21:33
Syrly toslamalaryñ pidalary: Oba serhetden geçýär
▶ 22: OBA SERHETDEN GEÇÝÄR

Gyssagly habary ýetirmek üçin gelen ýaş ýigit aýagynyñ üstünde zordan durýardy. Aty ýorlup halys duransoñ, ony ýolda taşlap, şol ýerden raýon merkezine çenli aýakaldygyna ylgap gaýdypdyr. Teşnelik zerarly bokurdagy gurap tüýdük ýaly bolan ýaş ýigit:
- Basmaçylar obany... - diýip, gyryljyk ses bilen zordan aýtdy-da, Nurýagdyýewiñ elten oturgyjynyñ üstüne özüni goýberdi. - Olar obany Eýrany göçürýärler...
Raýkomyñ sekretary şol bada çarwalaryñ üstüne gitmän, bu ýerde galan işgärleriñ hemmesini toplap atlandylar-da, serhede tarap ýüzin saldylar. Ýolda barýarkalar adamlaryñ biri serhetçileriñ kömege çagyrmak pikirini aýtdy. Emma Nurýagdyýew:
- Bigünä gan dökülmegi ahmal. Adamlary ýarag bilen däl-de, söz bilen saklamaly - diýip, jogap berdi.
Nurýagdyýewiñ ýolbaşçylygynda gyssanmaç barýan atlylar obanyñ ýerleşýän oýtagyna baryp, bolan ýagdaýa haýran galdylar. Oba ilatynyñ köpüsi öýlerini düýä ýükläp göçüp gidipdiler. Olaryñ giden ugurlarynda diñe asmana göterilýän tozan görünýärdi. Bular haýal etmän gölegçi kerweniñ yzyndan ýetdiler. Sürlüp barylýan geçiler, goýunlar, sygyrlar, itler sürülýän ugra gitmejek bolup eýläk-beýläk urunýardy. Aýagy ýalañaç işekçer oglanlar aýakaldygyna ylgaşyp mallary gyssaýardylar. Esli ýerini tutup serhede ýetip barýan adamlaryñ, ýükli düýeleriñ, sürlüp barylýan mallaryñ iki ýanyndan eli ýaragly adamlar atlaryny gorgunyna sürüp barýardylar.
Kerwenbaşy beýik baýryñ añyrsyna aşyp gözden gaýyp boldy. Ol sähel wagtdan serhediñ añyrsyna geçip bilýärdi. Sebäbi ol wagtlar serhetlerde germew ýokdy. (Diñe aýry-aýry ýerleri goralýardy).
Birden buýruk äheñli güñleç ses ýañlandy. Basmaçylar eginlerindäki tüpeñleri kakyp alyp, raýkom işgärleriniñ daşyna halka gurdular-da, ýolbaşçylarynyñ buýrugyna garaşýan ýaly bolup durdular. Basmaçylara baş bolup ýöreni Nurýagdyýew derrew tanady. Ol Maşat Kulydy. Özem ýomutlaryñ saýlama atynyñ üstünde edil ýelmeşen ýaly bolup otyrdy. Ol raýkomyñ sekretaryny tanandan soñ, keýpi göterilip dabaraly görnüşde ulumsylyk bilen ýylgyrdy-da:
- Asyl köne tanşym eken-ow - diýip, atyñ uýanyny çep eline geçirip, sag eli bilen mauzerini gutusyndan çykardy. Beýleki atlylar hem tüpeñlerine ok sürdüler. - "Bir gören tanyş, iki gören garyndaş" diýipdirler. Dogry dälmi?
- Şeýle bolsa näme üçin öz garyndaşyña mauzer çenäp dursuñ ýa-da ýaragsyz bolsagam bizden gorkýarsyñyzmy? - diýip, Nurýagdyýew gülümsiredi.
- Biz nämeden gorkmaly? Gorkan bolsak, biz ýaraga ýapyşmazdyk-da ökjäni götererdik. Onsoñam, bir kyrk adam, siz bolsa ýedi. Bulardan başga-da birnäçe nökerim gurak jülgede garaşyp durandyr - diýip, Maşat Kuly hondan bärsi bolup öwündi.
