20:33
Syrly toslamalaryñ pidalary: IIHK-niñ diwarynyñ daşynda nämeler bolýar?
▶ 20: IIHK-NIÑ DIWARYNYÑ DAŞYNDA NÄMELER BOLÝAR?

Nurýagdyýewiñ "işiniñ "halk duşmany" Aýtakow bilen baglanyşykly bolany sebäpli bu ugurda şowsuzlyk bolaýsa başyndan sypalmajagyny bilýän W.N.Pankowyñ aýagy bişen towuk ýaly bir ýerde durmaga takaty ýetmeýärdi. Sebäbi ol Aşgabatda Içeri Işler Halk Komissarlygynyñ diwarynyñ daşynda nähili işleriñ bolýandygyndan habarlydy. Ol ýerde Halk Komissarlygynyñ uly işgärleriniñ polat ýaly berk kelleleri togalanýarka, onuñ kädi ýaly kellesi nämejikdi. Pankowyñ ynjalyk tapmaýandygynyñ sebäbi Moskwadan iberilen Halk Komissary Ý.L.Zwerew ägäligi elden berip, bir säwlik goýberipdi. Ýulian Lwowiç Zwerewiñ çekistleriñ respublikan ýygnagynda respublikada rewolýusiýa garşy hereket edýän milli guramanyñ bardygy hem-de ol gurama garşy nähili işler alnyp barylmalydygy barada apparat işgärleriniñ taýýarlan iş planlaryny ýañsa alyp aýdan zatlaryny Pankow hut öz gulagy bilen eşidipdi. Diýmek, hut Zwerewiñ özi toslanylyp tapylan "TA" guramasy barada aýdylýan zatlaryñ, getirilýän delilleriñ örän ýöntemdigine göz ýetiren bolmaly.
Ýöne aradan köp wagt geçmänkä Halk Komissary islese-islemese öz pikirini üýtgetmeli boldy. N.Aýtakow, O.Täçnazarow, K.Sähedow dagy tussag edilenden soñ bolsa aç-açan çykyş edip, guramalar we "halk duşmanlary" barada ilki günlerde eden pikiriniñ üstüne gum sürenem bolsa, öñki goýberen ýalñyşlygyny düzetmäge ýetişmändi...
Zwerewiñ töweregini gurşan, oña ýakyn adamlar onuñ zenanlary özüne tabyn etmek üçin her hili elhenç usullary ulanmakdan gaýtmaýandygyny bilýärdiler. Sebäbi ol zenanlardan, esasanam owadan ýaş zenanlardan özi sorag edýärdi. Elbetde, Staliniñ iberen halk komissaryna zenanlary gynamakdan, kemsitmekden lezzet alypdyr diýmek gelşikli bolmasa-da, onuñ ekiz uýalara sorag eden wagty gusarlaryñ nähili usulda çakyr içýändigini görkezendigi-hä bolan zat.
Zwerew hem-de hem-de onuñ gol astynda işleýän adamlar şol döwrüñ adamlary bolupdyrlar. Olar şol döwrüñ talabynyñ çäginden çykyp bilmändirler.
Zwerew Mary oblastynda bolan ýygnakda operatiw işgärlere tussag edilen adamlaryñ "günälerini" boýnuna goýmak üçin her hili usullary, hatda adamlary gynamak usulyny hem ulanmalydygyny aç-açan aýdypdy. Halk komissarynyñ kanuna garşy gelýän çagyryşy bilen ylalaşmadyk ýaş çekist Bäşim Jumaýew: "Beýle etmek rewolýusion kanunçylygy bozmak bolmaýarmy? Ol Sowet Konstitusiýasyndaky adam şahsynyñ eldegrilmesizdigi baradaky düzgüni bozmak bolýar ahyryn!" diýip garşylyk görkezipdi.
Ýygnaga gelen adamlar duran-duran ýerinde doñup galypdy, häzir Jumaýewi duran ýerinde gapjarlar diýip pikir edipdiler. Emma Zwerew ýaş ýigide otlukly nazaryny dikip, soñam parahat äheñde: "Tussag edilenleriñ garşysyna güýç ulanmaga ygtyýar beren adamlaram Konstitusiýanyñ şol maddasyny sizçe bilýändir" diýip jogap beripdi.
