13:29
Syrly toslamalaryñ pidalary: Hakykatyñ çarkandakly ýollary
▶ 10: HAKYKATYŇ ÇARKANDAKLY ÝOLLARY

30-njy hem-de 40-njy ejirli, endişeli vyllarda millionlarca adamlar heläk bolupdyrlar. Ikinji jahan urşunyň ganly gylyjy ýene-de millionlarça, millionlarça adamlaryň ömür tanapyny kesipdi. Ýöne şondan soňam agzyny açyp duran ajal maşyny işlemesini bes edipdi. Türmeleriň we lagerleriň mekany bolan sowetler ýurdunda ol maşynyň iýmiti ýetirilýärdi.
Stalin öldi. Ganhor Beriýa bilen onuň ýaranlary atylyp öldürildi. Şol wagta çenli durman işlän ajal maşynynyň käbir şaýlary döwüleninden soň ol işlemesini togtatdy. Adamlaryň, esasanam millionlarça adamlaryň ýüzlerine mylaýym şemal çaldy... Ýöne ol şemal näçe wagtlap çalarka?
Tussagdakylaryň üstüne abanyp duran peleňiň penjeleriniň neşter ýaly dyrnaklary içine ýygnanan ýaly bolsa-da, henizem türmelere maşyn-maşyn tussag eltilip, emma türmeden setanda-seýranda çykýanlar darajyk gapydan ýeke-ýekeden goýberilýärdi. Ol barada halkyň arasynda: girelgesi giň, çykalgasy dar, diýen matal görnüşli gürrüň hem ýaýrapdy.
Henizem türmeleriň, lagerleriň içindäki tussaglaryň sany kemelenokdy, henizem döwletde hemmeleriň uýmaly bir pikiri häkimlik sürýärdi, henizem, býurokratlary, beýge ýaranjaň, pese gaharjaň ýalançy-ýarlykçylary guzlap duran düzgün dowam edýärdi, henizem million-million adamlar uly gaýratlylyk görkezip, röwşen geljege ynanýardylar. Arzuw-umyt diýilýän zat adamyň göwresinden iň soňundan çykýarmyş diýlip dogry aýdylypdyr.
Ýöne türmeler, lagerler tussaglardan doly bolsa-da, onuň berk tutulan teýi çat açyp ugrapdy. Moskwa hem-de soýuz respublikalaryň merkezlerine özleriniň nädogry tussag edilendiklerine deliller getirip getirip, aklanmaklaryny haýyş edip ýazylýan hatlaryň sany-sajagy ýokdy, ol merkezleriň köçelerine düşek bolmaga ýetjekdi.
Şol mahallar Şewki Bektöre hem özüniň “Türkmen Azatlygy” guramasy bilen baglanyşykda nädogry tussag edilendigini, tussaglykda näsaglykda näsaglyga uçrap maýyp bolandygyny, indi SSSR-ň çäginden çykarylyp öz dogan-garyndaşlaryna gowuşmaga rugsat berilmegini haýyş edýärdi. Onuň bu haty ýazmagyna türkleriň Moskwadaky wekilhanasynyň hem täsiri ýeten bolmalydy, sebäbi olar ony otuzynjy ýyllarda-da bir gezek idäpdiler.
1955-nji ýylyň aprel aýynda Türküstan harby okrugynyň prokurory Türkmenistan SSR-niň ministrler sowetiniň ýanyndaky Döwlet howpsuzlygy Komitetiniň başlygy W.T.Waskine 35-leriň işlerini (Baba Ilmyradow bilen Abdylla Hojamberdiýewiň işlerini barlamak gerek däldi, sebäbi olar ýöňkelen aýyplary boýunlaryna almandylar) barlamagyň derwaýys gerekdigi barada hat ýazypdy. Bu işleri barlamak tabşyrylan adamlar, elbetde, hakykaty ýüze çykarmak üçin aýyp ýüklenýänler we şaýatlaryň ençemeleri bilen ýüzbe-ýüz bolmalydylar. Sebäbi bu işler başlananda örän giň gerimde başlanypdy. Ol örän köp wakalary içine alýardy. Täzeden barlag geçirilmeli işler şu aşakdakylardan ybaratdy.
Kasym Işanow bilen Amangeldi Begjanow tussag edilenlerinden soň işleriniň derňelýän döwründe, sorag edilýän mahalynda ulanylýan usullara hem-de türmäniň şertlerine çydam edip bilmän 1932-nji ýylyň iýun aýynda şol ýerde amanatlaryny tabşyrylmaly bolupdylar. [1]
Tussaglaryň saglyk ýagdaýyny bilmek üçin döredilen komissiýanyň aýtmagyna görä, tussag edilenleriň arasynda diňe bir adamyň jan saglygy gowy eken. Galanlary inçekeseliň, gyzdyrmanyň, içegä baş çykmak keseliniň we başga birnäçe keselleriň ejirini çekýän ekenler. Gepiň gerdişine aýtsak, bu komissiýa hem haýyr-sogap işini etmek üçin geçirilmän, eýsem köp sanly adamyň jan saglygynyň ýaramazdygy barada şikaýat edip hat ýazandygy hem-de birnäçe adamyň saglygy ýaramaz bolanlygy sebäpli berilýän sowallara jogap bermäge gurbatynyň ýoklugy üçin derňew işini dowam etdirmekden boýun towlaýardylar. Ýagdaý şeýle bolansoň, derňew işini alyp barýanlar sorag edýän adamlarynyň keselhana baryp biljekdiklerine ynamlary bolmansoň olary komissiýadan geçirmeli bolupdylar.
