13:52
Täç

TÄÇ

Goşgy ýazýañ.
Tanalañok obañda
Ýat obalar depesine täç edýär.
Ýaşaýyş gyýgyny ajatdygyça
Şygyrlarñy öñküdenem süýjedýär.

A men nana çalyp iýesim gelýä,
Seniñ mesge ýaly beýitleriñi.
Maña näme kim söýende gaýkyny,
Goý, öwsünler küýki "seýitlerini".

Käte ýazan goşgularñy okaýañ,
Mawy ekran dönýär mähir ojagna.
Gaçyp, özüñ zyñaýasyñ gelip dur,
Şol ojagyñ imisala gujagna.

Öñki gohun az görýän dek şäheriñ,
Dünýe içre dünýäñ bolsun toýhana.
Tanadasym gelýä obadaşlarña,
Bir gün äkit meni dogduk obaña...

Has TÜRKMEN.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 4.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Dostuma / Goşgular - 01.06.2021
Hudaý adyl / Goşgular - 12.01.2021
Aşygyñ ahmyry / Goşgular - 30.03.2021
Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 22.02.2021
Я учусь у Ленина / Goşgular - 16.04.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Umyt / Goşgular - 16.02.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Всего комментариев: 4
0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Awtoryñ başga dünýäñ imisala gujagy diýýänem şol goşgy okalyp duran mawy ekran-da. Mawy ekranyñ imisalalygy şol şahyryñ goşgy okamagyndan gelip çykýar. Ýogsa "ekranda" imisalalyk näme işlesin?! Awtorda beýle oñat duýgulary oýaran şahyr kimkä?
Has Türkmeniñ hemişeki stilinden uzak goşgy. Gowy tarapy, bu gezek adamlara pozitiw duýgy oýarypdyr. Şu ýoldan gitseñiz bolar. Men-ä haladym.

0
3 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Has Turkmeniñ bu "Täç" goşgysy galmagally real durmuş bilen imisala şygyrýet ruhynyň beýanyny berýär. "Ýaşaýyş gygyny ajatdygyça şygyrlarňy öňküdenem süýjedýär" setirleri onuň (şahyryň) goşgylarynyň ozalda-ahyrda durmuşa gapma-garşy beýany kämillik bilen teswirläp gelýändigini aňladýar. "Nana çalyp iýäýmeli" jumleler okyjyny öz mazmunyna (dünýäsine) güýçli itergi bilen çekýär. Şahyryň (Has Türkmeniň) magnawy älemini heýjana salýan şygyrýet galagoply dunýe içre dörän imisala ruhy dünýedir. Umuman, şygyr Has Türkmeniň özboluşly, aýratyn edebi ugrunuň rowan ýolunuň ädimläp barýan bir ýolagçysydyr.

-2
2 olyarecep27   [Mowzuga geç]
Bence şiirde mantık aranmaz. Şiirde duygular daha ağırlıklıdır. Şairin o zamanki Hâleti Ruhiyesine bağlıdır şiirin omurgası.

1
1 mango   [Mowzuga geç]
Käte ýazan goşgularñy okaýañ,
Mawy ekran dönýär mähir ojagna.
Gaçyp, özüñ zyñaýasyñ gelip dur,
Başga dünýäñ imisala gujagna.


Goşgular okalýan bolsa,
mawy ekrandan mähir ýaýylýan bolsa…
näme üçin başga bir imisala dünýä tarap gaçmaly?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]