13:42
Syrly toslamalaryñ pidalary: Toslamanyñ ýorgudy
▶ 13: TOSLAMANYÑ ÝORGUDY

Stalin ölenden soñ jemgyýet agyr hassalykdan aýñalyp, kem-kemden özüni dürsäp başlapdy. Ol ýyllarda tussag edilen adamlar häli-şindi kemsidilip durmakdan, yzarlanyp ýörmekden halas bolup, arkalaryna ýel çalyp başlapdy. Tussag edilenleriñ salar dowzahyñ ähli ötlemlerinden geçip, iki-ýeke diri galany: "Bize beýle görgüleri görkezmek nämä gerek bolduka? Biziñ günämiz nämekä? Biz dünýä inen döwrümizdäki zenanlaryñ hemmesi diýen ýaly diñe "halk duşmanlaryny, dönükleri, içalylary, zyýankeşleri" dünýä inderdilermikä diýen pikir käwagt kellämize gelenem bolsa, ol günä bizi dünýä inderen döwürde bolman, ähli günä biziñ boýnumyzdan otly halka bolup asylan düzgündedigini bilýärdik. Iru-giç hakykat ýüze çykar diýibem umyt edýärdik, "emma biziñ döwrümizde hakykat örän çuñ gömülen eken" diýip pikir öwürmekleri ahmaldyr. Beýle pikirler kellä gelmez ýaly hem däldi, sebäbi olaryñ döwürdeşleriniñ hemmesi diýen ýaly gyzyl wagonlara dykylyp ýurtdan çykarylýardy, maşynlara, arabalara mündürilip äkidilip, setir durzulyp atylýardy.
"Halk serdary" diri mahalynda onuñ emri bilen agyr jenaýatlarda aýyplananlaryñ birnäçesi henize çenli hem türmelerde, konslagerlerde bardy, ýörite sürgün edilýän gazaply howaly ülkelerde ejir çekýärdiler. Staliniñ adam ganyndan hem-de ejirli elhençliklerden döreden kuwwatly lagerler döwletiniñ üstünde parlan töhmet we ýalançylyk baýdagy henize çenli zyñylyp taşlananokdy.
Hakykaty aýan etmäge henizem wagt bolmadymyka? Ol diñe diri galanlara däl, hatda şol düzgüniñ gurbany bolanlara-da gerekdi. Sebäbi olaryñ çagalary, agtyklary, çowluklary henize çenli "döwlete dönükleriñ çagalary" diýen ençeme ýyl mundan öñ basylan gara tegmilden saplanyp bilenokdylar. Näme üçin uzak ýyllaryñ dowamynda "halk duşmanlarynyñ" awlanyp gelinmeginiñ sebäbini düşündirmäge wagt ýetmedikä?
SSKP-niñ XX gurultaýynda N.S.Hruşýow Staliniñ eden jenaýatlaryny paş edipdi. Ýöne ol diñe "halk serdaryny" paş edipdi. Şol mahallar bizem diñe bir adamy ýazgarmalymyka diýýärdik, biz ol mahallar Staliniñ dikmeleriniñ emri bilen jemgyýetiñ ähli gatlaklaryny dolap alýan äpet gerimli jenaýatlar barada pikir etmeýärdik, biz ol mahallar ol jenaýatçylykly işlere diñe Staliniñ dikmeleri däl, eýsem ony gurşap alan adamlaryñ hem, Hruşýowyñ hut özüniñ hem günäkärdigi barada pikir etmeýärdik, biz ol mahallar diñe olaram däl, eýsem olaryñ gulluk edýän totalitar düzgüniniñ jenaýatkärdigi barada pikir etmeýärdik. Biz ol mahallar dogry sözi diñe partiýa aýdýarmyka diýýärdik. Partiýa dogry sözi aýdyp hem başlapdy, ýöne ol doly aýdyp bilmeýärdi, ol ýañy aýdyp başlapdy, onuñ aýdýanlary doly dogry däldi-de, dogry sözleri aýtmaga synanyşykdy.
Ýöne şol wagtlar aýdylan doly bolmadyk dogry sözlere-de, diñe merkezde däl, ýerlerde-de garşylyk görkezilýärdi. Ýagdaýyñ şeýledigini 1956-njy ýylda "TA"-nyñ işi" boýunça respublikanyñ Döwlet Howpsuzlygy Komitetiniñ barlag işlerini geçirmegi tassyk etmeýärmidi näme?
