13:46
Syrly toslamalaryñ pidalary: Öljek wagtyñy bilip bolarmy?
▶ 16: ÖLJEK WAGTYÑY BILIP BOLARMY?

Saparmyrat pessaý ses bilen:
- Meniñ sanalgy günüm galdy - diýip, kalbyny gaplap alan duýgy barada aýdanda, onuñ gürleýiş äheñinde özüne duýgudaşlyk edilmegine hantamalyk ýokundysy ýokdy. - Men öz bedenimde golaýlaşýan ajalyñ alamatlaryny duýýaryn, sebäbi näsaglara seredýän wagtlarym ol alamatlara gabat gelipdim... Indi gezek meniñki bolmaly...
Men oñaýsyz ýagdaýda gürrüñiñ ugruny üýtgedip, onuñ şähdini açmaga synandym. Ol meniñ aýdan zatlarymy diñläninden soñ atasy bilen enesini ýatlady...
Bu wagt gussaly gürrüñler etmek üçin hiç hili delil ýokdy. Biz bu wagt meniñ dostum, Saparmyradyñam daýysy Döwlet Esenowyñ doglan güni mynasybetli guran şadyýan oturyşygyndan turup gaýdyşymyzdy.
Her kim öz agyrýan ýerini tutar diýilýäni dogry zat. Bu gussalg gürrüñiñ başlanmagyna hem Saparmyrat Nurýagdyýewiñ hiç wagt agyrysy azalmaýan, şu wagta çenli hiç bir doktoryñ bejerip bilmeýän şol agyryly ýeri sebäp bolan bolsa gerek.
Bir wagtlar Lukman Hekim: "Ähli keselleri öz bedeninde synap gören adam hakyky tebip bolup biler" diýipdir. Meniñ gürrüñdeşim hem uzak ýyllaryñ dowamynda ýürek agyryly bolup, oslanylmaýan ýagdaýda, garaşylmaýan ýerde ýüreginden tutup ençeme infarkta döz gelip bilipdi. Bir gezek onuñ ýürek agyrysy öz ylmy ýolbaşçysynyñ ýanyna gidende Ukrainada hem tutupdy.
Biziň şu gussaly gürrüňimizden soň, 1984-nji ýylyň Täze ýyl agşamynyň öň ýanynda Saparmyrat bu dünýeden gaýdypdy. Şol gije bolan gürrüň meniň kalbymda öçmejek yz galdyryp ynjalyk bermeýänligi sebäpli ol gürrüňleri ýatlap, öz ýürek gussamy egismegi makul bildim...
Ol, göýä diýersiň, öz hakynda däl-de, başga bir zadyň gürrüňini edýän ýaly diýseň parahat äheňde dillendi:
- Dogrymy aýtsam, men ölümden gorkamok. Öz öýümde ölüp, öz mähribanlarym gözümi ýumdursalar, mende arman ýok. Ýöne welin men bir zada gynanýan, kakamyň guburynyň niredediginem, onuň nähili ýagdaýda aradan çykandygynam bilemok...
Onuň sesi üýtgedi, ol köýneginiň ýokary iligini ýazdyryp galstugyny gowşatdy, soňra biraz dymyp ýene-de gürrüňe başlady.
Öz atalaryny elleri bilen jaýlap, wagtal-wagtal onuň gubruna zyýarata gidýän adamlary görenimde kemsinýärin. Aşgabatda öten-geçenleriň hormatyna baky ot ýanyp duran ýadygärlik gurlandan soň men ol ýere ýygy-ýygydan gatnap başladym. Göwnüme bolmasa, ol badygärlik meniň kakamyň gubrunyň üsütnde gurlan ýalydy...
Arhiw sprawkasy. Türkmenistan SSR-niň SIHK-niň geçiren mejlisiniň protokolyndan göçürme. Aşgabat ş. 1937-nji ýylyň 30-njy dekabry. TSSRiň SIHK-nyň Gyzyletrek raýon bölüminiň Işanguly Kulyýewi (Nurýagdyýewi) aýyplamak baradaky 4204 nomerli derňew işi. Işanguly Kulyýew (Nurýagdyýew) milleti türkmen, raýkomyň öňki sekretary, Kompartiýanyň hataryndan çykarylan, Eýrandaky garyndaşlary bilen aragatnaşykda bolan, halk duşmanlaryny gizläp saklandygy sebäpli atuw jezasyny bermeli diýip kara edýär. I.Kulyýewe (Nurýagdyýewe) degişli höküm 1938-nji ýylyň 4-nji fewralynda ýerine ýetirildi. [1]

____________________
[1] Şol ýerde, t., 11, sah 72;





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 65 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]