09:39
Talybyň gündeliginden
TALYBYÑ ÝANDEPDERÇESINDEN

Meniň bir goşar sagadym bar. Adatça, ony wagty görkezýändigi üçin däl-de, wagtyň tiz geçýändigini görmek üçin göterýärin. Bir alymyň: «Meniň wagtymy almaň, ol meniňki däl, nesilleriňki» diýen setirleri ýadymda. Wagtyň mydama hereketdedigini goşarymdaky sagadym hem aýdyp dur.
Dyngysyz hereket diňe sagada däl, adama mahsus. Bir ýerde hereketsiz durmagyň adam üçin uly ýitgidigi düşnükli zatdyr. Wagt däl-de, ömür tiz geçýär.

* * *

«Belentlige bökjek bolanda, at hem birbada yza süýşýär» diýen aýtgy bar. Üstünlik, şowlulyk hem birbada kösençsiz bolmaýar. Oňa çenli ýetmeli menzilleriň, ötmeli ýollaryň bardygyna düşünmek zerur.
Iň ilkinji üstünlik — bu ilkinji ädimdir. Şahyr aýtmyşlaýyn, uly menzilleriň ýeke ädimden — ilkinji ädimden başlanýandygyny bilýärsiňizmi?! Atyň pellehanadan birinji geçen-de bolsa, üstünde özüň bolmasaň, haýry bolmaz. Üstünlige ymtylmagyň esasy ýoly -- özüňde ynamy döretmek. Şowlulyk özüňi açmakdan başlanýar.

* * *
Gowy mukam çalynýarka, biri:
— Heý, dünýäde şundan gowy zat barmyka? — diýip, seslenipdir.
Şonda diňläp oturanlaryň biri:
— Hawa, bar. Olam dymyp oturmak — diýipdir.

* * *

Biziň bir mugallymymyz, köplenç şeýle sözleri gaýtalaýardy: «Talyplyk bir «gezekli çemçe» ýalydyr. Eliňdekä ondan geregiňi susup aljak bol! Soň munuň ýaly mümkinçilik tapdyryp durmaz».
Ylym-bilim «gazanyndan» geregini susup alyp, onuň eşretini görmek üçin irginsiz okamak, öwrenmek zerur. Durmuşa nähili çemeleşseň, ol hem şoňa görä öz miwesini berer. Heniz özümizde şeýle mümkinçilik barka, biz ylym-bilimden mazaly geregimizi edinmelidiris. Sähelçe äwmezlik etsek, «boş» galarys...

* * *

Her gün şol bir duralgada durýaryn. Oňa awtobuslar yzly-yzyna garynja «gatnawyny» edip, gelip-geçip dur. Men her gezek awtobusa münüp-düşýän ýolagçylara syn edip, ömrüň duralgasy barada oýlanýaryn. Durmuşyň seni haýsy duralgada garşy aljakdygy belli däl.
Biz – durmuş atly duralganyň ýolagçylary. Ol duralganyň gatnawy kesiler ýaly däl. Yzy üzülmän gelýän awtobuslaryň içinden öz münmeli ulagyňa münmän, başga bir belgili ulaga münseň, ol seni başga ýerlerden çykarar.

* * *

Mosartyň 4 ýaşynda ilkinji sazyny ýazandygyny bilýärin. Bu diýseň täsin. Ýöne kiçijik Gulbabajygyň eýýäm 4 ýaşynda 100-e golaý aýdym aýdyp bilendigine has-da haýran galýaryn...

* * *
Talyplarda şeýleräk bir aýtgy bar: «Gapydan kowsalap penjireden gir!». Bu her bir ugurtapyjy talybyň şygary. Ol indi söýgi meselesinde-de has köp ulanylýar. Söýgi dünýäsiniň işiginden ätlän talyp ilki gapydan soň penjireden, ondan soň bolmasa, üçekden girmegi ýörelge edindiler. «Söýginiň gapysyny» kakmak üçin ilki onuň ýüregini «açmalydygyndan» olaryň habarlary-da ýok.
Yhlasyň hem hemişe ýol alyp ýören halaty bolmaýar. Oňa öz düşünjäň, akylly hereketiň bilen çemeleşmeli.

* * *

Bir adam kimdir birinden aýagaldygyna gaçyp barýarmyş. Onuň deňesinden ötüp barýan bir ýolagçy hem oňa goşulyp, ylgamaga başlapdyr. Olar esli aralygy ylgap geçensoňlar, hälki ýolagçy ony saklap, onuň nämeden gaçyp barýandygyny sorapdyr. Ol ylgamasyny hem kesmän, şeýle diýenmiş:
— Meniň bir utanjaň hasiýetim bar. Ol hemişe meniň yzymdan galanok. Men indi halys utanjaňlykdan ýadadym. Ine, şondan gaçyp barýaryn...
Her bir kişi, şol tymsaldaky adam ýaly, özündäki ýaramaz gylyklardan saplanyp, «gaçyp» gutulmalydyr.