Adalaty dikeltmek üçin şondan soñam iki ýyl wagt gerek bolupdy. 1958-nji ýylda ýuristleriñ, döwlet howpsuzlygy işgärleriniñ hem-de Türküstan harby okrugynyñ wekilleriniñ gatnaşmagynda geçirilen barlagda ahyryn hakykatyñ üsti açylypdy. Toslanylyp tapylan zat esasynda adamlary aýyplamagyń ýuridiki nukdaý nazardan hiç bir kada-kanuna laýyk gelmeýändigi subut edilipdi. Sorag edilýänler diñe derñew işleri geçirilen wagtynda "boýunlaryna alan" zatlary esasynda aýyplanýardy. Olar hiç zady boýun almandylar, zorluk bilen, her hili usullary ulanmaj bilen olaryñ boýnuna dakypdylar. Emma zorluk bilen boýna dakylan bu aýyplaryñ teýinde hiç bir daýanç bolmany sebäpli tussag edilenlere jeza bermek üçin toslama zatlar esas bolup bilmeýärdi. Hat üsti bilen boýun alanlaryñ aýdýan zatlaram, dil üsti bilen boýun alanlaryñ aýdýan zatlaram ynandyryjy däldi, biriniñ aýdýan zady beýlekiniñ aýdýan zady bilen çapraz gelýärdi, kähalatda ýöne çak bilen aýtdyrylandygy hem bildirip durdy.
Şewki Bektöräniñ beren maglumatlaryndaky faktlaryñ ählisi diýen ýaly merhum Muhammet Geldiýewiñ aýdan zatlary esasynda düzülipdi. "Kezzap ölüden şaýat tutunar" diýlip ýöne ýere aýdylmandyr. Barlanylyp görlende onuñ ähli aýdan zatlarynyñ toslamadygy aýan bolupdy.
Şewki Bektöre ýalan sözlemek, toslama tapmak üçin elini jübüsine sokýan adam däldi. Ol duran ýerinde kyrk sany ýalany tapyp biljek adamdy. 1932-nji ýylyñ 12-nji aprelinde Şewki Bektöreden sorag edilende ol "TA" guramasynyñ programmasynyñ protokollarynyñ we beýleki dokumentleriniñ hut öz öýünde-de, K.Berdiýewiñ, B.Pereñliýewiñ, B.Nazarowyñ öýünde-de, K.Berdiýewiñ iş kabinetinde-de bukulyp goýulýandygyny aýdypdy. Dokumentleriñ iñ soñky gezek bukulyp goýlan ýerini örän ussatlyk bilen suratlandyryp aýdandan soñ onuñ salgy beren ýeri barlanypdy. Hatda diwanyñ hem-de kürsiniñ üstüne çekilen matalar hem ýyrtylyp, agdar-düñder edilip barlanypdy. Emma dokumentler tapylmandy.
Barlag geçirilen ýerlerden dokumentler-ä beýle-de dursun, sowetlere garşy "gizlin" guramanyñ bardygyny çala ýañzydýan kagyzyñ ýekejesine-de gabat gelinmändi. Onsoñam bolmadyk zatlar barada şeýle ussatlyk bilen gürrüñ beren Şewki Bektöräniñ fantaziýasyna haýran galmakdan başga alaç galanokdy.
Organ işgärleriniñ oýlap tapýan toslama oýnunda Şewki Bektöre baş rol oýnap, sowet häkimiýetine garşy göreşen "TA" guramasynyñ işine aktiw gatnaşandygyny özi boýun alanam bolsa, şol aýyplamalar hut öz başyndan inen mahalynda Sowet häkimiýetine garşy göreşen gurama gatnaşandygyny boýun alman, beýle aýyplaryñ ýöñkelmegine çürt-kesik garşylyk görkezýärdi.
Ýöñkelýän aýyplara görä, Kakajan Berdiýew Tejen "Dokuzlary", "Milli ittihod" we "Türkmen Azatlygy" ýaly sowet häkimiýetine garşy guramalaryñ döredilmegine gatnaşan hem-de olaryñ ýolbaşçylarynyñ biri bolmalydy. Ýöne soñky edilen soraglardan öñki beren maglumatlarynyñ nädogrulygy, derñew işini alyp barýanlaryñ täsiriniñ ýetenligi sebäpli özüne erk edip bilmän özi barada-da, ýoldaşlary barada-da ýalan, myjabatly sözler aýdandygyny birnäçe gezek gaýtalap aýdypdy. "Derñew işini alyp barýanlaryñ täsiri ýetenligi sebäpli" diýlip, örän sypaýyçylykly aýdylýardy. Belki, onuñ şeýle sypaýy aýdylmagyna gurşap alan ýagdaýyñ "täsiri" ýetendir. Ol ýazmaça beren düşündirişinde ilki ýalan, toslama maglumat bermegine sebäp bolan zatlar barada şeýle diýýärdi:
"Sülçileriñ moral we fiziki taýdan güýçli täsir etmekleri zerarly ol sözleri aýdypdym".