Onuñ bu aýdýan zatlarynyñ toslamadygyny bilip duran Nurýagdyýewiñ gabakman uly gara gözlerinde ýylgyrma alamatlary peýda boldy. Maşat Kuly ulumsylyk bilen:
- Otuz ikinji ýylda Öýleguşluk guýusynda bolan waka ýadyña düşýärmi? Men şonda saña-da, seniñ ýoldaşlaryña-da dyrnagymam degren däldirin. Ýogsam men siz ýatyrkañyz üstüñizi basypdym ahyryn - diýip, elinde oýnap duran mauzerini gutusyna saldy. Emma onuñ nökerleri serdarlaryndan gözlerini aýyrman ýaraglaryny häzirläp durdular.
- Seniñ näme üçin beýle edýäniñ bilinýän däldir öýdýärmiñ? - diýip, Nurýagdyýew atynyñ bykynyna hürsekläp, Maşat Kulynyñ golaýyna bardy. Maşat Kulynyñ mes aty golaýlaşyp gelen ýat atdan ürkdümi ýa-da meslikden etdimi, çarpaýa galyp gapdala zyñdy, şonda serdar tasdanam atdan agdarylypdy.
Maşat Kuly bökjekläp duran atynyñ başyny çekdi-de:
- Ýok, ony bilýän dälsiñ. Men size bilgeşleýin degmedim. Meniñ size zat diýmän goýbermekligim bolşewiklerde şübhe döreder diýip, pikir etdim - diýip, mekirlik bilen ýylgyrdy. - Görýän welin seniñ entegem olaryñ arasynda abraýyñ bar... Indi saña serhet ýakasyndaky raýony ynanypdyrlar...
- Sen gepiñi ondak-mundak urma - diýip, Nurýagdyýew onuñ sözüni böldi. - Sen kireýsiz kilim kakýan adam däl ahyryn. Sen ony diñe öz bähbidiñ üçin, başga çykalgañ bolmany üçin etdiñ. Ýöne bu wagt ol barada gürrüñi uzaldyp durmaly. Wagt gyssag. Sen maña adamlar bilen gürleşmäge ygtyýar ber. Sen näme üçin olary zorluk bilen göçürýäñ?
- Bu ýer seniñem, seniñ bolşewikleriñem güýjüne bil baglajak ýeri däldir. Geçen gezek Aýtakowyñ iberen gyzyl esgerleriniñ toplary bilen bizi çägäniñ içinde duw-dagyn edipdiñiz - diýip, Maşat Kulu gitdigiçe arany açyp barýan kerwene tarap howsalaly seredýän Nurýagdyýewiñ golaýyna geldi. - Indi şolar ýaly toplaryñ güýji bilen olaram kolhoza dykjak bolýarsyñyzmy? Olar siz bilen gitmezler. Men olary zorlap alyp gidemok, olar öz meýilleri bilen gidýärler.
- Men olar bilen gürleşmeli - diýip, Nurýagdyýew kesgitli aýtdy-da, atynyñ başyny kerwene tarap öwürdi.
- Olar bilen gürleşmek bolmaz - diýip, Maşat Kuly eýeriñ üstünde oturan ýerinden gozganyp, mauzerine el uzatdy. - Men ygtyýar beremok.
Nökerler Nurýagdyýew bilen onuñ ýoldaşlarynyñ öñüne diwar bolup, ýaraglaryny gezediler-de, yza tesmeli diýlen buýrugy berdiler...
Basmaçylar olar bilen duşuşanlarynda şonuñ ýaly daryşýardylar. Emma şeýle ýagdaýda-da raýkomuñ işgärleri öz gara başlary ýa-da öý-öwzarlary barada pikir etmän, döwlet bähbidini araýardylar.
Şondan soñ basmaçylar raýkomyñ işgärlerini iki-ikiden sarap, göçülip gidilen oýtaga getirdiler-de, olaryñ hemmesini taşlanylyp gidilen köne kepbä salyp, agzyny hem berk gulpladylar.
