13:33
Syrly toslamalaryñ pidalary: Jenaýatçylara iş kesilişi dogry... /?/
▶ 11: JENAÝATÇYLARA IŞ KESILIŞI DOGRY.... /?/

Täzeden geçirilen barlag işi tamam boldy. 1956-njy ýylyñ 17-nji martynda uly sülçi W.S.Lebedew jenaýat işleri üçin tussag edilen 35-leriñ (iki sanysyndan özgesiniñ) "işlerine" seredip gol çekipdi. Derñew işiniñ täzeden geçirilişi bu işler bilen habary ýok adamlar üçin ak mata gara ýama basylan ýaly bildirip durdy. Bigünä ejir çekýän adamlaryñ täleýine beýle garamak üçin näçe perwaýsyzlygyñ, zalymlygyñ gerekdigini ölçemek añsat däl.
Derñew geçen mahaly adalaty dikeltmäge synanyşyk etmeg-ä beýlede dursun, hatda golaý aralykda gezip ýören şaýatlaryñ hem hemmesinden sorag edilmändir. Gizlin gurama gatnaşanlaryñ diri galanlary, ölenleri, olaryñ şaýatlary baradaky dokumentlere seretmek üçin arhiwiñ gapysyny açmany artykmaç iş hasaplapdyrlar. Töhmet zerarly dereksiz ýitip giden adamlaryñ yzynda galan ýüzlerçe adamlaryñ bulaşan kelepden uç çykarjak bolup ýörmeklerine parhsyz garap bilişlerine haýran galaýmalydy. S.Öwezbaýew, B.Nazarow, B.Ilmyradow ýaly atuw jezasy berlen adamlaryñ derñew dokumentlerinde olaryñ adynyñ gapdalyna: "1933-nji ýylda tussag edileninden soñ dolanyp gelmedi, onuñ ýaşan ýeriniñ nirededigi anyk däl" diýlip ýazylypdyr. Derñewçiler bir wagtlar atylyp öldürilen Şemsetdin Kerimä näme bolandygyny anyk bilmändikleri sebäpli ýöne: "tussag edilen ýerinden gelmedi" diýip bellik edipdirler. Geçirlen derñew işinde şular ýaly protokollar näçe diýseñ bardy.
Derñewiñ geçirilişi nädogry bolany sebäpli "Türkmen Azatlygy" "işi" boýunça tussag edilip jenaýata çekilenleriñ hemmesine "...eden jenaýatlaryna laýyklykda berlen jezalaryñ hemmesi dogry" diýlip nädogry kesgitleme berilýär. W.Lebedewiñ gol çeken dokumenti derñew işleri bölüminiñ başlygy Gurgen Aýrapetowiç Mirzoýan bilen ylalaşylandan soñ respublikanyñ Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ başlygy Wasiliý Timofeýewiç Waskin tarapyndan tassyklanýar. Şeýlelik bilen ýene-de "3-lik" ençeme adamyñ täleýine garaýar.
Öñki sülçüleriñ kagyzlaryñ gatlaryna dykyp gizlän hakykatynyñ üsti açyljak bolunman, Türkmenistanyñ Howpsuzlyk Komitetiniñ galyñ diwarly tutuksy kabinetlerinde döredilen bu kesgitlemä Türküstanyñ harby okrugynyñ harby prokurory hem 1956-njy ýylyñ 18-nji maýynda gütledip möhür basypdy.
Ýene-de şol öñki düzgün dowam edýärmikä? Onuñ daşky görnüşi üýtgän bolsa-da, içki mazmuny şol öñküligine galaýdymyka? Dogrudanam, Stalin ölüp, Beriýa ýok edilenem bolsa, Hruşýowyñ döwrüniñ maýylganlygy aralaşyp SSKP-niñ XX gurultaýynda "halk serdarynyñ" şahsyýet kulty ýazgarylanam bolsa, Staliniñ emri bilen gurlan döwlet apparatynyñ mehanizmi şol öñki işleýşi ýaly işleýärdi. Henizem adamlaryñ kalbynda bu zatlar synag üçin edilen zat bolaýmasyn diýen gorky, gözlerinde şübhe, ynanmazlyk bardy. Olar köne düzgüniñ salan bu ýolundan sähel gyşaraýasalar üstlerine "çal şinelli adamyñ" kölegesi abanaýjak ýaly bolup durdy.