Eger başga bir Halk komissary bolan bolsa, ol aýdylan sözleriñ B.Jumaýewiñ başyna ýetjekdigi ikuçly däldi, ýöne liberallygy bilen tapawutlanýan Ýulian Lwowiç özüniñ tejribesiz ýaş işgärine temmi bermekden saklandy. Belkem, onuñ kalbynyñ töründäki duýgular B.Jumaýewiñ aýdanlary bilen ylalaşan bolmagam ahmaldyr. Ýöne welin şonuñ ýaly ujypsyzja adamkärçilik etmegi hem onuñ geljekki kysmatyna hasrat tagmasyny basyp bilipdi.
1937-nji ýylda ol Halk komissary wezipesinden boşadylyp Moskwa çagyrylypdy. Şol ýerde-de oña: "rewolýusiýa garşy hereket edýän milli gurama garşy alnyp barylýan göreşe sowuk-sala garap, onuñ bökdenmegine sebäp boldy"[1] diýlen aýyp ýüklenilip tussag edilýär. Bu ýüklenen aýyp hem onuñ atylyp öldürilmegi üçin ýeterlik delil bolýar.
Keramatly orun boş durmaýar. Halk komissary bolup latyş atyjylyk polkunda gulluk eden goja bolşewik O.Ý.Nodew gelýär. Döwlet howpsuzlygyñ öñko jogapkär işgäri I.G.Iwançenkonyñ aýtmagyna görä, ol bu wezipä gelenden soñ apparatyñ ikiýüzli hilegär işgärleri "rewolýusiýa garşy hereket edýän gizlin guramany" yzarlamagyñ "ilkinji öwrümi" işe başlaýar. Operasiýa harby bilimiñ kada-kanunlaryna laýyklykda alnyp barylýar. "TA"-nyñ filialynyñ "ýerleşýän ýerleri" diýlip bellik edilen ýerlere operatiw derñew toparlary düşürilip, ozaldan taýýarlanan spisoklar boýunça köne kulaklary, söwdagärleri hem-de sowetlere garşy agitasiýa işlerini alyp barýan adamlary tussag edýärdiler. Spisokda edilen bellikler esasynda tussag edilenleriñ birnäçesi atuwa, birnäçesi bolsa ýöne türmä basylmaga degişlidiler. Raýonlarda, söweş gidýän meýdanlarda geçirilýän operasiýanyñ barşy barada häli-şindi maglumat berlip durulýardy.[2]
Oswold Ýakowlewiç Nodew öñki Halk komissary ýaly işgärlerini gowşak tutanokdy, ol işgärlerini gysyp-gowrup barýardy. Ol: "Her bir derñew materialynyñ delilleri we subutnama daýançlary güýçli bolmalydyr, eger şeýle bolmasa, men siziñ özüñizi ataryn" diýip, işgärlerinden talap edýärdi. Edilýän bu talap her bir tussag edilene ýöñkelýän günäbi onuñ boýun almagyny gazanmaly diýdigi dälmi? Eger ol ony başarmasa, onda...
Derñew işlerini alyp barýanlaryñ Pankow ýaly başlyklaryñ beren görkezmesiniñ iki manysynyñ bardygyna düýbünden üns bermän, edil eñaşakdan eñen ýaly diýseñ yhlaslylyk bilen iş görüp başladylar. Olar ýetmez bolanyndan öte geçilse kem bolmaz diýen pikire gulluk etdiler. Olar halkyñ arasynda: "Duzy kemter nahary duzlasa bolar, gorabany kim iýsin" diýlip aýdylýan parasatly sözi ýatlamadylar. Olar öz eden gorabalaryny hennege taşlamadylar, ol gorabalary hiç hili günäsi bolmadyk adamlaryb bokurdaklaryna dykyp başladylar. Ol gorabalar diñe bir sada adamlaryñ bokurdagyna dykylman, eýsem birnäçe çekistiñ hem bokurdagyna dykylypdy. Türkmenleriñ: "Ýakma - bişersiñ, gazma - düşersiñ" diýen nakyly gep owadanlamak üçin aýdylan däldir ahyryn.