* * *

Arada talyplaryň biri şeýle sözler aýtdy: «Adamyň ömri sähelçe pursat. Onuň ömrüni düzýän ýyllar bolsa gysymyňdaky çäge ýaly ýele sowrulyp, gözden ýitip gidýär. Şonuň üçin ömrümizde şeýle mümkinçilik barka, biz ony şemala sowurmaly däldiris». Bu sözleriň ýürekden çykandygy üçin ol ýüreklere hem ýetdi. Şol pursat men içimden şeýle pikir etdim: «Günler haýal geçýär, aýlar ylgap geçýär, ýyllar bolsa uçup...».

* * *

Şol gün penjiräniň öňünde ýylp-ýylp edip, öçügsije ýanýan şeme barmagymy degirip gördüm. Onuň awusy ýüregime dökülip gitdi. Şol pursat gözümden akan ýaşlaryň şemiň «gözlerinden» hem akyp durandygyny gördüm. Oňa geňgalyjylyk bilen syn etdim. Bu görnüş maňa nämedir bir zatlary ýatlatdy...
Durmuşda sähel awunan ýerimizde göwündeş, syr alyşýan ýoldaşyň bolaryny isleýäris. Ýöne özüňe özüňden ýakyn syrdaş, göwündeş ýok. Edil şol şemiň «aglap», öz-özünden köşeşişi ýaly, ynsan hem özüniň durmuşda kynçylykdan gutulgysyzdygyny bilip, ahyry köşeşýär. Şeýle bir söz bar: «Derdime derman gözledim, emma derdim özüme derman ekeni». Aslynda, adam adama iň uly derman.

* * *

Men käte „Pursatlarda durmuş bar“ diýip, gaýtalamagy gowy görýärin. Parhsyz garaýan bolmagymyz-da mümkin, biziň her bir minutda nämedir bir ýagşy işi edip biljegimize, kitap okamagymyza, dost-ýarlarymyza kömek etmegimize, asgynrak talyp ýoldaşymyza goldaw bermegimize... mümkinçiligimiz bar. Wagtdan biziň şeýle pursatlary gazanmagymyz gerek. Hawa, wagt bize asla garaşmaýar...
Men hemişe „pursatlarda durmuş bar“ diýip, gaýtalamagy halaýaryn...

* * *

Biz köp pikir edýäris: okuwa ir barmagy, wagtynda öýe dolanmagy, alan talyp hakymyzy tygşytly sowmagy, köne penjegi çalşyp, täzesini almagy... garaz, ähli zatlar hakynda pikir edýäris.
Köpimiz howlukmaç öýden çykyp gaýdanymyzda, ene-atamyza aýdylmaly iň gowy hoş sözleri aýtmagy unudýan bolmagymyz ähtimal. Kähalatda ýekeje gül bilen mähribanlarymyzy begendirip biljekdigimiz hakynda-da pikir etmeýän bolmagymyz mümkin. Doglan gününde dostlarymyza ýekeje iberen SMS-miziň olary neneňsi şatlandyrjakdygy hakynda-da oýlanmaýan gezeklerimiz bardyr.
Elbetde, beýle pikirler owunjak bolup görünse-de, onuň hiç haçan «oýunjak» däldigine haçan düşünerkäk?! Biziň bu zatlara „elimiziň degmeýändiginiň“ sebäbi — biziň şol zatlar hakynda köp pikir edýänligimiz...

* * *

Bir adam ulagyny ussa getirip, ony bejerip bermegi haýyş edipdir. Ussa ulagyň daşyndan bir-iki ýola aýlanypdyr-da , onuň bir näsaz ýerini „tyrkyldadypdyr“ weli ulag işläberipdir. Munuň üçin ussa ulagyň eýesinden 100 manat alypdyr. Ulagyň eýesi: „Sen diňe ulagyň bir ýerini „tyrkyldatdyň“. Onuň bahasy 1 manat bolmaly ahyry“ diýip geňirgenipdir. Ussa:
— Hawa, „tyrkyldyň“ bahasy 1 manat. Emma niresini „tyrkyldatmalydygyny“ bilenim üçin 99 manat alýaryn — diýipdir.
Bu ýönekeý bir tymsal hem bolsa, onda bir hakykat bar. Käte durmuşda bir kiçijek şowsuzlyga uçranymyzda, onuň sebäbini bilmäge çalyşýarys. Onuň ýönekeý bir sebäbiniň bardygyny bilýärsiňizmi?! Biz diňe kakmaly gapymyzy ýalňyşýarys, özge gapyny „tyrkyldadýarys“. Biziň kakmaly gapymyz, ätmeli bosagamyz başga ýerlerde bolmagy mümkin ahyry.