Töhmetleriñ, myjabatlaryñ, elhençlikleriñ adamlaryñ kalbyna basan tagmasy uzak wagtlap adamlaryñ aragatnaşygyna täsirini ýetirip, jemgyýetde şübhe we ynamsyzlyk ýaly hiç kime gerekmejek nogsanlaryñ dowam etmegine sebäp bolmagy ahmaldyr. Ýöne gurşap alan ýagdaý her hili bolanda-da, adam päk, dogruçyl, ynsaply bolmalydyr. Mydama ynsanlyk mertebesini mukaddes saklamalydyr. Emma, gynansagam, miweli baglaryñ gurçuksyz bolmaýşy ýaly, jemgyýet daragtyna ýapyşyp, oniñ içinden opuryp, jemgyýetiñ içinde bulaşyklyk döredýän adamlaram az däldi.
Men toslamalardan we töhmetlerden bina edilenn ahy-nalalar "ymaraty" barada "ylmy" iş ýazan bir adam hakda söhbet açmakçy.
1970-nji ýylyñ ýanwarynda TSSR Ylymlar akademiýasynyñ jemgyýetçilik ylmy bölüminiñ sowetinde örän gizlin ýagdaýda, örän az sanly adamyñ gatnaşmagynda Iwan Grigorýewiç Iwançenko taryh ylymlarynyñ doktorlygyna dissertasiýa gorapdy. Respublikanyñ Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ bölüm başlygy polkownik Iwançenko öz doktorlyk dissertasiýasyna: "Türkmenistanda basmaçylaryñ derbi-dagyn edilmegi (1918-1933 ýý)" diýen at beripdi.
Bu ýerse isleseñ-islemeseñ danalaryñ aýdan: "Öz samsyklygyñy ýaşyrmak üçin aýdýan zatlaryñy hiç kim eşitmez ýaly etmeli" diýen sözleri ýadyma düşýär. Onuñ doktorlyk işini okan adam köp bolmasa-da, ol işiñ köp ýerinde düýpli kemçilikleriñ bardygy barada aýdylypdy. Doktorlyk dissertasiýasy ýekeje ekzemlýardy, ýüzünde-de "Gizlin" diýen belgi bardy. Ony okamak üçin nobata duran adamlar nobatlary ýetende Ylymlar akademiýasynyñ demir gapyly birinji bölümine girip okamalydy, özem örän çalt okamalydy. Sebäbi ýokardan gyssaýardylar, dissertasiýa basymrak ak ýol açylmalydygyny aýdýardylar. Geljekki uly alymyñ işine sürpegi çykan sözler bilen öwgüli synlaryñ ýazylmagy, dissertasiýa goralan mahalynda özüni taryh ylymlarynyñ naýbaşy hasaplaýan adamlaryñ çykyş etmegi ýokardan gyssalmanyñ berýän miweleridi. Ýaş alymlar bu işiñ talaby ödäp bilmeýändigini, onuñ ylmy iş däl-de, derñew materiallarynyñ toplumydygyny aýdypdylar. Ýöne olara gulak gabardan bolmandy.
Elbetde, I.G.Iwançenko dissertasiýasyny gorapdy, ylmyñ doktory diýen diplomy jübüsine salypdy. Ol goranyndan soñ adamlaryñ kitap tekjelerindäk parasatly kitaplaryñ sany artdymy ýa-da artmady? Ony aýdyp biljek däl, ýöne onuñ jübüsine girýän puluñ sanynyñ artandygyny welin örän oñat bilýärin. Ol "taryh ylymlarynyñ doktory" bolandan soñ, häzirki wagtda aýdylyşy ýaly, ýakyndaky daşary ýurtlaryñ birine gidipdi.
Onuñ doktorlyk diplomyny alanam jähennem diýeliñ. Sebäbi durgunlyk ýyllarynda jemgyýet üçin jinnek ýaly peýda getirmeýän alymlar köp döräpdi. Bu ýerde gep Iwançenkonyñ kalbynyñ päk däldiginde. Dissertasiýasyny "gizlinlik" perdesine çolap, materiallaryñ barlagçylara elýeterli däldiginden peýdalanyp, I.G.Iwançenko akgöwünliligiñ köçesindenem geçmän, hakykaty ýoýup, taryhy faktlary äsgermezlik edip, iş ýüzünde töhmet zerarly tussag edilen päk adamlara ikinji gezek zarba urupdy.
