20:35
Syrly toslamalaryñ pidalary: Gyzyletrek "gizlin guramasy" neneñsi döredi?
▶ 21: GYZYLETREK "GIZLIN GURAMASY" NENEÑSI DÖREDI?

Wladimir Nikolaýewiç Pankowyñ harby mertebesi beýik bolman, bary-ýogy kiçi leýtenant bolsa-da, onuñ kalby ýokary göterilmäge, belentlige galmaga talwas edýärdi. Raýonda iki sany uly ýolbaşçynyñ tussag edilmegi oña belentlige galmaga hyzmat etmeli basgançak mysaly bolmalydy. Pankow pisintdäki derñew işgärleri tory derýa näçe çalt oklap bilseñ, şonça-da tora düşýän balygyñ sany kän bolar diýen pikire gulluk edýärdiler. Ýolbaşçy adamlaryñ tussag edilmegi soñky edilmeli işlere ýol salgy berýärdi. Tussag edilen ýolbaşçylar bilen bile işleşen, olar bilen oñat gatnaşyk eden adamlar köp bolmalydy. Olaryñ hemmesini bir ýerik jemleseñ, bir pikire gulluk edýän uly gurama bolmalydy, özem ol gurama rewolýusiýa garşy göreş alyp barýan gizlin gurama bolmalydy. Başga hili asla bolup hem bilmez.
Öñki edilen işiñ dowamyny giñ gerimde alyp barmak üçin pursat amatlydy. Küşgürilen tarapa üýrmegi başarýan partiýa aktiwi bardy. Olar hut ýolbaşçylaryna-da "halk duşmany" diýip ses beripdiler ahyryn. Şol geçirilen partiýa aktiwinde raýkomyñ sekretaryny goldamaga meýil eden iki-ýeke aktiwleriñ hem gözlerini güýtmek gerekdi. Sebäbi birden olaryñ ähli işleri bulaşdyraýmaklary ahmaldy.
Pankow halypalaryndan tälim alyp, niýetine düwen pikirlerini amala aşyrmak üçin aktiwdäki özbaşdak pikir etmäge ukyby bardyr öýden adamlarynyñ birini Aşgabada, başga birini Krasnowodskä, ýene birini çarwalaryñ üstüne, garaz, olaryñ her haýsyny bir ýana komandirowka iberip, çakganlyk bilen hereket etmäge başlady. Ilki bilen ol raýkomyñ öñki sekretarynyñ "guýruklary" bolan raýon ýer bölüminiñ müdiri Gandym Nuryýewi, Akýaýla obasynyñ oba sowetiniñ başlygy Merjen Allaberdini, kolhoz başlygy Tagandurdy Ýerliýewi we onuñ orunbasary Rahym Gulberdiýewi tussag etdirdi. Şol wagt niredendir bir ýerlerden kesekiniñ ýanýan oduna çoýunmagy gowy görýän zannyýaman töhmetçiler tapylyp, şol obada rewolýusiýa garşy gizlin gurama bolup, ol gurama gatnaşýanlaryñ Eýranda dogan-garyndaşlarynyñ bardygy, olar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýandyklary, ol ýeriniñ adamlarynyñ assyrynlyk bilen bu ýerlere gelýändikleri, ol gizlin gurama-da hut I.Nurýagdyýewiñ ýolbaşçylyk edýändigi hem-de Kümmethowuzdaky garyndaşy Annamyray ahun bilen hem gatnaşyk saklaýandygy barada galp maglumatlar berýärdiler. Olardan başga-da I.Nurýagdyýewiñ penakärlik eden raýonyñ öñki müdiri Baba Akjaýew, raýonyñ gön işleýän kombinatynda işleýän Meret Hanow hem şol gurama goşulyp Ýaýla obasynda "partiýa hem-de Sowet hökümetine garşy syýasy çäreleri geçirýärler. Eýrana gidip, ol ýerdäki kontrabandistler bilen arabaglanyşyk saklaýarlar"[1] diýip, olar agzyna salnan sözleri aýdýardylar.
Ýöne ol aýdylan zatlarda ýekeje-de fakt ýokdy. Her niçigem bolsa, pyrryldak tapmagyñ ussady Pankowyñ galamy "kontrabandistler bilen aragatnaşyk saklaýar" diýen sözleri "Eýranyñ bähbidi üçin alnyp barlan razwedka"[2] diýen sözler bilen çalşylyp, olara syýasy äheñ berlipdi. Onsoñ ol sözlerden Watana dönükligiñ ysy añkap durdy. "Syýasy taýdan kämilleşen" apparat işgärlerinden edilýän talap hem şeýledi.
IIHK-niñ raýon bölüminiñ hyýalbent naçalnigine "rewolýusiýa garşy topar" diýen sözleriñ deregine aktiw hereket edýän "milletçilik gizlin guramasy" diýmäge hem-de ol guramanyñ "serhet ýakasyndaky raýonyñ ykdysadyýetini we syýasatyny puja çykarmak we Sowet hökümetiniñ garşysyna köpçülikleýin çykyşlar guramak"[3] işlerini alyp barýandygyny, şunuñ ýaly-da döwlet üçin howply bu gurama uzak ýyllaryñ dowamynda "halk duşmanlary" Aýtakow bilen Atabaýew ýolbaşçylyk edipdir diýmäge oña hiç kim päsgel bermeýärdi.