* * *

Bu hemişe şeýle bolýar: men, köplenç, okuwa 5-10 minut gijä galyp gelýärin. Her gün irden talyplaryň sanawyny alýan mugallymymyz men „ýetdim-ýetdim“ diýen pursatym toparymyzyň talyplaryny hasaba alýar. Şunça ýetişjek bolsam-da, bir sebäp tapylýar-da, gijä galýaryn. Ah, şol pursata ýetişmek üçin bary-ýogy 2-3 minut hem ýokdur-la...
Biziň durmuşda gijä galyp, elden gidirýän mümkinçiliklerimiz, gör, näçekä?! Ýogsam oňa ýetişmek üçin sähelçe pursatam ýokdur. Käte bagta, üstünlige ýetmek üçinem sähelçe wagt gijä galýan bolmagymyz mümkin. Çünki wagt salymlyk.
Hawa, ýetmeli menziliňe ýetişmeseň, onuň ýerini özgeler eýeleýär.

* * *

Söýgi meselesinde meniň öz garaýşym bar: her niçik-de bolsa söýgi gizlin saklanylsa, gowy görýärin. Çünki gowy zatlara „göz degişi“ ýaly, söýgä-de „göz degýär“ eken. Men, köplenç, söýüşip, iliň gözünden düşüp ýören oglan-gyzyň, iň soňunda, söýgüsini ýitirip, kösenip ýörenlerine köp gabat geldim. Diýmek, söýgi hem syrlylygy, gizlinligi halaýar.

* * *

Biziň üçin ýönekeý zat — el çarpmak. Iki ellerimizi bir-birine galtaşdyryp, batly-batly urubersek, birgiden „şarpyl-şarpylmalar“ emele geler. Emma, pikir edip gördüňizmi, biziň üçin ýönekeý bolup görünýän şol el çarpmalar başga biri üçin uly sowgat, üstünlik bolup görnüp biler...
Aslynda, tomaşaçy hemme zada el çarpmaýar. Ol diňe öz göwün söýen zadyna — aýdymçysyna, şahyryna, sahnasyna ... el çarpýar. Ol diňe gyzgyn „el çarpmalar“ bilen öz hoşallygyny bildirýär.
Şeýle bir el çarpmalar bolýar. Olary el bilen däl-de, ýüregiň bilen çarpýan ýaly bolýarsyň. Kä halatda çykyş şowly çykanda, el çarpmalaryň unudylýan wagty-da bolýar.
Şeýle bir el çarpmalar bolýar. Olar göwünli-göwünsiz çarpylýarlar. Şeýle el çarpmalaryň käte asla eşidilmeýän wagtlary-da bolýar.
Şeýle bir el çarpmalar bolýar. Ol iň soňunda tomaşaçynyň närazylygy bilen gutarýar...
... Gorkýaryn, bu ýazanlaryma nähili el çarparkalar?!

2013 ýyl

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 105 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
2 mango   [Материал]
Şemli pikirleriň-ä göwnüm ýetiberdi…
Goşgy edibermeli… “aglaýan şem” diýip…

Şol gün
penjiräniň öňünde
öçügsije ýanýan şeme
barmagymy degirdim…

…Onuň awusy ýüregime dökülip gitdi.
Şol pursat gözümden akan ýaşlaryň
şemiň «gözlerinden» hem akyp durandygyny gördüm.

—-

... Gorkýaryn, bu ýazanlaryma nähili el çarparkalar?!

el çarpsynlar diýip ýazmakdan gork, goç däde…
höweslendiriji lyzzyllara basdym.
dowam…

0
4 Edebiyatcy   [Материал]
Minnetdar agam

0
1 Bagabat   [Материал]
Sagdyn sözlemler, sagdyn dünýägaraýyş, sagdyn duýgular.
Gowy bolupdyr, Goçmyrat. Öň gazetdemi ýa-da žurnaldamy okanym ýadyma düşýär.
Öňünden yzy gür gelsin.
Aradaky ýazyjy-şahyrlar bilen bagly durmuşy wakalary edişiň ýaly, ýumşaksy kinaýa, teýenelije ýumor bilen bezäp yzyny dowam etseň, hasam çeper, ýiti zatlar bolup, öz ornuny taparmyka diýýän.
Üstünlikler.

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Nesip bolsa, ýetirmekçi dowamynam

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]