Bu sözleriñ añyrsynda bukulyp ýatan manyny düşündirjek bolup oturmagyñ geregi ýok bolsa gerek.
1949-njy ýylda K.Berdiýew ikinji gezek tussag edilipdi. Bu gezek hem ol rewolýusiýa garşy göreşýän guramalara gatnaşmandygyny, ýöne akgwardiýaçylaryñ Zakaspi hökümetiniñ agzasy bolandygyny aýdypdy.
Soñra gaýtadan bolan derñewde diñe B.Berdiýewiñ, B.Kerbabaýewiñ, K.Böriýewiñ, B.Pereñliýewiñ, B.Nazarowyñ beren görkezmelerine, maglumatlaryna çintgelip seredilmän, eýsem reslublikanyñ magaryf komissarlygyna hem-de içgin seredilip gelnen netijede: "Jenaýat jogapkärçilige çekilýän adamlar ideologiýa häsiýetli ýalñyşlyk goýberipdirler. Ýöne ol ýalñyşlyklarda sowetlere garşy ýaman niýetleriñ bardygy anyklanmady" diýilýärdi.
Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ sülçileriniñ hemmesiniñ pikir ýöredişi bir täsindi. Eger bir adam tussag edildimi, diýmek, şol adamda günä bolmalydy. Olar "tüssesiz ot bolmaz, gara zat ak bolmaz" diýen pikire uýýardylar. Bir wagtlar Çernyşewskiý:
"Bir ugurly edilýän pikir köp adam üçin düşnükli bolýar, olar gowy zadyñ mydama gowy bolmagynyñ, erbet zadyñam erbet bolmagynyñ tarapdary bolýarlar. Eger haýsam bolsa bir zadyñ gowulygam, erbetligem öz içinde ýerleşdirilip bilýändigi barada aýdylaýsa, bir ugurly pikir etmäge endik edenler ol aýdylany diñläsleri hem gelenok" diýip ýazypdy.
S.Öwezbaýew, K.Böriýew, B.Kerbabaýew, Bapby Berdiýew, S.Musaýew, Ş.Kerimi, umuman, 29 adam sowetlere garşy iş alyp barmakda ýöñkelýän aýyby boýunlaryna almandylar. Olar agyr jenaýatda ~ Watana dönûklik etmekde aýyplanýardy, onsoñam olar iñlis razwedkasynyñ içalylary hasap edilýärdi. Hakykatyñ üstüni açmak üçin derñew işini alyp barýanlar Döwlet Howpsuzlygy organlarynyñ döwlet arhiwinden şol döwürlere degişli dokumentleri alypdylar. Emma ol dokumentlerde iñlis razwedkasynyñ "içalylary" barada kelam agyz söz hem açylmaýardy.
Ähli dokumentler jikme-jik barlanylyp çykylandan soñ "işler" barada öñki geçirilen barlaglaryñ hemmesiniñ nädogry geçirilendigine, ýöñkelýän aýyplaryñ galpdygyna göz ýetiripdiler.
Men ol işler baradaky on 13 tomluk materiallaryñ gatlaryny açyp çykdym. Emma men türkmen halkynyñ gaty köp sanly gülleriniñ solmagyna sebäp bolan şol nälet siñen "gizlin" gurama barada ýekeje subutnama gabat gelmedim. Eger "rewolýusiýa garşy göreşen gizlin" gurama hakykatdanam bolan bolsa, onda onuñ "listowkalary" ýa-da "çagyryşlary", "agzalyk bileti" ýa-da "nyşany" barada gürrüñ edilerdi ahyryn. Bu aýylganç toslama bilen milletiñ kalbyna talañ salan dikmeler bolsa, bu eden-etdiliklerini ýuridiki taýdan delile getirjek hem bolmandyrlar. Belki, olar onuñ ýaly zatlar gerekdir diýip hasap hem eden däldirler.