Şu ýagdaý bilen baglanyşygy bolan bir dokumente üns bereliň. 1932-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Daşkendiň harby gospitaly Orta Aziýa Harby okrugynyň aýratyn bölüminiň naçalniginiň adyna hat iberilýär. Ol hatda: “Tussag edilen Garaja Burunowyň keselhanada ýatandygyny habar berýärin. Onuň boýnunyň altynjy oňurgasy döwlüpdir, munuň bolsa bil oňurgasynyň ýiligine agram salýandygy anyklandy (el-aýagyň ysmazlygy). Boýun oňurgasyny ýokary dartmak çäreleri geçirilip başlanandan soň, onuň ýagdaýy az-kem oňatlaşdy, ýöne wraçlar onuň doly sagaljagyna güwä geçip bilenoklar. Geljekde onuň oňurga ýiliginiň işleýşi öňküsi ýaly bolup bilmeli däl. Onuň psihiki ýagdaýy barada aýdanymyzda, psihikasyna şikest ýeten adamlarda bolşy ýaly, ol wagtal-wagtal samraýardy. Häzirki wagtda ol samramakdan, manysyz sözler aýtmakdan saplandy..., ol özüniň aňyny ýitirip, biderek zatlary samraýandygyny boýun alasy gelenok. Onuň saglyk ýagdaýy stasionar bejerilişiň dowam edilmegine mätäçlik edýär...”
Dünýäde iň adamkärçilikli hünäriň eýesi bolan wraçlar birden garaşylmaýan netijä gelýärler. Olar: “Häzirki ýagdaýynda näsag G.Burunowdan sorag etmek mümkinçiligi bar” [2] diýip kesgitleme berýärler.
Derňew işleri alnyp barylýan döwürde kanunyň häli-şindi bozulýandygyna güwä geçýän faktlar näçe diýseň bardy. Iň bärkisi, aýyp ýöňkelýän adamlar soraga geterilende, entek olara ýöňkelýän aýyplar olaryň boýnuna goýulmadyk hem bolsa, olar tussag hökmünde sakçylaryň öňüne salnyp getirilýärdi, ýeri, bu bolýar-da diýseň, hatda olaryň şaýatlary hem edil şolar ýaly tussag hökümnde getirilýärdi.
Aýyp ýöňkelýän adamlar bilen derňew işeri geçirilen mahalynda we başga ýerlerde kanunyň göz-görtele bozulyp durulmagynyň öňüni almak üçin iş alyp barmak Döwlet Howpsuzlygy Komitetiniň uly derňewçisi maýor W.S.Lebedewe tabşyrylypdy. Gepiň tümmek ýeri, boýunlaryna jenaýat halkasy zorluk bilen geýdirilen we geýdiriljek bolunýan adamlaryň kysmaty ýene-de şol öňki organlaryň ellerindedi. Ozal olary tutanam, derňew işlerini geçirenem, olaryň tussaglykda bolmaly möhletini kesgitlänem, olar bu ýagty dünýäde ýaşamalymy ýa-da ýaşamaly dälmi diýen meseläni çözenem şolaryň özleridi. Ähli erk şolaryň elindedi, diýmek, şol köne düzgün dowam edýärdi.
Krasnoýarsk ülkesine sürgün edilen Şewki Bektöreden şol ýerde sorag edilipdi. Ol ýerde edilen soragda onuň berýän jogaplary öňkülere meňzeş däldi, onda aç-açanlyk bardy.
Daşkent oblastynyň sowhozlarynyň birine sürgün edilen Bekki Berdiýew ol ýerde sorag edilen mahalynda öňki beren maglumatlarynyň dogrudygyny tassyk edipdi. Bekki Berdiýew bu ýerlere düşmezinden öň ençeme ejirli ýollary geçipdi. Tussag edilip on ýyl kesileninden soň ol Komi ASSR-yndaky lagere eltilipdi, lagerde hem oňa ýene üç ýyl ýüklenipdi. O ýüklenen töhmet ýüklerini tä 1945-nji ýylyň noýabr aýyna çenli göterip, ahyryn hem ol ýükleriň aşagyndan çykypdy. Ýöne ol uzak dowam etmändi. Komi ASSR-nyň döwlet howpsuzlyk ministrligi Bekki Berdiýew barada: “Lagerde tussaglykda bolan mahalynda-da onuň sowetlere garşy guramalar bilen baglanyşygynyň barlygy hakda hiç hili maglumat ýok” diýip, kesgitleme berenem bolsa, SSSR döwlet howpsuzlygy ministrliginiň ýanynda 1951-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda geçirilen ýygnakda: “Sowet döwletine garşy milli gurama gatnaşandygy üçin Komi ASSR-na sürgün edip şol ýeriň içeri işler ministrliginiň organlarynyň gözegçilik etmegine tabşyrmaly” [3] diýlip karar kabul edilipdi. Onsoň ony Komi ASSR-nyň Uhtin raýonyna sürgün edipdiler. Ol ýerden bolsa, özbegistanyň Ak Kurgan raýonynyň 16-njy sowhozyna geçirilipdi.
Onuň dogany Bapby Berdiýew ençeme türmeleri we sürgün edilmeleri başyndan geçirip, özüniň işine täzeden garalmagyna ýetişmän 1953-nji ýylda, altmyş ýaşynyň içinde Tejende agyr inçekesel zerarly duýdansyz aradan çykypdy. Gazak obasynda duldegşir goňşulary hem ýaşyna garanda has garry görünýän, ýaşaýan ýerine ýazgysy bolmadyk bu ölen adamyň kimdigini bilenokdylar. Onuň hakykatdanam, kimdigi milisiýa organynyň, şaýatlaryň we aýalynyň üsti bilen anyklanypdy. Sebäbi Bapby Berdiýew henize çenli hem gözasty tussag hökmünde saklanýardy. Göz astynda saklanýan adam öleninde hökmany suratda dokumentleşdirilmelidi.
Respublikanyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy G.S.Atabaýewiň hususy sekretary Meretdurdy Nagdowdan hem sorag edlipdi. Ol tussaglyk möhletini türmede geçirip gelenden soň Tejen şäherinde ýaşaýardy. Watançylyk urşunda onuň iki ogly gurban bolupdy, bir ogly gwardiýa starşinasy Annameret Stalingrad söweşinde wepat bolupdy, ikinji ogly kapitan Myratdurdy Kawkaz üçin alnyp barlan söweşde gurban bolupdy. Meretdurdy Nagdowyň “günäsi” onuň meşhur Gönibekowlaryň neslinden bolmagy hem-de Eziz hanyň terjimeçisi bolup işlemegidi. Onsoňam onuň tussag edilmegi G.Atabaýewiň abraýyna şikest ýetirilmegi üçin hem edilen bolmagy ahmaldy. Sebäbi geljekde G.Atabaýewi şeýle adamy ýokary wezipä çekmekde aýyplamak boljakdy. Türkmenistan SSR-niň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygynyň orunbasary Begjan Nazarowyň tussag edilmegi hem edil şonuň ýalydy. Ol, hamana diýersiň, Jüneýit hanyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen bolşewikleriň ynamyna giren adammyşyn. Soňundan bolsa Türkmenistan SSR-niň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy Nedirbaý Aýtakowyň “Halk duşmanyny” penalap goltugynda saklandygy, özüniň hem şolar bilen pikirdeş adamdygy barada aýtmak boljakdy.