Pankow rus diliniñ ýazuw düzgünini oñly bilmese-de, oña alyp barylýan syýasaty oñly bileñok diýmek boljak däldi. Aýtmaklaryna görä, Pankow pes boýly, kiçijik adam bolupdyr. Onuñ daş sypaty respublikada birnäçe ýolbaşçylary çalşan SSSR-iñ Halk Komissary Ýežowa meñzeş bolmasa-da, syýasy ugurlardan iş alyp baranda şoña meñzejek bolýardy. Ol mydama endamy syzlap durar ýaly sygryñ şahyna urmalydyr diýen hileli pikire gulluk edýärdi.
"Mundan urdum gylyjy, arapdan şañlar ujy" diýlişi ýaly, Aşgabatda dörän hyýal Gyzyletrekde hasyl bolýardy. Ol hakykata Pankowyñ öz akly ýetipmi ýa-da gapdalyndan dürtgülenipmi, ol belli däl, ýöne Nurýagdyýew hem-de beýleki birnäçelerine atuw jezasynyñ berilmegine partiýa aktiwiniñ taýýarlan dokumentlerindäki faktlaryñ yrgadygy, subutnamalaryñ ýokdugy ony ynjalykdan gaçyrýardy.
Onsoñ IIHK-niñ raýon bölüminiñ naçalnigi Pankow guramanyñ "rewolýusiýanyñ ganym duşmanydygyny", I.Nurýagdyýewiñ bolsa, ussatlarça ýüzüne perde çekmegi başaran "Sowet hökümetiniñ duşmanydygyny" subut edip, ony paş etmek üçin derñew işini täzeden hut özi erjellik bilen alyp bardy. Ol esasan "guramanyñ gizlindigi" hem-de aýyplanýanlaryñ öz "günälerini boýun alandygy" baradaky materiallary köpräk toplamaga esas berýärdi. Toplanýan howaýy materiallaryñ garşysyna ýönekeý adamlaryñ biriniñ hem jyñkyny çykarmajagyny bilýärdi. Sebäbi, Türkmenistanyñ ençeme şäherlerinde we obalarynda gözleriniñ ody alnan adamlaryñ biri hem jyñkyny çykaranokdy. Şonuñ ýaly ýagdaý Gyzyletrekde-de bolaýmalydy.
Derñewi alyp barýan partiýa aktiwinde esasan ýerli ilatyñ wekilleri çykyp edip, şaýat bolmaga "islegli" adamlaryñ sanyny berýärdiler. Olaryñ aýtmagyna görä, hamana, raýkomyñ birinji sekretary Işangulynyñ kakasy Nurýagdy aga 1934-nji ýylda Eýrana gatnap ol ýerdäki rewolýusiýa garşy milletçilik guramasynyñ ýolbaşçysy Annamyrat ahun bilen duşuşýarmyş, ol gurama gem sowet häkimiýetiniñ üstüne ýaragly hüjüm etmäge taýýarlyk görýärmiş. Işangulynyñ ýanyna bolsa aragatnaşyk saklaýan "Eýran içalylary" Ýakup Japarow bilen Berdi Gylyç häli-şindi gelip duranmyş. Işanguly hem şol wagtky Türkmenistan SSR-niñ Merkezi Ispolnitel komitetiniñ başlygy Aýtakowyñ üsti bilen olara "hemaýat" berýärmiş.
Ol nähili "hemaýat", ol nähili görnüşde berlenmiş? Ol barada materiallarda faktam ýok, hiç hili subutnama-da. "Eýran içalylary" sözi bolsa akly ýerindäki adamyñ kellesine geljek zat däldi. Onda-da hakykat daýanjy bolmadyk töhmet gazanynda gaýnan sözler şeýle köp bolmandygy üçin, ol töhmetleriñ toplumy päk adama "halk duşmany" diýen tagmany basmaga güýji ýetjekdi.
Bu atylýan zäherli şyltaklar hem Pankowyñ gözüne az ýaly görünensoñ, ol Nurýagdyýew Gazanjyk raýkomynyñ sekretary bolup işleýän döwründe hem "Aýtakowyñ görkezmesi esasynda basmaçylara ýarag, azyk harajatlaryny eltip berýär eken"[4] diýen sözleri hem protokola goşupdy. Ýöne basmaçylara "eltilýän" zatlar haçan eltilipdir, olary kimler eltipdir? Ol barada ýekeje agzam söz ýokdy. Söz bolup biljek hem däldi. Sebäbi onuñ pikir-paýhasy howadan tutulan howaýy sözlere zeminde direg tapmakdan ejizdi.

________________________________
[1] Şol ýerde, sah. 688;
[2] Şol ýerde, sah. 689;
[3] Şol ýerde, sah. 689;
[4] Şol ýerde, sah. 1.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 64 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]