20:14
Soýuz hem garaşsyzlyk -6/ soñy

TÜRKMEN ÖÝ-PIKIRLERI (ses berilşik)

Meniň pikirimçe makala 15 一 20 gün dagy gijiräk çap edildi. Bähbit bola... Täçgeldi öz halkyna irde-giçde aýtamly zadyny aýdaýdy öýdýän...
(Agajan Amanow 一 Murgap etraby)

***
Žurnalist Gutlyýew «Soýuz hem garaşsyzlyk makalasynda 一 «Meniň sesim her näçe kiçijik bolsa-da» diýip ýazsa-da, men oňa sesiniň örän belentdigini, bütin türkmen iline ýaň salýandygyny, özübiňem atan okuny nyşana dogry urýandygyny uly höwes bilen buşlaýary
(A. Begjikow 一 Sakarçäge etraby)

***
Men köp adamlar bilen gürrüňdeş bolýaryn. Gutlyýewiň ýazýan makalalary olaryň içki dünýäsinde «rewolýusiýanyň» döremegine ýardam edýär. Içki dünýäde «rewolýusiýa» amala aşsa, durmuşda hem hökman özgerişlik bolar.
(Bazar Berdimyradow 一 Sakarçäge etraby)

***
«Soýuz hem garaşsyzlyk» diýen makalany okap, örän gaharym geldi. Bu makalany çap etmelem däl ekeniňiz. Onda bir topar warsaky, bolmajak zatlar ýazylypdyr. Gutlyýewiň öz elinden-ä hiç zat geljek däl. Söz bilen bolsa dünýäni aljak. Ol türkmen halkyny ýene-de garyplyga, gedaýlyga, tozgunlyga çagyrýar. Men 1917-nji ýyla çenli türkmen halkynyň nähili agyr durmuşda ýaşandygynyň janly şaýady. Baýlaryň, ýerli hanlaryň halkymyzy nähili horlanlygy ýadymdan hiç çykanok. Biziň halkymyz Lenin partiýasynyň ýolbaşçylygynda sowatly, medeniýetli, senagatly bolup ýaşap başlady. Ozal öýümizde çyra, peç, pol-potolok, aýna ýaly zatlar ýokdy. Häzirki wagtda obalarymyz şähere öwrüldi. Öýlerimizde, köçelerimizde Iliç çyralary ýalpyldap dur.
Durmuşy bilmezden kagyzyň ýüzünde halkymyza ters ýol görkezýän adamy hiç kim gowy görmese gerek. Biz agzybirligimizi bozjak bolýan adama ýol berip bilmeris
(S. Rahymow 一 Hojambaz etraby)

***
Hakykatdan hem, stalinçylyk eden-etdilige çydaman adamlaryň ata çykmagy, oba-oba bolup goňşy döwletlere gitmegi diňe «halk» gozgalaňydyr». Emma nebsimiz agyrsada, bu herekete «basmaçylyk» diýen tagma basyldy. Belki, taryhçy alymlar öz pikirlerini aýdarlar.
Makalada Budýonnynyň buýrugy boýunça garagumdaky käbir obalaryň aeroplandan oka tutulandygy hakynda agzalýar. Men bilýän bir zadymy aýtmakçy. Şol ganly ýyllaryň birine Owganystanda oba bolup göçüp barýan türkmenleriň başyny Tagatabazaryň golaýyndaky Ýeroýlanduz diýen ýerde gabaýarlar hem-de aeroplandan pulemýot okuna tutup gyrýarlar.
Şol ýerlerde çopanlar, awçylar ençeme ýyllaryň dowamynda uly adamlaryň, çaga-çugalaryň süňklerine, aýallaryň şaý-seplerine gabat gelipdirler.
(Anna Artykgulyýew 一 Mary şäheri)