Bu ikisiniň tussag edilmegi indiki edilmeli jenaýatçylykly işlere arçalýan ýoldy. Tutha-tutlugyň aşyrym-aşyrym gelip duran nobatdaky tolkunynda G.Atabaýew bilen N.Aýtakowa sowetlere garşy göreş alyp barýan “Türkmen Azatlygy” guramanyň ýolbaşçylary we ruhlandyryjylary diýen akla sygmajak elhenç aýyplar ýüklenipdi.
M.Nagdow bilen B.Nazarowyň boýunlaryna jenaýatyň agyr halkalary atyljak bolup durlan mahalynda olara sowet appartynda işläp, iňlisleriň razwedkasyna gerek bolan materiallary toplamakda özleriniň gulluk wezipelerine daýanandyklary[4] barada hem aýyplar ýöňkelýärdi.
Ozal “Азияхлеб”-de instruktor bolup işlän Allanur Ryzaýew Özbegistandaky “Pahta Aral” diýen lagerde tussag bolup üç ýyl ýatyp ýatmanka aradan çykypdy. Tejeniň Babadaýhan obasynda daýhan maşgalasynda kemala gelen bu adam hem derňew alyp barýanlaryň emri bilen “rewolýusiýa garşy göreşýän türkmen miletçileriniň” hataryna goşulyp, on ýyllyk möhletde türmä basylypdy. Oňa beýle aýybyň ýüklenmegine belki, onuň Eziz hanyň attutary bolup gulluk edenligi hem sebäp bolan bolmagy ahmaldy. DSU-nyň operatiw işgärleriniň hyýanatçylykly hyýallaryna toslanylyp tapylan “Türkmen Azatlygynyň”, hakykatdanam, bardygyny deliller arkaly tassyklamak üçin ozal Eziz han bilen sähel gatnaşygy bolan adamlary şol “gizlin gurama” gatnaşmakda aýyplamak pikiri gelen bolmaly. Olar “gizlin gurama” gatnaşmakda Berdi Kerbabaýewi, Garaja Burunowy, Akmyrat Orazowy, Oraz Arykowy we başga birnäçeleri aýyplaýardylar.
“Rewolýusiýa garşy göreşýän türkmen milletçileriniň” arasyna goşulyp tussag edilenleriň biri hem Gylyç Gulmämmedowdy. Ony diňe bir “Türkmen Azatlygy” guramasyna goşman, eýsem guramanyň ýolbaşçylarynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adam diýip hasap edýärdiler. DSU-nyň operatiw işgärleri bu wezipeleri oňa ýöne ýerden ýöňkemeýärdiler. 1929-njy ýylda partiýanyň hatarynyň nobatdaky arassalanyşygy bolan mahalynda general Madritowyň jeza beriji ekspedisiýasy bilen galtaşygy bolanlygy sebäpli ony partiýanyň hataryndan çykarypdylar. Onuň galtaşygynyň bolanlygyna bolsa, onda patyşa hökümetiniň “Görkezen hyzmatlary üçin” diýen altyn medaly bardygy şaýatlyk edýärdi. Hamana, ol oktýabr rewolýusiýasyndan öň altyn medal bilen sylaglananmyşyn. Ol medal barada gürrüň köp bolsa-da, onuň ol medaly dakynanyny gören adam ýokmuş. [5]
Bu bolýan zatlaryň sebäbi baryp 1920-nji ýyllaryň başlarynda başlapdy. Gylyç Gulmämmedow Jebel wolispolkomynyň sekretary bolup işlän wagtlary öz başlygy Abdylla Maşrykow bilen nämedir bir zadyň üstünde oňuşman tersleşipdirler. Abdyllanyň kakasy Maşryk Hojanazarow bolsa uly taýpanyň serdarydy. Bularyň arasynda bolan çaknyşyk Gylyç Gulmämmedowyň aý ýarym türmede oturmagy, A.Maşrykowa dilden kaýinç berilmegi bilen çözüldi hasap edilipdi.Türkmenleriň “Agzybire – taňrybir, agzalany - gaňrybir” diýen nakyly söz owadanlygy üçin aýdylmandygy belli zatdy. Soňra Abdylla Maşrykow türmä basylandan soň G.Gulmämmedow hem azatlykda aýratyn gezmeli däldi. Öol altyn medal hem olara tutaryk bolýardy. Patyşa hökümetiniň medaly oňa garşy bolýanlaryňam, organ işgärleriniňem dilinden düşenokdy. Olara esasy ýapyşalga bolýan zadam şol medaly synpy duşman, jezalandyryjy ekspedisiýanyň generaly Madritowyň hut özüniň gowşurandygy baradaky gürrüňiň ýaýramagydy. Onsoň G.Gulmämmedowa edilýän ynamlar gitdigiçe ýoga çykyp barýardy.
Hakykatda bolsa, resmi taýdan mahabat berlip medal gowşurylmandy. Türkmen sährasynda önüp-sen Gylyç Gulmämmedowyň, dogrudanam, şonuň ýaly medaly bardy. Ony ýekeje gezek hem dakynmandy, öne ençeme wagtlap ony ýadygärlik hökmünde saklapdy. Ony oňa genaral Madritow gowşurmandy. Ol medaly onuň özi gowy görüp alypdy.