Jaýa salnyp, daşyndan gulplanan bendiler jaýyñ daşyndan basmaçylaryñ iki ýana alakjaýan atlarynyñ dükürdisini eşidýärdiler. Olar nämedir bir hyýala münen ýaly, nämedir bir zada garaşýan ýaly jaýyñ töwereginde esli wagt pelesañ kakanlaryndan soñ raýkomyñ işgärleriniñ ondan-mundan diläp alan zatlaryny hem alyp sumat bolupdyrlar.
Raýkomyñ birinji sekretaryna basmaçylaryñ adamkärkçilikli garap oña zat diýmän goýbermekleriniñ sebäbini men 60-njy ýyllarda Döwlet Babaýewiç Esenow bilen Gazanjyk raýonynyñ Lenin adyndaly kolhozynyñ başlygy Guldurdy Nurmämmedowlarda myhmançylykda bolan mahalym bilipdim. Gürrüñçilikde Guldurdy aga Döwlet Babaýewiçiñ raýkomyñ öñki sekretary Nurýagdyýew bilen ýakyn garyndaşdygyny bileninden soñ 30-njy ýyllarda Işanguly bilen bile işleşen bir ýaşulyny çagyrdy. (Gynansagam, şol ýaşulynyñ ady ýadymdan çykypdyr). Serhet ýakasyndaky obany basmaçylaryñ göçürýändigi barada habar berlende Işanguly başlyklaýyn gyssanmaçlyk bilen şol ýere giden ýedi atlynyñ arasynda şu ýaşuly hem bar eken.
Döwlet Babaýewiç ol ýaşula ýüzlenip:
- Geñ zat. Barlyşyksyz söwek çarpaýa galan wagty, siziñ kommunistdigiñizi, siziñ sowet häkimiýetiniñ tarapdarydygyñyzy bilýän bolsalaram basmaçylar sizi diri galdyryp gidişleri geñ zat. Hatda sizi serhetden geçirip alyp hem gitmändirler - diýip, öz pikirini aýtdy.
Ýaşuly pikirli äheñde gürrüñ berdi:
- Ol waka geñ galarça bardyram. Basmaçylar bizi kepbä salyp, agzyny gulplap daşymyzda atly aýlanýarkalar ölüm pellämiz alkymymyza geldi diýip pikir edipdik. Daşyna köne keçe tutulan kepbäni oka tutmak olar üçin hiç zadyń alnyndan däldi. Ony otlap goýberseñem boljakdy... Aý, garaz, nätseñem boljakdy...
Ýaşuly, göýä diýersiñ, şol günleri gözüniñ öñüne getirýän ýaly esli wagt sesini çykarman oturdy. Soñra ol ýuwaşlyk bilen gürrüñi dowam etdi:
- Ýöne Işanguly boýnuny sallap müzzerip duranokdy. Ol Maşat Kuly bilen diýseń merdemsi gürleşýärdi. Biz şonuñ ýaly ýaramaz ýagdaýa düşenimizde Maşat Kuly öz dogan-garyndaşlarynyñ birnäçesini hem-de gepine gulak asanlary serhetden geçirýärdi. Ýöne onuñ hemme dogan-garyndaşy serhetden geçmeýärdi. Hut şol obada-da, başga ýerlerde-de Maşat Kulynyñ serhetden geçmän galan dogan-garyndaşy köpdi. Beýleki basmaçylaryñ hem bu ýerde dogan-garyndaşy kändi. Basmaçylarbaşy Maşat Kuly samsyk adam däl eken. Eger olar bizi öldüräýseler, sowet häkimiýetinin olaryñ dogan-garyndaşlaryna hezil bermejekdigini bilýärdi. Gan ýerine - gan, jan ýerine - jan. Bu köneden gelýän düzgündi. Siziñ garyndaşyñyz Işanguly akylly-paýhasly adamdy. Ol adamlary gowy görýärdi. Ol basmaçylar bilen hem ýaragly çaknyşmagyñ tarapdary däldi. Ol basmaçylaryñ hemmesini duşman hasap etmeýärdi, llaru ýolundan azaşan, gepe giden adam hasap edýärdi. Ol ýerliksiz gan dökülmän, birek-birege düşünişilmeginiñ tarapdarydy. Ol adamlary diýseñ eý görýärdi.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 78 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]