I.G.Iwançenko 1970-nji ýylda Aşgabatda "Gizlin" belgi bilen çap edilen awtoreferatynda öz işine şeýle beha berýärdi:
"Dissertant öz işinde döwlet howpsuzlygy organlarynyñ buržuaz-milletçi elementleri syýasy we ideýa taýdan derbi-dagyn etmekde hem-de opurylyşykly işler alyp barýan iñlis razwedkalaryny paş etmekde uly rol oýnandyklaryny görkezýär. Olaryñ aýgytly hereket edip bitiren işleri şulardan ybaratdy:
1). Türkmenistanyñ çekistleriniñ 1932-nji ýylyñ tomsunda bir wagt daşary ýurda gaçyp giden görnükli türkmen milletçisi O.Wafaýewi ele salmak üçin geçiren operasiýasydy;
2). 1932-nji ýylyñ güýzünde Türkmenistan SSR-niñ territoriýasynda iñlis içalylar guramasynyñ derbi-dagyn edilip, Aşgabatda, Daşkentde we beýleki şäherlerde barýan ýerleri bolan, şol ýerde-de basmaçylaryñ baştutanlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýan 23 sany içaly tussag edildi..."[1]
Meniñ ýokarky alan bölegimde aýdylýan zatlaryñ hemmesi ýalan, sebäbi ol materiallar "Türkmen Azatlygy" guramasynyñ derñew işlerinden alnypdyr. Şular esasynda doktorlyk dissertasiýanyñ galan ýerlerine hem baha bermek bolar.
Ol "23 sany içaly "nireden tapyldyka?" diýen pikir ýüze çykýar. Asyl ol ähli atuw jezasy berlenlere hem-de "iş" boýunça lagerlerde ejir çekýänlere "içaly" diýýän eken. Eger ol dissertasiýasyny 50-nji ýyllarda goran bolsa, onda nähilem bolsa, garaz, tasa gelse gelerdi. Ýöne 70-nji ýyllarda goramak welin, galys gözçykgynjy bolýardy. Sebäbi "Türkmen Azatlygyna" gatnaşanlar" baryp-ha 1958-nji ýylda aklanypdy ahyryn. "Belki, Iwançenko bu zatlardan habarsyzdyr, şonuñ üçin hem şeýle ýalñyşlyk goýberendir?!" diýlen pikiriñ ýüze çykmagy ahmal, heý-de ony bilmezmi? Respublikanyñ Döwlet Howpsuzlygy Komitetiniñ jogapkär wezipesinde işläp, şol ýalana çykarylan materiallar esasynda dissertasiýa ýazyp, ol ýagdaýy bilmezlik asla boljak zat däl ahyryn.
"Rewolýusiýa garşy gizlin gurama gatnaşanlar", "dönüklikde hem-de içalylykda" aýyplananlar aklanandan 20 ýyl soñ ozal töhmet pidasy bolanlara ýene töhmet atylmagyna näme sebäp bolduka? Ozal agyz salnan ýerden ýene agyz urmak añsat bolany üçinmikä? Ýa-da onuñ "dissertasiýasy" täsin faktlar (toslanylyp tapylan faktlar) esasynda gurlany üçin her edip, hesip edip doktor boljak boldumyka? Megerem, ol ýalta bolany sebäpli şonuñ ýaly ýeñil işe baş goşandyr? Belki, awtor totalitar düzgüniñ toslamalarynyñ torundan henize çenli hem çykyp bilýän däldir?
Geljekde "ylymlaryñ doktory" boljak şeýle pikir ýöredýär:
"Basmaçylaryñ ýolbaşçylary bilen gös-göni ýa-da arada gezýän adam arkaly aragatnaşyk saklaýan, daşary ýurda giden O.Wafaýewiñ üsti bilen daşary ýurtdaky milletçi emigrantlaryñ merkezi hem-de iñlis razwedkasy bilen baglanyşygy bolup türkmen intelligensiýasynyñ milletçilik meýilli toparyna 1932-nko ýylda sud bolup, (Hiç hili sud bolmandy. Ol adamlaryñ kysmaty oýun-oýunjaga öwrülipdi, olara "üçlük" jeza berýardi) buržuaz-milletçilik syýasatynyñ ideýa taýdan puçdugyny aç-açan görkezipdi".
Bu aýdan zatlarynyñ ýalandygy köre hasa bolup durdy. Men Iwançenkonyñ diñe bir ylmy jemgyýetçiligi aldadyp, ylym ymaratyna çüýrük zatlary getirenine gynanman, eýsem resmi opponent bolup oñat-oñat arzuwlar eden tanymal alymlaryñ düşen ýagdaýlaryna gynanýan.