Bir bolan wala barada gürrüñ bermek ýerlikli bolarmyka diýýärin. Bekki Berdiýew hem edil K.Böriýew ýaly "gizlin guramanyñ" ýolbaşçylarynyñ biridigi barada aýyplanýardy. Onsoñam Bekki Berdiýew Daşkent uniwersitetinde rewolýusiýa garşy iş geçirmekde hem-de özbek milletçileri bilen "TA" guramasynyñ arasynda gatnaşyk açmakda aýyplanýardy. 1957-nji ýylyñ 27-nji dekabryndaky bolan barlagda oña beýle aýyplar ýöñkemäniñ ýalandygy, töhmetdigi aýan edilipdi. Asyl hakykatda bolan işler düýbünden başga hili eken. K.Böriýew Türkmenistan SSR-niñ magaryf Halk Komissary wezipesinde işleýärkä, elbetde, ýokardan berlen görkezme esasynda, 1929-njy ýylda BK (b) P-niñ Orta Aziýa býurosynyñ Merkezi Komitetine Bekki Berdiýewiñ ozal akgwardiýaçylarda gulluk edenligi sebäpli ony uniwersitetiñ talyplygyndan boşadylmalydygy barada hat ýollapdy. Şondan soñ Bekkini uniwersitetden boşadypdylar.
Derñew işlerinde faktlar şeýle bir ýoýulýardy welin güljegiñi-aglajagyñy biler ýaly däldi. Eger erniñ ýylgyrsa-da, kalbyñ aglajakdy. Sebäbi şeýle samsyklyk bilenw edilýän işler zerarly ençeme arzuw-hyýallaryñ, ençeme ömürleriñ düýbüne palta salynýardy.
Bir aýyplaýyş hatynda Ata Myradowyñ görkezmesi barada aýdylýar. Ata Myradow Eýranda emirgrant bolup ýören mahaly ol ýerde Meñlihanow diýen bir adam tanyş bolupdyr. Şonda onuñ elinde Aşgabatdan iberilen "TA" guramasynyñ 27 agzasynyñ spisogyny görüpdir. Ine, bu şeýle guramanyb bolandygyna subutnama bolup biljekdi. Eger "gizlin" gurama gatnaşandygy üçin tussag edilen adamlaryñ biriniñ ýarymynyñ ady şol spisokda bolaýsa-ha, onda baryp ýatanydy. Diýmek, organyñ operatiw işgärleriniñ alyp barýan ýoly dogry bolmalydy.
Ýöne welin, hakykatda ol beýle däldi. Ata Myradowyñ gören spisogy "TA" guramasynyñ agzalarynyñ spisogy däldi-de, "Daýhanlar soýuzynyñ" 127 adamdan ybarat bolan agzasynyñ spisogydy.
1957-nji ýylda gaýtadan derñew işleri geçirilende şol Ata Myradow "Daýhanlar soýuzy" diýen sowetlere garşy göreşýän guramanyñ bardygy hakda aýdýar. Hakykatda bolsa, ol onuñ ýaly guramanyñ bardygyny ýa-da ýokdugyny, onuñ nähili işler bilen meşgul bolýandygyny düýbünden bilmeýänem bolsa, 1932-nji ýylda sowetlere garşy şeýle guramanyñ bardygy barada gol çekipdi. Bu nähili beýle bolýar diýen sorag ýüze çykýar. Aslyna seretseñ Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ işgäri Polýakowyñ toslap tapmakda kärdeşlerinden kem galmajak bolmagyndanmy, köpbilmişlik etmegindenmi ýa-da respublikada bolan zatlary düýbünden bilmeýänligindenmi, garaz, asylly işler bilen meşgul bolup ýören "Daýhanlar soýuzynyñ" boýnuna "rewolýusiýa garşy göreşýän milletçi gizlin gurama" diýen töhmet halkasyny geýdiripdir.
Mana düşünilmän ýa-da düşünilse-de düşünilmedik bolnup edilýän zatlat diñe ol däldi. Türkmen ylmy-edebi jemgyýeti, özboluşly klub hökmünde bolany sebäpli ol ýere döredijilik işgärleri ýygnanyp, ylma, edebiýata we syýasy jemgyýetçilige degişli temalar barada pikir alyşýardylar, çekeleşik gurýardylar. Ýöne olaryñ hiç birinde-de sowet häkimiýetine garşy niýet ýokdy. Ýagdaý şeýle bolsa-da, "TA" guramasy rewolýusiýa garşy alyp barýan işlerinde ol jemgyýeti özüne perde hökmünde ulanýar diýýärdiler.
