13:39
Syrly toslamalaryñ pidalary: Elhenç zalymlygyñ pidalary
▶ 12: ELHENÇ ZALYMLYGYÑ PIDALARY

Aradan iki ýyl geçenden soñ maýyllyk aralaşyp, uzak wagt dowam eden doñaklyk çözülişip başlapdy. Türkmenistan respublikasynyñ Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniñ "Türkmen Azatlygy" baradaky "iş" boýunça 35-lere kesilen ýyllara, berlen jezalara "kanunalaýyk" diýip baha beren kesgitlemesi bilen ylalaşyp, 1956-njy ýylyñ 18-nji maýynda möhür basan Türküstan harby okrugynyñ prokurory indiden soñ şol işi dogry däl diýip çykyş edipdi. Hiçden giç ýagşy diýipdirler.
Kysmat çözgüdiniñ wekilleri gaflat ukusyndan oýanyp başlapdy, indi olar uzak ýyllar üsti berk basyrylan adalaty dikeltmegiñ ugruna çykyp ugrapdylar. Olaryñ teklibi esasynda Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ kollegiýasy, Leningrad oblastynyñ IIHK uprawleniýesiniñ üçlügi hem-de SSSR Döwlet Howpsuzlygy Ministrliginiñ garamagyna geçirilen aýratyn ýygnak: "...ýokarda ady tutulanlaryñ işlerini alyp barmagy bes etmeli, olara ýöñkelýän aýyplaryñ subutnamasy bolmanlygy sebäpli olaryñ tussag edilmegini esassyz hasap etmeli" diýip karar kabul edipdi.
Hakykata we adalata barýan ýol diýseñ uzakdy. Totalitar düzgüniñ sütünleri hem-de "Halk serdary", "bagtly geljege" barýan ýoly adam süñkünden ýasamaly bolar diýip hasap edýärdiler. Olar hasap edişleri ýaly hem edipdiler.
Türkmenistanyñ taryhynyñ könelişen sahypalaryny agdaranyñda türkmen halkynyñ gerşine ýel çalan wagtyna duş gelip bolmaýardy. Baryp Oktýabr rewolýusiýasyndan esli salym ozalam öz bähbitlerini arap ysyrganyşyp gelen iñlisler we ruslar türkmen topragynda gably tozanyñ turmagyna sebäp bolupdy. Olaryñ ikisi hem bu ýere alamançylyk üçin gelipdi, olaryñ ikisi hem ýurt eýesini äsgermän onuñ harmanynyñ üstünde dawa edýärdiler.
Gelmişekler öz bähbitleri üçin türkmen ogul-gyzlarynyñ ýüzlerçesiniñ heläk bolmagyna sebäp bolupdylar. Ol heläk bolan adamlaryñ sanynyñ üstüne patyşa Russiýasynyñ türkmenleriñ üstüne eden ganly ýörişlerinde we beýleki goñşy döwletleriñ eden talañçylyklarynda heläk bolanlary hem goşsañ, heläk bolanlaryñ takyk sanynyñ näçe boljakdygyny diñe Allatagala bilip biler.
Oktýabr rewolýusiýasyndan soñam, dogan-dogany gyrgyna salan graždanlyk urşundan soñam türkmen topragynda bigünä gurban bolýan adamlaryñ sany azalmady. Türkmenleri ata watanynda, ene topragynda gyrýardylar. Olary aklaram gyrýardy, gyzyllaram gyrýardy, ýerli hanlaram gyrýardy, emeldarlaryñ dikmelerem. Patyşa Russiýasy: "Siz näme üçin mydama bize tarap seredip durañzok-da käwagt türklere tarap hem seredýärsiñiz?" diýip, olary pantürkçülikde, panyslamçylykda aýyplap, islän ýeriñe sürlüp ýören, gerek mahaly eti iýilýän mallardan tapawutly hasap edenokdy. Akgwardiýaçylar "türkmenleri" ýerli hanlaryñ, baýlaryñ diýenini edip akgwardiýaçylaryñ hataryna goşulmandygyklary üçin olary "dönüklikde" aýyplap jeza berýärdi, gyzyllar olaryñ tersine "Siz näme üçin hanlaryñ, baýlaryñ gepine gidip, rewolýusiýa garşy bolýarsyñyz, rewolýusiýa garşy bolmak halk duşmany bolmakdyr" diýip, olaryñ gözlerinde ot ýakýardy. Ýerli hanlar, baýlar, din wekilleri bolsa: "Siz iñlislere, gyzyllara, aklara gulak gabardyp kapyryñ ýoluna gidýärsiñiz" diýip, olaryñ depesinde taýak döwýärdiler. Güýçliniñ ýanynda ejiz mydama günäkärdi. "Iki at depişer, arasynda eşek öler" diýipdirler. Atlar depişýärdiler, olaryñ biri-birine salan toýnagam sada halkyñ mañlaýyna degýärdi.