Ol döwürlerde Kümüşdepede patyşa goşuny bar eken. Ýerli ilat olara azyk-suwluk, atlary üçin ot-iým berýär ekenler. Daýhançylyk edip ýören Gulmämmedow hem öz ýerinde elip ýetişdiren arpasyndan olara esli beripdir. Patyşa goşunynyň hojalykçysy ilatdan alýan azyk hem-de ot-iýmleri üçin tölemekçi bolanynda, hemme tölegleri geçirmek üçin puly ýetmändir. Şol döwürde-de rewolýusiýa turupdyr. Şunluk bilen ber-başagaýlyk başlanypdyr...
1917-nji ýylda Garasuw diýen ýerjagazda deputatlar soweti döredilipdir. Patyşa goşunyna azyk, ot-iým berip hakyny alyp bilmedikler şol ýere baryp azr edipdirler. Tölemek üçin polkda pul serişdesi bolmandyr. Eýrandaky goşuna harajat bermäge bolsa Wagtlaýyn hökümetiň eli degmändir, aljyraňňy ýagdaýda bolupdyr. Haky iýlen halk öz haklarynyň goşunyň emläginden bölünip berilmegini talap edipdir. General Madritowyň ştabynda ordenler, medallar kän eken. Onsoň Gylyç Gulmämmedow öz haky üçin altyn medallaryň birini alypdyr. Ol medaly ýadygärlik hökmünde uzak wagtlap saklapdyr, ahyryn hem harajaty gutarandan soň ony on tümene satmaly bolupdyr.
Gylyç agany meniň özüm hem tanaýardym, ýöne onuň ogly Boris Gulmämmedowy hem tanaýardym. Ol komsomol, partiýa hem-de sowet işlerinde işläp, wagtyndan öň aradan çykypdy. Boris Gylyjowiç Maňa öz kakasy barada gürrüň beripdi. Ol diýseň ukyply adam bolupdyr, pasr, kürt, azerbaýjan, rus dillerini örän oňat bilipdir, rus diliniň terjimeçisi hem bolup işläpdir. Öz döwründe oňa “Gylyç ors” hem diýer ekenler. Bu lakamyň oňa ýöne ýerden dakylmandygy düşnükli zat. Ol öz ogluna-da Boris diýen rus adynam dakypdyr ahyryn.
Boris Gylyjowiç maňa kakasynyň rus diliniň terjimeçisi bolup işländigini aýdypdy, ýöne men onuň nirede işländigini biljek bolup dokumentleri agtaryşdyranymda, ol baradaky maglumatyň üstünden baryp bilmedim. Boris Gylyjowiç kakasynyň nirede terjimeçi bolup işländigini aýdanam bolsa, teý, ýadyma düşenokdy. Gylyç Gulmämmedow ýa rus konsullygynda ýa-da ruslar bilen söwda edýän kompaniýada işlän bolmaly. Belki, ol general Madritowyň ştabynda ýa-da akgwardiýaçylary Zakaspiden kowup çykaran sowet goşunynda terjimeçi bolandyr. Takyk bilemok. Ýöne totalitar döwürde onuň terjimeçi bolmagy bilen goşuna beren arpasynyň haky hökmünde alan kiçijik altyn medaly giň gerimli daýaw adamyň durmuş ýoluny bozup bilipdi.
Berdi Myradowiç Kerbabaýewden hem sorag edlipdi. Indi ol ilkinji ýazan zatlary çap edilen “Türkmenistan” gazetiniň ýa-da “Tokmak” žurnalynyň sanlaryny saklap ýören Berdi Kerbabaýew däldi. Indi ol türkmen edebiýatynyň ähli keşkleri ýüklenen kerweniň başyny çekip barýan kerwenbaşydy.
Her niçigem bolsa, onuň geçen ýoly barada söhbet açalyň. Berdi Kerbabaýew Leningardda okap gelenden soň onuň Doktorskiý köçesinde ýaşaýan jaýy ýaş edebiýatçylaryň duşuşýan ýerine öwrülipdi. Ol ýere onuň dostlary, pikirdeşleri doganlar Berdiýewler, S.Öwezbaýew, K.Böriýew, A.Orazow, B.Pereňliýew we ýene-ýeneler üýşýärdiler.
Edebiýatyň ýaş muşdaklary çaý başynda Rewolýusiýa, Azatlyk, Deňlik we Dostluk ideýalary barada söhbet açyp, prozanyň, poeziýanyň täze ugurlary, olaryň gadymy edebiýatdan tapawutly taraplary dogrusynda pikir alyşýardylar, wagtal-wagtal pikirler biri-biri bilen çapraz gelip, çekeleşikleriň syýasy jedellere alyp barýan mahallaram bolýardy. Olar üçin bular ýaly çekişmeler, jedeller hiçdi, düşünje göwrüminiň giňelýän mahalynda olar ýaly zatlar bolaýmalydy. Ýöne totalitar düzgüniň dikmeleri ol gürrüňleri dowam edýän düzgüne garşy duşmançylykly edilýän hyýanat diýip hasap edýärdiler.
1932-nji ýylda Berdi Kerbabaýew öz erki bilenmi ýa biriniň salgy bermegi bilenmi, ýa-da gurşap alan ýagdaýyň täsiri sebäplimi, ol belli däl, ýöne ondan sorag edilen mahalynda şeýle maglumat berýär: “Ilki döwürlerde şol gürrüňler meniň we Burunowyň poeziýa döredijiligimize uly täsirini ýetirýärdi. Biz öz goşgy setirlerimizde partiýada däl adamlara ýurtda orun galmady, ähli ýerde ýewropalylar we kommunistler agalyk sürýär diýen pikirleri berýärdik...”[6]
Berdi Kerbabaýew hem-de onuň pikirdeşi Garaja Burunow özlerini ideýa babatda “durnuksyz” bolmaklaryna doganlar Berdiýewleriň, S.Öwezbaýewiň we başga birnäçeleriň täsirleriniň ýetendigini, olaryň “syýasy taýdanam, düşünje taýdanam has belentde durýandyklaryny”[7] aýdýardylar. Derňew iş açylyp derňewçi Berdi Kerbabaýewe graždanlyk urşy döwründe Eziz hanyň akgwardiýaçylar goşunynda gulluk edendigi, soňra “rewolýusiýa garşy göreşýän guramalaryň” agzalaryny jemläp, Sowet häkimiýetini agdaryp, buržuaz döwlet gurmaga meýil edendigi baradaky aýyplary ýükläninde, Berdi Kerbabaýew bu toslama çürt-kesik garşy çykypdy. Ol hut öz eli bilen: “Men özümde günä bar diýip hasap edemok. Milletçilik işine baş goşamok, milletçilik guramalarynyň birine hem gatnaşamok”[8] diýip ýazypdy.
