13:48
Syrly toslamalaryñ pidalary: Goja ahunyñ syry
▶ 17: GOJA AHUNYÑ SYRY

Häzirki döwürde daşary ýurtly türkmenler bilen duşuşmagy, olar bilen gürleşmegi hiç kim geñ hasap edenok. Bir wagtlar bolsa... 1964-nji ýylyñ sentýabr aýynda Hyrat şäheriniñ golaýyndaky şowhunly bazarda Jüneýit hanyñ ogullarynyñ biri Eşşi han bilen ýüzbe-ýüz duşuşypdyk. Ol wagtlar munuñ ýaly ýagdaý geñ görülýärdi. Indi bolsa eýranly, owganystanly, saud arabystanly türkmenler biziñ şäherlerimiziñ, obalarymyzyñ içinde arkaýyn aýlanyşyp ýörler. Biziñ watandaşlarymyz birwagtlar "Kadrlar boýunça anketany dolduranlarynda ondaky "Daşary ýurtda garyndaşlaryñyz barmy?" diýilýän ýerine "garyndaşym ýok" diýip dolduranam bolsalar, indi daşary ýurtlarda ýaşaýan garyndaşlarynyñkyda myhmançylykda bolup, şol ýerlerde ilen-çalanynyñ bardygyna guwanýarlar.
Ençe ýyllar elhenç kölege ýaly halkyñ üstüne abanan demir penjeler, şübheli gözler zerarlg atalar öz çagalaryndan, doganlar öz uýalaryndan aýra düşüpdi. Indi ol döwrüñ geçdigi bolsun, dolanyp gelmesin. Ýöne haýp, biziñ birnäçelerimize öz dogan-garyndaşynyñ didaryny görmek miýesser bolmandy. Türkmen sährasynda tikenekli simden belent diwarlar dikeldip, ganybir adamlary ikä bölüp, ençeme ejizleri ýetim-ýesir galdyran şol nälet siñen döwrüñ bakylyk batgasyna batyp galdygy bolsun.
1990-njy ýylda biziñ ýolumyz Eýranyñ üstünden düşdi. Ol döwürde entek SSSR dargamandy. Ýagdaý şeýle bolsa-da, Türkmenistan öz täsirinu goñşy döwletlere ýaýradyp başlapdy. SSSR-iñ Eýrandaky wekilhanasynyñ wekili biziñ delegasiýamyzyñ ýolbaşçysy bilen gürleşende öz mertebesiniñ beýikdigini magtamak äheni añdyrýardy. Biziñ delegasiýamyzyñ ýolbaşçysy Türkmenistanyñ ykdysadyýetini ýokary götermek üçin gazy, pagtany amatly ýerleşdirmek hem-de gaz ýollaryny çekmek üçin müşderi gözleýändigini aýdanda, bu gürrüñler olaryñ gulagyna ýakmandy. Eýranlylar tarapyndan hem bize sowuk-sala garaýşyñ bardygy duýulýardy. Olar şol wagtlar hem bizi "Şuraýylar" hasap eden bolsalar gerek. Şonuñ üçinem olar her hili bahanalar bilen ediljek gürrüñleriñ möhletini añry süýşürjek bolýarlar.
Türkmensähranyñ ýüregi bolan Kümmethowza biz gijara dolanyp geldik. Biziñ ol ýerde bolmaly möhletimiz şol gije tamamlanýandygy sebäpli ýerli türkmen ilaty bilen duşuşmak üçin bary-ýogy 2-3 sagat wagt berildi. Ol duşuşygam resmi ýagdaýda stoluñ başynda geçirmeli boldy. Surat alýanlaryñ häli-şindi ýalp edip duran ýiti çyralarynyñ, telekameralaryñ şygyrdylarynyñ astynda birek-birege söz aýdyldy. Munuñ ýaly ýagdaýda göwün isleýän zatlaryñy biljek gümanyñ barmy?