Bütin Orta Aziýada bolşy ýaly, Türkmenistanyñ ilaty diñe graždanlyk urşy döwründe gyrgyna düşmän, eýsem uruş ýatandan soñam ençeme gezek heläkçilige uçrapdy. Ilki bilen biziñ topragymyz iñlisler, akgwardiýaçylar hem-de "buržuaz milletçileri" bilen baglanyşygy bolan adamlardan "arassalanypdy". Soñra baýlar, din wekilleri tarapyndan zorluk ýa-da aldaw ýoly bilen milli hereketiñ hataryna çekilen sada halk "rewolýusiýa garşy göreşen basmaçy" diýlip, ýok edilipdi. Onuñ yzy bilen bolsa ençeme bigünä adam "Sowet häkimiýetine garşy elementler, basmaçylaryñ galyndylary" diýlup, gurply goluñ sübsesi bilen süpürlipdi.
Men Oraz serdaryñ, Jüneýit hanyñ we Eziz hanyñ daşyny gurşan adamlaryñ ~ olaryñ maslahatçylarynyñ, nökerleriniñ, umuman, olara ýakyn duran adamlaryñ kysmatynyñ nähili bolandygyny bilmegi niýetime düwdüm. Sebäbi olaryñ arasynda örän paýhasly, sowatly adamlar az däldi. Yzarlap görsem, olaryñ uruşda öleni ölüpdir, galanh soragsyz-idegsiz, sudsuz-zatsyz atylyp öldürilipdir.
Adamlary atyp öldürmek gündelik wakalaryn hataryna giripdi. Sebäbi ähli ýurt şeýle ýagdaýdady. Olaryñ hemmesi hem Merkezden görelde alýardylar. Öñki Swerdlowskde (häzirki Ýekaterinburgda) Ipatýewiñ öñki jaýynyñ duran ýerinde patyşanyñ maşgala agzalary atylanda W.Maýakowskiý ol waka barada birnäçe setir ýazypdy. Ol setirleri okanyñda süññüñ lerzana gelýärdi.
Ol dana setirler uzak ýyllaryñ dowamynda awtoryñ ýazgy depderçesinden daşyna çykyp bilmän ýatypdy. Jemgyýete maýyllyk aralaşandan soñ ol setirler halka mälim edilipdi.
Tekeleriñ şöhratly atly polkunyñ kysmaty nähili bolandyr öýdýärsiñiz? Ol atly polkuñ hataryndaky türkmen ýigitleri rus patyşasynyñ tarapynda durup, germanlara garşy batyrlyk bilen söweşdiler. Soñra bolsa rus patyşasyna wepadarlyklaryny saklap, general Kornilowyñ goşunyna birigipdiler. Olaryñ ençemesi görkezen edermenligi üçin uly söweş sylaglaryna mynasyp bolupdy. Bu söweşjeñ ýigitleriñ soñky gören günleri niçik bolduka? Olaryñ söweşde gurban bolanyny şol ýeriñ topragy dulapdy, diri galanyny hem bu ýerde pürreläpdiler. Tutha-tutluk belasy olaryñ üstünden iki gezek öwrüm edipdi. Birinjisi 20-nji ýyllarda, ikinjisi bolsa 30-njy ýyllarda bolupdy.