Oýlanylyp tapylýan aýyplamalaryñ durmuşda diregi ýokdy, olaryñ hemmesi howaýy zatlardy. Pawy Pälwan (Jüliýew) hem Türkmenistandan Eýrana haryt alyp gidýän kerweniñ kerwenbaşysy bolany üçin gizlin harydyñ söwdasyny etmekde hem içalyçylykda aýyplanýardy. Bir gezek ol Kakajan Berdiýew goñşy döwlete gidende onuñ ýany bilen gidipdi. Bu ýagdaý bolaa Kakajan Berdiýewiñ özi hakda beren maglumatynda onuñ hem adynyñ tutulmagyna sebäp bolupdy. Kakajan Berdiýew 1932-nji ýylyñ 26-njy sentýabrynda şu zatlary aýdypdy:
"Maşatdaky iñlis razwedkasy hem-de rewolýusiýa garşy emirgrantlar bilen baglanyşygy bar diýlip 5-nji punktda agzalýan aýyplar nädogry bolany üçin bu babatda özümi günäkär hasap etmeýärin... Meniñ bilşime görä, Bekki hem, Öwezbaýew hem, Geldiýew hem olar bilen baglanyşyk etjek bolup synanyşyk etmändiler. Ýöne men 1924-nji ýyldan 1927-nji ýyla çenli Kredselsoýuzda işlän wagtymda meniñ doganym Bapby Berdiýewiñ Maşatdaky türkmen emigrantlary ýaragly güýç bilen Türkmenistanyñ topragyna aralaşjakmy ýa-da ýok, şony anyklamagy Pawy Pälwandan haýyş edendigini bilýärin. Ol zatlary bilmeli Jepbar Burkazam hat ýazyp Pawy Pälwana beripdir. Pawy Pälwan haty alyp Duşaga gelende serhetçiler obany agdar-düñder edip bir zat gözleýän ekenler, (olaryñ näme gözleýändiklerini bilemok). Ýagdaý şeýle bolansoñ, Pawy Pälwan ol haty ýakypdyr. Özi sowatsyz bolany sebäpli ol hatda näme ýazylandygynam aýdyp bilmändir... Bapbynyñ bu ýagdaýlary bilmek meýli biziñ meýlimize gabat gelýärdi. Ýöne men oña tabşyryk bermändim, bu işi onuñ özi edipdi. Men bu bolan işi esli wagt soñ bilipdim. Ony maña ilki Bapby, soñam Pawy Pälwan gürrüñ beripdi".
Doganlar Berdiýewler, G.Burunow, B.Kerbabaýew, A.Orazow, O.Arykow, A.Muhammetnazarow dagy rewolýusiýa garşy iş alyp barmak maksady bilen "Dokuzlar" atly kommersiýa guramasyny döredenlikleri, şol gurama arkaly özleriniñe edýän milletçilik hem-de içalyçylyk işleriniñ üstüni örtjek bolýandyklary barada aýyplanýardy.
Hakykatda bolsa beýle däldi. Iñlisleriñ goşuny Türkmenistanyn territoriýasyndan çykyp gidipdi, akgwardiýaçylaryñ Tejendäki hökümeti ýykylypdy, ine, şol wakalaryñ soñ ýanynda Bapby Berdiýew uly horjunyñ iki taýyny gözäp, onuñ daşyndan biri-birine çatylan iki sany sumkany hem dolduryp üç million pul alyp Tejene gelipdi. Ol Zakaspi hökümetiniñ azyk harytlar ministri wezipesinde işleýän dogany Bekki Berdiýewiñ adyndan gelipdi. Ol bu ýerde eýýäm ýykylyp ýok bolan hökümet üçin azyk hem-de düýe satyn almalydy...
Bapby Berdiýew bu ýeriñ ýagdaýy bilen oñat tanyş bolandan soñ, Berdi Kerbabaýewe söwda kompaniýasyny açyp, kommersiýa bilen iş salyşmagy, şeýdibem akgwardiýaçylaryñ pullarynyñ oduna çoýunmagy teklip edipdi. Wakanyñ şu ýerinde bir zat ýadyma düşdi. SSSR dagandan soñ SSKP-niñ puly hem gürüm-jürüm bolupdy. Russiýanyñ derñewçileri ol pullary tapjak bolup, dünýäniñ ýüzüne aýlanýardylar, ýöne çolaşan kelepden uç tapyp bilenokdylar. Bu ýerde welin akgwardiýaçylaryñ pullary horjunyñ gözlerini hem-de sumkalaruñ garynlarynu pökgerdip durdy.
Bekki Berdiýew 1926-njy ýylda Tiflisde ýaşan döwründe Müsüre, Hindistana, Hytaýa syýahat etmegi meýil edýärdi, belki, ol meýiller şol pullaryñ ýelginine dörändir. Bekki Berdiýew: "Angliýa gitmek üçin hem harajatym ýetikdi, ýöne iñlisleriñ Tiflisdäki konsuly ruslaryñ raýatyndaky musulman bolanym üçin naba rugsat bermedi. Diñe emigrant hökmünde gitmegi maslahat berdi, emma men oña razy bolmadym"[1] diýip ýazypdy.
