08:18
Tañrydan çykar
TAÑRYDAN ÇYKAR

Toprakdan ýaratdy Adam atany,
Iñ beýik nakgaşlyk Tañrydan çykar.
Tapmarsyñ oñ kelamyndan hatany,
Hak söz gökden, Arşdan añrydan çykar.

Ýazsañ-da egsilmez halkyñ kyssasy,
Egsiler diñläniñ dertdir gussasy.
Ili-güni söýmek, mertlik nusgasy,
Togrul begden çykar, Çagrydan çykar.

Ýere tohum sepip, hasyl alanlar,
bugdaýy - ekinleñ şasyn alanlar,
oñaryp bişirseñ, datly tagamlar
mäşden hem tüwüden, darydan çykar.

Ýürege sünçse-de kirpik tyglaryn,
togap etseñ basyp giden yzlaryn,
Şamar saçy döşündedir gyzlaryñ
Gelin bolsa, zülpler sagrydan çykar.

Öwsen wagty sergin ýeli säheriñ,
Aklyñ kemal tapar, durlanar seriñ.
Gahry gelse, datsañ-da oñ zäherin,
derde derman ballar arydan çykar.

Il bilen il boldum iliñ deñinde,
Aýdym ýazdym dünýäñ çalýan heñinde,
Yşky sözler ýaş-ýeleñleñ dilinde,
Akyl söz gojadan, garrydan çykar.

Zehin ezeldendir, gyzyl gandandyr,
Setire saldam ber, sözüñ janlandyr.
Añrym yzarlasañ, Oguz handandyr,
Doglan ýerim sorsañ, Marydan çykar.

Atamyrat ATABAÝEW.

"Garagum žurnaly, 5/2016.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 3.8/4
Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Umyt / Goşgular - 16.02.2021
Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Söýgi perisiniñ haty / Goşgular - 09.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu wagta çenli okan murapbaglarymyñ arasynda iñ gowulary sanawyma goşulmagy başardy. (Bu sanawda birinji ýerde Ysmaýyl Taganyñ "Nädeýin" murapbagy bar.)
Añrybaşy. Her bentde çuñluk taýdan aşak çümüp gidiberensoñ, has çuñ jemlemä garaşdym. Olam gelmedi welin gynandym.
Umuman a öz doglan ýerini (tiresini, ejesiniñ, kakasynyñ adyny... garaz özüne degişli adamlañ, ýerleñ atlaryny) agzasalar ýakanok. Nusgawy edebiýatda gowy görûnýän bolmagy ähtimal ýöne häzirkizaman poeziýasynda däl.
Agzasañam nädip agzamaly?Gurbannazaryñky ýaly çendenaşa şahyranalykda:
"Söwütli, Söwütli eziz diýarym,
Ähli oñat zatlañ undulşy ýaly
Senden aýra düşüp on bäş ýyl ýarym
Ahyry üstüñden saldym men ýoly".
Goşguda iñ halan ýerim:
"Gahry gelse, datsañ-da oñ zäherin
Derde derman ballar arydan çykar".

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]