Men şular ýaly diñe öz bähbidini araýan adam haçanam bolsa bir wagt, bir adama hemaýat berip bilermikä diýip pikir edýärin. Emma kanagatlanarly jogap tapyp bilemok. Eger ol tussag edilen bigünä adamlary aklamak üçin iş alyp baran bolsa, onda onuñ adamçylyk mertebesine laýyk iş etdigi bolardy. Gynansagam, ol zatlar örän uzakdady. M.Gorkiniñ "Gerek wagty gelmedik pikirlerinde" adamlara pikirlenmek öwredilmän, ýigrenmek öwredilipdir diýen pikiri jaýdar aýdylan zat bolmagam ahmal. Iwançenko hem onlarça ýyllaryñ dowamynda diñe ýigrenmek bilen iş salşyp ýörensoñ, belki, şondan başga zat bilýän däldir?...
Türkmen halky göwni açyk, geçirimli, göwnünde kine saklamaýan halk. Ýöne kalby päk bolmadyk käbir adamlar ol geçirimlilige başga hili düşünýärler. Başga ýerde ýüz tapmansoñ, bu ýere gelip ýaýnap ýörmeli diýip hasap edýärler. Iwançenko hem şeýle pikir edýän adamlaryñ biridi. Ol bu ýerden gidenine laýyk 25 ýyl bolandan soñ ýene dolanyp gelip, öñki haýyr tapan ýerinde joñkardy. Aradan köp wagt geçmänkä DHK-nyñ "gizlin" materiallary esasynda ýazan "Türkmen Azatlygy - gussaly toslamanyñ soñy"[2] diýen makalasyny çap etdi. Ol makalada "1932-nji ýylda rewolýusiýa garşy gurama gatnaşanlar" barada gürrüñ berilmän, Içeri Işler Halk Komissarlygynyñ organ işgärleriniñ "Türkmen Azatlygy" ady bilen 1937-nji ýylda toslap tapan zatlary barada gürrüñ berilýärdi.
I.W.Iwançenko 1992-nji ýylyñ ýanwar aýynda "Türkmen intelligensiýasy we milletçilik"[3] diýen ikinji makalasyny çap etdi. Bu makalada awtor esasan E.H.Berdiýewi hem-de onuñ ogullary Kakajan bilen Bekkini, S.Öwezbaýewi, B.Kerbabaýewi, A.Orazowy, O.Wafaýewi, O.Şamyradowy, S.Hojamberdiýewi, ýene-de başga birnäçelero milletçilik, pantürkçülik (pantürkizm) hem-de panyslamçylyk (panislamizm) ideýasyna uýup, şol ideýany hem ýaýradýanlar hasap edýärdi. Awtor türkmen intelligensiýasynyñ bir toparyna şeýle baha berenden soñ, 1932-nji ýylda başlan "Türkmen Azatlygy" baradaky toslama barada hem aýdarmyka diýýärsiñ welin, asyl ol hakda bigünä adamyñ başyna ahyrzaman inderipdi. Ol bolsa adamlaryñ başyna düşen musallat barada aýtman, derñew işleriniñ materiallaryny çöwrüp görkezeni bilen iş bitdi hasap edýärdi.
Onuñ beýle üýtgewsiz ýagdaýda bolmagynyñ sebäbi nämekä? Bilgeşleýin şeýle edýärmikä ýa-da tutanýerli boljak bolýarmyka? Her bir hadysa barada öz hususy pikiriń bolmagy, ol pikirem hakykata daýanýan pikir bolsa, ol elbetde, alym üçin örän oñat zat. Ýöne ol pikir hakykatyñ garşysyn gidýän kejirlik bolsa welin, onda oña nähili baha berse bolarka!