Aradan köp wagt geçmänkä Nodew hem wezipesinden boşadylyp, Merkeze çagyrylýar. Onuñ ýerine bolsa S.F.Monakowy iberipdiler. Ol hem özünden öñki geçen Halk komissarlary ýaly tutha-tutluk çarhyny täze güýç bilen aýlamaga başlady. Ýöne ol hem öz ornuny jellatlyk hünäriniñ ussady bolan T.M.Borşewe berýär. Gepiñ tümmek ýeri, Moskwa Respublikanyñ komissarlaryny syganlaryn gamçylaryny çalşyşyndan hem çalasyn çalyşýardy.
Edýän hereketleri Staliniñ göwnüne makul bolmandygy üçin demir penjeli Halk komissary Ýežow wezipesinden boşadylandan soñ Aşgabada gelen Timofeý Mihaýlowiç gelen gününden başlap, öñki tutha-tutluklarda seýreklän türkmen intelligensiýasyny, işçilerini, daýhanlaryny, çarwadarlaryny pürreläp başlapdy.
Ozal sowet operatiw organlarynda işlän, häzir bolsa Baýramaly şäherinde ýaşaýan Bäşim Jumaýew Borşew döwründe bolan wakalar barada şeýle gürrüñ berýär:
"Ol gelenden soñ tutha-tutluk öñküleriñ hem çeni bolmady. Onuñ düzen "Üçlügi" hökümlere gol çekip ölüm jezasy berlenleri atybam ýetişip bilmeýärdiler. Şol döwürlerde hiç bir günäsi bolmadyk meniñ doganym Gurban Çommany hem "Milletçilikde hem-de kulaklara kömek bermekde"[3] aýyplap atypdylar. Borşew hem-de onuñ ýant bilen gelen ganojaklar ysyrganyşyp IIHK-niñ sistemasynda işleýän ýerli ilatdan bolan 30-35 çekistiñ arasyndan "rewolýusiýa garşy duşmanlary" erjellik bilen agtarýardylar. Täze gelen zalym Halk komissary Beriýanyñ gol astynda Kawkazda işländigi, onuñ bilen dostdugy barada mahabatly gürrüñ berýärdi. Şol işlerden soñ bolsa biziñ Türkmenistanymyzda Halk komissary edilip iberilipdir".[4]
Iñ elhenç zadam Borşewiñ göwnüne päk adamlar "halk duşmanlary" ýaly bolup görünýärdi. Ýagdaý şeýle bolansoñ hut Halk Komissarlygynyñ apparatynda, onuñ ýerlerdäki bölümlerinde, uprawleniýelerinde birek-biregi yzarlamak, birek-biregi ýamanlamak, birek-birege töhmet atmak, şugyulçylyk etmek ýaly elhenç düzgün höküm sürüp, ol dowzaha öwrülipdi. Sähel zat üçin çekistlere-de jeza berilýärdi: eger bir adam başlyklarynyñ aýdany bilen ylalaşmasa, öñki dowam edip gelýän ýörelgä öz pikirini goşjak bolsa, dost-ýary bilen bir bulgur çakyr içse, hatda öz kärdeşi bilen oturyşyk etse hem jeza berilýärdi. Umuman, birek-birege gezelip duran zalymlyk hanjary höküm sürýärdi.
Ilki Halk Komissary bilen soñra bolsa assyrynlym bilen çekistleriñ gözegçilik edýän TSSR-iñ IIHK-niñ inspektory Iwanow raýona baranda onuñ bilen gürrüñ eden Kerkiniñ IIHK-niñ raýon bölüminiñ başlygy Töre Geldiýew öz janyna kast edipdi. Onuñ kakasy Jumageldi Gyzylarbatda ýönekeý işçi bolsa-da, oña "sosial gelip çykyşyny ýaşyran" diýip bir aýyby, "sosial taýdan ýat element" diýip iki aýyby, "Milletçi, Owganystan bilen baglanyşyk saklaýan içaly"[5] diýip üç aýyby boýnuna ýükläpdirler. Ýaş çekist Mämmedowa respublikada köpçülikleýin tussag edilmeginiñ dogrudygyna müñkürlik edendigi üçin "sowetlere garşy gürrüñ ýaýradýar" diýen aýyp ýüklenilip atuw jezasyny beripdiler. IIHK-niñ Mary oblast uprawleniýesiniñ başlygynyñ orunbasary Ýakubowa üç gije-gündiziñ dowamynda sorag edip, atylýan şyltaklaryñ birinem onuñ boýnuna ýükläp bilmeselerem atuw jezasyny beripdiler.