Kada-kanuna sygmaýan eden-etdilik ähli ýerde höküm sürýärdi. Adamlar äsgerilmän ynsan mertebesi depelenýärdi. Olary sürgün edesleri gelse sürgün edýärdiler, türmä basaslary gelse türmä basýardylar, ataslary gelse hem atýardylar. Adamlaryñ hemmesi günäkär hasap edilýärdi: olaryñ biri baýyñ, biri mollanyñ, biri söwdagäriñ ogludy, biri hanlar bilen, baýlar bilen daşgynrak garyndaşdy, biri ýerini kärendesine beripdi, biri dänäniñ döwlete gerek wagty öz dänesini eşige çalşypdy, biri artykmaç söz aýdypdy, biri soralan zada jogap bermän sesini çykarman oturypdy, garaz, bahana köpdi...
Arhiw dokumentleriniñ üsti bilen Topy Töre oglunyñ atylyp öldürilenini bilip galdym. Onuñ kakasy baryp rewolýusiýadan hem öñ Gündogary öwreniji görnükli alym Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç bilen duşuşyp "Mary ýatlamalary" kitaby üçin gymmatly materiallar beren adam bolmaly.
Topy Töre oglunyñ eden "günäsi" şulardan ybaratdy. Birinjiden, onuñ Maryda kerwensaraýy bardy, ikinjiden, ol Eziz han gelende ony myhman hökmünde kabul edipdi. Üçünjiden bolsa, sorag edilen mahalynda ol Eziz han barada ýekeje hem ýaramaz söz aýtman, gaýta: "Eger Eziz han bolan bolsa, ol Tejende asuda gezip ýören adamlaryñ atylyp öldürilmegine ýol bermezdi"[1] diýipdir.
Gynansagam 20-nji ýyllaryñ tutha-tutlugy barada bilýän zatlarymyz ýok. Ýogsa ol ýyllarda bolan tutha-tutluk hem 30-njy ýyllarda bolanyndan köp bolmasa, az bolmaly däl. 1928-1929-njy ýyllarda dörän buthanaçylaryñ "işi", menşewikleriñ "işi", Prompartiýa "işi", hakykatdanam, bolan zat däldi-de, Wyşinskiý bilen şol wagtlar ýustisiýa halk komissarlygy bolan Krylenkonyñ toslamalarynyñ öndüren miweleridi. Ol döwürde eger merkezde biriniñ telpegi alynsa, merkezden uzakdaky ýerlerde ol telpek içindäki kelle bilen bilelikde alynýardy. Ýagdaý şeýle bolansoñ, adamlar hiç bir ýuridiki esas bolmasa-da tussag edilýärdi, sürgübe iberilýärdi. Din wekilleri bolan ençeme işan, ahun, molla sudsuz, soragsyz gürüm-jürüm edilipdi. Hatly-sowatly adamlaryñ adynyñ yzyna hormat goýlup "molla" goşulanyny hem tussag edýärdiler. Millionlarça öz gara gününi itekläp ýören daýhan Solowka, Belomorkanala, Naryma, Sibire we ýene-ýene ýerlere sürgün edilýärdi. Sürgün edilip iberilýän ýerlerde türkmenem, özbegem, gazagam, täjigem, umuman, köpmilletli döwletleriñ ähli milletleriniñ wekilleri bardy. Şol ýyllarda Emir Berdiýewi, Orazmyrat Şamyradowy, Seýit Mirjalylowy, Pawy Pälwanowy we ýene birnäçeleri tussag edip sürgüne ugradypdylar. 20-nji ýyllarda Sowet Soýuzynyñ demirgazygyna sürgün edilenleriñ köpüsi ol ýerden dolanyp geleninden soñ atylyp öldürilipdi. Adama tarap çenelip atylýan tüpeñleriñ sesi 30-njy ýyllarda has köpelipdi, ýöne 20-nji ýyllarda ölenleriñ köpüsi içinden gyzgyn gülle parran geçenden soñ ýer garbap ölmändi-de, ümürsin tokaýyñ içinde şatlama sowukda gar garbap, sowuk alyp ölüpdi.
