13:52
Syrly toslamalaryñ pidalary: Nurýagdyýewleriñ şum täleýi
▶ 19: NURÝAGDYÝEWLERIÑ ŞUM TÄLEÝI

Okyjylaryñ: "Bu gürrüñi berilýän zatlaryñ esasy aýdyljak bolunýan waka bilen nähili baglanyşygy bar? Uruş ýyllarynda ýitirim bolan Annamyrat ahunyñ professor Saparmyrat Nurýagdyýewiñ ölümine näme dahyly bor? Näme üçin Gyzyletrek raýkomynyñ birinji sekretary Işanguly Nurýagdyýewi "halk duşmany" diýip şeýle añsatlyk bilen aýyplar bildiler? Bu edil ol dünýä ibermek üçin putýowka berlen ýalt bolaýdy-la?" diýip, menden soramaklary ahmaldyr.
Eger totalitar düzgün ýyllarynda biziñ atalarymyzyñ gurban bolmagy ähli sowet halky üçin umumy betbagtçylyk bolan bolsa, şol atalaryñ ogullarynyñ wagtyndan öñ dünýäden ötmegi hem şol elhenç durmuşyñ soñkulara galdyran gussaly mirasydyr. Eger Işanguly Staliniñ ýerlerde ot gorsaýan ellerine düşüp ahmyrly ölmedik bolsa, eger onuñ kysmaty başgaça bolan bolsa, onda Saparmyrat şu günler hem aramyzda bolardy. Bular ýaly hasraty millionlarça maşgalalar başyndan geçirendir. Totalitar düzgün gurban bolan adamlaryb gany bilen işleýän elhenç döwlet mehanizmini döredipdi.
Birek-birekden gorkmak, birek-birege şübheli garamak düzgüni adamlardaky ertire bolan ynanjy öldürýärdi. Ejizler heläk bolýardylar, her niçik-de bolsa, özlerine ynamy bar adamlarda diri galmak umydy bardy. Ýöne ol umyt adamlara diýseñ gymmat düşýärdi. Ençeme adam uzakly gijeler kirpiklerini çalman, ýürek agyrysyna sezewar bolup dermanyñ güýji bilen gününi sanaýardy. Gurşap alan düzgün adamlary sandan çykarýardy.
Şum täleý bu gezek hem Saparmyradyñ duşundan geçip gitmedi. Ol şum täleýiñ ilkinji urgusyna 1952-nji ýylda Stalin adyndaky türkmen döwlet medisina instutytynyñ talyby döwründe döz gelmeli bolupdy. Ol institutyñ iñ soñky kursunda okaýarka insututyñ umumy partiýa ýygnagynda biragyzdan kommunistik partiýanyñ agzalygyna kandidat edilip alnypdy. Ol partiýa biletini almakçy bolanda Aşgabadyň Andreýew raýkompartiýasy ony "ýat element" hasap edip, oña partiýa biletini bermekden boýun towlapdy. Ýogsa Saparmyrat öz terjimehalynda hiç zady bussur-ýasyr etmän kakasy barada hem ýazypdy... "Ogul atasy üçin jogap bermeýär?" Her hili manyda ulanyp boljak, her hili dönükligi aklap biljek iki ýüzli päki ýaly bu sözleri ýazan hut Staliniñ özi dälmi näme? Eger ogul atasyna dönüklik etse, onda şol sözler esasynda ony aklap bolýardy...
Ol wagtlar Stalin diridi. Saparmyrat "halkyñ serdaryna" hat ýazmak üçin stoluñ başyna geçdi. Emma ýazyp bilmedi. Şonda ol ýüreginiñ nirede ýerleşýändigini ilkinji gezek bilipdi. Belki, şonda onuñ ýüregine ilkinji tiken sanjylandyr. Şondan soñ onuñ ýüregi özüniñ bardygyny häli-şindi duýduryp başlapdy, esasanam ol kalbyny gozgalaña salýan ýagdaýlarda duýdurýardy. Beýle ýagdaýlar bolsa onuñ durmuşynda ýygy-ýygydan bolup durýan zatlardy.
Partiýanyñ jar eden ynsanperwerlik idealyna ýaşlyk hyjuwy bilen ynanyp, otuz ýyl töweregi wagtyñ içinde öz halkynyñ garşysyna uruş alyp baran "serdara" hat ýazkak bolmagy telek işmikä. Onuñ kalbynda atasynyñ gany gaýnamadymyka?