Bapby kommersiýa işini bilýärdi, onsoñ ol O.Arykow, A.Orazow we beýlekiler bilen gürleşenden soñ olar bilen özlerine düşýän paýy söwda dolanyşygyna goşupdylar. Olar däne, künji, ýüñ, garakölo baganasy, çaý, mata-marlyk ýaly zatlary satýardylar, onuñ daşyndanam dellalçylyk işini hem ýöredýärdiler. Bapby söwda işine ökde bolansoñ Çärjewe, Hywa, Fergana, Bakuwa, Daşkende gidýärdi. "Dokuzlaryñ" galan agzalary kommersiýa işini ýöredýärdi.
Wagt geçdigiçe güýç toplaýan döwlet maşyny adamlaryn ýaşaşýyş şertlerini kem-kemden ýaramazlaşdyryp başlapdy. Hususyýetçilige garşy gönükdirilen döwlet syýasaty 1924-nji ýylda hususy söwda kärhanalarynyñ soñuna çykypdy. Onsoñ "Dokuzlar" öñki kompaniýalaryny dargadyp, onuñ deregine şäheriñ suw çykarýan guralyny ulanýan artele öwrülipdi. Ýöne ol artel baradaky dokument düzüw däldi. Şertnama boýunça arteliñ agzalary daýhanlar bolsa-da, ol arteliñ hakyky kärendeçileri Bapby Berdiýew, Berdi Kerbabaýew hem-de beýlekilerdi. 1932-nji ýylyñ 29-njy martynda Berdi Kerbabaýew ol barada şeýle maglumat beripdi:
"Meniñ düşünişime görä, biziñ kompaniýamyzyñ syýasy maksatlara kowalaşma niýeti ýok, ol hususy söwda birleşigi, ýöne biz bilmezlikden mehaniki ýagdaýda döwlete degişli guraly öz peýdamyza ulanyp sowet hökümetine zyýan ýetiripdiris. Onsoñ Bapby Berdiýewiñ teklibi esasynda ýüñ satyn almakda kooperatiw guramalar bilen bäsleşin bolanlygy sebäpli parslardan üç-dört gezek gadagan edilen harytlar iberilipdi..."[2]
Sowet hökümetine ýetirilen "zyýanlaryñ" hemmesi şoldy. Düzülen protokolda "Sowet hökümetine ýetiren zyýany" diýlen sözler nygtalyp ýazylan hem bolsa: "Tejende döredilen kommersiýa guramasy syýasy maksatlary göz öñünde tutmaýar"[3] diýlip, ol aýyplama hasaba alynmandy.
Halkyñ arasynda "Düýäniñ ulusy köprüde taýak iýer" diýlişi ýaly, ýaşlary boýunça galanlardan uly bolandyklary sebäpli Emir Hajy Berdiýew bilen onuñ ogly Bekki ençeme ejir çekmeli bolupdyr. Olar rus patyşasynyñ goragçylary bilen hyzmatdaşlyk edenleri üçin aýyplanýardy. Emir Berdiýewiñ baryp rewolýusiýadan hem ozal žandarm uprawleniýesiniñ Merwdäki gizlin agentidigini hemmeler bilýärdiler. Ol türkmen milli azat ediş hereketine gatnaşan görnükli adamlar barada patyşa goragçylaryna maglumat berýär eken. 1917-nji ýylyñ fewral rewolýusiýasyna aktiw gatnaşanlar gizlin dokumentleriñ üstünden barypdylar. Ol dokumentlerde ataly ogluñ patyşa Russiýasynyñ gizlin wedomostwosyna degişlidigi aýdyñ beýan edilýärdi. Merwde ýaşaýan türkmenler bu hakykaty bilenlerinden soñ eden hyýanatçylykly işleri üçin olara ölüm jezasynyñ berilmegini talap edýärler. Jemgyýetçilik bolsa olara açyk sud edilmegini haýyş edýärdi. Aýtmaklaryna görä, Han Ýomudskiý olary paş edýän dokumentler bilen örän ýakyndan tanyş hem-de ýurist bolany üçin Berdiýewiñ sud edilmegini guramaga gatnaşypdyr. Berdiýewler bilen bilelikde patyşa goragçylarynyñ agentleriniñ ýene-de birnäçesine sud edilipdi. Olaryñ birine Jepbar Burkaz diýýärdiler, ol soñ iñlisler bilen Maşada gaçyp gidipdi. Sud köp adamlaryñ gatnaşmagynda bolupdy. Berdiýewler eden işine ökünip aman sorapdylar, her niçigem bolsa, olara adamlaryñ rehimi inipdi, olar boşadylypdy...