***
Meni iňlisli mesele günüme goýmady. Men T. Gutlyýewiň iňlis koloniýasy bolmak baradaky hyýal ýüwürtmelerini goldamaýaryn. Dünýä belli hindi ýazyjysy Rabindranat Tagoryň «Egede Hindi okeanynyň suwlary syýa bolan bolsady, şonda-da iňlisleriň hindi taryhynda eden jenaýatçylyklaryny ýazmaga azlyk ederdi» diýen sözlerini unutmazlygymyz gerek.
Emma iňlis we rus dilleri barada aýdanda men T. Gutlyýewiň pikirini goldaýan. Iňlis dili millet dilinden dünýä diline öwrülen dil. Iňlis dilini bilseň, dünýäniň islendik ýurdunda diýen ýaly gepleşip, söwda edip, günüňi görüp bolýar.
Näme, hemme türkmene hem rus, hem iňlis, hem arap, hem pars dilini dilini öwredip olary lingwist alym ýa mugallym etjekmi? Galyberse-de, iki-üç dil öwrenäýmek aňsat işmi? Meniň pikirimçe, iňlis diline geçilse, türkmen diňe utar. Bu ýerde iňlis diliniň köp babatlarda türkmen elipbisine kybapdaş gelýändigi, öwrenmegiň rus diline garanyňda ýeňildigi barada aýdyp oturmaýyn. Iňlis dili Soýuzyň milli respublikalarynda ýaşaýan 100-den gowrak milletdir halkyýetleri öz ýurtlarynda ruslar bilen deňleşdirip bilerdi. Rus dilinde öz pikirini oňat beýan edip bilmeýän türkmene, özbege ýa-da gazaga haýsydyr bir ýetmezçilikli, nogsanly adam hökmünde depesinden «rehimdarlyk» bilen ýyrşaryp serederismi. Hut Çärjew şäherinde şeýle psihologiýa bilen ömrüni geçirip barýan onlarça rus intelligensiýasyny ýakyndan tanaýan.
(Rozyguly Jumagulyýew 一 filosofiýa ylymlarynyň kandidaty)

***
Men 25 ýaşymda. Men öz çagalarymyň erkin Türkmenistanda ýaşamaklaryny isleýärin. Eger gerek bolsa men Türkmeniň dikelmegi üçin janymy bermäge hem taýýar. Men türkmeniň öz milli baýdagy bilen, dünýädäki garaşsyz ýurtlaryň içinde öz ornuny eýelemegini arzuw edýärin. Haçana çenli biz özümizi egsik tutup, özümizi oňarman, eňkimizi agdaryp ýörmeli? Näme üçin biz özümizi dolandyryp bilmeli däl. Haçana çenli biz özbaşdak döwlet bolsak açlykda, horlanarys diýip gorkuzyp gezmeli. Aç ölsegem erkinlikde, garaşsyzlykda ölsek o dünýä aramansyz giderdik. Türkmen halkym, boýnuňy galdyr, daş-töweregiňe ser sal, kim näme işleýär?
(Gylyçmyrat Hallyýew 一 Gökdepe etraby)

***
Oba ýaşulylary bolup şu ýylyň 14-nji aprel güni, ýagny «Remezan» baýramy bellenilýän güni uly geňeş geçirdik. Şol geňeşde bar bolan 47 adamyň 45-si garaşsyzlygy, şu aşakdakylary ikelläp goldady. 2 adam saklandy. Garşy bolan ýok. Indi söz Täçgeldi Gutlyýew barada. Biz onuň «Ýaş komda» çykan makalalarynyň hemmesini-de uly gyzyklanma bilen okaýarys. Okap ýetişmediklere-de gürrüň berýäris. Şeýle bir hakykata bap gelýän, durmuşyň içinden eriş-argaç bolup geçýän makalalary ýazyp, biziň gözümizi açany üçin Täçgeldä-de, onuň sözüni ile ýetirýän «Ýaşkoma-da» uly minnetdarlygymyzy aýdyp, ýagşy dilegler edýäris, ak pata berýäris.
Alla ýaryň bolsun, Täçgeldi!
(Awçy obasynyň ýaşulularynyň geňeşde aýdanlaryny kagyza geçiren Baba Jumak ogly 一 Saýat etrabynyň awçy obasy)

***
T. Gutlyýewiň «it biçen söwdalara» «bes» diýmeli» diýenine doly goşulýaryn. Maşyn barada. Ilat sany deňeçerräk bolmagyna garamazdan Ermenistan Türkmenistandan ýylda 17 müňden gowrak maşyny köp alypdyr. Şu işde jogapkär adamlardan berk hasabat soramaly?
(Amanmyrat Ataýew 一 Murgap etraby)

