10:07
Taryhda galan şekiller - 1
TARYHDA GALAN ŞEKILLER - 1

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Beýik Pýotr adyndaky Antropologiýa we etnografiýa muzeýiniň (Kunstkameraň) kitaphanasynda dürli döwürlerde toplanan nakgaşçylyk eserlerem, fotosuratlaram saklanýar. Şol fotosuratlaryň arasynda 19-njy asyryň ahyrynda we 20-nji asyryň başynda türkmenleriň fotosuratlaram bar.
Şeýle fotosurat kolleksiýalarynyň biri “F.Order” atly näbelli fotograf tarapyndan 1894-1897-nji ýyllar aralygynda düşürilen suratlardan ybarat bolupdyr. F.Orderden ýokarda görkezilen Muzeý üçin satyn alnan iki kolleksiýanyň 1-njisinde 300 sany surat, 2-njisinde 1403 sany surat bar ekeni.
Bu kolleksiýalaryň 1-njisi 1902-nji ýylda, 2-njisi bolsa 1907-nji ýylda Muzeýde “Orden” atly fotografdan alnandygy hakynda bellik bilen hasaba alnypdyr.
Şol kolleksiýalaryň 255-nji tertip belgisi bilen hasaba alnan 2-njisiniň 209-njy suraty, F.Ordeniň suratlarynyň içinde iň meşhurlarynyň biri bolup durýar. Ol suratda şol döwürlerde “Ashabad” diýlip atlandyrylan Aşgabatda ýaşan Sali hanym atly ahal-teke han aýalynyň, onuň ogly bilen gelniniň hem-de agtygynyň 1880-nji ýyllarda (belki 1884-nji ýyldyr ýa-da 1887-nji ýyldyr) düşürilen fotosuratydyr.

Çeşmesi: Прищепова В.А. Иллюстративные коллекции по народам Центральной Азии второй половины XIX — начала XX века в собраниях Кунсткамеры. Санкт-Петербург: Наука, 2011. Стр. 58-60.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 148 | Добавил: Bagabat | Теги: F.Orde | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 6
0
6 Sergezzan   [Материал]
Ýüzi adamynka meňzemeyan nägahan. Gözlerem süzik, tryekden şaň bolana meňzeyar. Üstündaki demir dony, kellesindaki öli goýnuň porsap duran derisi... Bular jemlenşip, ajaýyp eseri emele getiryar

