11:26
Synpdaşlara
SYNPDAŞLARA

Edebiñ, hormatyñ baýdagy dek siz,
Sylagyny duýansyñyz köpleriñ.
...Syýa bilen çekerdiñiz goluñyz
Boş bolaýsa sahypasy depderiñ.

Akymyñ tersine ýüzen gämi men,
Men gijeler güni gözlän ýolagçy.
Görmegeý gollardan dolmaly "orun"
Ýuwan,ýöntem setirlerden dolardy.

Synpdaşlar, ynanyñ, mamla siz biçak!
Gözüm güýdüşdirip, aldapdyr salgym.
Garañ maña, ne owadan golum bar,
Ne oñat şygrym.

Mahym NURGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Dostuma / Goşgular - 15.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 mango   [Материал]
Edebiñ, hormatyñ baýdagy dek siz,
Meniň synpdaşlarymyň arasynda edebiň, hormatyň baýdagy diýerligi ýok, ýagny etbedem däl, ýöne aşa öwerlik, baýdaklaşdyryljak ýagdaýlary ýok…. :-) siziňkilerem şeýleräkdirle…

...Syýa bilen çekerdiñiz goluñyz
Boş bolaýsa sahypasy depderiñ.

Syýa bilen (pero bilen) hat ýazylýan döwürden soň dogulansyňyzla Mahym hanym.
Studentlikde endigim bardy…. Depderimiň iň soňky sahypasyna manysyz çyzyklar, manysyz çyrşaklar çyzardym, hemem arasynda owadan gol formasynam gözlärdim….

Üstünlikler.
Iki ýyzzyl.

0
1 Edebiyatcy   [Материал]
Ine, ýene bir oňat şygryňyz bilen gutlaýan Mahym
Akymyň tersine ýüzen gämi men,
Men gijeler Güni gözlän ýolagçy
setirler jigeri çümmükledi.
Goşguda şular ýaly ýekeje janly setir tapsam näme üçindir begenýän. Ýekeje setir tutuş goşgyny ýaşadyp bilýär.
Höwürsiz bolmasyn!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]