Ýöne Berdi Kerbabaýewiň bu aýdanlaryna üns berilmändi, ol üç ýyl möhlet bilen tussag edilipdi. Emma Garaja Burunow etmedik zadyna etdim, bolmadyk zada boldy diýip, zorluk bilen ýüklenen aýyplary “boýun alanlygy” üçin ol bu tussaglykdan boşadylypdy. Men bu zatlar barada ýazan hem bolsam, özümem ynanmaýardym. Dogrudanam, şeýle bolaýdymyka?
1937-nji ýylyň iýun aýynda Nerdi Kerbabaýewi ikinji gezek tussag edipdiler. IIHK-niň aýatyn üçlügi ony on ýyl azatlykdan mahrum etmeli diýip karar kabul edipdi. Aradan iki ýyl geçenden soň haýran galaýmaly hadysa bolupdy, ol “aklanylyp” azatlyga çykarylypdy. Ýöne ilkinji gezek sud edilenini aklamak üçin ýigrimi ýyl wagt gerek bolupdy. 1937-nji ýylda jomartlyk bilen paýlanan betbagtlyk suwundan Garaja Burunow datman galyp bilipdi.
Ine, 1956-njy ýylyň ýanwar aýynda derňew işlerini alyp barýan W.S.Lebedewiň garşysynda SSKP-niň agzasy, Stalin baýragynyň iki gezek laueraty, iki gezek Lenin ordeni hem-de Zähmet Gyzyl Baýdak ordenleri bilen sylaglanan, “Aýgytly ädim” romany dünýäniň ýüzünde meşhurlyk gazanan uly ýazyjy Berdi Myradowiç Kerbabaýew otyrdy. Dogrusy, ol wagtlar oňa Sosialistik Zähmetiň Gashrymany diýen at hem-de Magtymguly adyndaky döwlet baýragy entek berilmändi, olar birneme soňrak berlipdi.
Häzir bolsa ol Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniň agyr gapylaryny açyp sustuňy basýan jaýyň içinde öz oglundan uly bolmadyk derňewçiniň garşysynda oturyp, onuň soraglaryna jogap berýärdi. Sorag-jogap geçirilen kagyzlaryň her sahypasyna goluny çekýärdi. Şol wagt türkmen edebiýatyny aksakgaly nämeler pikir etdikä? Belki, ol garöysynda oturan sowet çekisti bolman akgwardiýaçylaryň çekisti bolsa-da, tä ömri ötýänçä şol bir soraglara jogap berip geçmeli boljak öýdýän diýip pikir eden bolsa gerek.
Bir mahallar, baryp, 1919-njy ýylda ol akgwardiýaçylaryň hökümeti tarapyndan tussag edilip, bir aýlap işi derňelenden soň ony harby-meýdan suduna bermeli edilipdi. Emma ýaşulularyň töwella-tagsyr etmekleri netijesinde onuň ýaşlygy nazarda tutulyp zamuna berlipdi. Uzak bolmadyk döwrüň içinde, ýagny 19-njy, 32-nji, 37-nji hem-de 56-njy ýyllarda bir adamdan aklaram, gyzyllaram sorag edipdi. Sorag edýän adamlar aýry-aýry bolsalar-da,olaryň berýän soraglary birdi: “Näme üçin sen öz obadaşyň Eziz hana gulluk etdiň?”, “Onuň bilen nähili aragatnaşygyň bardy?”
Sorag işini alyp barýan derňewçi haýsy häkimiýete degişli bolsa-da, onuň tapawudy ýokdy. Ýöneiki tarapyň derňewçisi hem her edip, hesip edip, Berdi Kerbabaýewiň daýhan hereketiniň tolkunlarynyň öňe çykaran daýhan serdary Eziz han bilen baglanyşygynyň dürli taraplaryny agtaryp oňa ýüklenýan aýyp ýüküni agraltjak bolýardy.
Emma Berdi Kerbabaýew öňem, soňam, hiç haçanam Eziz han bilen baglanyşygynyň bolandygyny gizlänokdy. Ol hatly-sowatly adam bolansoň, onuň otrýadynda hojalyk işini alyp barypdy. Ýöne ol hiç wagt söweşe gatnaşmandy. Eziz han akylly-başly adam bolansoň bisowat halkyň arasyndan dörän sowatly hem örän ukyply bu ýaş ýigidi söweşe äkitmän, ony bilim ýaýratmak üçin alyp galýan bolmagy ahmaldy.
Garaja Burunow hem esli wagt Eziz handa gulluk edipdi. Ol üpjünçilik boýunça Berdi Kerbabaýewiň kömekçisi bolup işläpdi. Ýöne ol öz terjimehalyny ýazanynda bu babatda kelam agyz söz aýtmaýardy.
Aradan ýigrimi bäş ýyl töweregi geçenden soň Garaja Burunowyň ýoldaşlarynyň birnäçesi elhenç ejirleri başdan geçiripdi, birnäçesi bolsa, şol ugurda başlaryny goýup gurban bolupdy. Şondan soň hem onuň: “Rewolýusiýa garşy göreşýän milli gurama gatnaşandygymy hem-de milletçilik ideýasyny ýaýradandygymy boýun alýaryn, meniň tussag edilmegim maňa sapak boldy.... Guramada meniň tutýan ornum bilniksiz diýen ýalydy. Milletçilik bilen düýpgöter arany üzendigime meniň soňky döwürlerde bitiren işlerim güwä geçýändir”[9] diýmegi geň galdyrýardy.
Emma Berdi Kerbabaýew öňem, soňam şol bir diýen sözüniň üstünde berk durýardy. Ol mydama: “Sowet häkimiýetine garşy hiç hili gurama gatnaşmandym, şeýle guramanyň bardygyny hem bilemok. Özümi hiç wagt günäli hasap edemokdym, häzirem hasap edemok”[10] diýýärdi.
