11:17
Sýurpriz / hekaýa
SÝURPRIZ

Ýarygije.
Aşhanada hemme işlerini dynan aýaly, ilki pişik basyşyny edip, çagalaň ýatan otagyna bardy. Uklap galan ulusynyň başujunda henizem sesi pessaýda goýulgy kino görkezip duran smartfony öçürdi. Ortanjysynyňam gulagyndan gulaklygyny aýryp, oýun gidip duran telefonyny gyra süýşürdi. Körpesidir ondan ulusynyň üstüne ýorganjygyny örtdi.
Otagdan çykyp telewizorly otaga kellesini uzatdy.
Çyra öçürilgi. Ekrandan düşýän ýagta gyrpyldaýan alagaraňkylykdan doly otagda, äri diwanda telewizora üns bermän eltelefonyna güýmenip otyr. Oňa şeýlebir boýyn çümüpdir welin, daş-töwereginden bihabar.
Zenan, pisse dodaklaryna siňdirip, matallyja ýylgyrdy.
Sýurpriz etseňem gelişmän durjak dä ýaly...
Päsgel berjeg-ä ýok.
Geň galaýmaly, setanda-seýranda bir gün çagalaňam hemmesi irgözinden uklap galypdyr...
Hatyn, ýoldaşynyň ünsüni bölmezlik üçin emaý bilen yza tesdi-de, hammama ýöneldi...
...Birhaýukdan soňam, zenan How enäň lybasynyň üstünden endamynda ülpüldäp tolkun atýan, gysgajykdan ýukajyk ýüpekden ýatyş köýnegini geýip, yzyna dolandy. Assyrynlyk bilen henizem telefonyna başagaý bolup, töweregine üns bermeýän ýanýoldaşynyň üstaşyr seretdi. Onuň egnine eňegini goýup, gulagyna ýyly demini üfläp, pyşyrdamazynyň bir dem öňisyrasynda-da, smartfonyň ekranyna gözüniň gyýtagyny aýlady.
Dessine-de ekrandaky ýazgylara gözi ýelmeşdi:
“Barybereýinmi?!”.
“Geljek bolsaň, ýanyňdaky aýjynyňdan bir bahana bilen syp-da, gel-dä bahymrak. Halys gözümi ýolda goýduň-a, aý oglan!”.
...Zenan, höwrüniň gulagyna üflemek üçin mähirden doly kükregine dolduran deminem, diliniň ujuna mündüren muhabbetden püre-pür sözlerinem dem-düýt çykarman, kynlyk bilen yzyna – bogazyndan aňryk dartdy...
...Öňküsindenem bäşbeter sessiz basyş bilen otagdan yzyna çykdy...





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 75 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Слово / мини-рассказ - 23.05.2022
Täsin ykbal / hekaýa - 29.04.2022
Aýyl-saýyllyk / mini-hekaýa - 26.05.2022
Ardiye / hikaye - 03.01.2022
Старик Иуда / рассказ - 24.01.2022
Salam / mini-hekaýa - 23.05.2022
Zalym ykbal / bolan waka - 17.01.2022
Şorja börtmäniň taryhy / gülküli hekaýa - 24.01.2022
Teselli / hekaýa - 17.05.2022
Рука трупа / рассказ - 25.04.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]