Orta Aziýa respublikalarynda dökülen ganyñ hiç çeni-çaky ýokdur. Onda-da olar nähak gany dökmegi edermenlik hasap edip: "1924-nji ýylyñ ahyryna çenli Orta Aziýadaky "rewolýusiýa garşy göreş alyp baran basmaçylar esasan ýok edildi" diýip dabaraly jar edýärdiler.
"Rewolýusiýa garşy göreş alyp barýan basmaçylar" ýok edilýärdi. Ýöne nähili ýok edilýärdi? Uruş tälimi hem-de ýaragy bolmadyk az sanly adamyñ üstüne Gyzyl Goşunyñ regulýar bölümleri bilen kawaleriýa eskadrony iberilýärdi. Olar az sanly adama rehimsiz jeza berenlerinden soñ parahat oturan ilata: "siz basmaçylara goldaw berdiñiz" diýip, olardan hem öç alýardylar. Şolar ýaly operasiýalar geçirilenden soñ Döwlet Syýasy Uprawleniýeleriniñ raýonlardaky, oblastlardaky, merkezdäki organlaryna "basmaçylara goldaw beren" adamlaryñ ýüzlerçesi, müñlerçesi tussa edilip getirilýärdi. Şol getirilenleriñem köpüsi dolanyp öýüne barmaýardy. Olaryñ birnäçesi bolsa yzsyz-tozsuz ýitip gidýärdi. Öz ene dilinden başga dil bilmeýän sowatsyz adamlara rus dilinde sorag edilýärdi. Köplenç halatda sorag edilen mahaly terjimeçi hem bolmaýardy. Onsoñ ol bagty şora çöken bendeler garşysynda oturan, türkmen diliniñ ýekeje sözüne-de düşünmeýän doññaradaşa hakykatda bolan zatlar barada gürrüñ berýärdiler. Sorag edilýän gürrüñ berýärdi, sorag edýän başga bir zatlar ýazýardy. Soñundan bolsa sorag edilen adam hiç zada düşünmän uzadylan kagyzlara başam barmagyny basýardy. Gol çekmegiñ deregine barmaklaryny basýan görgüli adamlar öz kalplary arassa bolansoñ, barmak basyp öz boýunlaryna syrtmak salýandyklaryndan habarlary ýokdy...
Adamlary rehimsizlik bilen gyrgyna bermek pikiriniñ döremegine näme sebäp bolduka?
20-nji ýyllaryñ ortalarynda biziñ respublikamyza gelýän adamlaryñ sany köpelipdi. Olar diýseñ ulumsydy, gopbamdy. Olaryñ eýýäm nähak ganyñ ysyny alan adamlardygy bildirýärdi. 1925-nji ýyldan başlap partiýa, has dogrusy, partiýa apparatynyñ başynda oturanlar adamlara rehimsiz jeza jeza bermek işine diýseñ uly üns berip başladylar. Partiýanyñ ýeke-täk agalyk sürmek düzgünini berkitmek üçin wagtal-wagtal düýpli arassalamak işini geçirmek usuly ulanylyp başlandy. Şeýle usul bilen partiýanyñ hataryndaky we halkyñ arasyndaky ündelýän ugur bilen ýöremejek bolýanlar, düzgüne tankydy nazar salyp, öz pikirlerini aýdýanlar, Orta Aziýada we Gazagystanda ýañy döräp ugran intelligensiýanyñ arasyndaky özbaşdak pikir etmäge meýil edýänler uçdantutma gyr-ýapyr edilipdir. Stalin täze döreýän güýçli kadrlary, esasanam kommunistleri bahana arap birehimlik bilen jezalandyrýardy. Merkeziñ bu başlangyjy ýerlerde alnyp göterilýärdi.
Intelligensiýanyñ arasynda arassalamak işini geçirilip milli kommunistleri hem-de milletçileri tussag etmek 1932-1933-nji ýyllaryñ dowamynda beýleki respublikalarda bolupdy.