Sud tamam bolandan soñ öñki žandarm uprawleniýesiniñ dokumentleri saklanýan jaý ot alypdy. Şonuñ bilen Berdiýewleri aýyplaýan dokumentleriñ ählisi ýanypdy. Ol jaý tötänlikde ýanmandy, ony otlapdylar. 1932-nji ýylda ondan biraz soñrakdaky ýyllarda Berdiýewleri paş edýän dokumentleri hut öz gözleri bilen gören şaýatlar bardy. Ýöne hakyky dokumentleriñ käbir sahypalary Han Ýomudskiniñ hususy arhiwinde galan bolaýmasa, başga ýerden ýok edilipdi.[4]
Aýyp ýöñkelýänleriñ biri öz meýlinemi ýada derñewçileriñ sykajyna çydamanmy, garaz, ol öz beren görkezmesinde:
"Ol (Emir Berdiýew) özüniñ harlanandygy sebäpli sowet häkimiýetini halanok. Menşewikler döwründe onuñ ogullary ministrdi, özi bolsa Merwiñ geñeşçisidi. Emir Hajynyñ bar pikiri basymrak sowet häkimiýetini ýok edip, öz ogullary bilen geljekki türkmen döwletiniñ başynda oturmak..." diýipdi. Görkezmesiniñ ahyrynda bolsa, ilatyña arasyna ýaýran myş-myşlara salgylanyp, Berdiýewleriñ rus patyşasynyñ gorag gullugynda işländiklerini ynam bilen aýdypdy.[5]
Berdiýewleriñ "dönükligi" barada aýdylýan zatlar görer göze özüne çekiji hem-de ynandyryjy ýalydy. Berdiýewlere ýöñkelýän aýyplardan, olar hakda berilýän maglumatlatdan çen tutsañ, olara ölüm jezasyny bermek boljakdy. Ýöne biraz gijiräge galanam bolsa, ahyryn adalat üstün çykypdy. Emir Berdiýewleriñ hem-de onuñ ogly Bekkiniñ rus patyşasynyñ goragçylary bilen hyzmatdaşlyk edendigi baradaky aýdylýan gürrüñleriñ toslamadygy tassyk bolupdy. Emir Hajy Berdiýew diýilýän adam iki gezek Mekgä gidip gelen adamdy, oña halk köpçüligi çäksiz hormat goýýardy. 1910-njy ýyldan bäri ol "Ittihad we Terakki" ( türk /osmanly/ guramasy - t.b.) diýen guramanyñ Merwdäki filialynyñ agzasydy. Ol gurama milli azat ediş ideýasyny ýaýradyp, patyşa Russiýasynyñ basyp almak syýasatyna garşy göreş alyp barýardy. Şol sebäpli hem ataly ogul mydama patyşa goragynyñ gizlin agentleriniñ göz astynda saklanýardy. 1916-njy ýylda Emir Hajy Berdiýewiñ Osmanly döwletine kömek bermek üçin (şol wagt Osmanlylar Birinji jahan urşuna gatnaşýardy - t.b.) ilatdan sadaka ýygnandygy hem-de Milli azat ediş hereketine gatnaşandygy üçin tussag edilendigine SSSR-iñ Merkezi Döwlet arhiwiniñ sprawkasy şaýatlyk edýärdi.[6]
Bekki bilen Kakajan Berdiýewleriñ hem-de S.Öwezbaýewiñ Zakaspidäki akgwardiýaçylar hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edenleri hem-de 1932-nji ýylda Zaki Waliýewiñ (Zeki Welidi Togan - t.b.) gizlinlikde daşary ýurda aşmagyna kömek berenleri üçin ýöñkelen aýyplat SSSR-iñ Merkezi Ispolnitel Komitetiniñ 1927-nji ýylyñ 2-nji noýabrynda kabul eden karary esasynda aklanypdy.