Dogrymy aýtsam, awtoryñ maksadynyñ nämedigine düşünesim gelýärdi. Awtoryñ özüni beýle alyp barmagynyñ birnäçe sebäbi bolmagy ahmal. Onuñ bir sebäbi: biziñ jemgyýetimizde diñe öz bähbidini araýan dar düşünjeli adamlar bar, olar hakykatyñ üstüni açmagy bokurdagynda pyçak goýlan biken des-deñ görýärler. Olaryñ geçmişi dörjeläsi gelenok, olar geçeni geçdi bilýärler, geçmişde ýalñyşlygam, ýaramazlygam bolan bolsa, ol zatlaryñ hemmesi özümiziñki, indi şol hapalary öýden çykaryp zyñaýmaly diýip pikir edýärler. Sebäbi olaryñ kalbynda geçmişiñ otly tagmasynyñ yzy ýokdy. Belki, Iwançenko hem şol adamlaryñ hataryndadyr. Onuñ beýleki sebäbi bolsa, megerem, Iwançenko, goýberen ýalñyşlaryny boýnuna almajak bolup şeýle edýändir. Eger boýnuna alsa, onda onuñ eden ähli işi göz-görtele puja çykýardy. Sebäbi onuñ emri bilen "iñlis içalysy" bolan 23 türkmen intelligentleri ~ Berdiýewler, Öwezbaýew, Böriýew, Kerbabaýew we ýene-ýeneler ölenlerindem soñam içalylykdan saplanyp bilenokdylar.
Makalalaryñ awtory wagtal-wagtal Türkmenistana gelip, onuñ taryh ylmyna goşant goşýaryn diýip hyýal ýöretmegi hiç bir galypa gelýän zat däldi. Ýöne makalalar bilen çykyş edip, döwrebap hereket etmäge ymtylmagy welin erbet däl. Halk arasynda: "Eden günäñe ökünmän, olaryñ üstüne gum sürmek ~ dowzaha ýol arçamakdyr" diýen söz bardyr. Megerem, Iwançenkonyñ kalby ýalana, töhmede eý bolansoñ, onuñ kalbynda hakykata orun galan däldir. Belki, ol ömür boýy adamlary aýyplap ýörensoñ, galan ömri hem şeýle bolmalydyr öýdýändir.
Makalalaryñ "mertebesi" barada söhbet açylanda, ol makalalaryñ gurluşy, beýan ediliş usuly, 30-njy ýyllarda ýazylan makalalara meñzeýärdi. Beýan edilýän wakalaryñ wagty, ol wakalary gurşap alan ýagdaýlar üýtgedilýärdi. Makalalarda beýan edilýän wakalara äsgermezlik äheñinde garalýandygy duýduryp durýardy. Olardan başga-da awtor uzak ýyllaryñ dowamynda adamlary biri-birine öjükdirme bilen iş salşany sebäpli bolsa gerek, makalalarda hem bir topary beýleki toparyñ garşysyna goýmak ýaly hyýanat meýilleri bardy. Awtor öz makalalarynda "pantürkçülik, panyslamçylyk ideýalaryba sarpa goýýan" türkmen intelligentlerini ýazgarýardy. Edil yz ýanyndan bolsa: "pantürkçülik, panyslamçylyk ideýalary, daşyndan göräýmäge, özüne çekiji ýaly bolup görünse-de, türkmen halkynyñ arasynda goldaw tapmady" diýýärdi. Diýmek, türkmen intelligentleri halk köpçüliginiñ halamaýan, oñlamaýan zadyny edýär eken-dä.
Haý, görgüsi ýaman intelligentler! Ýene olar günäkär. Asyl ähli bela-beteriñ döremegine şolar sebäp bolýar eken-dä, olar halkyñ halamaýan zatlaryny etdirjek bolýarmyşlar, keseden gelnip olaryñ öñi alynmadyk bolsa, nähili ýykgynçylyk etjekdiklerini Alla bilsin...
30-njy ýyllarda-da, öñem türkmen intelligentleri öz halkynyñ garşysyna goýulýardy. Her edip, hesip edip halky olaryñ garşysyna öjükdirjek bolýardylar. Eger intelligentleri çetleşdirip bolsa, sada halky nogtalamagyñ kyn däldigini olar oñat bilýärdiler. "Possunlyny ursañ, ýalañaç gorkar" diýipdirler. Şol sebäpli hem uzak ýyllaryñ dowamynda possunly hasap edilýän intelligentleriñ üstünden mydama taýak inderildi durdy, inderildi durdy....
______________________________________
[1] I.G.Iwançenko "Разгром басмачества а Туркменистане /1918-1933 гг./" Taryh ylymlarynyñ doktorlygy üçin hödürlenen awtoreferat, Aşgabat, TSSR YA, 1970 ý, sah 53;
[2] TSSR YA-nyñ Habary. Gumanitar ylymlaryñ seriýasy, N"2. 1990 ý, sah 23-36;
[3] TSSR YA. Gumanitar ylymlaryñ seriýasy N"1. 1992 ý, sah 16-17.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 63 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
Sag boluñ ÿetireniñize

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]