"Merkezden daşlaşýan güýçler näçe köp bolsa, şonça-da olaryñ merkezleşige meýil etmek islegi güýçli bolýar, olar hatda ozalky awtonomiýalary hem ýatyryp merkeze birikdirmäge dalaş edýärler. Döwlet häkimliginiñ merkezleşmegi - partiýa häkimliginiñ merkezleşmegidi. Onsoñ partiýa häkimligi ýaşaýan ýeriniñ tebigy şertine, milli aýratynlygyna, özboluşly däp-dessuryna hiç hili sarpa goýman öz häkimligini ýöredip başlaýardy".[2]
Wagtal-wagtal arassalamak geçirilip, ençeme adamyñ tussag edilmegi, olara jeza berilmegi jemgyýetde üýtgeşik pikirleriñ döremezligi, düzgüne garşy baş galdyran adamyn ýüze çykmazlygy üçin edilýärdi. Türkmenistanda türkmen intelligentleriniñ başyna hakyky gyrgynçylyk belasy inipdi. Ol gyrgynçylyk Oktýabr rewolýusiýasy hem graždanlyk urşy döwründen başlapdy. Şol döwürden başlap türkmen topragynyñ üstünden demir penjeli ajal guşlary gara ganatlaryny ýaýyp başlapdy. Olar 32-de-de, 37-de-de elhenç çozuş edip, sansyz adamy penjelerine gysyp alyp gidenleri bilen oñmandy, olar mydama topragyñ üstünde gara ganatlaryny ýaýyp ýördüler. Ol demir penjeli guşlaryñ mydama awy şowly bolýardy. Ol guşlary biziñ halkymyz bilen bir döwlete gulluk edýän beýleki milletlerden adamlary iberýärdi.
Patyşa Russiýasy döwründe samoderžawiýäniñ ýöredýän milli syýasatyny halaman, milli azatlyk hereketine gatnaşanlary "Halk duşmanlary" hasap edýärdiler. Duşman mydama-da duşmanlygyna galýardy. Olar ozal patyşa Russiýasyna garşy baş göteren bolsa, indi bolşewikleriñ garşysyna-da baş göterer, gepiñ keltesi, gurt çagasyndan ekdi bolmaly däldi. Onsoñ "duşmany dyza çökermek" üçin nähili usul ulansañ ulanybermelidi. Şol sebäpli hem "rewolýusiýa garşy" "TA" gizlin guramasynyñ toslanyp tapylmagy ýöne ýerden däldi. Onsoñ ol "guramany" sahna çykarmak üçin üstünde işleýän režissýorlar oña sosial-ykdysady struktura esasynda dörändigi barada kesgitleme berip, ony emeli usulda basmaçylar bilen baglaýardylar. Toslanylyp tapylan, emma çyna berimsiz bu "gizlin gurama" basmaçylar bilen baglanandan soñ onuñ üstüne näçe ýük ýükleseñem göterjekdi. Ilki bilen oña halk hereketiniñ ruhlandyryjysy bolmak, halk hereketini kadrlar we ýaraglar bilen üpjün etmek aýyplary ýüklenipdi.
Döwlet Syýasy Uprawleniýesiniñ derñewçileri toslanylyp tapylan bu guramanyñ sepi bildirmez ýaly, onuñ hakykatdanam, bardygyny tassyklatmak üçin ýesir alnan basmaçylaryñ aýtmaly sözlerini agyzlaryna salyp, olaryñ garşysyna kada-kanuna sygmaýan usullar ulanýardylar. Onsoñ olar daýhanlaryñ we çarwadarlaryñ ýaragly gozgalañynyñ turmagyna ideýa we guramaçylyk taýdan "TA" guramasynyñ "eliniñ" bardygyny boýunlaryna alýardylar. Ýöne halk hereketine gatnaşýanlaryñ hemmesi asylly maksat üçin göreş alyp barmaýardy. Olaryñ hatarynda sowet häkimiýeti tarapyndan agdarlan synpyñ wekillerem bardy, jenaýatçy elementlerem, ganojak galtamanlaram, ar aljak bolýanlaram bardy, parahat oturan obanyñ üstüni basyp, olara zorluk salan adamlary yzarlap ýörenlerem bardy. Onsoñam olaryñ arasynda birnäçe daşary ýurtlaryñ ýörite gullugynyñ, goñşy döwletlerdäki emigrantlar guramalarynyñ ar alyş oduny tutaşdyryjylary hem-de zorluk bilen kolhoz gurluşygy geçirilen mahalynda sowet häkimiýeti tarapyndan ynjydylan adamlar hem bardy.