1937-1938-nji ýyllarda bütin Türkmenistany içalylyk, dönüklik keseli gurşap alypdy. Respublikanyñ ýolbaşçysy G.Atabaýew, N.Aýtakow hem-de başga birnäçe adam tussag edilip, atylyp öldürilipdi. Olara "TA" guramasynyñ gizlinlikde bütin Türkmenistayñ territoriýasynda hereket edip, Eýrana, Owganystana, Pariže, Berline geçen adamlar bilen hem-de Özbegistanyñ, Gazagystanyñ, Azerbaýjanyñ, Tatarystanyñ we ýene-ýeneleriñ milli gizlin guramalary bileb aragatnaşyk saklaýan rewolýusiýa garşy dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan milli gurama ýolbaşçylyk edýär diýlip, akla sygmajak aýyplar ýöñkelýärdi.
Hakykatda bolsa "gizlin milli gurama" diýilýän zat birnäçe nälet siñenleriñ "kontrrazwedkada" yhlasly işleýändiklerini mazamlamak üçin ikinji gezekki oýlap tapan toslamalarydy. Olaryñ "TA" baradaky barada birinji toslamalary sebäpli 1932-nji ýylda Türkmen intelligensiýasynyñ otuz bäş sany wekili tussag edilipdir. Şolardan sag-aman galanlaryny bolsa 37-nji ýylda çöpleşdirip ählisini hem atypdyrlar.
Şol döwrüñ doñýürek zalymlarynyñ "Türkmen Azatlygy-2" ugrunda erjelligi esasynda "rewolýusiýa garşy gizlin gurama" gatnaşýanlar, hamana, Türkmenistany Eýrana birikdirmek üçin plan düzendiklerini, ýaragly gozgalañ taýýarlyk görýändiklerini, gozgalaña başlamagyñ duýduryş alamatynyñ Çärjew demir ýolunyñ ugrundaky Amyderýanyñ köprüsini partlatmakdygyny "boýunlaryna alypdyrlar".
Tutha-tutlyk, basha-baslyk zerarly ilatyñ arasyna aralaşan gorkynyñ, howsalanyñ çeni-çaky ýokdy. Adamlary gat-gat jaýlardanam, howlulardanam, öýlerdenem, gidip barýan otlynyñ üstündenem, dynç alynýan ýerlerdenem, teatrlardanam, hatda toý tutulyp duran ýerlerdenem gijesi ýok, gündizi ýok alyp gidýärdiler. Tussag edilen adam barlanan mahalynda onuñ jübüsinden bellik edýän depderçesi çykyp, onda-da onuñ tanyşlarynyñ, dostlarynyñ ýa-da garyndaşlarynyñ ady bilen adresi ýazylan bolsa, şol wagtyñ özünde olary hem tussag etmek üçin operatiw toparlar iberilýärdi.
Gyzyletrek raýonyndaky eden-etdilige Türkmenistan K (b) P-niñ Merkezi Komitetiniñ instruktory Ý.I.Şkolnikow täze usullar salgy berýärdi. Ol raýonyñ partiýa aktiwini geçirmegiñ täze görnüşini tapmak üçin goşmaça güýç hökmünde serhetçiler otrýadynyñ ilkinji partiýa guramasynyñ kommunistlerini birikdirýär. Bu hiç bir kada gabat gelýän zat däl, sebäbi harby gullukdaky kommunustleriñ ýygnaklary mydama gizlin ýagdaýda geçirilýär. Her aktiw-de--de gören adamlarda gorky döredýän IIHK-niñ raýon bölüminiñ başlygy döwlet gözegçisi hökmünde gözlerini gyrpman oturýardy.
Ýewseý Isaýewiç aýdylmaly zatlary öñünden bellik edilen doklad bilen çykyş edenden soñ, mydama çykyş edip ýörenleriñ birnäçesi özleriniñ hökümete hem-de partiýa wepalydyklaryny mazamlamak üçin özleriniñ ýolbaşçylary bolan Işanguly Nurýagdyýew bilen Täçguly Bendişewiñ üstüne şyltak baryny ýagdyryp, aktiwe gatnaşanlaryñ kalbynda şübheli duýgulary oýarmagyñ hötdesinden gelipdirler. Şeýle ýagdaý höküm sürüp ugransoñ I.Nurýagdyýewiñ hem-de T.Bendişewiñ boýnuna "halk duşmany", "kulaklaryñ guýrugy" diýen töhmediñ otly halkasyny atmak kyn bolmandy. Olaryñ ikisi hem Eýranda ýaşaýan dogan-garyndaşlary bilen "jenaýatçylykly aragatnaşyk" etmekde aýyplanýardy. Nurýagdyýewiñ Eýrana kolhoz gurluşygy döwründe göçüp giden Çary baý diýen tiredeşi bardy. Bendişewiñ bolsa özüniñmi ýa kakasynyñmy, garaz, Gyzylarbatda olara degişli bir degirmen bolanmyş.
