaýatlar düzýär! Eýse şular ýaly gynançly wakalaryñ gözbaşy nirden gaýdýar? Taryhy ýazgylarda agzalýan we aýal-gyzlara garşy edilen ilkinji jenaýat bilen tanşalyñ.
Asyrlary yza sarasagam, düýnden söz açsagam, mesele şobir zat: Aýal-gyzlara garşy edilýän jenaýatlar.
Taryhçy Raşidiñ öz adyny beren "Raşidiñ taryhy" ("Tarih-i Raşid'') kitabynda şeýle jenaýatlaryñ birinden söz açylýar. Dul galan bir aýal durmuşa çykýar. Ony aýal edip alanam köşgüñ şeýhi. Şol wagtyñ soltany Mustapa III 1699-njy ýylda baglaşylan Karlowsi şertnamasynyñ yzysüre Stambuldan Edirnä gelýär. Üç ýyldan soñ taryh sagadynyñ dili 1702-nji ýyly görkezende, Stambul öñ görlüp-eşdilmedik täsin jenaýat bilen sarsgyna düşýär.
Şäheriñ Dawutpaşa raýonynda Sokully Mämmet papa tekgesiniñ şeýhiniñ Magnawy atly bir ogly bolupdyr. Kakasy ýaly dini ugurdan bilim alan Magnawy Soltan Ahmet II-niñ döwründe köşgüñ şeýhi bolýar. Ol wagyzlary, dini söhbetleri bilen halk köpçüligini özüne çekmegi başarypdyr.
Şeýh bir gün Dawutpaşadan öý alyp, yzyndanam maşgala gurupdyr. Oña aýal bolup gelenem gala serkerdesiniñ owadanlygy we baýlygy bilen dillere dessan bolan yzynda galan dul aýal eken. Anyk subut edilmedigem bolsa, onuñ adynyñ Dizdar bolandygy aýdylýar. Är-aýal birnäçe aý ýaşaşandan soñ, günlerde bir gün gijäniñ içinde ol aýalyñ ölendigi hakda gürrüñ ýaýraýar. Jynaza namazy-da okalmadyk merhumy müritler tabyda salyp, gonamçylyga tarap haýdaýarlar.
Edil şol wagtam garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar. Gölegçileriñ öñünden bir aýal çykýar we olardan merhumyñ kimdigini soraýar. "Şeýhiñ aýaly" diýip jogap alan aýal duran ýerinde ses edip aglap başlaýar. Sebäbi ol merhumyñ jan ýaly jorasy eken, Dizdar pahyr şondan bir gije öñ oña "Meni ýeke goýma!" diýip ýalbaran eken. Nähili tanyş, nähili nalyşly jümle, şeýle dälmi?.. gynansak-da...
Ol şobada gölegçileriñ öñünden sowlup, Topgapy köşgüne bakan haýdaýar we degişli emeldarlary tapýar. Şeýhiñ öz aýalyny öldürendigini, onuñ häzir jaýlanmaly däldigini, eger jaýlansa soñ ahmyr etjeklerini aýdýar. Hatda baş weziriñ wekiliniñem ýanyna girýär. Baş wezir ýagdaýlaryñ gidişinden ynjalyksyzlanyp, adamlaryny aýalyñ ýanyna goşup, merhumy barlamaga ugradýar. Jaýlanmanka gelip ýetişen topar dessine tabydy açýar. Olar gözleriniñ gören zadyna ask bolup galýarlar. Merhumyñ ýagdaýy diýseñ howatyrlandyryjy eken. Görgüliniñ boýnunda ýüpüñ yzlary diýjekmi, parçalanan burny diýjekmi, gara gan bolup ýatan elleri diýjekmi... aý, garaz...
Öli kepenlenmänem eken, howul-hara bir aýal ýapynjasyna dolanypdyr. Hamala çaltrak dynsam bolýar diýen ýaly-da...
Magnawy baş weziriñ ýanyna äkidilýär we merhumyñ jorasy bilen ýüzleşdirilýär. Magnawy bolsa eden işine puşman etmekden geçen, gaýtam ol aýalyñ üstüne dazzarlyp, onuñ üstünden arz edermen bolupdyr.
Şeýh hernäçe şerraýlasa-da, deliller aç-açan ortada bolansoñ, hiç kim onuñ tarapyny tutmandyr. Goñşy-golamam onuñ aýalyna gödek çemeleşýändigine güwä geçipdir. Waka doly subut edilýänçä Magnawy zyndana atylypdyr. Derñew dowam edýän döwründe Magnawy keselläpdir we zyndanda aradan çykypdyr. Şeýdibem jenaýatyñ düýp sebäbi we nähili edilendigi belli bolman galýar. Şonuñ üçinem taryhçy Raşit bu barada "dawasy ahyrete galdy" diýipdir.
Ýyllar geçse-de, pidalaryñ jynsy üýtgewsizligine galýar. Olaryñ öldüriliş görnüşi-de üýtgemeýär. Soñky 65 günde 67 aýal-gyz öldürildi. Her günem artyp barýar.
Bu ýagdaýyñ iñ gysga wagtda çözgüdi tapylyp, soñlanmagyny arzuw edýäris!

08.03.2021 ý.

Edanur BENLI.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 145 | Добавил: Haweran | Теги: Edanur Benli | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Näme diýsek boş-da şu zatlara. Okaýas, eşidýäs, gynanýas. Ejemiñ aýdyşy ýaly "Gulak eşidenini göz görmesin" diýýäs. Täzelikde türk aýdymçysy Bergeniñ durmuşy hakda gürrüñ berýän filmi surata düşürdiler. Söýgülisi bir gözüniñ kör galmagyna sebäp bolup tûrmä girýär. Bergen şonda-da ony bagyşlaýar. Iñ soñunda-da hälki adam ony öldürýär. Bergeniñ ejesi ýaralanýar. Türmede ýedi aý ýatyp çykýar. Söhbetdeşlikleriniñ birinde hamala, dükandan alyp bilmedik harydyny aýdýan ýaly rahatlyk bilen "Ejesi elimden sypdy, ýogsam, onam öldürjekdim" diýýär.
Näme diýjek, näme aýtjak?!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]