S.Öwezbaýew, K.Böriýew hem-de B.Nazarow dagy tussag edilip on ýyl kesilenden soñ, berlen möhledi Solowkada oturyp gelen batlaryna 1937-nji ýylda "üçlük" ýene-de ýazgaryp, olara iñ ýokary jeza - atuw jezasyny beripdi. Soñky gezegem olar sowetlere garşy iş alyp barmakda aýyplanýardy. Olara beýle agyr aýyp ýüklemäge "Hanaka" lakamly bir jansyzyñ: "Ol lagerde bolan wagty (Böriýew) tussaglaryñ arasynda döredilen Soltan-Ganiýew diýen rewolýusiýa garşy guramanyñ hataryna goşulyp, bu ýerde hem edil öñküsi ýaly rewolýusiýa garşy ideýalary tussaglaryñ arasynda ýaýradýardy. Ol eden işine ökünip, öz eden günäsini geçmegi ýoldaş Stalinden haýyş edip hat ýazmak barada pikir hem etmeýär"[7] diýip beren maglumaty ýeterlik bolupdy.

"Aýallar mekdebini jelephana deñeýän, bolşewizmiñ duşmany S.Öwezbaýewiñ bolsa öñki aýdan zatlaryny gaýtalaýardylar. Şonda ol: "Deñhukuklylyk ýok, sosializm Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ eli bilen gurulýar. Organyñ işgärleri patyşa döwrüniñ generallary ýaly ýaşaýar. Olaryñ nahar iýýän naharhanalaram aýry, geýýän eşiklerem üýtgeşik. Işçiler bilen daýhanlar bolsa, bir döwüm çörek üçin uzynly gün nobata durýarlar"[8] diýipdi.
Şu materiallaram olary o dünýä ibermäge "esas" bolupdy. Derñew işleri gaýtadan geçirilende S.Öwezbaýewi, K.Böriýewi we B.Nazarowy 1937-nji ýylda sowetlere garşy iş alyp barmakda aýyplamak nädogry, düzülen dokumentler galp düzülipdir diýen netije çykarylypdy. Alnyp barylan işlerde olaryñ günäkärdigini subut edýän hiç bir dokumentiñ ýokdugyny, Böriýew bilen Öwezbaýewden hatda sorag hem edilmändigi aýdylýardy.
Gaýtadan sorag edilýänler Ş.Bektöre bilen K.Berdiýew 1949-njy ýylda ikinji gezek tussag edilende, olaryñ olaryñ tussag edilmegi üçin hiç bir esasyñ ýokdugyny anykladylar. Bulardan başga-da köp zatlaruñ üsti acylypdy. Ozal hem kämil bolmadyk kanun hemme ýerde diýen ýaly bozulyp gelnipdir. Mysal üçin 1933-nji ýylda G.Burunowyñ näme etmişiniñ bardygy hakda kelam agyz söz aýdylman, oña aýyp ýöñkelmän jenaýata çekipdirler. Jenaýata çekilen köp sanly adam özleriniñ näme günä edendiklerini hem bilmeýärdiler. Sebäbi olar derñew işleriniñ materiallary bilen tanyş edilmeýärdi.
Gepiñ tümmek ýeri, Türküstan harby okrugynyñ harby prokurory, ýustisiýanyñ general-maýory I.Pastrewiç: "şunuñ ýaly ýagdaýda Berdiýewlere we beýlekilere (33 sany aýyplanan adamlara - R.E.) ýöñkelen aýyplaryñ subutnamasy bolmansoñ, olaryñ tussag edilmegini esassyz diýip hasap etmeli. Ýöñkelýän aýyplaryñ subutnamasy bolmansoñ, olar baradaky işleri ýatyrmaly" diýen netije çykarýar.
1958-nji ýylyñ 17-nji iýulynda Türküstan harby okrugynyñ harby tribunaly harby prokuror Turkowyñ närazylyk bildirip ýazan hatynda gozgalýan mesele bilen ylalaşyp, Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ kollegiýasynyñ 1933-nji ýylyñ 10-njy maýynda "TA" barada kabul eden kararyny hem-de Içeri işler Halk Komissarlygynyñ (NKWD) "üçlüginiñ" toslanylyp tapylan şol gurama degişli işlerde kabul edilen kararlaryny ýöñkelýän aýyplaryñ subutnamasynyñ ýoklugy sebäpli ol işleri nädogry hasap edip ýapdy.
Adalaty dikeltmek üçin çärýek asyr wagt gerek bolupdy. Ýöne şol ýyllarda näçe görgüler görlüp, näçe gözýaşlar dökülipdi.

______________________________
[1] Şol ýerde, t 12, sah 128;
[2] Şol ýerde, t 1, sah 301-303;
[3] Şol ýerde, t 14, sah 11;
[4] Şol ýerde, t 5, sah 58-59;
[5] Şol ýerde, t 4, sah 394;
[6] Şol ýerde, t 14, sah 9-10;
[7] Şol ýerde, t 8, sah 1;
[8] Şol ýerde, t 4, sah 102.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]