08:00
Synag / gülküli kyssa
SYNAG

Lukmançylyk institutynyñ talyby anatomiýa dersinden synag tabşyrýar. Onuñ bijesine düşen sowallara beren jogaplaryna göwni ýetmedik mugallym:
- Seniñ sowallara beren jogaplaryñ-a ugry ýok. Saña goşmaça sowallaram berip göreýin. Hany, aýt, köriçege näme iş bitirýär?
- Aý, mugallym, bu wagtlar gözli bolup iş bitirmek añsatmy. Özi köriçege bolsa, oñarýan oñly işi ýokdur. Şonuñ üçindir-dä, köplenç onuñ kesilip, zyñylyp goýberilýäni - diýip, talyp mugallymyñ ýüzüne garaýar. Mugallymam onuñ jogabyna güljegini, gaharlanjagyny bilmän, ýene-de bir sowal berýär:
- Dalak nämä gerek?
- Kakam-a mal soýanda "Şu iýilýän zat däldir" diýip, dalagy gapdala zyñyp goýbererdi. Eger image ýaramaýan bolsa, başga ýerde-de geregi ýokdur-la şonuñ.
- Hä, şeýlemi? Onda saña iñ soñky sowal. Kirpik nämä gerek?
- Kirpik gyz-gelinlere reñk çalyp, jaýtardyp goýmak üçin gerek. Onuñ erkek adama nämä gerekdigini men-ä bilmedim, mugallym - diýip, mugallymyñ ýüzüne garanda, ol saklanyp bilmän, gülüpdir-de, soñundanam:
- Seniñ bilimiñ üçin-ä ikilik, toslama ökdeligiñ üçinem bäşlik, synaga täzeden taýýarlanyp gel - diýip, çykaryp goýberipdir.

Nurberdi DÄDEBAÝEW.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 98 | Добавил: Haweran | Теги: Nurberdi Dädebaýew | Рейтинг: 1.5/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]