0
4 Bagabat   [Материал]
Bu suratda meň-ä diňe Sali hanym diýlip atlandyrylan türkmen zenanynyň gujagyndaky çagajyga nebsim agyrdy.
Güne ýanan garaýagyzja çagajyk, özem uzyn köýneklije, keşdeli ýakalyja welin, gyzjagaz öýdýän. Şo döwürlerdäki ýaly hor-homsy, dessurlaýyn jemgyýetde ejizleň ýüki hasam agyr bolýa...
Öňem-ä ýaňybir üznüksiz alamançylyklardan, çozha-çozlukdan, gaçha-kowlukdan dynypdyrlar, yz ýany ýene-de ilk-ä Birinji Jahan Urşy, soň agdarylyşyk bilen Raýatlyk urşy, soň Ispankaň epidemiýasy (türkmenlerde ol epidemiýa “garahassalyk” diýen ady bilen belli bolupdyr öýdýän), soň Tozgunçylyk, soň Garagum uruşlary, aňyýet çarhynyň arasyna salnyp çeýnelmek, soň 30-njy ýyllaň tutda-baslygy, soň Beýik Watançylyk Urşy, soň ondan soňky ýykan-ýumrançylyk, hor-homsulyk...
Garaz bendeleň görmedigi görde galypdyr...
Ýöne, şo zatlaň hemmesine görgüliler, nädibem bolsa, eýdip-beýdip döz gelipdirler. Döz gelibem biziň ata-babalarymyzy, eje-kakalarymyzy dogrup, olary şol bela-beterlerden gorap, ulaldyp, biziň dowamat bolmagymyza gözbaş açypdyrlar...
Biz olaňky ýaly tezek ýa-da tapan-tupan odunyň bilen ýyladylýan gamyşdyr-keçeden gara öýde däl-de, kondisionerli, ýyladyş ulgamly jaýlarda ýaşaýas.
Hydyr Derýaýewiň “Harasat” atly romanynda beýlebir güýçlem däl garaýel gelende, maşgalaň erkek kişileriniň öýüň üstüne çykyp, onuň üstünde ýüzin ýatyp, öz göwreleriniň agramy bilen öýlerini öz depelerine düňderilmekden saklaýyşlary şeýlebir gowy şekillendirilipdir...
Iýilýän miweler, gök önümler hakda o döwürler gürrüň ýok, gaty çörek bilen gara çorba tapylsa, şolam o bendeleň “han nahary”. Şoň şeýledigini şo gyzgajagazdan kän soň ýaşan garrylar gürrüň bererdiler.
Eşikleriniň sal-sallygy, ütük görmedik harsallygy bolsa - o zamanlar ütük ýok, Hytaýda her günde million ekzemlpýarda öndürilýän dürli-dümen arzan egin-eşik ýok...
Şo döwürler, halkyň ýagdaýynyň egbarlygy bolsa...
Şu wagt anyk çeşmeleri ýadyma düşmeýär, ýöne rus alymlarynyň şu ugurdan seljermeleri bardy. Mongollar çozmazynyň öň ýanynda Türkmenistanyň häzirki çäginde 25 000 000-dan gowrak ilat ýaşapdyr, 2000-e golaý ownukly-irili şäherler, şäherçeler bolupdyr. Diňe Maru-Şahy-Jahanyň töwereginde 2400 sany oba bolupdyr.
Uzboýyň, kärizler ulgamynyň, şäherlerdir, obalar zynjyrynyň müňlerçe ýyllaň dowamynda gurlup, ýola golýan infrastrukturasy, söwda gatnawlarynyň merkezi nokatlarynyň ýerleşmegi şol ymgyr ilatam, ýylyň dowamynda ülkäň üstünden tranzit geçýän söwda kerwenlerinem doly üpjün etmegiň hötdesinden gelipdir. Üstesine-de ummasyz möçberde azyk önümleri eksportam edilipdir.
Emma, mongollaň ilaty gyryp, şäherleri ýer-ýegsan edenindenem beter bu ýerlere ýetiren zyýany olar, tutuş suw bilen üpjün ediş infrastrukturasyny dikeldip bolmaz derejede derbi-dagyn edipdirler.
Elbetde, şol ulgamy dikeltmäge bada-bat girişilen bolsa, ýüzýyllaň dowamynda ýola goýsaň goýubam bolmagy mümkindir.
Ýöne ilat gyrlansoň, ol abyrsyz işi kim etsin?
Şojagaz suratdaky garajürjenje gyzjagaz...
Eger-de ojagazam, häzirki döwürdäki ýaly tämizje çagalar bagynda, ýüzjagazyny epgege gaýzykdyrman, howurly-aňzakly ýellere garaört etdirmän, iýesi gelenje zadyny ýagdaýyň boldugyndan iýdirip, günde-günaşa hammamda ýuwundyryp saklan bolsalar, soňam daş-töweregini kitapdan, maglumatdan dolduryp, ýerden ýeke garyş saýlanan badyna diriligiň hatyrasyna gara zähmete göýdükdirmän ulaldan bolsalar, olam üýtgeşik bir açyşlar ederdi...

0
5 Revo   [Материал]
Ýene 100 ýyldan, ýer gopman, asman çökmän, ýagty jahanda biziňem nesillerimiz ýaşap ýörse, miras goýup giden suratlarymyzyň altyna Serdar aganyňky ýaly ajaýyp jümleli teswirleri galdyrarlar. :)

0
1 Revo   [Материал]
Durmuşyň yzasy ýüzlerine çykypdyr. Näme diýseňem biz her bir zatda her senede birnäçe sene yzda barýas. Olam donuň üstünden bir çin we medal dakmaly däl eken.

0
2 Haweran   [Материал]
Donuñ üstünden pogon, medal dakmaklyk yzagalaklyk?!
Geñ.

0
3 Revo   [Материал]
Nokatdan soňky aýratyn sözlemdir @Has daýy. Goşman okaberiň.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]