Berdi Kerbabaýew bilen “iş salyşýan” adamlaryň biriiçinde kitüw saklap, baryp 1932-nji ýylda onuň bilen bile işlän adamyň beren maglumatlaryny tutaryk edinip, oňa aýyp ýüklejek bolýardy. Ol adam berlen sowala şeýle jogap berýärdi: “Berdi Kerbabaýew häzir Aşgabatda ýaşaýar. Onuň bilen dostluk gatnaşygym ýok, bir ýerde işleýändigimiz sebäpli iş babatda gürleşmeli bolýarys” Meniň Berdi Kerbabaýewe hususy garaýşym şeýle... Ol ýazyjylaryň gurultaýyna ýazylan ýüzlenmä gol çekenem bolsa, ikiýüzlülik edip çekdi, hakyna seretseň, ol milletçidi, häzire çenli hem şol milletçiliginde galypdyr... Ol “Aýgytly ädim” romanynyň ilkinji wariantynda hakykatyň gödek ýoýulmalaryna ýol berýärdişeýle ýoýulmalar onuň beýleki işlerinde-de bardy, biziň jemgyýetçiligimiz olary berk tankyt edipdi. Eiz hanyň buýrugy bilen bolşewikleriň we olaryň tarapdarlarynyň altmyş alty sanysy Tejende atylyp öldürilendigini Berdi Kerbabaýew bilýän hem bolsa, “Aýgytly ädim” romanynyň türkmen dilinde çykan neşrinde halk duşmanyny halk gahrymany ýaly edip görkezipdir”.[11]
Her bir medeniýetleşmäge meýil edýän jemgyýetde her bir adamyň öz pikirini aýtmaga hukugy bolmalydy. Emma totalitar düzgünde bir pikire, resmi taýdan ündelýän pikire gulluk etmelidi. Eger biri, ol “Aýgytly ädim” romanynyň awtorymy ýa-da başga birimi, tapawudy ýok, ýasalyp goýlan pikir ýöretme ýodasyndan bir tarapa sähel gyşaraýsa, ol barada habar berýän adam partiýanyň we hökümetiň wepaly adamy, gyşaran adamam jemgyýete zyýanly adam hasap edilýärdi.
Ol döwürde Berdi Kerbabaýewiň ady edil sakgyç çeýnelýän ýaly çeýnelýärdi. Metbugatda, radioda, ýazyjylar soýuzynyň plenumynda onuň kötegini ýetirýärdiler. Onuň üstüne beýle hüjüm edilmegie, elbetde, ýokardan görkezme berlendigi düşnüklidi. Şol görkezmäni şol wagtlar ýazyjylar soýuzyna ýolbaşçylyk edýän Oraz Täçnazarow alyp göteripdi. Ol metbugat sahypalarynda gazaply paş ediji materiallar bilen ýygy-ýygydan çykyş edýärdi. Onuň “Туркменоведение” žurnalynda “Duşmanyň keşbi” we “Özgeriş döwründe” diýen atlar bilen çap edilen materiallar bilen materiallar toplumynda ynam bilen “duşmançylyk etmekde”, “ideýa taýdan gyşarmakda” we “rewolýusiýa garşy hereket etmekde” diňe B.Kerbabaýew, O.Wafaýew, A.Gulmuhammedow, G.Burunow aýyplanman, eýsem başga-da birnäçeler aýyplanyp, olara aç-açan “synpy duşman” diýilýärdi.
Arhiw dokumentlerinde hem-de respublikan metbugatynyň sahypalarynda şol döwürlerde TK/b/P MK-nyň metbugat bölüminiň müdiri bolup işlän E.Soltannyýazowyň çykan kitaplara hem-de ýazyjylaryň gazetlerde we žurnallarda çykan materiallaryna ýazan synlaryna gabat gelipdim. Olara baha berlende ýa “duşmançylykly” ýa-da “milletçilikli” diýilýärdi...
1937-nji ýylyň tutha-tutluk tolkuny O.Täçnazarow bilen E.Soltannyýazowy hem içine düýrläp alyp, olara “halk duşmanlary” diýlen aýyp ýüklenipdi, soňundan bolsa atuw jezasy berlipdi.
Döwür şeýle bolansoň Bberdi Kerbabaýewiň “Aýgtly ädim” romany bir gezek ara alnyp maslahatlaşylanda roman barada çykyş eden ýigrimi sany edebiýatçynyň arasynda diňe ýekeje adam awtoryň tarapyny çalypdy, ol hemol romanyň redaktorydy. Ol döwürde Berdi Kerbabaýew gara sürtmek, onuň üstüne gum sowurmak ýoň bolupdy. Şeýle etmek bilen birnäçeleri öz hususy bähbidini araýardy, başga birnäçeleri aldawa düşüp şeýle edýärdi, ýene birnäçeleri bolsa üstlerine abanyp duran howpdan heder edendikleri üçin şeýdýärdiler.
Berdi Kerbabaýew şol döwrüň “jemgyýetçilik pikiri” diýlip at berilýän pikir gerşinden basmarlap durany sebäpli hut özüniňem, çeper hakykatyňam garşysyna gidip, halkyň içinden dörän daýhan serdary Eziz handan halkyň duşmanynyň obrazyny ýasamaly bolupdy. Beýle etmek durmuş hakykatyny ýoýmakdy, emma alaç ýokdy.
50-nji ýyllarda türkmen intelligensiýasynyň üstüne ýene-de gara bulut abanypdy. Bu sütem buludynyň turzan harasaty türkmen intelligentleriniň görnükli wekilleri bolan B.Garryýewi, B.Jürmenegi, D.Amanekowy, G.Nepesowy, O.Abdalowy... düýrläp goltugyna dykypdy. Ýöne säwlik bilen Berdi Kerbabaýew olaryň arasyna düşmändi.
Ol sütem harasady B.Kerbabaýewi goparyň bilmedigem bolsa, ony örän berk silterläpdi. Ýene-de respublikan metbugat, “jemgyýetçilik pikiri” onuň üstüne daş ýagdyryp başlapdy. Ýiti gözli synçylar onuň “Amyderýa” poemasynda “ideologiýa taýdan” gyşarmanyň bardygyny görüpdiler. Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň sekretarlarynyň biri B.Kerbabaýewiň Baş Türkmen kanaly hakda ýazan oçerkinde awtoryň “gadymy ýadygärlikleri taryplap, olara çendenaşa mahabat bermeginiň” aňyrsynda bir manyň bolmalydygy barada aýdypdy.