Oktýabr rewolýusuýasy daýhanlara ýer bilen suw beren bolsa, kolhoz gurluşygy ol berlen ýeri ýene-de yzyna dolap alypdy. Stalin düzgüni aldaw ýoly bilen daýhanlar talañçylyga salypdy. Barly adamlary kulakçylyga çekmäge gatnaşan daýhanlara kulakçylyga çekilen adamyñ mülküniñ ep-esli bölegini bermegi wada edipdi. Ahyrynda bolsa daýhanlar ol berlen wadanyñ agyzlaryna atyljak bal däl-de, agyzlaryna atyljak agyzdyrykdygyna düşünip galypdylar.
Ähli ýerde örç alýan tutha-tutluk çarwadarlary öñki bolýan ýerlerini üýtgetmäge mejbur edipdi. Olar başga hiç bir çykalga bolmansoñ goñşy ýurtlara - Eýrana, Owganystana geçmeli bolupdylar. Diñe 1931-nji ýylda goñşy ýurtlara 10 müñ hojalyk göçüp gidipdi.[3] 1929-1930-njy ýyllarda bolsa, daşary ýurda gaçyp gidenleriñ sany ondanam köpdi. SSSR bilen goñşy ýurtlaryñ gaçyp gidenleriñ sany ondanam köpdi. SSSR bilen goñşy ýurtlaryñ arasyndaky serhetler ýapylmazyndan öñ, ýagny 30-njy ýyllarda daşary ýurda gaçyp giden hojalyklaryñ sany sanardan köpdi.
Ýerli häkimleriñ nädogry syýasat alyp barmagy netijesinde gurşap alan ýagdaý agyrlaşýardy, Sowet häkimiýetiniñ garşysyna baş götermek meýilleriniñ sany köpelýärdi. Krasnowodskili çarwadar Allanazar Gaýyp ogly şeýle gürrüñ berýärdi:
"Uzyn Saýly obanyñ ilaty iki aýlap azyk harytlaryny alyp bilmän açlyk çekdi. Adamlar oba sowetiniñ başlygy Mämmetnepes Hanyma hem-de onuñ sekretaryna arz etdiler. Olar bolsa özlerinde hiç bir günäniñ ýokdugyny, Aşgabat häkimliginiñ karary esasynda berilmeli azyklaryñ berilmeýändigini aýtdylar. Onuñ sebäbini bilmek üçin biz Aşgabada gitdik. Olar bize: "Ýol kesik, geçmek howply, siz yzyñyza dolanyp baryp bilseñiz şükür ediñ" diýdiler... Odunlyk üçin sazak ýygyp taýýarlaýan bäş adam Belek diýilýän stansiýada açlykdan öldi. Oba kooperasiýasynyñ işgärleri Nazly Gurban ogly bilen Ýegenmyrat Begjan kooperatiwiñ ähli zatlaryny talap ýitirim boldular. Bu bolsa obanyñ içine gozgalañyñ aralaşmagynyñ başlangyjy boldy. Edil şol günlerde Jüneýit hanyñ agyr goşun bilen Garaguma aralaşandygy, Koýmat guýusynda sowet häkimiýetiniñ ýok edilendigi baradaky habar oba ýaýrady. Onsoñ ähli oba basmaçylara goşuldylar. 1931-nji ýylyñ ýazynda ähli ilat guma tarap göçüm etdi".[4]
Bütin obalar Garaguma göçüp, basmaçylaryñ hataryna goşulýardy. Şeýlelik bilen 1931-nji ýylda Türkmenistanda halk hereketi möwjäp başlapdy. Bu gozgalañy ýatyrmak üçin birnäçe goşun bölümi, kawaleriýa hem-de çekistlerin podrazdeleniýeleri şol tarapa ugrapdylar. Olar pulomýotlar, toplar bilen üpjün ýaraglanandy, howadan bolsa samolýot kömek bermelidi. Halk hereketi birehimlik bilen ýatyrylyp, öz ganyna gark edilipdi...