***
Gutlyýewiň biziň baýlyklarymyzyň arzysynyň ýoklugy barada aýdýan zatlaryny ikelläp goldasyň gelýär. Arzyly zadymyzy ile berip, arzysyz edýäris. Şulardan görnüşi ýaly, özümiziň bahamyzyň aşak düşmeginde özümiziň ýazygymyz az däl. Käwagt öz baýlygymyzyň ujundan bölünip berlen ujypsyzja zada-da ölmez ödi saňa-da goýaly» diýip aýdýan adama garalyşy ýaly garamalyň ahbetin.
(Amanberdi Rejepow 一 Taryh ylymlarynyň kandidaty)

***
Haýp, makala referendumdan 10 一 15 gün öň çap edilmeli eken. Milletiň agramly böleginiň otnositel bisowatlygy, köpümizde gulçulyk psihologiýasynyň barlygy gizlin zat däl. «Biz özbaşdak bolsak günümizi görüp bilmeris» diýýänlere T. Gutlyýewi diňläp, birazajyk pikirleniň diýesim gelýär.
(Orazgeldi Akyýew 一 mugallym, Halaç etraby)

***
Täçgeldi Gutlyýewiň bu işinde wawwaly meseleleriň üstünde çuňňur durlup, türkmen halkynyň koloniýal bolup, Patyşa Russiýasynyň girdabyna düşmegi, totolitar režim döwründäki nogsanlyklar, Türkmenistanyň çig mallarynyň gözgyny ýagdaýda talanyşy, ykdysady meseleleri giňden öwrenilipdir. Diňe bir öwrenmek bilen hem çäklenmän, awtor ondan gerekli netijeler çykaryp, degişli teklip etmegi hem başarypdyr. Galyberse-de, işde stalinçylyk we durgunlyk döwründe türkmen halkynyň wekilleri repressiýa düşmekligi we başga bir böleginiň bolsa öz diýaryndan jyda düşüp, köp horluklara sezewar boluşlary, birin-birin beýan edilýär. Işde käbir jedelli ýerleri bar, elbetde, ol awtoryň öz işi.
(K. Muhammetberdiýew 一 taryh ylymlarynyň doktory, professor Ý. Orazgylyjow 一 taryh ylymlarynyň doktory. O. Ekäýew 一 taryh ylymlarynyň kandidaty)

***
Gökdepe galasynda garylan neresse çagalara, naçarlara, goç ogullara, dana gojalara, rewolýusiýadan soň baý-kulak, işan-molla diýip, 37一38-de «halk duşmany» diýlip nähak töhmet bilen atylanlara, Sibirde doňdurylanlara, ata Watany mejbury taşlap gözi ýaşly ýat illere düşenlere, unudylan taryhymyza we ebedi mirasymyza, ýumrulan metjitlere, awa eýlenip zeý aldyrylan mähriban topraga, zowalsyz talanan ýer asty, ýer üsti baýlyklarymyza we ýene-ýenelere ýürek aglaýar.
(A.Hojamämmedow, B Amanlykow, B Annaýew, Ý. Ýowbagşyýew, J. Hommadow. Gökdepe etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymlary)

Çeşme:
Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. 35 - 38-nji sahypalar.






Категория: Publisistika | Просмотров: 69 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Täçgeldi Gutlyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
1
1 Jeksparro   [Материал]
Soýuz hem garaşsyzlyk» diýen makalany okap, örän gaharym geldi. Bu makalany çap etmelem däl ekeniňiz. Onda bir topar warsaky, bolmajak zatlar ýazylypdyr. Gutlyýewiň öz elinden-ä hiç zat geljek däl. Söz bilen bolsa dünýäni aljak. Ol türkmen halkyny ýene-de garyplyga, gedaýlyga, tozgunlyga çagyrýar. Men 1917-nji ýyla çenli türkmen halkynyň nähili agyr durmuşda ýaşandygynyň janly şaýady. Baýlaryň, ýerli hanlaryň halkymyzy nähili horlanlygy ýadymdan hiç çykanok. Biziň halkymyz Lenin partiýasynyň ýolbaşçylygynda sowatly, medeniýetli, senagatly bolup ýaşap başlady. Ozal öýümizde çyra, peç, pol-potolok, aýna ýaly zatlar ýokdy. Häzirki wagtda obalarymyz şähere öwrüldi. Öýlerimizde, köçelerimizde Iliç çyralary ýalpyldap dur.
Durmuşy bilmezden kagyzyň ýüzünde halkymyza ters ýol görkezýän adamy hiç kim gowy görmese gerek. Biz agzybirligimizi bozjak bolýan adama ýol berip bilmeris
(S. Rahymow 一 Hojambaz etraby)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]