Hiç kimden ýüz görmän, bolan zatlar barada bilşi ýaly gürrüň berýän dokumentler hem-de şol döwrüň metbugatynda açyk aýdylan zatlar barada gürrüň açmak bilen meniň biriniň abraýyna şikest ýetirmek ýa-da biregi başga biriniň garşysyna goýmak maksadam ýok. “Eger sende şeýle maksat ýok bolsa, onda näme, geçmişi dörjeläp ýörsüň?” diýlip maňa sorag berilmegi ahmaldyr. Meniň jogabym taýýar. Geçmişi bilmek gerek. Ony ar almak üçin bilmek gerek däl-de, adam kalbynda bolýan özgerişlikleri yzarlamak üçin bilmek gerek. Birnäçe adam dokumentleriň örän gizlin saklanýandygyna, ol dokumentlere hiç wagt “kesekiniň” nazary düşmejekdigine bil baglap, içalylyk edipdi, öz dost-ýarlaryna, tanyşlaryna myjabat atypdyr. Başga birnäçeleri bolsa, her hili ýagdaýlara düşen wagtynda-da, öz ar-namysyny saklap, öz mertebesini gorapdyr. Eger içalylyk eden adamlar hem öz janlaryny gorajak bolup, başgalara töhmet atmagyň, başgalaryň myjabatyny etmegiň gyltyma kowalaşmadygyny, olaryň aýdan zatlarynyň haçan-da bolsa bir wagt üstüniň açylyp, olary öz çagalarynyň, agtyklarynyň biljekdigini şol wagtlar bilen bolsadylar, belki, beýle etmezdiler. Her bir adamyň eden günäsini deliller arkaly, nähilem bolsa, tasa getirip, öz ýanyndan özüni günäsiz ak adam hasap etmegi bolup biljek zat. Ýöne olar özlerini näçe aklan bolsalar-da, olardan önenler olary aklap bilmezler.
Her bir hyýanatçylykly günä işiň bada-bat öňi alnyp, oňa temmi berilmese, ol günä işiň sähel wagtdan ýalançylyk, kezzaplyk, ikiýüzlülik ýaly elhenç zatlaryň ençemesini dogurjakdygy ikuçly bolup bilmez.
Men bu zatlary kimem bolsa bir adamy aýyplamak üçin aýdamok. Men bu zatlary “adam adama ganymdyr” diýen ýokanç keseliň ýaýradylylyp, adamlary pikirlenmäge ukyby bolmadyk gula öwürmäge meýil eden düzgüniň jemgyýetiň başyna düşen bir musallatdygy barada aýtmakçy bolýaryn.
Hruşýow döwrüniň maýylgançylygy aralaşyp, adamlaryň kalbyna ornaýança totalitar düzgüniň tutha-tutlugyndan, yzarlanmalaryndan, ýanamalaryndan halys bez bolan adamlar edil jadylanan ýaly howply penje depesinden iner öýdüp heder edýärdiler.
Jemgyýete asudalyk aralaşandan soň töhmetçiler öz töhmet atan adamlary bilen ýene-de bir ýoldan ýöremeli bolanlarynda olaryň kalbynda nähili duýgular döredikä? Belki, olar şonda-da howa arassalanyp, ak bilen garanyň seljeriljek pursaty geler öýden däldirler. Ýöne olar nähili pohgömdülik edenem bolsalar birehim sistema olaryň hem ýüzüni sypap arkalaryna kakmandy, ajal bilen emgek paýlaýan düzgün olary hem boş goýmandyr, olar hem öz paýlaryny almaly bolupdylar. Ýagdaý şeýle bolansoň, şundan soň biziň olary daşlajak bolmagymyz düýbünden boljak zat däl. Sebäbi ol “Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter” diýleni boljak. Bu babatda beýik Tolstoý: “Hemme zada düşünýän adam hemme zady bagyşlap hem biler” diýipdir.
B.Kerbabaýew baradaky gürrüňi tamamlamazdan öň ýaňy-ýakynda edebiýat ugurda ýolbaşçy wezipeleriň birinde işleýän bir adamyň meniň aklymy haýran eden sözlerini ýatlamagy makul bildim. Ol: “Häzirki döwürde “Aýgytly ädim” ýaly romanlar hiç kime gerek däl, täze eserler döretmeli” diýýärdi. Eger bu sözleri ýaş ýazyjy ýeňilkellelik bilen aýdan bolsa, onda menem ol diýen geňem galjak däl, belki, görjegi öňünde bolan ýaş ýazyjy geljekde “täze eserleri” döredip biler diýip pikir etjek. Emma uly göçgün berlip aýdylan bu paklawsy sözler ýaşy ýetmişe ýetip barýan adamyň agzyndan çykypdy. Şonda men tribunada mydama özüne mahabat berip ýören şol adama: “Aýgytly ädim” ýaly eseri şu wagta çenli döredip bilmedik bolsaň, indiden soň döretmäge içegäň inçelik etmezmi?” diýen soragy beresim geldi. Her niçigem bolsa, saklanyp bildim. Belki, olam agzyny köpükledip öwmeli we öwünmeli döwrüň geçip, edebiýatda we durmuşda görelde görkezmeli döwrüň gelendigini segsen ýaşa ýetende düşüner-dä diýip pikir etdim.
Bütin ömrüni edebiýata bagş eden Berdi Kerbabaýewiň hem, ýetmiö ýyldan gowrak wagtda döredilen edebiýatyň hem bu gün üstüne atanak çekmäge meýil etmek barypýatan bihaýalyk. Döwleti duw-dagyn etse bolar (SSSr şeýle ýagdaýa düşüpdi) emma edebiýaty, ony döreden halky hiç wagt ýok edip bolmaz. Ol boljak zat däl. Edebiýatyň öz kanuny bar, ol şol kanun esasynda döredýärem, şol kanun esasynda ölýärem. Göçgünlilikden döreýän hyýalbent duýgular aldawçy bolýandyr. Onsoňam edebi döredijilik babatda entek agzyndan sarysy gitmedik, wezipe babatda çinowniklik derejesine ýeten biri çykaran kitaplarynyň sany köp bolan bäş-on ýazyjy bilen türkmen milli edebiýatynyň ýeten çägine kesgitleme berjek bolýar. Onuň ýaly kesgitlemäni diňe düşünjesi çäkli adamlar berip biler. Dogrusyny aýtsaň, bu aýyp zat, kesesinden utanýaň.