Adamlara ýüklenilýän aýyplaryñ hemmesi, hatda çekistleriñ biri-birine ýükleýän aýyplaram ýalan maglumatlar esasynda oýlanylyp tapylan töhmetlerdi.
Bir gezek B.Jumaýew bir säwlik bilen Borşewiñ Moskwa, SSSR IIHK-ne çekistler Döwlet Ryzaýewiñ, Sylap Gönibekowyñ, Garaja Kulyýewiñ, ýene-de birnäçe türkmenlerin "milletçilik guramasy bilen arabaglanyşygynyñ" bardygyna hem-de TSSR-iñ IIHK-niñ esasy işleri alyp barýan bölüminiñ başlygy O.O.Şyhmyradowyñ faşistik Germaniýanyñ harby razwedkasy "abwere degişlidigini" güman edýändigi üçin olary tussag etmäge rugsat sorap ýazan hatyny okapdy.
Ýöne bu zatlaryñ hemmesiniñ IIHK-niñ işgärleriniñ takyr ýerde töhmet erşinden gurýan hile duzagydygyby durmuş görkezdi.
IIHK-niñ Gyzyletrek raýon bölüminiñ başlygy Pankow görkezmeler, düşündirişler almak üçin häli-şindi Aşgabada gelip duransoñ, bu ýerde IIHK-niñ işgärleriniñ galyñ diwarlt alagarañky jaýlarynyñ içinde oturyp, awyny tutmak üçin kerep örýän möý ýaly assyrynluk bilen alyp barýan işlerinden habarly bolmalydy. Sebäbi ol Gyzyletrekde alyp barýan işlerinde duzuny kemter edeninden, goraba edenini kem görenokdy.

______________________________________
[1] Türkmenistan SSR-niñ Ylymlar akademiýasynyñ habarlary. Gumanitar ylymlaryñ seriýasy N"2, 1990 ý. sah 31-32. Ý.L.Zwerew 1957-nji ýylda aklanýar. Ol hem şol ýerde;
[2] Türkmenistan SSR-niñ Ylymlar akademiýasynyñ Habarlary. Gumanitar Ylymlaryñ seriýasy N"2, 1990 ý. sah 22;
[3] Ol gelenden soñ ýakyn wagtda Jumaýew IIHK-niñ organyndan boşadylypdy. Jumaýew örän erjellik bilen G.Çommanyñ aklanmagyny gazanypdy. Jumaýew zorluk bilen işden çykarylandan soñ Ýolöteniñ, Marynyñ partiýa organlarynda işläpdi. Uruş ýyllarynda bolsa "Смерш" kontrrazwedka organynda gulluk edipdi. Ol Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan, görkezen hyzmatlary üçin sylaglar berlen.
[4] Bäşim Jumaýewiñ ýatlamasyndan 1993-nji ýylyñ aprelinde ýazyp alypdym;
[5] T.Geldiýewe ýöñkelen aýyplaryñ biri hem tassyk bolmandyr. Ýagdaý şeýle bolsa-da Geldiýew "Jenaýatçylar bilen aragatnaşyk" saklandygy üçin jogapkärçilik çekmekden gorkandygy sebäpli öz janyna kast etdi diýip, Halk komissariatynyñ buýruk çykarmagyna päsgel berip bilmändir.
Töre Geldiýew ilkinji Magaryf Halk komissary, soñra TSSR-iñ Halk Komissariatynyñ orunbasary, SSSR-iñ hem-de TSSR-iñ Ýokary Sowetiniñ deputaty. Ol Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Aýytguly Geldiýewiñ agasy bolmaly.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]