21:15
Syr
SYR

Sen heniz bu syry bilýänem dälsiñ,
Hyýalyña gelmez, belki, çaklasañ!
Ony diñe öz ýanymdan çaklasañ,
Kalbymyñ has çuñ ýerinde sakladym.

Bukdum görer gözden, eşder gulakdan,
Gizlin syrlar mende däl beýle känem.
Saña aram-aram bakdym uzakdan,
Daşyñda pyrlanýan ýalydy älem.

Sen bir desse bägül, ysyñ jana noş,
Jemalyñ aklymy çaşyryp barýar.
Sen bir pyýala şerbet,
men bir göwnühoş,
Içdigimçe işdäm açylyp barýar.

Sen basan möhürim sözlerim bilen,
Muña şaýat Zemin, şaýat bolar wagt.
Nirä baksam seniñ gözleriñ bilen,
gözlerme intizar seredip dur Bagt.
Sen heniz bu syry bilýänem dälsiñ!..

Ysmaýyl TAGAN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: Haweran | Теги: Ysmaýyl Tagan | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Bahar toý tutýar / Goşgular - 20.03.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Dost / Goşgular - 25.03.2021
Boýun almak / Goşgular - 04.04.2021
Dostuma / Goşgular - 01.06.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]