Biziň edebiýatymyz nähili bolsa-da, ol biziň edebiýatymyz, türkmeniň çogly güneşiniň astynda mähriban topragymyzda döräp, bizüiň neslimiziň ýüreklerinden ýüreklere geçip gelýän edebiýatymyz. Geçmişe daş atmak günä işdir. Ol gonamçylykdaky guburlara daş atan ýalydyr.
Käbir adamlara nesilden nesile geçip gelýän halkyň ruhy baýlygy bolan, halkyň mukaddes saýýan edebiýatyny harlajak bolmak meýilleriniň döremegine näme täsir etdikä? Bu sowala jogap tapmak kyn däl. Sebäbi ençeme ýyllaryň dowamynda edebiýatyňam, sungatyňam, jylawy syýasatyň elinde boldy. Syýasatyň jylawyny tutýan çinownikler bolsa edebiýatdan we sungatdan uzakdaky adamlardy. Onsoň merkezde nämedir bir zat barada şowhun turzulyp başlanylsa bu ýerde hem şol şowhuna ses goşulýardy. Eger ol ýerde “arwah awlamak” barada haý-haýly şwohun tursa, bu ýerdäkiler hem köne gonamçylyklardan, adam barmaýan ýerlerden arwah gözläp başlaýardylar. Otuzynjy ýyllar Orsyýetde Prompartiýanyň “işi” tapylan bolsa, Orta Aziýada “gizlin milletçilik hereketi” tapylypdy, Moskwada kosmopolitizme garşy göreşilen bolsa, Aşgabatda hem milli öwüşgin berlen, ýöne edil şonuň ýaly bir zadyň garşysyna göreş alnyp ýarylýardy. Ähli zat şonuň ýalydy. Bärde kelle ýokdy, diňe ýerine ýetiriji eller bardy.
Şol endigi şu günlerem dowam etdirýänler bar. Eger Moskwada kimdir birine M.Gorkiniň kolhoz gurluşyny taryplamasy, sosializmi apalap arşa çykarmasy ýaramany sebäpli ony rus edebiýatynyň hataryndan çykaryp taşlap goýberse, edil şol günüň ertesi bu ýerde-de onuň näme üçin beýle edilýändiginiň anygyna ýetjek hem bolunman B.Kerbabaýewiň üstünden atanak çekmek üçin galamyna ýapyşan tapyljak. Biz bir zady berk ýatda saklamalydyrys. XX asyrda M.Gorkiý rus medeniýetiniň taryhy üçin nähili işler bitiren bolsa, B.Kerbabaýew hem türkmen medeniýeti üçin şonuň ýaly iş bitirendir.
Türkmen sowet edebiýatynyň geçen ýolunda ýasama hyjuwlar, ýasama göçgünler bilen köp paklawsy çagyryşlar aýdylypdy, hatda gereginden hem köp aýdylypdy. Emma “Aýgytly ädim”, “Perman”, “Taýmaz baba”, “Ykbal” ýaly eserler ol çagyryşlaryň täsiri esasynda döremändi, olary durmuşyň özi döredipdi. Şonuň üçinem meniň kärdeşlerim türkmen edebiýatynyň ol dürdäneleriniň üstüne gum sürjek bolup howlukmaly däl-de, ilki bilen özleriniň mahabat berýän şol “täze edebiýatlaryny” döretmelidir. Olaryň döreden “täze edebiýatlary” Baýram hanyň, Magtymgulynyň, Kerbabaýewiň, Derýaýewiň eserleri ýaly halkyň söýgüsini gazanyp uzak ýaşamaga ukyply bolsa, onda öňki döredilen köne edebiýatlar olara orunlaryny berip yza çekilmäni özlerine kiçilik bilmezler. Bu kanuny zat. Emma hiç zat döretmän ozal döredilen genji-hazynany harlamaga meýil etmek, “Ak towuk saman seçer, öz aýbyny özi açaryna” barar duruberer.
Adamzat geçmişi wakalara diýseň baýdyr. Taryh bolsa geçmişde bolan şol wakalaryň ýagşysyny ýamanyndan, halylyny haramdan, agyny garasyndan saýlap duran elekdir. Taryh hiç kimden ýüz görmeýär. Ol her kimiň eden işini gerşine ýükleýär-de, ine, ol şeýle adamdy diýýär. Adamzadyň ösüşine, medeniýetine agyr nahra salan Gerostratyňam, Nedir şanyňam, Gitleriňem ady taryhda bardyr. Ýöne olaryň atlary nähili tutulýar!
Ýigriminji asyryň bulaşyk zamanynda päk adamlaryň garşysyna derňew işlerini alyp baranlaram, meýletinlikde kesesinden baryp şol päk adamlara gara sürtýänlerem taryhda oňat yz galdyrman, siňegiň pohy ýaly gara tegmil galdyrjakdygy belli zat.

______________________________
[1] Şol ýerde, t 3, sah 250;
[2] Şol ýerde, t 4, sah 439;
[3] Şol ýerde, t 15, sah 15;
[4] Şol ýerde, t 5, sah 27, 531;
[5] Şol ýerde, t 5, sah 85;
[6] Şol ýerde, t 1, sah 302, 303;
[7] Şol ýerde, t 1, sah 374;
[8] Şol ýerde, t 1, sah 374, t. 3., 417;
[9] Şol ýerde, t 12, sah 36, 37;
[10] Şol ýerde, t 12, sah 52;
[11] Şol ýerde, t 12, sah 44-45.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 88 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Garayolly1936   [Материал]
Sag boluñ ÿetireniñize!

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Sag boluñ ÿetireniñize!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]