00:10
Täji Kertikler
TÄJI KERTIKLER

Zaryñ...
Zaryñ... Zaryñ...
Täji Kertikler
"Dil bitirdi" ýene ýekedabana:
"Dañ atdy, adamlar, turuñ,
Sylyñ ýüzüñize Gün dogýar, ana".
Zaryñ... Zaryñ... Zaryñ...
Posly demire
Jañ berlip, ýüzüne çekilýän nagşy,
Ukudan oýanyp her gün ir bile,
Gözi gidip, synlar gadym Mülkbagşy.

Zaryñ...
Zaryñ... Zaryñ...
Täji Kertikleñ
Emrinden çözümler onlarça düwün,
Bir goja dillenýär: "Döwük-ýenjikleñ
Birisem obamda görünmez bu gün.

Ümsümlikden peýdalanyp obada
Gezen alakalar girýär sürene,
Bir ýalta samraýar, owkalap gözün,
" Wah, bular ýatmaga goýmady ýene.. "

Obanyñ ýaş ýigit şahyry bolsa.
Oýlanýar: " Bu günem gijä galdym men
Täji Kertikleriñ ýazan şygryny-
Taýyn şygry göçürmeli boldum men.."

Örüp Mülkbagşynyñ kiçisi-ulsy,
Güneşi ýüzüne sylýalar, görüñ!
Urup dur,
Urup dur,
Obanyñ pulsy
Zaryñ... Zaryñ... Zaryñ...

Italmaz NURYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Zara | Теги: Italmaz Nuryýew | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Eger şu gudraty duýmaýan bolsañ... / Goşgular - 14.04.2021
Yşk / Goşgular - 12.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
"Humarala" / Goşgular - 08.02.2021
Boýun almak / Goşgular - 04.04.2021
Sorag alamaty / Goşgular - 22.02.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Kakama / Goşgular - 28.02.2021



Всего комментариев: 11
0
11 Yusup   [Материал]
Ussan ozi irrak yashap gecen bolmaly. Yash uly nesiller tanayar. Indiki nesiller adynam eshtmandir. Menem chagakam uly agamdan eshityadim. Garaz ussa dowrunde meshgur bolan.

"täji kertiklerede şuňa meňzeş семейный эмблема çyzyp bermeli. "

Pilin gum hanasynyn ashagynda emblema goyyardylar "TK" diyen.

0
Baryardyñ nokada òwrülip kem kem

0
Italmaz Nuryýew hakda az aydylyar. Haçan şu brillianty göreris???

0
Seni ýitiren günüm nähili gündi??
Şo güne men düşünemok şindizem...
Iñ govy göryän goşgym şu

0
6 Yusup   [Материал]
Onki Mary Komunist. Shaherin gyrasyndaky oba

0
5 Yusup   [Материал]
Taji Kertik Mary sebtinde belli demirchi ussa. Yalnyshmanan bolsam nebereleri shuwagtam ussanyn karini yoretyan bolmaly. Italmaz aga bilen ussa bir obadan bolmaly. Shahyr goshguda obadashyny wasp edyar. @mango

0
7 mango   [Материал]
minnetdar.
täç diýilse корона-dyr öýdüpdirin.... hemem kertik корона :-)
işine ökdeleriň, ussatlaryň hökmän bir kertigi bolmalydyrd-a....
kertik alma logoly firma ýada düşdi.

täji kertiklerede şuňa meňzeş семейный эмблема çyzyp bermeli.
gowy bolardy. olaryň öndüren önümlerinde "kertik täç" tagmasy.

0
4 Yusup   [Материал]
- Pylan aga, pilimizin sapy dowuldi welin bowedi beklap gelinicham pilini bersene.
- Yok oglum berip bilmen, men pilimi gozumun goreji yaly saklayan. Bu Taji Keritigin yasan pili.

0
3 Pero   [Материал]
Obanyñ demirçi ussasy hakdady öýdýän bu goşgy

0
2 mango   [Материал]
şu goşgyny kommentirläp beräýiň-dä, bilýänler...

0
1 Mähriban   [Материал]
Ýetireniňiz üçin sag boluň!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]