Russiýanyñ üstünde ganly tüweleýiñ pyrlanan mahaly aýry-aýry adamlara ajal paýlanam bolsa, ol ýerde pitne bilen gozgalañ bolmandy. Türkmenistanda welin, ol ajal tüweleýiniñ garşysyna gozgalañ turupdy, ýöne ol gozgalañda guramaçylyk pes bolany sebäpli ajal aýry-aýry adamlara paýlanman, topar-topar adama, giden mähellä paýlanypdy.
Bu gyrgynçylykda näçe adamyñ heläk bolandygyny takyk bilmek añsat däldi. Russiýa Federasiýasynyñ Howpsuzlyk ministrliginiñ hasaba alyş bölüminiñ hem-de arhiwler fondunyñ başlygy, general-maýor A.Kraýuşkin diñe jenaýata çekilenleriñ sanyny aýdýardy. 1917-nji ýyldan 1990-njy ýyllaryñ aralygynda SSSR-de döwlet jenaýatçylygy boýunça hem-de jenaýat kanunçylygynyñ şolara ýakyn beýleki jenaýat maddalary esasynda 3.853.900 adama jeza berlipdir. Olaryñ 827.995-ine atuw jezasy berlipdir.[5]
70 ýyldan gowrak wagtyñ içinde ýok edilen adamyñ sanyny takyk bilmek mümkin hem dälmikä diýýärin. Ony takyk bilip bolmasa-da, şol döwürde zulum zerarly ölen adamyñ sanynyñ çendenaşa köpdügini ikirjiñlenmän aýtmak bolar. Stalin döwrüniñ tutha-tutlugynda hem-de basmaçylyk hereketiniñ dowam eden ýyllarynda gurban bolan adamyñ sany başga ýere garanyñda Orta Aziýada has köp bolsa gerek. Publisist Anatoliý Lanşykow şeýle setirleri ýazypdyr:
"Biz urşuñ öñ ýanynda ilatyñ san ýazuwyny geçirenimizde 20 million adamyñ sanyny az görkezen bolsak gerek. Sebäbi adamlar tussag edilende, sürgün edilende, aýry-aýry milletler dürli-dürli ýerlere göçürilende, ýyl ýaramaz gelende häli-şindi bolup duran açlykdan, jebir, sütem zerarly çekilýän horlukdan ýagty dünýä inip bilmän enäniñ göwresindekä ýogalan çagalaryñ sany Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gurban bolan adamyñ sanyndan az bolmaly däldir".[6]
Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyñ akademigi B.Pälwanowanyñ beren maglumatyna görä, Stalin döwrüniñ birehim zulumy netijesinde gurban bolan adamyñ sany 40 milliona ýetmelidi.[7]
Geçmişiñ ajy hakykatynyñ hemmesini göçürip almak mümkin däl, ol hakykaty ulaltjagam, kiçeltjegem bolmaly däl, ony şol durşuna görkezjek bolmaly. Ýöne, gynansagam, taryhy geçmişimiz hemmeler üçin aýan bolar ýaly yzygiderli kada salynmandyr. Belki, beýle etmek geregem däldir. Taryhda onuñ ýaly synanyşyk ozalam birnäçe gezek bolupdy. Onuñ hem sebäbi Sowet Soýuzynyñ ähli halklarynyñ başyndan inen belanyñ bir bela bolanlygy üçindir?!..
_______________________________________
[1] Türkmenistan MHK-nyñ arhiwi, iş N"101804, sah 9;
[2] A.G.Awtorhanow "Технология власти" Вопросы истории. N"12, 1991 ý, sah 84;
[3] TSSR-iñ MDA, F. 2. ýaz. I, 335, sah 44;
[4] TSSR-iñ HHK-nyñ arhiwi, iş N"fp 48577, t 12, sah 356-357;
[5] "Известия" gazetiniñ 04.08.1992-nji ýyldaky sany;
[6] "Наш современник" žurnalynyñ 1988-nji ýyldaky N"7-nji sany;
[7] "Туркменская искра" gazetiniñ 31.05.1990-njy ýyldaky sany.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 97 | Добавил: Haweran | Теги: Rahym Esenow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 durdygylyjowdowlet3   [Материал]
Eliñe guller bitsin yazyjy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]