Elbetde, bagşylaryñ, sazandalaryñ türkmen aýdymlaryny aýtmagy, saz çalmaklary bu dartgynly ýagdaýyñ birneme gowşamagyna ýardam beripdi. Ýöne onda-da birek-birek bilen içgin durup arkaýyn gürrüñ edip bolmaýardy. Ýerli türkmenleriñ biri içgin gürrüñ etmekçi bolan badyna, niredendir bir ýerden burunlak "gözegçi" peýda bolup, edep-ekram diýilýän zady bilmän, äsgermezlik bilen golaýyña gelip, edilýän gürrüñleri diñlemäge başlaýardy. Onsoñ gürrüñ etmekçi bolýan adam aljyraññylyga düşüp, dili tutulýardy-da, ýuwaşlyk bilen daşlaşmak bilen bolýardy.
Onsoñ men stoluñ başyna geçip timar berlen torba ýaly ak sakgaly çyralaryñ ýiti şöhlesine onuñ başyndaky nepis sellesinden hem ak görünýãn dolmuş ýüzli, owadan türkmen ýaşulusynyñ garşysynda oturdym. Onuñ sagdyn, keramatly adamlara mahsus bolan mähirli ýüz keşbi diýseñ parahatdy. Onuñ bir eli Gurhanyñ, beýleki eli bolsa stoluñ üstüne ýazylan mawut matanyñ üstündedi. Nepis elleri, inçe uzyn barmaklary onuñ sazanda bolaýmagy ahmal diýdirýärdi. Emma bu ýaşuly ahun eken, özem ýaşan etrabynda atly-abraýly bolan Annamyrat Nury diýen ahunyñ ogly Muhammet ahun eken. Beýik Watançylyk urşy döwründe Türkmenistanda Annamyrat ahun hakda birnäçe bolgusyz gürrüñler hem ýaýrapdyr.
Muhammet ahun gürrüñçi adam eken. Men onuñ Gyzylarbat tekeleriniñ uly bolmadyk höjük tiresindendigini bildim.
- Biz türkmenler şaýy däldiris-de, sünnüdiris - diýip, ol sünnüdiris - diýip, guwanç bilen aýtdy: - Men ýaş wagtymdan bäri Eýranda ýomutlaryñ arasynda ýaşaýaryn. Kakam meni bu ýere germanlar bilen uruş başlanmazyndan kän owal getiripdir. Ýöne welin biziñ dogan-garyndaşlarymyzyñ köpüsi Türkmenistanda galypdyr...
Onuñ ýüzüne gussa kölegesi düşdi, gür gaşlary aşak inip, ýaş ýigidiñki ýaly ýaldyrap duran uly gözleriniñ üstüni örtdi. Men ýaýdanjyrap:
- Atañyza näme boldy? - diýip soradym.
Din wekiliniñ dolmuş ýüzi gaýgyly göründi. Meniñ göwnüme bolmasa, ol maña jogap bermek üçin degerli sözleri agtarýan ýalydy.
- Ol gaýtdy... Ol beýleki hakyky adalatyñ höküm sürýän älemine gitdi - diýip, ahun gyzylymtyk dodaklaryny çalaja gymyldadyp doga okady, soñra bolsa maña gaýgyly nazaryny dikdi. - Bu zatlar bir wagtlar, baryp german urşy döwründe bolupdy...
- Şu ýerde, Eýranda şeýle bolupmydy? - diýip, men saklanyp bilmän sorag berdim. Ol başyny ýaýkady:
- Ýok. Ol sizde, Türkmenistanda şeýle bolupdy...
"Eger ol Eýranda ýaşaýan bolsa, nähili ýagdaýda Türkmenistanda aradan çykyp bilýär?" diýen sowal tas dilimden sypypdy. Saklandym, köp adamlaryñ arasynda beýle sowal bermek gelşikli däldi, onsoñam ahunyñ arka tarapynda burunlak "gözegçi" peýda bolupdy.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 60 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]