04:30
Tapan boldy
TAPAN BOLDY

Soraň, ony mana etjek,
Haram bolsun käne ýetjek,
Kyna galyp näme etjek?
Her kim ýeňlin tapan boldy.

Boýun bolduň täze pişä,
Aldanma ol melgun iş-ä,
Gark bolansoň iki çüýşä,
Bar derdini ýapan boldy.

Namyssyz öň beren teni,
Galmady hiç onuň geňi,
(Halk hyzmatda gezen lebi),
Gelin edip öpen boldy.

Kä öňe, kä yza bakýan,
Bolýan döwre içim ýakýan.
Çopandy öň goýny bakýan,
Indi goýun çopan boldy.

Bilmen kaýda goýduk hata,
Wyždan barýar barha gatap,
Göriplikden içi tütäp,
Ýaş nahaly çapan boldy.

Ene-ata sözi perman,
Gezmekçi däl, geljek arman,
Öz pyntygnyň göwnin bilmän,
Del agaja sapan boldy.

Köp geýmekçi çala geýmän,
Köp iýmekçi çala iýmän,
Halal-haram ýerni duýman,
Öz nebsinden gopan boldy.

Pikirler apat böwürde,
Galmady takat sabyrda,
Adalat diňe gabyrda,
Hemmä-de deň kepen boldy.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
О разных вкусах / Goşgular - 25.02.2022
"Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Самоубийство / Goşgular - 21.02.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Daglar meni hüwdüledi / Goşgular - 20.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Nury6119   [Материал]
Gowy goşgy eken. Haladym, galamyňyz ýiti bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]