Olardan hem başga raýkomyñ sekretarlaryny oba hojalyk önümlerine kembaha garamakda aýyplaýardylar. Ol döwürde her bir fakta syýasy äheñ berlip, oba hojalyk önümlerine kembaha garamak döwleti ykdysady taýdan opurylyşyga salmak maksady bilen edilýän zyýankeşlik hasap edilýärdi. Oba hojalyk önümleriniñ ýagdaýy barada Nurýagdyýewiñ özi hem plenumda aýdypdy. Şonda ol raýonda akaba suw bolmansoñ, diñe howanyñ amatly bolmagyna bil baglanyp ekilýän ekinleriñ, ýylyñ ýaramaz gelendigi sebäpli 700 gektar ekiniñ zaýa bolandygy, garaşylmadyk wagt birden turan sowuk apy-tupan zerarly "Komsomol" kolhozynyñ 600 goýnunyñ ölendigi barada aýdypdy. Ýöne durnanyñ üstüne urna diýen ýaly kolhozyñ şol ölen goýunlaryny bakýan çopan hem ozal basmaçy bolan adam eken. Diñe şu faktyñ özi hem "raýonyñ apparaty hem-de kolhozlar bize sosial taýdan ýat bolan duşmanlardan, ýurdy terk etmäge meýilli, sowetlere garşy elementlerden doldurylypdyr"[1] diýip netije çykarmaga delil bolýardy.
Dokumentleriñ şaýatlyk etmegine görä, aktiwiñ ýygnagy "halk duşmanyny paş etmeli" diýlip, öñünden biçilip goýlan bolmaly. Sebäbi onda çykyş edenleriñ aýdýan zatlary delilsizdi, boş sözlerdi. Serhetçiler otrýadynyñ başlygy Fetisow raýkomyñ birinji sekretary I.Nurýagdyýewde halk duşmançylyk meýilleriniñ bardygy barada ony aýyplap şeýle diýýärdi:
"Ol bizi kolhoz gurluşygyna seresap çemeleşmäge, esasanam serhet ýakasynda seresap bolmaga çagyrdy. Eger gurluşygy çalasyn ýagdaýda geçirsek, köp adamlar daşary ýurda gaçyp giderler".[2]
Nurýagdyýewiñ basmaçylara bolan garaýşyna baha berende bolsa ol: "Rewolýusiýa garşy alnyp barylýan göreşe hemaýatçy boldy"[3] diýipdi.
Plenumda Nurýagdyýewiñ hem-de Bendişewiñ deliller arkaly aýdýan hakykatyna gulak asan bolmandy. Beýleki adamlaryñ hem gözüniñ oduny almak üçin olary hut raýkomyñ jaýynyñ içinde daşlaryna ýaragly sakçy goýup tussag etdiler.
Gündogar halklarynyñ arasynda bir däp bar, adam barypýatan wenezzyna bolsa-da abraýly, keramatly hasap edilýän ýerde, öwlüýälerde, metjitlerde, belent mertebeli din wekilleriniñ öýlerinde oña zat diýilmeýär. Şol döwürde partiýanyñ jaýy biziñ üçin keramatly ýer ýaly bolsa-da, Staliniñ ot gorsaýanlary ücin zadyñ alnyndan däldi. Ol ýerde bolsa adamy kemsidibem, depeläbem, tussag edibem, soñ ýanyndan atybam bolýar eken.
Öz ýolbaşcylarynyñ täleýlerine şumluk garasyny sürten partiýa aktiwiniñ ýygnagyndan çykan adamlaryñ birnäçesi kalbynda agyr daşy göterip çykan ýaly bolsalar-da, Pankow awy ganly bolan awçy ýaly diýseñ şähdaçyk çykypdy. Sebäbi onuñ indiki etjek pyssy-pyjurlyklaryna raýon ýolbaşçylary päsgel berjek däldi.

____________________________
[1] Şol ýerde, sah 689;
[2] Şol ýerde, sah 246-247;
[3] Şol ýerde, sah 606.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 72 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]