22:38
Tapyşyk

TAPYŞYK

Goşun bölüminden Enäň adyna,
Habar geldi: “Ogluň dereksiz ýitdi..!"
Ene diýdi: “O nähili dereksiz?
Gidend-ä ol derek tutjak ýigitdi!..”

Ötdi urşuň gutaranna ençe ýyl,
Derek tapylmady oglundan onuň.
Garaşdy ogluna Ene şonça ýyl..
Bir gün ýola saldy bir körpe oglun

Nowbaharyň söweş guran ýerlerne,
Hem garaşdy derek bilip gelerne.

Aýlandy inisi gözläp agasyn,
Berýozalaň, sosnalaryň arasyn,
Agasyndan ýaşy uly inisi,
Köp ýer gezdi,
Sökdi ili-ulusy.

Ýekän-ýekän barlap gubur arasyn,
Idäp
ahyr…
zordan tapdy agasyn –
Doganlyk mazardan tapdy agasyn..
Tapdy…
Indi begensinmi?
Aglasyn?!

Kasym NURBADOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 486 | Добавил: Gurban | Теги: Kasym Nurbadow | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Durmuşdan ganasym gelýär / Goşgular - 18.03.2021
Köňlüm / Goşgular - 22.05.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Ýalñyz guş / Goşgular - 16.02.2021
Irki gündelikler / Goşgular - 29.05.2021
Всего комментариев: 3
0
3 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Şoñ üçinem goşgy maña hasam täsirli boldy.

0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Rus gošuny Gökdepäni alyp mara gelende obalardan düzülen kiçijik goşun ullakan goşunyñ öñünden çykypdyr.Şonda garry atam hem bar eken we söweşiñ bolan ýerinden onuñ jesedi hem tapylmandyr.

0
1 Мylayym   [Mowzuga geç]
Beh... Damagym dolup, gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Herniçikde bolsa, şehidiň mazary tapylypdyr. Dereksiz ýitgi bolmandyr.
Merdanalara tagzym! ...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]